08:47
Gaýynenem janym enem, jan enem / henekler
ZART-ZURT MOZART

Bir Türkmen Amerikada syýahatda… Köçede gezelenç edip ýör… Bolmady, hajaty gyssap galdy, näetmeli? Ýüwüre-ýüwüre zordan hajathana tapdy… Içigara galmyş, içeri girmek üçin 25 sent tölemeli, içinden "gowuja" sözler aýdyp, onam töledi… Indi bir 25 senti aňr ýany bilen ödemek üçin zart-zurt… edip, ses çykaryp, işini bitirip oturan mahalam "ýuwaş bolsana-how" diýip gapdalky otagdan biri gygyrdy. Megerem gapdalky otagdakam türkmen bolmaly.
Bilem oturan ýerinden gepi çüýledi:
— Heý samsyk, näme 25 sente Mozartyň deregine Şopeni diňlärin öýdýarmidiň?

DARLYK-GIŇLIK

Dellal müşderiden soraýar:
— Näçe otagly jaý gözleýärsiňiz?
— Näçe otagly bolsa bolsun, emma otaglar heleýimiň öý işlerini arkaýyn edip bileri ýaly giň, gaýynenemiň bolsa biziň öýde ýaşap bilmezi ýaly dar bolsun!

GAÝYNENEM JANYM ENEM, JAN ENEM

Är-heleýiň urşy… Ellerine näme ilse gaýgyrman biri-birine zyňýarlar, agyzlaryna ýagşy sözden özge nähili söz gelse biri-birine aýdýarlar. Ahyry hatyn ýadap, kürsä oturyp:
— Pahyr ejejanym, nämüçin seň aýdanyňy etmedim— diýip aglamjyrap başlady— "Şu adama barma gyzym, başyňa dert bolar" diýip kän-kän aýdypdy…
Heleýiniň aýdanlaryny diňlän äri kellesini ýumuruklap:
— Wah, meň şü paňkelläm gursyn… Pahyr gaýynenemjan, meň ýagşylygymy isleýän eken-ow…

MUGALLYM WE OKUWÇY
Mugallym okuwa giç gelen okuwça:
— Sekgiz nol-nolda okuwa gelmelidiň.
— Waý bl…t men ýok wagtym bolmasyz bir zat boldy gerek?

HASSA

Gaýynenesy hassalandy. Hatyny "lukman getir" diýip başynyň etini iýdi… Ahyry çydamady, lukmany alyp geldi.
Lukman gaýynenesini barlagdan geçirip:
— Hassaňyzyň ýagdaýy juda agyr — diýdi.
— Saňa döneýin lukman aga, hiç çekinmän, hassany öz gaýyneneň hasap etde bejergi ediber!!!.

DEMIRÝOLLARY

Myrat wagondan düşüp, keýpikök öz-özüne şeýle diýdi:
— Demirýollaryny şu gezek pizdes aldadym. Biledimi gidiş-gaýdyş aldym, emma, yzyma gaýtmaryn, şörde galaryn.

AKMAKLARYŇ SANAWY

Meşhur şahyr Haşmediň bir depderi bardy. Akmak diýip hasaplaýan adamlarynyň atlaryny şol depdere ýazýardy. Günlerde bir gün Goja Ragyp Paşa, Haşmedi ýanyna çagyryp:
— Seň şu akmaklar depderiňde meňem adym barmy?— diýip soraýar.
— Howwa paşam.
— Sebäbi?
— Düýnkide birine karz berdiň, şoň üçin seňem adyňy ýazdym.
— Ol bergisini berse näme?
— Onda, seň adyňy öçürip oň adyny ýazaryn.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

#Bellik: Degişmeleriň käbiri asyl nusgasyndan üýtgedilip alyndy.
"1000 fikra" kitapdan alyndy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 108 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 9
0
9 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Şu gezekki heneklerimi özümem halaman otyrdym smile

0
8 Dunya   [Mowzuga geç]
Ekemiň bu gezekki henekleri Serdar akgamyň teswirleri bilen henek bolaýdy öýtýän... tongue biggrin

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Kazyýet mejlisinde kazy şaýady sorag edýär:
-Diýmek onda, siz öz gaýyneneňizi kazyýetde işi seljerilýäniň bogup durandygyny görüpsiňiz-dä?!
-Hawa.
-Onda näme üçin oňa kömege barmadyňyz?
-Wah, hormatly kazy, men kömege barmak isledim, ýöne, geň galaýmaly zat, kazyýetde işi seljerilýäniň ýeke özüniňem ony eýgerýändigini göräýdim-dä...
wacko

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Uzak gije şerap içip, lül-gammar bolan erkek kişi, ir bilen kellesi sämäp oýanýar-da, oýanan dessine-de gargynmaga başlaýar:
-Bäh-h! Bi meniň gaýynenemiň nejisdigini-aý!
Äriniň sözlerini eşiden aşhanada gydyrdanyp ýören aýaly, ejesine gargynylýanyna içi ýansa-da, ony biraz ýumşatmak üçin özüne zor salyp, şelaýyn geplemäge çalyşýar:
-Ezizim! Daň bilen gargynyp başlar ýaly, meniň ejem görgüli saňa näme etdi?!
-Näme eder öýdýäň-aý?! Şunça ýyl ýaşaşanymdan soňam bary-ýogy iki-üç çüýşelik gijeden soň aýalymyň ady ýadyma düşmez ýaly, ol heleý öz gyzyna haýsy ady dakdyka ahyry?! Hä?!
wacko

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Gyzy ejesine sms ýollaýar:
“Eje! Ärim meni öýkeletdi. Men atam öýüme ugradym...”.
Ejesi gyzyna jogap ýazýar:
“Gyzym! Bu ýalançyda hemme erbet zatlar jezasyny çekmelidir. Bize gelme. Men size barýaryn...”.
wacko

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Aýalyna jany ýanan erkek kişileriň biri gaýynenesine sms ýollaýar:
“Gadyrly gaýynenem!
Gaýrat ediňde maňa öz çagalarymy nähili terbiýelemelidigimi öwretmäň! Sebäbi bu ugurdan siziň tejribe alşarlyk ýagdaýyňyzyň ýokdugyny men öz şahsy tejribämde şu günki güne çenli iş ýüzünde barlagdan geçirip ýörün...”. wacko

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Erkek kişileriň biri dostunyň ýanynda öwünýär:
-Düýn men tokaýdan gaýyneneme sowgatlyk üç bedre kömelek çöpläp, öýüne eltip gaýtdym.
-Wah dost, edil beýdip howlukmaly däl ekeniň. Birdenkä atdanlykda ol kömelekler awuly bolup çykaýsa nätjek?
-O nähili “birdenkä atdanlykda”?!-diýip, kömelekçi dost geňirgenýär:-Men ýörite saýlap çöpledim ahyry...
wacko

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Erkek kişileriň biri dostunyň ýanynda zeýrenýär:
-Gaýynenem meniň öýümde bir hepde bäri myhmançylykda ýaşap ýör...
Dosty oňa göwünlik berýär:
-Gaýrat et, gardaşym! Bu geldi-geçer dünýäde hemişelik zat ýokdur. Bu betbagtlygam hemişe seniň başyňy alyp ýatmaz...
-Wah, oňa düşünýän-le! Ýöne iň erbet ýeri onuň gyzy bilen men bir ýyl mundan ozal aýrylyşdym...Ýöne, muny oňa hiç düşündirip bolmaýar...
wacko

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Gaýynene barada henekler:

Talaňçy bank talamak bilen başagaý bolup durka, onuň ýüzündäki nikaby gaçýar. Ol bankyň işgäriniň ýanyna barýar-da, ondan azmly soraýar:
-Sen meniň ýüzümi gördüňmi?
-Hawa.
Gümp...
Talaňçy elindäki tüpeňiň mäşesini gysýar. Soňam ýerde ýatan jesede, gözüniň gyýtagynam aýlaman, ýerde ýatan beýleki zamunlardan hemleli soraýar:
-Ýene kim meniň ýüzümi gördi?
Şol pille, ýerde ýatanlaryň iň yzdaky hataryndaky erkek kişi ysgynsyzja ses bilen umytly seslenýär:
-Meniň gaýynenem...Ýöne, ol bu wagt öýde...
wacko

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: