00:50
Ýaltalygyň waspy / monolog-hekaýajyk

ÝALTALYGYŇ WASPY

Monology aýdan – Ýaltalygyň piri Ýatak baba, onuň dilinden ýazyp almaga ýaltanyp, halys gymyldasy gelmese-de, özüne öte zor salanam men…☻

Ýaşasyn ÝALTALYK!
Çünki uşbu dünýeler döräp, adamzadyň häzirki “o kadar” derejedäki elpe-şelpe durmuşyna ýetmegine, ilkinji nobatda şol sebäpkär!
Mysal üçin, adamy tebigatyň mundan buýanky janly-jandarlaryndan tapawutlandyrýan esasy alamatlaryň biri näme?!
Dil!
Ol gepläp bilýär.
Hut şol umumy adamzat ösüşiniň esasy, binýatlaýyn sütünleriniň biri bolan dil hem ýaltalygyň ilkinji önümleriniň biri.
Sebäbi dil, gepleşik, sözler ýok wagtynda, adamlaram edil beýleki haýwanlar ýaly, haýsydyr bir maglumaty biri-biriniň dykgatyna ýetirmekçi bolanlarynda, irkiljiräp ýatan ýerlerinden kynlyk bilen turup, ep-esli ýöräp, beýleki kowumdaşynyň ýanyna barmaga we oňa süýkenip, onuň bilen ysgaşyp ýa-da oňa galtaşyp öz aýtmakçy bolýan zatlaryny üm bilen düşündirmäge mejbur bolupdyrlar.
Ýaltalyk bolsa adama ýatan ýeriňden jinnek ýalam butnaman, özüňe diňe dodaklaryňy gymyldatmakdan ybarat sähelçe agram salmak arkaly, birek-birek bilen habar alşyp-berişmegiň emelini oýlap tapmaga itergi beripdir.
Gäberip duran garynjygyňy gars-gars gaşan bolup, käte bir gozganjyrap ýatan ýeriňden: “Haý keýwany-how! Gaty bejit bol-da, goşawujyň bilen akar çeşmeden suw daşap, bi bizleri mazaly suwdan gandyryp iber!” diýip, bir zowlatdyň!
Boldy.
Suwuň özi gelýä.
Ýeriňden turup, suw içmäge gitmek üçin özüňe agram salmagyň derkary ýok.
“Ýolugra gelýärkäň, ýüzugruna baglaryň köklerinden birki goşawuç ýaglyja gurçugam çöpläp, al-da gelagaý! Bi birhili, az-owlak garbak-gurbak etmesek, şumat ýaman ajygyp ýatyn-ow, meniýni! Özem semizräginden saýlap getirewergin-how, keýwany! Ýohham arryklaryny dişläňde, “myjyrt” edäkge, şiresi dahan içre pürkülip gitmiýä!” diýip gygyrsaň dagy-y-y, onda naharyňam öz-özünden tapba-taýýarjak halda üstüňe gelýär duruberýär…
Hezillik!
Ýa-da adamzadyň tebigatyň galan mahlukyýetinden tapawutlykda, hemişe dört däl-de, iki aýagynda ýöreýänine näme diýjek?!
Elbetde ýaltalykdan.
Sebäp diýseň, dört däl-de iki aýaga erk etmegiň beýnini o diýen ýadatmaýandygyny fiziologiýada ýanjap-ýanjap geçýär.
Onsoňam dördaýak bolup gymyldanyňdan ikaýak bolanyň has amatly.
Mysal üçin, ine ýöräp barýarkaň, bir ýerleriň gijäp başlady.
Dördaýak bolsaň näme etmeli bolýaň?!
Hereketiňi bes edip, togtamaly, arassarak ýer tapyp çökmeli. Onsoňam aýaklaryň haýsy bilen gijeýän ýeriňe ýetip bilýän bolsaň, şonyň bilenem “gars-gars” gaşynmaly.
A onuň tersine, ikaýak bolsaň welin, hezillik. Gidip barýarkaň niräň gijese-de, äwmän-alňasaman gaşynyp gidip barmaly. Öňki aýaklaryň...hop bagyşlaň, elleriň dabanyňdan başlap süýrdepäňe çenli bedeniňde islän ýeriňe ýetýär. “Gaşynmak üçin haýsyny saýlasam has göwnejaý bolarka?” iňkise galyp ýatmagyň hajaty ýok.
Hezillik!
Bu aýdylanlar-a adamyň hatda beden gurluşynyňam hut ýaltalyk üçin ýaradylandygyny subut edýän bolsa, ynsanyýet döräp, şu günki çenli tutuş adamzat siwilizasiýanyň ähli döreden zatlaram, oýlap tapanlaram, hut onuň ýalta zanny-ýasawyny kanagatlandyrmak hyjuwyndan gelip çykýar.
Mysal üçin, oduň ulanylyp başlanmagymy?!
Sowuk howa adamy çuslanmaga we hereket edip gyzyşmaga iterýär. Ot bolsa sowugyň ynsan oglunyň ýalta durkyna ters gelýän bu mojuk täsirine ap-arkaýyn, ot başynda meýmiräp, irkiljiräp garşy durmaga mümkinçilik berýär.
Hezillik!
Ýa-da, ilk-ä zyňylýan taýagyň, soň naýzanyň, soň ok-ýaýdyr sapanyň, soňra bolsa dürli görnüşdäki tüpeňleriň oýlanyp tapylmagymy?!
Bu närseler-ä tüýs barypýatan ýaltanyň ýaragy. Gadym döwürlerde ilkibada adamlar garynlaryny doýurmak üçin awlaryny uzak wagtlap kowalap ýa-da nijeme wagt duzakda ýatyp, kynlyk bilen awlamaly bolan bolsalar, olaryň ýalta zanny-ýasawy, olary awlaryny aňsatlyk bilen awlar ýaly gurallary oýlap tapmaga we ulanyp başlamaga mejbur edipdir.
Hezillik!
Ýa-da hat-ýazuwyň oýlanyp tapylmagymy?
Bu-da tüýs aňrybaşy ýaltalaryň oýlap tapan zady. Sebäbi sesiň ýetmejek ýerine, sen ýaltan, ýaltanma, öz aýtmak isleýän zadyňy aýajyklaryň bilen baryp düşündirmeli bolýar. Şonuň üçinem gadymy adamlar sesiň ýetmeýän ýerindäki adamlara aýtmak isleýän zatlaryny, şol ýere gitmän düşündirip bolar ýaly, “hat-ýazuw” diýilýän şu ýalta usuly oýlap tapypdyrlar.
Haýwanlaryň eldekileşdirilmegem hut şonuň üçin.
Ýöräsleri gelmän – aty, gije öz-özlerini gorap, şöwür çekesleri gelmän – iti, ýük daşaslary gelmän – düýäni, eşegi, gatyry, aw etmäge ýaltanyp – goýun-geçidir, towuk-horazy eldekileşdiripdirler.
Bu zaman bolsa, tüýs ýaltalygyň uçmahy zamanasyna öwrüldi.
Suw içjekmi?
Krany açdyň-ýapdyň.
Nahar iýjekmi?
Ýahdany açdyň, geregiňi çykardyň, howurpeje saldyň, düwmesini basdyň.
Bolany.
Awam şo, ok-ýaýdyr, sapan-naýza-da.
Nahardan soň birdenkä, hasyr-husur ýeňläsiň gelip başlaberdimi?
Nuh eýýamyndaky ýaly mellegiň aýagujuna ylgamak zerurlygam ýok, indi.
Aşhanaňdan dälize çykakga, iki ädim ätdiň, ine saňa, me, “pelsepe otagy”!
“Atam döwründäki ýaly il gözünden çete çekilip, buljum ýer agtaryp, alyslara rowana boljak bolup, azar galma, gardaşym!” diýip, faýans gözlerini ýyldyrdadyp, gujak açyp garaşyp dur...
Ilk-ä garnyňy gözäp, soňam mazaly ýeňläniňden soň, kalbyňda şahyrana duýgular oýanyp, haýsam bolsa bir gözel ýerlere gidesiň gelýärmi?
Ine saňa, gözüňe söweýin mele ulag işigiňde keserip dur...
Garaz, hezillik!
Ýöne, haýp! Tüýs Ýaltalygyň piri Ýatak babanyň diýen zamanasy bolan bu döwürde, ýagşyja edip ýaltalykdan lezzet almak üçin, birneme işlemeli, pul gazanmaly bolýar.
Şolam bolmasa dagy, onda: “Adamzat özüniň ýaradylan maksadyna ýetdi” diýip, hetjikläp-hetjikläp nygtalaýsa-da bolman durmazdy.
Şoňa-da şükür...

Serdar ATAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 85 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Şirhan   [Mowzuga geç]
Mmmbäh..."pelsepe otagy" diýsene tongue

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: