00:38
Terjimeçiniň tekjesinden

ŞYGYR NÄME?

On dört ýaşly bir çaga: “Men biriniň köriçegesini operasiýa etjek” diýse, onuň sözüni alga alman, gülüp geçersiňiz. “Hökman etjek!” diýip özelenip dursa, bu ugurdan lukmançylyk sowadyny alman, onuň nädip “operasiýa” edip biljekdigini sorarsyňyz. Emma on dört ýaşly bir çaga şygyr ýazjakdygyny mälim etse welin, muny adaty zat hökmünde kabul edersiňiz. Hatda höweslendirmek üçin, oňa ýazan zatlaryny halandygyňyzy hem aýdarsyňyz.

Näme üçin? Sebäbi biz şahyrlygyň hem edil lukmançylyk ýaly ýörite sowady talap edýändigini bilemzok. Her şahyr, hamana diýersiň, ene garnyndaka edebiýatyñ hataryna girmäge mynasyp bir şygryýetiñ şahadatnamasyny alyp gaýdýan ýaly. Kiçi ýaşlarda şygyr bilen köpräk meşgul bolan beýik edebiýatçylaryň üýtgeşigräk durmuşy-da, umuman, haýsydyr bir çagadaky şygyr üçin ýeterlik saýylýan dogabitdi ukyp hem bu düşünjäni has berkidýär. Aslynda, menem şol mekdep döwründe şygyr ýazyp gören we özüniň muny başarýandygyna-da ynanan akmajyk sadalardan biridim. Adyma “şahyr” dakypdylar, mugallymlardanam garaw görmämsoň, döşümi gaýşardyp, bu ady göwnühoş kabul edipdim.

Mugallym Najynyň kakama “dogabitdi şahyr” sözüniň parsçasyny dakyşy, meniňem şol – nesil yzarlaýan gutly “hamyrmaýa” bilen doglandygyma mugallymlarymy, okuwçy ýoldaşlarymy, iň ýamany-da, meniň özümi ynandyrypdy.

Soň, şahyr däldigime göz ýetirmek üçin şygyr bilen hasiçgin gyzyklanmaly boldum. Ýöne şonda diňe bir özümiň däl, eýsem, uly iliň şahyrdyr öýdüp ýörenleriniň birenteginiň hem şygryň hususy dünýäsinden bihabardygyna göz ýetirdim.

Şygryň, edil lukmançylyk ýaly, ýörite sowady talap edýändigini ykrar etmeýänlere şygryň lukmançylyk ýaly kyn işdigini düşündirmek örän çetin. Bu döwrüň şahyr bolçulygynyň we hakyky şygryň gytçylygynyň düýp sebäbi hem şol. Şygyr düzmek üçin adamyň dogabitdi ukybyny ýeterlik görýänleriň şygryň üstünde dawa turuzmaýanyny-da geň göräýmeli, sebäbi hemme kişi dogabitdi şahyr ahyry. Güýçli, pessimistik duýguçyllygyň ilkinji görnüşini öz gykylyklary we gözýaşlary bilen beýan etmedik çaga barmyka? Eger şygyr diýilýän zat dünýä inäýen badymyza çykarýan şol gykylyklarymyzyň ulalanymyzda belli bir galyba salynmagyndan ybarat bolsa, onda kapyýa tapan her kes şahyrdyr. Bu aýdylanlary owal öz sada gözellikleri bilen halky goşgular subut etmänmi eýsem?! Şol çagalaç goşgularyň gözelligi, düzülişiniň aňsatlygy we ýönekeýligi biziň şahyrlarymyzy henizem şolar ýaly folklorik şygyrlary düzmäge höweslendirýär.

Geliň, şuny aç-açan gürleşeliň: şygyr beýle bolmaly däl ahyryn.

Halky goşgular diýýänimiz, ynsan ruhunyň başlangyç döwrüniň ylham çeşmeleri barada pikir berýändigi üçin, bir çagajygyň bigünä sesleri we owazlary ýaly, süýji hem täsin bolup biler. Ýöne bu çagalaç sesleri ýasama görnüşde gaýtalap ýörmek, olardaky bigünälikden hem süýjülikden nam-nyşan galdyrmaz. Bir çaganyň agzyndan çykanda halanýan peltek, bazzyk-buzzuk, ýoluk hem geň sesler bir suhangöýüň agzyndan çykan mahaly nähili ýakymsyz eşidiljekdigini göz öňüne bir getirip görüň. Çaganyň ilkinji sözleri ynsan diliniň aň saýasynda ilkinji oýanyşyny görkezýändigi hem-de biziň çagalykdan saplanmagymyza ýardam edýändigi üçin, belki, gaty bir peýdasyzam däldir. Hatda o sesleriň ýakymlylygy şol peýdadan döreýän bolmagy-da ahmal... Şeýle-de bolsa, ol çagalaçlykdan gaçmalydyr. Emma biz şonda-da oňa tarap ylgaýarys.

Şygryň halkyň dilindäki entek doly kämilleşmedik liriki görnüşi, toprakdan dürterip çykan agajyň göwresi ýaly, döräýen pillesi tebigatyň eldegmedik sada bezeginiň içinde, belkem, gözeldir.Ýöne bu agaçdan bir mebel ýasamaly bolanda, ol iş sizden tutuş bir senetçilik hünärini, bir bezeg ussaçylygyny, ösen jemgyýetiň gözellik duýgusyny talap eder. Adam zehininiň önümi bolan gurallara erk etmeli bolýarsyňyz. Paltadan başlap inçe byçga, reňkden başlap laga çenli birgiden esbap bilen ol agaç bölegini tebigatyň elinden alyp, adamyň eline tabşyrmalydyr.

Gödek neçjarlyk senedi babatda şeýle bolýan bolsa, manysy bir-birinden sähel tapawutly sözleriň jümmüşinde, kämillik üçin tükeniksiz mümkinçiligiň bar ýerinde şygyr üçin bu hasam şeýledir.

Bu zatlardan bihabar çagalar şygra aňsatlyk bilen eýe çykýarlar, şonuň bilen bir hatarda, bizden höweslendiriji sözler hem eşidýärler. Onuñ ýerine, olaryň ellerine “operasiýa” üçin neşder beren bolsak, adamzada ýetirjek zýyanlary mundan az bolardy.  

Peýamy SAFA

Terjime eden: Azat KULOGLY

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 133 | Добавил: Gurgencli | Теги: Peýamy Safa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Suhangöýlik her kime berilenok.

0
3 turkmentug   [Mowzuga geç]
"Söýgi näme " - diýen sorag ýaly ,goşgy baradaky çekeleşiklerem ,ahyrýete çen uzap gidermikä diýýän

0
2 ahallydan   [Mowzuga geç]
Oýlandyrýar... emma adam ruhy bilen jebis zatmyka diýýän şahyrçylygam lukmançylygam...

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ownuk uşak goşgulara güymeneniñden şular yaly duypliräk zatlary paylaşsana, molla Jürjany.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: