08:59
Ölüm hakynda şahadatnama / hekaýa

ÖLÜM HAKYNDA ŞAHADATNAMA

Etrap hukuk maslahathanasynyň ýaş işgäri Oraz, elindäki telefony ýerinde jaýlaşdyranam şoldy welin, daş işikden garrylara mahsus endirewük, jygyldyly ses bilen kimdir biriniň gygyrýandygy eşidildi:
-Manlykmysyňyz-how? Saglykmysyňyz? Bu jelegaýlarda ölüden-diriden, ynsdan-jynsdan, heleýden-erkekden, haýwandan-ynsandan, mör-möjekden, guş-gumursydan, otdan-çöpden heý, bir adam-gara barmydyr? Ýa-da bi ýanlarda ýatyp aýlyk alyp ýatanlaram, ol, biziň galhozyň kanturyndakylar ýaly, ýarym salkyn işläp, galan salkynam içip, lül-gammar boluban gümlama gidýänlerdenmi? Hä? Eşidýäňizlermi-how? Ýa hemmäň tamam-tepbet gyryldyňyzlammy?!
“Ýene-de bir bela-beter-ä indi öýdýän, men garamaňlaýyň başyndan!” diýip, ägirt uly gussa bilen oýlanan Oraz, maňlaýyna umytsyz şapylatman zordan saklandy.
Ol kürsüsinden dikeldi-de, bosagadan aňryk boýnuny uzatdy:
-Geliberiň bäri, ýaşuly! Bärdedirin!
-Hä, bärde bolsaň, hälden bäri men garryny, garyn-içegämi üzere getirip, bagyrdyp oturman, “Munda gel, munda! Bu ýanda men!” diýip seslenäýseň, eneň-ataň käýýeýämi, köwşek!-diýip, çokgaja sakgalyny selkildedip, hüňürdäp gelýän horaşaja geýimli, girdeneje goja, däliziň aňyrky künjünden göründi.
Bosagadan ätläp, Oraz bilen elleşip-elleşmänem gepe başlady:
-Manlykmy köwşek?! Gurgunçylykmy? Şu edara, kim bilen nädip sögüşmelidigini öwredilýän ýer dälmi?!
Oraz, garrynyň oýun edýändigine-de, çynyny aýdýandygyna-da kän bir ähmiýet berjek bolman, egnini gysdy:
-Ýok ýaşuly. Bu taýy sögüşmek öwredilýän ýer-ä däl. Bu edara hukuk maslahathanasy. Özem bu edara raýatlara we guramalara, ol ýa-da beýleki meseleler boýunça kanunlary nähili peýdalanmalydygy barada maslahat bermek hem-de hukuk kömegini bermek bilen meşgullanýar. Geçiň, oturaýyň!
-Weh, o nä, onda nä, ýaňy,-diýip goja, mürehete mähetdel, oturgyçlaryň birinde jaýlaşdy-da, tüýi selçeňlän köne telpeginiň astyna elini sokup, hyrdalady:-bi soňky döwür “polisge” diýilýän milisgä baryp arzymy aýtsam: “bütüki, munuň ýalaky boggusyz zatlar üçrib, bu ýandan ýeňsäňi el ýalaky edip öteýt-de, şo ýandaky şu taýa ýüz tut” diýip, meni bi ýana gönderip goýberdiler?!
Oraz ýene-de egnini gysdy:
-Äý agam, polisiýadan bärik ugratsalaram, size: “barsaň, şolar saňa kim bilen nähili edip sögüşmelidigini maslahat bererler” diýen däldirler-ä? “Barsaň, meseläňi aýtsaň, kanun boýunça haýsy hereketleri amala aşyryp bilýändigiňi aýdarlar” diýendirler-dä. Onsoňam,-diýip Oraz, ýene-de kibtini gysdy-da, özüne zor salyp henek eden boldy:-Men-ä sögüşmegi öwrenmegiň zerurdygyny ilkinji gezek sizden eşidýärin. Sögüşmek üçin, dawa-jenjel üçin okuw, geňeş nämä derkar? Zemzen ýaly çişäkge, garşydaşyň üstüne çöwjäp başlasaň, bolany şol dälmi?
-Jan jijim ja-a-an!-diýip garry, Orazyň sözüni agzyndan kakyp aldy:- Türkmençilikde: “Serçänem gassaba soýdurmaly” diýen bir gep ba! Şoň üçribem, sögüşmänem oňarýan öwretse kem bolmazmyka diýýän. Sebäp diýseň, bi köpi gören türkmenem munuň ýaly tüýs ýerine düşen jaýdar kepi, ýöne ýerden oýlap tapmyýa. Bir zat aýtsa, bilip, aňyrsyna geçip, wurjak ýerine magat göz ýetirip aýdýa. Sebäp diýseň, “Türkmen aga” diýilýäni, ikimiz ýaly barypýatan mahawam dädir, elbetde.
Oraz mundan beýläk garrynyň gep damaryny gyjyklap, onuň bilen ýarym oýun, ýarym çyn harçaňlaşyp durmady.
-Bolýar, agam! Siziňki düşnükli. Siz iş bilen bärik gelipsiňiz. Indi, belki-de meseläňizi aýdarsyňyz?!
-Meselämi aýtsam...ähem, ühüm...-diýip garry, bogazyny arçaşdyrdy-da, dowam etdi:-köwşek, bütüki meniň çagalykdan kakam pahyr tarapyndan ganyma guýlan endigim, mundan buýanky ýelem-ýüwlet başdansowmalardan tapawutlylykda, özümiň ähli kagyzlarymy örän düzüw saklaýan. Sebäp diýseň kakam pahyr ölmezinden öň aýtdy: “Oglum” diýdi, “sen” diýdi, “heýç haçan höküwmet bilen oýun etmegiň” diýdi. “Onyýnyň haýsydyr bir edarasyndan sygryň dili ýalam yspyrapkajyk almaly edilen bolsa, şony ilden öňürti ylgap baryp, wurşup almalam bolsa, ölhit açlykda çörek normy paýlanýan ýaly edip, ysprapka hakyňy gidermän, hökmany algynyň!” diýibem, öte zynharlapdy, dädem pahyr...
Jaýlaşykly oturyp, gepbaşyny ýaman uzakdan alyp gaýdyp, misli gazal aýdýan ýaly sarnaşdyryp oturan garra gabak astyndan nazar oklan Orazyň içi gysdy.
“Mbäh! Bularyň barysynyň edäheti şumyka-raý?! Gep çagaladyp durman, ýüzüniň ugruna sorajak zadyny sorabermän, hemmesem derrew Nuh eýýamynyň wakalaryny gürrüň berip başlaýarlar. Ýeri, seniň ol aýdýan zatlaryň maňa gara şaýylyk gyzygy barmy diýsene!” diýip içinden pikir öwren Oraz, esli salym sesini çykarman oturandan soň, ahyry çydamady. Özüne agzyny açmaga maý bermän, içegedenem uzyn gepini yzyny üzmän sökeläp oturan garrynyň sözüni morta böldi:
-Agam, ol aýdýanlaň ýagşy-la welin, bahymrak düýp meseläňi aýdaýsaň gowy boljak. Biziňem wagtymyz çäkli...
Goja egnindäki sary giden jilisgesini närazylyk bilen çekişdirip: “Mbäh, inim, özüňden ululaň gepini şarta bölmegi eşekden palan alança-da görmeýän, ýamanam bir edepsiz oglan ekeniň-aýt!” diýýän terzde Oraza ýazgaryjy bakanam bolsa, daşyndan nägileligini bildirmedi.
-Bolýa inim, seňkem dogry. Hawa-la, dogry aýdýaň. Bi ýöne, ýumşak kürsüde kofemidir-çaý süzüp ýatmaly halyňyza, biziň ýaly ýere urup ýerde galan garamaýagyň janagyryly samahyllysyny diňlemäge wagtyňyzam ýokdur!-diýip ol, her niçigem bolsa Oraza igesini sürtüp galdy-da, gepiniň ugruny üýtgetdi:-Ýeri bolýar. Bu zatlar hiç. “Gaçanam Alla diýýämişdik, kowanam”. Siziňem, siz ýalylaňňam bärde bolmasa-da, aňyrda bir ýerlerde hasabat berjek ýeri bardyr-da.
Gepimiň “döwli ýerini” aýtsam bolsa, men ýaňky aýdyşym ýaly, şü geçen altmyş ýyldan gowrak ömrümde höküwmediň öňünde hemme dokuwmentlemmi tüzüw edip gezdim.
O näme üçindir akyllysyrap: “dogguş şadatnäme” diýen bolýan zadyňyz bolan mitrikäm, soň 8-nji klasy gutaranymda “mekdebi entek başbütüýn gutarman ýatyr” diýip beren şadatnämäňiz, soň: “indä-hä, şü “me kitap” diýilýän allajydan, aldyrman-ýoldurman, aman-esen dyndy” diýip berlen şadatnäme, soň: “iki ýyllap itiň aýagyny sekmedik ýerlerinde kirzowoý ädik süýräp, şonuň ikisini derbi-dagyn etdi” diýip beren weýenni bildiňiz, onnoň: “ejesi-kakasy pahyryň bergä-borja batyp, lütjek galyp, galyň baryny töläp, satyn alyp beren heleýi bilen heleýli bolandygym hakda” diýip berýän nika şadatnämäňiz, onnoň, “Hudaýa şükür, şol ummasyz pul töleniňp alnan heleýi gysyr bolup çykmady, hernä “Hudaý” diýen ýeri, mazaly çagasam bolaýdy” diýlip berilýän, çagalaryň dogguş mitrikeleri, onnoň: “Şü bende-de iýýän nanyny güne ýatyp gazanmyýa. Her niçigem bolsa alýan aýlygyny, ine şunuň ýaly edaralara iň bolmanna gelip-gidibem bolsa, “depme halal” edip alýa” diýlip berilýän, il arasynda-ha: “turdowoý” diýilýän atly, höküwmet arasynda-da “zähmet soňy rehnet depderçesi” diýilýän atly şadatnäme, iň soňunda-da ýaňy-ýakynda: “Boldy, Pelany! Aýlygyňy alybildiň! Bar inni, işlemäge özgelere-de bir gezek ber!” diýlip elime tutduraga-da, ugradylyp goýberilen pensiýa hakda şadatnämäm...
Garaz, mende-de edil Nuhuň gämisindäki ýaly adyny soran mahlugyňdan, toýist (то есть) şadatnämeden, bir jübüti bar. Ine indem inim, “Galan dokuwmendim-ä düzetdim welin, bolanna görä, yzymda çagalam kösenip ýörmesin. “Ýurdam belet çapar” diýýäler. Bilýänje zadym, demim gidip-gelip durka, barakga-da, şü özümiň öldi hatymam öňünden alypjyk goýaýyn-la!” diýen niýet bilen, ýaňky hat berilýän kantura maňlaýymy diresem, o taýdaky oturanja gyzjagaz: “Ýaşuly, siziň aklyňyz bir ýerindemi? Siz dirikäňiz biz size nädip ölendigiňiz hakyndaky şahadatnamany bereýli?” diýip gözüni tegeleklän bolýar-a! Ýagdaýymy şunça düşündirjek bolsam, meni asla diňlemeýärem. Onnoň gaharyma: “bi nä boldugy, “garybyň sözi ýer tutmaz” diýlenini edýärler-ow” diýäkge-de, arz etmäge “polisge” diýilýän milisgä barsam, olaram meni şu ýana gönderip iberdiler...
Garry uzyn sözüni jemledi-de, gülmän zordan saklanýan Orazyň ýüzüne soragly äňetdi. Gülmejek bolup özüne zor salýandygy sebäpli dym-gyzyl bolup gyzaran Oraz, pyňkyrmazlyk üçin bogazyny arçan kişi boldy-da, söze başlady:
-Üh-he, üh-he, ähem-ühüm...Hä, onda ýaşuly, siz, ýaşaýan etrabyňyzyň Raýatlyk ýagdaýlarynyň nama ýazgylary bölüminiň işgäriniň özüňize heniz dirikäňiz ölendigiňiz hakyndaky şahadatnamany bermekden ýüz dönderendiginden nägile bolup, hukuk maslahathanasyna özüňiziň haýsy edara şikaýat etmelidigiňiz baradaky sowal bilen ýüzlenmäge gelipsiňiz-dä, şeýlemi?!
Garry, Orazyň aýdan içege ýaly up-uzyn sözlemine düşünmäge dyrjaşýan dek, ýüzüni-gözüni bürüşdirip, dem salym oturdy. Birdenem ýüzüni ýagtyldyp, kentlewügindäki gaçman galan ikilän-üçlän sap-sary dişlerini görkezip, ýyrşardy:
-Mbäh! Ýaman owadan edip aýtdyň-aýt, inim! Seň ýeriňe öýdäki bolan bolsa-da, meniň göwün islegimi şumat şeýle owadan edip aýda bilmezdi. Ýohha, şo kempirem-ä gepe-söze gezek berilse, atlyny agdaryp, düýelini düňderip, pillinem peşedip, toýotalyny tozadýanlardan welin...
Hawa, inim. Hut şeýle. Sen şu mahal men garryň isleýän zadyny ýaman zakonnyý edip aýtdyň. Men şojagaz gyza, haýsy edaraň leçelliginiň külüň ýaly ýumrugy bilen öňündäki stola düňküldedäkge: “Şo ýaşulyň soraýan ysprapkasy gaty bahym ber-aýt!” diýip azm urup biljekdigini bilmäge geldim.
Oraz ýene-de pyňkyrman zordan saklandy:
-Ýaşuly, bagyşlaň welin, gynansagam, siziň ol diýýän tabşyrygyňyzy berip biljek başlyk ýok bolaýmasa...-diýip ol, ýumşaklyk bilen söze başlady.
-O nähili ýog-aýt?!-diýip, köne jilisgesiniň eýlesinden-beýlesinden dartyşdyryp başlan garry, ýarym ütülen jüýjä çalym edip hüžžerildi-de, Orazyň al-petinden aldy:-Heýem bir ady edara bolar-da, onuňam bir leçelligi bolmazmy?! Hä?! Inim, ataň ýaly adamy, daş sypatyndan çen tutup, jindesi çopanyňky bolsa-da aldajak bolup ýatmazlar. Şalham çopanpisint bolsa-da aň-düşünjäm “kandydod nawuk” diýilýäniňkeçeräk bardyr. Biler bolsaň, höküwmet nirededir bir ýerde haýsam bolsa bir edara döretdigi ilki bilen şoňa leçellik belleýändir, onsoň dura-bara şo edara galan ýatybiýerler assa-ýuwaş ýumşakdan-myssyjak ýeriň gözleginde toplanyşyp başlaýandyrlar...
Garrynyň özüne geplemäge maý bermezligine Oraz biraz gatyrganjak boldy. Ol ýüzüni ynjyly çytdy. Soňam uludan demini aldy-da: “Ölmänkäň ölendigiň hakynda şahadatnama talap edip ýörşüňdenem akyl-huşuň ylymlaryň kandidatynyňky ýalydygy bildirýär, ýaşuly!” diýen, diliniň ujuna münen gyjytly sözleri ýuwutdy. Soňra: “Dälini bir gezek ugruna kowsaň, haňk-huňkurak ýarym dälini iki gezek höre-köşe et!” diýip, öz-özüne nesihat berdi-de, mylaýymlyk bilen söze başlady.
-Agam, hemme aýdýanyň dogry. Ýöne, özüň düşün, ol etrabyň Raýatlyk ýagdaýlarynyň nama ýazgylary bölüminiň işgäri size heniz ölmänkäňiz “şu adam öldi” diýip güwä geçýän resminamany berip bilmez ahyry!
Garry gözüni petredip Oraza garady. Dessine-de näme üçindir onuň ýüzi bir gyzaryp, bir bozardy. Öte gahary geldimi nämemi, ol dem salymlyk gözüni ýumdy-da, birki gaýra uludan demini aldy. Gözlerini açanda bolsa, olardan uçgun syçradaýjak bolup, söhbetdeşine bakdy:
-Näme-how, inim, bü taýda siz işsizlikden ýaňa güpüläp çişip, indi siziň meýniňizi gurçuk aldymy? Sen şu mahal maňa aýdyp oturan zadyňa özüň bir düşýäňmi?!
Ýa, düşmeýäňmi ýa?!
Näme-how, indi men sizden sygryň dili ýaly kagyzjyk aljak diýip öleýinemmi-aý?! Hä?! Toba, estagpurulla, tüf-tüf-tüf, daş edewersin, Hardeçjalyňam, onuň töweregindäki hop-hopçularynyňam ýüzi aňryk bolawersin, hakyýt ýöne, göni garaçygyňa dikilip: “Soraýanyň yspyrapka bolsa, öl! Ölmeseň saňa şo ýok!” diýşip otyrlar-aýt!
Ýarymdäli pisint garrynyň öz aýdýan zatlaryny özüne çöwrelikgän laýyklap, beleň alyp gidip oturyşy Orazyňam janyna batdy. Hernäçe özüni parahat alyp barmaga çytraşsa-da ol bu gezegem gaharlanman saklanyp bilmedi:
-A-how, ýaşuly! Näme-aý ýöne, men näme diýsem özüňe tarap tersine öwrüp gidip otyrsyň-aý? Özüň-ä bu ýere hukuk maslahatyny soramaga gelipsiň. Berilýän maslahatyňam içinden monjugyny agtaryp, dörjeläp, aýdylanyna düşünjegem bolman, şol täk özüňkini dogry edip, eňegiňe tutup gidip otyrsyň. Dagam, ol zags işgäri bende, ölmedik adama nädip “öldi” diýip hat bersin-aý?! Ýa näme, sen Hudaýmy?
Ol, özüň ölendigiň hakyndaky şahadatnamada: “Ine şu şahadatnamada görkezilen raýat Pylanyýew Pylany, nesip bolsa, Alla işini ugruna etse, pelanynjy ýylyň pelan aýynyň pelanynjy gününde, hepdäniňem bazar güni, takmynan sagat on bäş nol-nol bilen on ýedi nol-noluň aralygynda sag-aman, tarpa-taýyn öljekmiş. Şol hakda-da şu resminama berildi.” diýip ýazdyraýyn diýseňem-ä, sen haçan öljegiňi öňünden bilýän-ä dälsiň.
Ýa näme, küpür gepim üçin Alla bagyşlasyn welin, sende Ezraýylyň eltelefonynyň öňi sekiz altmyş bäşliksiz, göni belgisi barmy? Oňa islän wagtyň jaň edäkge: “Agam, meniň yzymdan haçan gelerkäň-aýt?” diýip soraryň ýaly?! Hä?!
Ýaş ýigdiň gaharyny jylawlap bilmän aýdan sözlerini ünsli diňläp oturyşyna garrynyňam keşbiniň reňki gögümtil-ýaşyl öwüsdi. Oraz sözüni soňlap-soňlamanka-da ol ýarym saňsarrak gyzma adamlara mahsuslykda, birdenkä “gümpüldäp” partlady:
-Eý sen-eý, köwşek! Nä bu ýanda, “ýumşak kürsüde ottyryn” diýip, ataň ýaly adama azgyrylan bolup, akyl satyp ottyň-ow!
Senden bumat akyl soralmaýar-da, nirä arz etmelidigi hakda maslahat soralýar. Meni garyp-misgin görüp, beýle kepleşjek bolýandan bolsaň bolsa, git-de akylyňam, öwüt-nesihatyňam eşegiňe dograp ber!
Bolýamy?!
Tapdyň bu ýanda, arkaýyn diýeniňi diýip, aýdanyňy aýdyp oturmaly, peşew siňdiren gara keçäni!
Düşýäňmi şuňa?
Ýa, düşmeýäňmi ýa?!
Men senjagaz gögelä ýene-de bir zat aýdaýyn-haw!
Eý halyppajyk, sen bar-a, kän bir bar-a, maňa bar-a, degsinmegin-haw!
Men zyrrajym dälidirin-haw!
Onyýnyňam barypýatan ji-i-iým gyzylja jynlysydyryn-haw!
Öte içimi ýakyberseň tütediberýänlerdirin-haw!
Özem bar-a, jynlysynyňam bar-a, ýöne-möne, hyrawa öseni ýa-da peýwagtyna, mesaýy entäp ýörenem däl-de, iň nejisi bolan, hakyýt yspyrawkaly telbesidirin-haw!
Ol yspyrapkaly mežnunlaňňam iň aňrybaşy, hatda, peýanlardyr-itleňňem gören dessine buşugyberýän, tüýs ýerindengelme uçotda duranydyryn-haw!
Düşýäňmi şuňa?! Hä?!
Ine, şoň ýalaky zor zamanada alnan, haýbatly yspyrawka-da, meniň onymam!
Onnoň näder öýdýäň, gadym döwrüň tarhan hatyna derek ýörärmi ýa ýöremez şonym?! Hä?!
Ýöremänmi?!
Gözüne gülem salmyýamy?!
Hä?!
Maňkasyndan morožny-da ýasamyýamy?!
Hä?!
Şoň üçribem, bi eýeläp oturan ornuňa daýanyp, diýjegiňi diýip oturman, menden tarap gaty hatyrjem durgun-haw, senjagaz! Ol, seniň ýalaky ketde kürsüme otyrýerimi diräp, edenimi edýänlerden däl-de, hakyýt kisämden çykarman ýanymda göterip ýören yspyrapkamdan medet alyp, islänimi gaýryp bilýänlerdendirin-haw!
Birdenkä, sendenem dem salymda göwnüm geçäkgä, kelläňden hyzlawuk kädi ýasap iberäýmäýin-haw!
Düşýäňmi şuňa?!
Hä?!
Ýa, düşmeýäňmi ýa?!...
...Kinolarda kimdir biri hapa-paýyş sögünse, sögünjiň üstüni “bi-bi-byýk” edýän, ýakymsyz uzyn ses bilen basyrýarlar. Kitaplarda bolsa, uýaljaňlyk bilen, şeýle sözüň deregine köp nokat goýýarlar.
Orazyňam şuş-şu mahal kinolardaky ýaly up-uzyn “bi-bi-byýk” edip, gepläsi geldi. Özem üznüksiz, azyndan ýarym sagatlap dagy tüketmän, arasyna-da şol “bi-bi-byýk” bilen basyrylýan sözlerden başga ýekeje-de söz goşman...
Ýa-da şu gürrüňiň arasyna kitaplardaky ýaly azyndan iki sahypalyk dagy dynuwsyz “köp nokat” goýup çykmak hyjuwy ýüreginde joş urdy.
Şonda-da ýokary bilimli adam, aglaba köp ýagdaýlarda mundan buýanky beýlekilere garanyňda biraz sabyrlyrak bolýarmy nämemi, ol zoraýakdan özüne basalyk berdi-de, gözlerini ýumdy. Şol doňňara-daş bolup oturyşyny üýtgetmänem, henizem ala-wagyrdy bolup gykylyklalamagyny dowam edýän ýarym mežnun garrynyň sözüni kesdi:
-Agam jan, gaýrat et! Nirä arz etseň şol ýere arz et! Kimiň kellesini kätmen bilen kaksaňam, kisäňdäki däli hatyňa duwlan-da, şonuň kellesini kak! Ýöne, ägirt uly haýyş senden, bar, şu taýdan bir gitsene! Meniň-ä sendenem, seniň ýalylardanam ýaňa, indi halys kelläm çat açyp, ýarylyp gelýär!
Ýarymdäli garry, agtyklary bilen ýaşytdaş ýaş ýigdiň naýynjar pyşyrdysyna dözmedimi ýa-da özi gygyra-gygyra içiniň ýelini boşatdymy nämemi:
-Hä-ä, aýtdym-a ýaňy, biz ýaly garamaýagy diňlemeli bolsa, ugur-ýol salgy bermeli bolsa, siziň hiç haýsyňyzyňam kelläňizem çydamaz, aýdara sözüňizem bolmaz. Ýöne arkaýyn boluň, öň men özüme öldi hatymy bermejek bolýan ojagaz saçy kesilmişiň ýekkeje özüniň üstünden arz etmekçi bolýardym welin, indi maňa – öz atasy bilen ýaşytdaş adama: “Yspyrapka alasyň gelýäni çyn bolýandan bolsa, gitdejik, elinjek ölüp geläýsene!” diýmäge het eden senjagaz ýeksurunyňam üstünden gaty ykjam edip ýazaryn. Hä-ä-ä! Allam jan bolsun etse, onnoň görersiňiz, gyzan bazarda belanyň kilesiniň näçe manatdandygyny...-diýip ol, hüňürdeý-hüňürdeý çykyp gitdi.
Oraz, hukuk maslahathanasynyň kabulhanasynda ýeke özüniň galandygyny syzandan soňam, ep-esli wagtlap gözüni açman, gymyldaman oturdy.

Serdar ATAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 184 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Ähli teswirler: 18
0
15 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Elbetde bular öwünmek däl ýöne siziň ýalňyş düşünmezligiňiz üçin ýazaýdym smile

0
17 Bagabat   [Mowzuga geç]
Menem, häzirki zamanyň ýaşlary baradaky aşakdaky maglumaty göwne degmek üçin däl-de, degişmek üçin ýazaýdym. biggrin

0
14 Gurgencli   [Mowzuga geç]
"Dört derüş" kitaby bir ýarym günde okapdym , iň gysga wagtda okan kitabym. Onsoň gyş günleriniň birinde bir günde näçe sahypa kitap okaýarkam diýip oýlap okan sahypamy sanap okap gördüm, 120 sahypa boldy.

0
16 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Gurgençli, inim, sen-ä Stalindenem bet ekeniň. Ol her günde 100 sahypany okap, özleşdirip bilipdir diýen maglumat bar. biggrin

0
13 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Ýok ünssizlikden däl meňki, obada güýz günleri iş kän bolýar, garynjalaryňky ýaly gyşa taýýarlykda smile . Onsoň telefon elime düşen wagty 5-10 dynç alyşkda okaýan smile

0
18 Bagabat   [Mowzuga geç]
Alla kuwwat bersin! Işiň ileri, Daýhan aga!

0
11 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Şu gün irden okap başladym henizem soňuna çykamok biggrin

0
12 Bagabat   [Mowzuga geç]
"“Microsoft” korporasiýasynyň 2015-nji ýylda geçiren barlaglaryna görä, häzirki döwrüň ýaşlary haýsydyr bir zady okamaga başlanlaryndan 8 sekunt soňra ünslerini jemlemegi bes edýärler (konsentrasiýany ýitirýärler)".
"Indi deňeşdirip göreliň. 20 ýyl mundan ozal ýaşlar 15 minut anyk bir zatda ünsüni jemläp saklap bilen bolsalar, eýýäm şu döwürde ýaşlaryň aglaba köpüsiniň ünsüni jemläp saklap bilýän wagtlary bary-ýogy 8 sekunt möçberine gelipdir".
Çeşmesi: http://kitapcy.com/news/2020-10-08-12439 biggrin :D

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Menem düýnki hekaýadaky "Captain Obvious" ýaly bolup görünýänem bolsam, hiç bir ýazyjam, şahyram, dramaturgam, režissýoram Durmuş agadan beýik zehinli, hakdan içen bolup bilmejekdigini ine şujagaz wakanyň mysalynda-da görmek bolýar. Şular ýaly täsirli wakalary eşitseň ony hökman "ogurlasyň" gelip başlaýar. biggrin

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Durmuş añyrsy bärsi ýok kitap...
"Köplük bilen awtobusa münüp gitmegiñ" görnüp duran artykmaçlygy.

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Uzynyñ akly giç geler diyleni... iñ bolmanda gapdalragynda durup boydan başa diñlemeli ekenim.. diyip hyrçynymy dişledim, awtobusdan düşemsoñ...

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hiç hili kemmän, üstüne goşman, şo durşuna berseñ, ozbaşyna bir hekaya...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Diyjek bolyanym, Serdar aga yaly, Kakamyrat aga ökde prozaigem bolmandyrys...

0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
Şygyr edäý. On hekaýada ýa-da tutuş bir romanda aýdyljak pikiri, Şygryýet hanym, birje topbakda aýdýar.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Samrap barya diysem, öte geçdigim bor... şeyle bir dürdäne sözleyar welin, Hydyr Deryayewiñ "Ykbal" romanynda palawyñ tayyarlanyşyny iki sahypalap beyan edişi yaly, gawun kakynyñ tayyarlanşy barada dagy azyndan 15 minutlap aydandyr. Gonamçylygyñ deñesine yetenimizde başlaya öten-geçenlerden, yagşy-yamanlaryndan barsy.... üzümçiligiñ deñine yetyas welin: ûzüm, toşap...
ay, garaz, goñşy-golam, geçmiş-geljek, döwür, durmuş... agzamayan gepi, gozgamayan meselesi yok.
Bože moý... türk garyndaşlar aytmyşlaýyn, "memleket meselesi"... smile

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Depä kryşa edinjek aýagulagy satalym bäri işe awtobusda gatnaýardym, şugün işe gelýärkäm, bir orta ýaşdan geçenräk ýany gyzjagazly aýal tä Büzmeýine barýança gepläp gitdi, men ilki pikir etdim: daýza telefonda gürleşip barýandyr diýip, (adatça ýaşlar gulagyna barmak ýalyja bir zat dykýarlar-da, telefony gulaklarynyñ deñesine ýetirip durman gürleşäýýäler), beylekilerem edil men yaly pikir edyan bolarly, oña üns beryanem yok. Ahyr çydatmady, şu gelneje telefonda bir gürleşyamika ozi diyp, bir gapdala suyşen bolaga-da, beyleki gulagyna tarap goz ayladym... telefonam yok, nauşnigem... hiç zat yok... görgüli öz özi samrap baryan bolsa name...

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Akyl-huşdan aýyrmasyn. Her hili garamaňlaý bende bar. Iň haýykdyryjy ýerem şol syrkaw bendäniň ýanyndaky çagasy...

0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Beh...toba sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: