00:44
Gelin şahyrlaryñ şygryn okasam

GELIN ŞAHYRLARYŇ ŞYGRYN OKASAM

Gelin şahyrlaryň ýazýan şygryny
Pynhanlykda okamany halaýan.
Ol goşgular höwes bilen tolkunyp,
Şonda meniň duýgularmy talaýar.

Ol goşgulaň özem halys ýürekden
Öz derdini, hyjuwyny paýlaşýar.
Pyşyrdylar bir-birinden ýakymly,
Olary diňleseň, höwesiň joşýar.

...Aýna gözläp, saçlaryny daraýşy,
Towlanyp ýatyşy düşekde müňzäp,
Penjirä ýaplanyp, ýola garaýşy
Çekilen bir gowy surata meňzäp.

Gümmezekläp duran galgyn göwüsler,
Näz bilen bakyşy ýene bir öwrüm...
Zenan şahyrlaryň şygryn okasam,
Heserleniberýän bölünip göwnüm.

Gül-gunçalaň müşki urýar burnuma,
Ýene kän gowluklar onsoň meň paýym.
Esräp duran iner borun diýseňiz,
Sizem ol gelinleň şygryn okaýyň,
Gelin şahyrlaryň şygryn okaýyň.

•••

UKUSYZ GIJE

Eýýäm gijäň bir wagty
Güňläp dur ýadaw kelläm.
Horlanýaryn ýene-de,
Wagtynda uklap bilmän.

Göz öňüme getirdim,
Ümsüm ýerleriň barny
Şeýdenimde hemişe
Uklap galaýmam bardy.

...Owsundy deňiz ýene
Töwerek ürgün çäge.
Isleseň ýumşak düşek,
Üstünde agnamaga.

Aýlanyp ýör bir gelin,
Galgyn göwsi bir görüň!..
Gowsy, yzna düşmäýin,
Ýogsam uklap bilmerin.

Gelýär meniň gulagma,
Ýel sesi, itiň sesi.
Ukudan başga zatlaň,
Töwerekde hemmesi.

•••

ÝABANY PERI

Gelipdim şol gije suwa düşmäge,
Gijelerne umman lezzetli diýseň.
Bark urýar şor ysly, deňiz howasy,
Meň islän pursadym dälmi bu, eýsem.

Ýüzüp ýördüm, ine, görsem bir gara
Maňa tarap gelýär, kem-kemden ýüzüp.
Onuň nämeligni tanajak bolup,
Synlap durdum ony gözlerim süzüp.

Düwlenmikän diýip çak eden garam,
Golaýyma gelensoň gyz bolup çykdy,
Gözlerime ynanmajak bolsamam,
Görýän zatlarymyň hemmesi hakdy,
Suwperisi maňa ýylgyryp bakdy.

Görsem onuň çadyrjygam bar eken,
Deňziň kenarynda, düz ýerde gurlan,
Suwperisi suwa düşüp ýör eken,
Ynandyryp deňzi: «Söýgüliň bir men!»

Gyz başdaky bogmagyny aýransoň,
Bir gujak saçlarny üstünden seçdi.
Diňe şundan soň ol meniň üçinem,
Düwlenlikden adam hatarna geçdi.

•••

Çekdim men deňizi,
Tolkuny bilen,
Bir näzli gelinem gujagna berdim.
Ýüzüp ýör ol tolkunlary gujaklap,
Goý, ummanam onuň hözirin görsün.

Deňiz, tolkun hemem ýakymly zenan,
Depede çogly Gün, isläp getirlen.
Ummany görmäge häzir göz gerek,
Bagtlyny ýüzünden tanaýaryn men.

•••

Gelin gelip çykaryndy kenarda,
Göreni aňk etdi zenan bedeni.
Aýagna ýykyldy tolkunlar onuň,
«Ýör, ýüzeli, alyslara gideli!..»

Ýigitler höwesli synlady ony,
Hersi öz ýanyndan ýöredip hasap.
(Beýle-de gözellik bolar ekeni,
Ýürek heläk edýär indi alňasap).

Gelin tolkunlaryň gujagna doldy,
Delminşip galdylar görenleň bary.
Başa çekäýesiň gelýär ummany,
Hoş hyýala näme tükenme barmy.

•••

Gelin ýatyr ak düşege bulaşyp,
Häzir ol gowy düýş, görýän bolmaly,
Gapdalynda ýatan ýassygy çekip,
Onuňam boýnundan salypdyr goly.

Ýyly bolýar gelin agnan düşekler,
Ýük düşürýär munda, hemişe gowluk.
Magnit bolup, çekýär mydam menide,
Gidesim gelenok, hiç ýere sowlup.

Bar-da, nä göwünde tamakynçylyk,
Ol ýeriň gowzuny dolasyň gelýär.
Şol bagty getiren ýassygyň ýerne
Isläpler özümiň bolasyň gelýär.

•••

Düýnki ýakyn göwün ýat bolup barýar,
Öz ornuny başga berjege meňzäp.
Nämä gamlanýarkam ähli zatlaryň,
Bir gün gutarýany däl ahyr geň zat.

Gelen çagy gujak açyp gelipdi,
Tozadyban gitdi ugranda ýoly.
Galdy gursagymda onuň hesreti,
Hemem ýatlamalar örtener ýaly.

Kalbym meniň umman, gopýar harasat,
Tolkunlar segreşip bir birin kowýar.
Hemem ýaýrap meniň göwün kenarma,
Şor suw bilen ganly ýaramy ýuwýar.

Mymyk şemal maňa maslahat berýär,
Nähili bolsada sen hemişe söý!
Aýlanyp-öwrülip saçym sypaýar,
Ýagdaý bilen imrindirşjek bilýan deý.

 Agageldi ALLANAZAROW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: MrOKaS | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: