00:58
"Sözcü"
"SÖZCÜ"

Türkiýe respublikasynyñ taryhynda hiç bir gazet "Sözcü" gazeti ýaly sistematiki hüjüme uçran däldir.
Gazet 4.877 gün bäri arakesmesiz çapdan çykyp gelýär.
Şunça wagtyñ içinde garşymyza 800-den gowrak hak isleýiş arzasy (tazminat davası - cанкции в хозяйственных отношениях —t.b.) suda berildi.
Müñden gowrak aýyplaw şikaýatnamasy açyldy.
300-den gowrak jeza sanksiýasy berildi.
Iki müñden gowrak ýalanlama arzasy ýazyldy.
Jemläñ bularyñ hemmesini...
Dört müñden agýar.
Doganlyk gazetimiz "Korkusyz" gazetini alyp göreliñ.
Olañkam bäş müñe ýetip gelýär.
Ýagny?
"Sözcü" kollegiýasy neşire başlan gününden bäri ortaça alanymyzda ýakasyndan tutulyp, her gün suda äkidildi, her gün!
Türkiýe taryhy beýlede dursun, dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ taryhynda-da şular ýaly sistematiki hüjümiñ astynda tutulýan başga bir gazet ýok bolsa gerek.
Jogapkär ýolbaşçylarymyzdan habarçylarymyza, baş redaktorlarymyzdan žurnalistlerimize, internet saýtymyzyñ moderatorlaryndan buhgalterlerimize çenli - jogapkärçilge çekilenmedik personalymyz ýok!
Türme tussaglygy talap edilmedik žurnalistimiz ýok!
Esassyz ýüze durmalar, delilsiz töhmetler, galp twitler, ýasama şaýatlar, montaž fotosuratlar, görnetin duzaklar, linç kampaniýalary bilen yzygiderli prokuroryñ ýa-da sudýanyñ öñüne dikýärler!
Hukuk bölümimiz gijesini gündiz edip, ylla dispetçer kimin durman işleýär!
Esassyz salgyt jezalary berilýär.
Metbugat bildirişlerimiz kesilýär.
Heniz işine başlmadyk teleýaýlymymyza-da jeza kesdiler.
Iñ soñunda… Emin Çölaşan, Nejati Dogru, Metin Ýylmaz, Yüjel Ary, Mustafa Çetin, Gökmen Ulu we Ýonja Ýüjekalelä berilen jemi 20 ýyl azatlykdan mahrum etme jezasy appelýasion sud tarapyndan makullandy.
Jan howpsuzlygym ýok.
Gazetler, ekranlar nyşanasyny bize tarap öwürýär.
Köçä çyksak, ýaragly goragçylar bilen çykýarys.
Eýse, bularyñ ählisine "nädip döz gelýärsiñiz?" diýip sorar bolsañyz...
Öz paýyma düşdüginden şuny aýdaýyn.
Uniwersitetde žurnalistika ugrundan okap ýördüm.
Köçede ýakymsyz bir dawa-jenjele goşuldyk, garşymyzdaky polisiýa işgäridi, ol-a bizi, bizem ony urduk, gijäni polisiýa bölüminde geçirdim.
Dañ ýagtylansoñ, suda äkitmelidiler.
“Aklawjymy çagyryñ, gürleşjek” diýdim.
Komissar ýüzüme alaryldy: "Bärsi näme Amerikamy saña, lan!" diýdi!
Megerem etmişimiñ üstünde saklanandygym üçin suda çykarjak bolýardylar, şol wagtky hereket edýän kanunlara görä etmişiniñ üstünde tutulyp suda çykarylýanlaryñ aklawçy tutunmak hukugy ýokdy.
Polisiýanyñ gulluk ulagyna mündürdiler. Konak raýonyndaky döwlet hassahanasynyñ öñünde düşürdiler, ellerim öñe tutulyp gandallanypdy. Tomus pasly bolansoñ şortilidim.
Polisiýa müdirliginiñ binasyna çenli şo durşuma äkitdiler.
Özleriçe ile göz edip äkiden boluşlarydy.
Bor-la... el yzymy aldylar, suda çykardylar.
Aýyplanýanyñ durýan ýerinde dik durdym, aýaklarym saññyldaýardy.
"Dykyñ gözenegiñ añyrsyna!" diýseler, azyndan 2-3 aý ýatjagymyz görnüp dur.
Sudýa zala girdi.
Ol maña şeýle bir gyñralyp bakdy, soñam öñündäki iş bukjasyna göz aýlap:
- Senmi şol eşek? - diýdi!
Näme diýeýin, iñ pessaý we mylaýym ses bilen:
- Hut şeýle, ependim! - diýdim.
- Polisiýa işgärine el galdyrypsyñ?
- Hawa, ependim, urdum, emma meñki dogry.
- Oglum, bärsi hukuk döwleti, başyña şular ýaly iş düşende polisiýa edarasyna gelmeli, bul işiñ hasabyny biz soramaly. Prokurorlar, sudýalar soramaly, şeýle dälmi ýa?
- Dogry aýdýarsyñyz, ependim.
- Onda gaýtalap soraýaryn, polisiýa işgärine el galdyrdyñmy?
- Ependim, urdum, ýöne...
Sözümi kesdi, "dur" diýen manyda elini galdyrdy.
- Ogggluummmm! Bular ýaly zat bolanda polisiýa bölümine barmaly, bular ýaly zadyñ hasabyny bizler - sudýalardyr prokurorlar soramaly, düşündiñmi?
Düşünmäñde näme etjek diýsene!
- Ýene bir gezek soraýaryn, polisiýa işgärine el galdyrdyñmy?
- Ýok, el galdyramok!
Sudýa maşynkanyñ başynda oturan kätip gyza seslendi:
- Ýaz, gyzym...
Aman sypdym. Jogapkärçilikden boşatdylar.
Tussag astynda saklamazdan derñew işine dowam etdiler, emma, şol sudýanyñ saýasynda gazanan wagtym meseleleri çözmäge ýeterlik boldy, ýumruk iýen polisiýa işgäriniñ gahary ýatyşdy, köşeşdi, aklawjylar ara girdi, janymy halas etdim.
Birnäçe ýyl geçensoñ žurnalistler jemgyýetiniñ Hasan Tahsin adyndaky baýragyna mynasyp boldum.
Ilkinji baýragymdy.
Ýañky sudýanyñ ýanyna gitdim. "Ependim, men ýene gelendirin" diýdim.
Ýene gyñarylyp-gyñarylyp seretdi.
- Sen şo-ol birwagtky eşek herifmi?
- Hawa, men, ependim, alan baýragymy getirdim.
- Indi ýazyp urmaga başladyñmy?
- Siziñ saýañyzda.
Sudýa:
- Otur - diýdi. Çaý getirtdi. Çaý içdik, gürrüñleşip oturdyk.
Ondan bäri tegelek otuz bäş ýyl geçipdir...
Ne onuñ çaýynyñ tagamyny unutdym, ne-de onuñ beren dogaýy nesihatlaryny.
Atam deregne duran şol sudýa bolmadyk bolsa, durmuşym başga ugra gönügip gidibermelidi.
"12-nji senýabr" agdarlyşygynyñ yzýanlarydy, ýaşlyk gahar-gazabyna ýeñilip eden biderek ýalñyşlygym zerarly ardurja sud edilenlik aýbyny alyp, okuwdanam kowulaýmagym daşda däldi, žurnalistlikdenem tamamy üzüp, kim bilýär, nirelerden çykardym.
"Hukuk" diýlen düşünjäniñ diñe kanunlardan we jezalardan ybarat däldigine düşünen tejribeli sudýa durmuşymy halas edipdi.
Durmuş ýoluñy nädip başlasañ, şoñ ýalam dowam edýän eken...
Žurnalistlik karýerama bir sudýanyñ arkasyndan başladym, otuz bäş ýyl bärem şol sudýalardyr prokurorlaryñ arkasyndan dowam edýärin.
Başyma inen şunça töhmetdir myjabata, şunça linç kampaniýasyna, şunça haýbat atmalara, şunça aýyplaw şikaýatnamalaryna, şunça dawalara garamazdan, hut şol ýatan ýeri ýagty bolmuş merhum sudýanyñ saýasynda adalata bolan ynanjymy hiç ýitirmedim.
Durmuş ýolumyza taýak atjak bolmalara, bizi büdretmäge, ýalñyşdyrmaga synanyşýandyklaryna garamazdan, görkezmeli hukuk pajygalaryna garamazdan, çekýän maddy zyýanlaryma we ruhy ezýetlerime garamazdan, ýüregime sünjülen aýna gyýçaklaryna garamazdan, ar-namysly prokurorlara, ar-namysly sudýalara bolan ynanjymy asla ýitirmedim.
"SÖZCÜ" maşgalasynyñ we başlygymyz Burak Akbaýdan başlap ähli şahsy düzümine - iñ ýönekeý işgärine çenli, hemmesiniñ şuña meñzeş gyzykly hukuk başdan geçirmeleri bar.
Ine, biz hut şol sebäpli bütin bu horluklara döz gelip bilýäris...
Başymyza inen we inderilen şunça heläkçiliklere garamazdan, hakykatyñ keýtikläbem bolsa barmaly menziline barjagyna, wyždanly prokurorlardyr sudýalaryñ entek-entekler boljagyna tüýs ýüregimizden ynanýarys.
Adalata bolan mizemez ynanjymyzy asla ýitiremzok.
Çünki biz ynamly we arkaýyn...
Ar-namysly, mertebeli žurnalistlik aýyp däldir!

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.10.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 66 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Allaberdi   [Материал]
*Hürriyet"

0
1 Allaberdi   [Материал]
Edil "Sözcü" gazedinä biljek däl(ýadyma düşenok), ýöne "Hürrüyet" we "Sabah" gazetlerini ýagdaýy boldugyça sypdyrman okardym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: