12:06
Kadir Şeker
KADIR ŞEKER

Ýalñyşdyñ, Kadir...
Zenany uran bigaýraty öldürdiñ, ardurja 12 ýyl gözenegiñ añyrsynda ýatmaly bolduñ.
Emma sen şol bigaýragyñ ýerine zenany öldüren bolsadyñ, häzir öýüñde ýatardyñ.

■ Aýalyny taýak bilen ura-ura öldürip, soñam seresapsyzlyk bilen adam öldürmekden jogapkärçilige çekilip, bir ýyldan soñ azatlyga çykýanlar bar, bu ýurtda.

■ Aýalyny mañlaýyndan tüpeñläp, soñam "tüpeñimiñ nilini arassalap durdym, haý Alla, edenim bar bolsun, säwlik bilen ok göçäýdi!.." diýip aglamjyrap bilýänler bar, bu ýurtda.

■ Segsen ýaşyndaky aýalyny pyçaklap öldürip, "segsen üç ýaşadym, iñ bolmanda ýaşymy sylañ" diýip, jezalandyrmagyñ zerurlygy ýok hasaplanyp jogapkärçilikden boşadylýanlar bar.

■ On ýedi ýaşly gyzjagazy özüne aşyk bolanok, sözümi alanok diýip 35 ýerinden pyçaklap, kellesini tokly byçgy bilen kesenden soñ, holodilnige salyp goýan manýagy bary-ýogy bäş ýyl gözenegiñ añyrsyna oklap, soñ azatlyga çykardylar, bu ýurtda!

■ Ýaşaşasy gelmän, aýrylyşmak islän aýalyny eleme-deşik edip öldüren, 26 sm-lik pyçagy 37 gezek sokan, soñam 26 sm-lik pyçaga "öldüriji derejede däl" kesgitlemesini alyp, jeza çäresini ýeñilleşdirip bilýänler bar.

■ “Kakam meni zorlady” diýen gyzyny öldürip, “kakasyny köpçülikde masgaralady” diýen tutaryga duwlanyp, janyny halas edenler bar.

■ Tokaýda birini zorlap durka etmişiniñ üstünde tutulyp, "jenaýat heniz doly amala aşmandyr, ýarpy galypdyr" tutarygy bilen jogapkärçilikden sypdyrylýanlar bar.

■ göwreli aýala gün bermän, soñam ony bogup öldürip, sud mejlisine-de penjek-jalbarlyja, galstuklyja gelendigi üçin hukuk goraýjy edaralara goýýan "hormatyndan" ötri jeza çäresine ýeñilleşdirýän şertleri goşdurýanlar bar.

■ Öldürip, guýa atyp, yzyndan "jebir çeken losina (kolgotka) geýýändiginiñ üstünde bolan eken" diýip, jeza çäresine ýeñillikli şertleri alýanlar bar, potolokdan asyp goýup "pirsing dakýandygy sebäpli edipdir" diýip jeza çäresine ýeñillikli şertler alýanlar bar, suwasalma ýenjilen jebir çeken "trawesti eken, şoñ üçin bolan zat" diýip, ýeñillikli şertler alan jenaýatkärler bar, sapança bilen atyp "nätanyş adamlara köçede sagat sorap, oýun edipdir" tutarygy bilen ýeñillikli şertler alan bar, benzin döküp otlap, "hammama köp girýärdi welin, menem şübhelendim" diýip, jezasyny ýeñilleşdirip bilýänler bar, damagyny çalyp, "menden bidin bazara gidip-gelipdir" diýip jezasyny ýenilleşdirip bilýänler bar.

■ Bursada bir aýaly ogly ýassyk bilen bogup öldürýär, "näme üçin öldürdiñ?" diýip soralanda, birinji beren görkezmesinde "düýşümde ejemi öldürmegi buýurdylar" diýýär, soñam "meni adamlaryñ ýanynda kemsidýärdi" diýýär, iñ soñunda-da "geroin satyn almak üçin pul soradym, bermedi" diýýär. Ynanýañyzmy, bu bigaýrata "ejeli-ogulyñ arasyndaky gatnaşyk öñem sowuk eken" tutarygy bilen jeza çäresi ýeñilleşdirildi!

■ On alty ýaşly gyzyny zorlukly alyp gaçyp, eden etmişiniñ üstüni dini nika gyýdyran bolup örten, soñam ony gabanjañlyk bilen pyçaklap öldüren, bary-ýogy dört ýyl türmede ýatyp, amnistiýa düşüp azatlyga çykan, çykan badyna-da dul bir aýaly nikalaşjak diýip aldan, aýal biçäre aldanandygyny duýup, ondan daşlaşmag çalşanda, neressänim kellesini palta bilen darka iki bölen, munuñ üçin bary-ýogy alty ýyl türmede ýatyp, ýene azatlyga çykan, adaty ýagdaýda köpçülige çykarylmaly adam däldigine garamazdan "öýlenmäge talaşgär ýigit" hökmünde teleýaýlymlardaky durmuş gurma gepleşiklerine çykarylan bigaýratlar bar, bu ýurtda.
"Öýlenmäge talaşgär" bu ýigidiñ (!) teleýaýlymlarda "maşgala gurmak isleýän hoşniýetli gandar" hökmünde el çarpylyp garşylanan güni... Kastamonuda başga bir bigaýratyñ biri aýalyny ýençýärdi, ýumruklap durka bilindäki sapança ýere gaçdy, aýal biçäre janhowluna sapançany garbap ald, mäşäni gysdy, bigaýrat öldi, aýala 17 ýyl berdiler!
Ýarag zory bilen aýal-gyzlary zorlan, göwreli edip taşlan, "çagalaryñy öldürerin" diýen haýbaty atyp jynsy zorlugyny dowam etdiren, "oýnaşyñdygymy aýdaryn, sen ile çykmaz ýaly ederin, saña däl, maña ynanarlar" diýip gorkuzyp jynsy zorluklaryna dowam eden, jenaýat bolan gijesi zor bilen penjireden girjwk bolan körekenini aw tüpeñi bilen atyp öldüren zenana... türme tussaglygy berildi, bu ýurtda!
Erjek zenany öldürse, indi aýybam görlenok.
Zenan erkegi öldürse, eger atuw jezasy dagy bar bolsa, şobada atuwa beräýjekler.
Ýalñyşdyñ, Kadir...
Zenany uran bigaýraty öldürdiñ.
Käşgä, oýlanşyklyja hereket edip şol bigaýrat bilen birlikde zenany-da öldüren bolsadyñ, iń bolmanda özüñe beriljek jezany ýeñilleşdirerdiñ.

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 119 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 22
0
22 yaprakdokimi95   [Материал]
2007-2008-nji ýyllarda köp boldy bizlerde şeýlekin wakalar. Indi asuda ýurdumyz. Narkoşlañ daşyna geçilmeginiñ saýasynda

0
21 yaprakdokimi95   [Материал]
Adam wagşy ýyrtyja öwrüler gursagyndan imany öçse.

0
20 yaprakdokimi95   [Материал]
Giñdir dunye geñdir dunye

0
19 turkmentug   [Материал]
Haweran gardaş,aýdyşyň ýaly ,bizde de şulara meňzeş jenaýatlar bolýa .jenaýatçylar tutulanda mynasyp jezasam berilýä.Ýylmaz ýaşuly jenaýatlaň bolmagynyň ýany bilen ,mynasyp jezalar berilmeýäni üçin jan ýandyrýa, size görünenokmy ýa ? :-) hatda,jenaýatyň başga bir görnüşini maslahat berýä. Ölen görgülini tanamok weli, kimem bolsa jaýy jennetden bolsun . Erkek bolany üçin günäkär ýaly edipdirler ony .
Partia bähbidi hakda hiç zat diýjek däl. Gepi uzaltmazlyk üçin .

0
18 Gökböri   [Материал]
Arzyman eýgilikmi doganjygym?. sad

0
17 Arzyman   [Материал]
Bi zatlary kimdir birlerine jowranyp düşündirmegiň hajaty ýok. Olaň özem bular ýaly wakalara gözli şaýat bolup, köp bilip, aňyrsyna geçip, aýagyny sallap oturandyr. Wirtual diýip, akyllysyramagyň geregi ýok, durmuşda edip ýörenleri pohçulykka. Ýene gürletseň türkmenmişin, ar-namyslymyşyn. Görüň teýine gömsünler-le olar ýaly ýasama ahlaklaryny. Eýsem-de, boş paşyrdamakdan başga zada güýji ýetýärmi diýsene biziň züwwetdinlerimiziň. Eýsem-de, artbujagyndan gaçyran täretiniň üstüni ýapmaly bolar-a bir zat edip. Habarlaryndan ýok, oň porsusynyň eýýäm howa arkaly diffuziýa bolanyndan))

0
16 Hаwеrаn   [Материал]
Şoñ ü.n Baýatly dost, geregimizi alaly (gerek yeri, sapak edinmeli yeri kan ahyryn), gerek daliniñ kime zyyany bar, çûyranok, zayalananok, durar-da saytda, belkam bize gerek dal zat başga birilerine gerekli bolup çykar... smile

0
15 Hаwеrаn   [Материал]
Şäheriñ Şor, Çoganly daçalary şolar yaly ayal-gyz zorlanmalary, ayal-gyzlaa garşy agyr jenayatlaryñ ýygy-ýygydan bolup duryandygy ü.nem ýykylandyr (esasy sebabi olam dal welin, sebapleriniñ biri şo zatlar)..
Netijede birgiden garamayak öysuz owzarsyz galdy... (yamanyñ kösti yedi yerde yeter diyleni...)
Şoruñ añyrsyndaky sportiwny kölde, Gurtlyñ kolünde ayal-gyzlary akidip zorlukly jenayatlaryñam nacesiniñ bolandygyna şayat bolduk...

0
14 Hаwеrаn   [Материал]
Ayal gyzlara garşy edilyan jenayatlar, bidûzgûnçilikler bûtindûnya problemasy...
diñe tûrkleriñ ya türkmenleriñ däl.

0
13 Hаwеrаn   [Материал]
Nejep, neme, Guwanja biderek igäñi sürteýäñ... Awtorda-da, terjimeçi-de partiýa tarapgöýlüginiñ ysyny alar yaly soz yok ahyryn şu makalada.
Makalada agzalan ayal-gyzlara garşy edilyan jenaýatlar bilen meñzeş jenayatlar bizde-de az bolanok... Erbet tarapy olar açyk aydyp yazgaryp bilyaler, bizde aydylanok..
Hut meñ özüm iş tejribämde gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn şular ýaly birnäçe jenaýata şaýat bolupdym...
Men talypkam... şäherde biri ayalyny wanna salyp, suwa gark edip öldüripdi..
Soñ işlap yörkam başga bir gyzy Çûliñ yolunda öldürip, pyçaklap gidipdiler...
Talypkam... bir 9 yaşly gyzjagazy Gyzylarbadyñ koprusuniñ aşagynda çola.yerde zorlap öldum edip taşlap gidipdiler...
yene talypkam... şaherde emeli kanalyñ boyunda bir kamillik yaşyna yetmedik gyzy zorlap zyñyp gidipdiler...
yene talypkam... yimpaş sowda merkezinden çykan yaş gyzyñ yzyna garaba garaba duşup çolarak yerde koćañ gyrasynda zorlapdylar...
dort-baş ýyllykda şaherde bir uly telekeçileriñ biri ikinji edip saklayan heleyiniñ gezyani barmyşyn diyip, ony zwer edip oldurupdi.. soñam gaz tutyp olendir oytsinler diyip jayyñ gazyny açyp meydi gaza tutupdy...
Haysyny sanaýyn... ? Diñe goni şayat bolanlarymyzyñ yada gytaklayyn goren eşdenlerimiziñ bir damjasy şu.... A gormediklerimiz, biziñ eşitman galyanlarymyz name...?

0
12 turkmentug   [Материал]
Gardaşym,men akepeçi bekemeçi hiçzatçy däl .men Türkmen. wakalara ,bolan -boljak bolýan zatlara alysdaky bir ýurdyň bir toparynyň däl,öz ýaşaýan ýurdumyň gözi bilen seredýän.saňa da şeýtmegi maslahat berýän. Şonda meni düşünersiň .(isleseň )

0
11 Dunya   [Материал]
Şolar ýaly edibem agşam gözlerine nädip uky gelýärkänaý şol adamlaň, düýşlerine girmeýämikä şo gorkunç zatlar. Ýa bokurdagyndan iýýän çörekleri nädip geçýärkä?... sad

0
10 Dunya   [Материал]
wacko

0
9 Gökböri   [Материал]
Ay halanyñy pikir etsene arkadaş.. wink

0
8 Gökböri   [Материал]
Adatça bular yaly häsiyet akepeçi kellelere mahsus zat.
meñ özüm-ä hakykatyñ tarapdary, haysydyr bir partiyanyñ dal, birnace gezek gûrrûñdeş bolmak miyesser eden Ýylmaz aga hem şeyle adamlaryñ biri.

0
7 Gökböri   [Материал]
Umumy adamzat meselelerini gozgap, jemgyýetçilik nogsanlyklaryny orta atýan awtoryñ sözünden partiýa tarapdarlygyny gözlemegem barypýatan ýakymsyzlyk...

0
6 turkmentug   [Материал]
Guwanja zähmetinden ötri sagbolsun diýmeli .
Bizden müňlerçe km uzakda bir jenaýat bolupdyr. Beýle jenaýatlar dünýäň her ýurdunda ,gynansakda ,bolup durýa. Munam özüniň hyzmat edýän partiasyňy bähbidine bezäpdir ,awtor.bu ýagdaý okyjyny özünden itýä .bir Türkmen üçin olaryň partia bähbitlerinde ölüm ýitimi ,her ýagdaýy ulanjak bolmalary ýakymsyz görünýä .

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Umuman bu zatlary aytmak bilen ahlagam ahlakdyr welin, maşgala gatnaşyklary nira baryar... Howpurgadyjy..

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Bi janyny gynasy gelmeyän, ya-da maşgala bolup yaşasy gelmeyan, är gepini eşdesi gelmeyanleriñ yene bir añsat usuly bar eken: oturtma yoly b.n yatgysyna satyn alma sperma goyduryar, bir çagajyk edinyar, ozi doguryar-da soñ yaşaberya smile bir aktrisalaryñ biri aydanmyş daşary yurt kanallarynyñ birinde, "name edeyin durmuşa çykyp, name edeyin äriñ gepini çekip..." diyip... ))
Adatça artistleriñ, aydymçylaryñ edyan iñ bir bolgusyz nysaklary hem halk kopçuligine yoñ bolya gidiberyä...
Ol gedemje aktrisa şeydayse-hä, oña oykunjek ayal-gyzlar kopelse gerek.. ((

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Öñräk biri gûrrûñ berýär: soñky dõwûr käbir çagasy bolmayan ya-da janyny gynap çaga dograsy gelmeyän gelinler ärine şoñ yaly hakynatutma çaga dogrup beryänçi tutunaýýamyş.
Erbet söwda dal: çagasy barmy, bar. Kimiñ dölünden? Äriniñ. Boldumy, boldy. Yañky yaly oz yurdunda eye çykylman, bir dowum çörek u.n yedi yadyñ gapysynda gul bolmaga tayyar bedibagtlaryñ eline çaga doguryança olmez ödi bäş on manat berip çaga dogurdya. Wessalam iş tamam. Soñ durmuşyñ hezilini görüp ärjjagazyñ b.n yaşaberyañ )))

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Şu gunler biziñ turk kanallary göryan gelin-gyzlarymyzyñ ATV kanalynda berilyan Esra Erolyñ gepleşigine çykan türkmenistanly bir zenanyñ tragiki kyssasy dilinden düşenok...
Bedibagt çaga dogrup beryança saklap, soñam "bar yoluñ b.n" diyilyän bir yere sataşypdyr öýdýän...

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Şu Türkiýä-de musulman ýurt diýjeksiñ! Aýal-gyzlara, kämillik yaşyna yetmedik çagalara garşy jynsy zorluk ulanmada dünyade iñ öñdeligi eyeleýän yurtlaryñ biri...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: