23:43
Liwanlylar aýaga galdy: "Biz bärde demonstrasiýa geçiremzok, rewolýusiýa geçirýäris!"
LIWANLYLAR AÝAGA GALDY: "BIZ BÄRDE DEMONSTRASIÝA GEÇIREMZOK, REWOLÝUSIÝA GEÇIRÝÄRIS!"

(Şirin Paýzynyñ Beýrut reportažlary...)

Beýrut howa menziline baranymda içimdäki sussupeslik barha ulaldy...
Ýanyma ýazuw-pozuwdyr surata düşürmek işleri üçin ujypsyz zat alypdym, žurnalistdigimi bildirmejek bolup elimden gelenini edipdim.
Tutarygymam taýýardy: Liwandalky tanyş-bilişlerime görme-görşe gelýärdim.
Refik Hariri adyndaky howa menzilinde kän janly-jemende ýok. Saýpañlaşmazdan dowam eden çykyşlar Beýruta gelýänleriñ sanyny mazaly azaldypdyr. Uçarda gelýärkäk meniñ bilen gürrüñleşen liwanly aýal "Isleseler hiç gelmesinlee. Bize turist däl-de, demokratiýa we eli egri däl syýasatçylar gerek" diýip özelendi durdy.
Howa menzilinde turist topbaklary ýa-da işewürler görnenok, emma demonstrasiýalara gatnaşmaga gelen daşary ýurtda ýaşaýan liwanlylar bar.
Içimden "poliseýler bu ýaşlara näme ederkä, eýsem?" diýýärin. Tussag astyna alarmyka? Herhal, ýurda salmasalar gerek, gapma-garşylykly wakalar daşda däl.
Emma, beýle-de däl. Ýüzüne arapça jümleler ýazylan şortili, ýantorbaly we boýunlary kefiýeli ýolagçylar ellerini-gollaryny sallap polisiýanyñ barlag postundan geçip durlar. Ne soraýan bar, ne ideýän, ne-de "saklan!" diýýän.
Pasportymy uzadan polisiýa işgärim ýanyndaky kärdeşi bilen gürrüñini kesmän pasportyma giriş möhürini basdy. "Näme üçin geldiñiz?" diýip sorajagam bolmady.
Beýrutyñ merkezine gelýänçä ýollar imisala. Çaltlyk bilen paty-putymy otelde goýup, liwanly žurnalist tanyşlarym bilen görşüp, köpçüligiñ arasyna siñmek we bolup geçýän wakalary ýakyndan synlamak üçin şäheriñ merkezine haýdadym.
Meýdana golaýlaşdygymça sesli çagyryşlary, aýdylýan aýdymlary has gowy eşdip başladym. Daş-töweregim hyñ berýär, aýak basara ýer ýok.
Meýdanlar doly. Ýaşlar, garry-gurtylar, aýal-gyzlar. Hasam beter aýal-gyzlar köp. Iñ ýangynly sloganlary atýanlaram, iñ janyýangynlylaram, öwrülişigiñ amala aşjagyna has köp ynanýanlaram ýene aýal-gyzlar.
“Kllon, kllon” ("Uçdantutma hemmesi!") diýip gygyrýarlar.
Uçdantutma hemmesi ogry. Uçdantutma hemmesi eýeleýän wezipesinden gitmeli.
Liwanly kärdeşim Lara köçeleri dolduranlaryñ ellerindäki baýdaklary görkezip, "liwan baýdagyndan başgasyna rugsat berilmedi. Bu hemmeleriñ - halkyñ tolgunşygy. Hiç kimiñ, hiç bir toparyñ asudalygy bozmagyna ýol berenoklar" diýip gürrüñ berdi.
Zenan demonstrasiýaçylardan birine ýakynlaşyp soradym: "Bu demonstrasiýalaryñ netije gazanjagyndan umydyñyz barmy? Üstünlik gazanjagyñyza ynanýarsyñyzmy?"
Şeýle jogap berdi: "Demonstrasiýamy? O nämäñ demonstrasiýasy? Biz bärde rewolýusiýa geçirýäris!"
Ol sözüne şeýle dowam edýär: "Bize reforma geçirjekdiklerini wada berýärler. Biz reforma däl, olaryñ wezipelerinden el çekmeklerini talap edýäris. Reforma geçirjek diýmek - hiç zat etmän, ogurlyga dowam etmek diýmekdir. Uçdantutma hemmesi ogry. Demokratiýa we aç-açanlyk talap edýäris. Premýer-ministr, prezident, ministrler - hemmesi wezipesinden el çekýänçä şu duran ýerimizden butnamarys!"
Žurnalist kärdeşim Lara çykyşlary hemmeleriñ neneñsi goldandygyny aýdýar: "Hiç kim "geliñ, köçä çykalyñ!" diýmedi, çagyryş eden bolmady. Guramaçysysy ýok. Ýolbaşçysy ýok."
Whatsapp öwrülişigi bolup başlan tolgunşyklaryñ ikinji gününde çykyşlary basyp ýatyrmaga synanyşýan poliseýlere garşy döş gerip duran zenanyñ simwolika öwrülen, meýdanlarda DJ-leriñ aýdym-saz şagalañlaryny gurnap goldan, aýdymlardyr tanslar bilen şowhuny artdyryp barha gürelen bu "rewolýusiýa" günbe-gün baýap barýan syýasy aristokratiýa "besdir indi!" diýýän halkyñ rewolýusiýasy.
Liwanda şeýlekin uly mähelleli çykyşlar 2005-nji ýylda häzir ministr bolan Saad Haririniñ kakasy Refik Haririniñ janyna kast edilende bolup geçipdi, birnäçe günläp dowam eden protestler netijesinde Siriýanyñ goşuny Liwandan çykmaga mejbur bolupdy.
Şindi meýdanlary dolduran halk köpçüligi Haririler maşgalasyna, prezident Mişel Auna, otuz ýyl bäri parlamentiñ başlygynyñ kürsüsini elden bermän gelýän şaýy partiýasy "Amalyñ" saýlan adamy Nebih Berrä we bütin bularyñ barha baýaýan garyndaş-doganlaryna "güm boluñ, gidiñ!" diýýärler.
Demonstrasiýaçylaryñ biri nämeleri talap edýändigini şeýle düşündirdi: "Prezidentimiz hristian, premýer-ministrimiz sünni musulman, mejlisiñ başlygy şaýy diýip öwüniljek düzgünimiz bar. Göräýmäge gulaga ýakymly ýaly. Emma biz munuñ beýle bolmagyny islämzok. Çünki bu düzgüniñ arkasyndan bular birnäçe ýyl bäri häzirki oturan kürsülerinde oturyp, baýlyk toplaýarlar. Garyndaş-doganlary, ilen-çalanlary, çaga-çugalary, agtyk-çowluklary tütjar baý boldular. Halk barha gedaýlaşýar. Palestinaly bosgunlardan soñ siriýaly bosgunlara-da gaçybatalga berdik. Beýruta göz aýlañ: nirä baksañ kaşañ jaýlar, täze gurluşyklar, millionlarça dollarlyk binalar, lýuks dükanlar, gymmatbahaly söwda merkezleri... Bularyñ barsy döwletiñ puluny iýýän ogrularyñ bikanun geleşikleriniñ netijesinde gurulýar. Şonuñ üçin besdir indi diýýäris. Besdir indi!"
Köçeleri dolduran aglabasy ýaş liwanlylar diñe Liwana däl, eýsem bütin arap ýurtlaryna nusga bolandyklaryna ynanýarlar.
Olaryñ biri şeýle diýýär:
"Bütin dünýä arap diýlende, terrorçyny göz öñüne getirýär. Irdik şundan. Irdik diktatorlardan. Bizi ulanyp, uruş turuzýanlardan bizar-peteñimiz çykdy. Ýadadyk garyplykdan, ýetde-gütdelikden. Dünýäniñ iñ yrsgally, iñ bereketli ýurdunda ýesir ýaly ýaşaýarys. Arzuw ederlik gelejegimiziñ, huzur içinde ýaşajak ýurdumyzyñ, mañlaý derimizi döküp gazanan pulumyzyñ hözirini görer ýaly durmuşymyzyñ bolmagyny isleýäris."
Prezident Mişel Aun we premýer-ministr Hariri dartgynlylygy ýumşatjak bolup mümkingadar ýuwmarlaýjy heñde reforma geçirmegu wada berdiler we köçeleri dolduran halka geçiriljek reformalary ýakyndan synlamaga çagyrdylar. Hökümet polisiýany, harby gullukçylary "häzirlikçe" demonstrasiýaçylara ýanaşdyranok. Olar dartgynlylygy güýjetmejek bolýarlar.
Emma meýdandakylar hernäme-de bolsa, ätiýajy elden berenoklar.
Şu wagta çenli köçelere goldaw beren "Hizbullahyñ" ýa-da "Amalyñ" ugruny üýtgedip, demonstrasiýalary böler diýen endişe bar.
Oteliñ bir işgäri "Hizbullahdyr" "Amalyñ" çykyşlardan nägiledigini öñe sürýär:
"Hizbullah" bütin dünýäde terrorçylykly gurama hökmünde tanalýar. Bizde welin olar parlamentiñ bir partiýasy we onuñ şaýylardan ybarat şahsy düzümi mejlisde iñ köp oruny eýeleýär. Olar hökümet agzalarynyñ işden gitmeginem, sistemanyñ üýtgemeginem islemezler. Çünki olar täze geljek hökümetiñ ýa-da täze lideriñ "Hizbullahy" döwreden çykararyndan gorkýarlar.
Liwanda syýasy ýagdaýlar çylşyrymly. Ortada eliñi uzadar ýaly, umyt baglar ýaly oppozisiýa ýa-da lider ýok. Emma muña garamazdan köçedäkiler ýene-de umytly. "Öwrülişik bir başlasyn, soñ lideri-de tapar oturarys" diýýärler.
Liwanly ýaş ýigitden soradym: "Prezident Mişel Aunyñ çykyşyny we reforma wadasyny neneñ gördüñ?"
Ol şeýle jogap berdi: "Mişel Aunyñ eýelik edýän telewizion ýaýlymy liwan köçelerini dolduran halk köpcüligini görkezmegiñ ýerine aşpezleriñ nahar taýýarlaýan gepleşiklerini berýär. Ýeri onsoñ biz onuñ aýdanlaryna näme üçin ynanmaly?"

Şirin PAÝZYN,
sirindefnepayzin@gmail.com

25.10.2019 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 77 | Добавил: Gökböri | Теги: Şirin Paýzyn | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 2
0
2 turkmentug   [Mowzuga geç]
Seni Hizbullah dolandyrýarka ,nämäň demokratiaýasy ,nämäň adalaty ... :-)

0
1 turkmentug   [Mowzuga geç]
Görýän weli,köçedäki daýzalaryň arzuwy amala aşmady öýdýän ...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: