00:42
Ýazmagymyzy islänoklar
ÝAZMAGYMYZY ISLÄNOKLAR

Bilýäñizmi, "Sam akga"-ABŞ näme diýipdi barmagyny çommaldyp bize:
- Kenep ekmeli dälsiñiz!
- Tütün dikmeli dälsiñiz!
- Şekerçiñrik önümçiligini azaldarsyñyz!
- Tohum alyş-çalşygyny etmeli dälsiñiz!
Pylan-pysmydan...

Häzirem Mejlise kanun taslamasy ugradyldy:
Azyk howpsuzlugy bilen baglanşykly beriljek her dürli habarlara jeza berilmegini talap edýärler.
Ýagny:
Içgilerden pastalara çenli goşulman galan industrial azyk önümleri galmadyk, ýokary gan basyşdan düwnüge çenli organizmde bejermesi kyn näsazlyga sebäp bolýan krahmal goşundyly şekeriñ-gaýtadan işlenen emeli şekeriñ zyýanlary barada ýazmagymyzy islänoklar...
Häzirki wagtyñ emeli bugdaýynyñ "birkemsiz zäherdigini" ýazmagymyzy islänoklar. Meselem:
Uny agartmak üçin ulanylýan E928-E924, heñlemegiñ öñüni almak üçin ulanylýan E282, tagam beriji we goýulaşdyrýan E420, doñuzyñ we towşanyñ tüýüni, adamyñ saçyndan ýasalýan E920 we başga birnäçe zyýanly goşundy maddalaryñ ulanylýandygyny, bütin bularyñ organizmde birgiden kesellere ýol açýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Bugdaýyñ, mekgejöweniñ, bürünjiñ genetikasynyñ nädip üýtdilendilendigi barada ýazmagymyzy islänoklar.
ABŞ-nyñ guran "Bitewi tohum bileleşiginiñ" (WGC) beýannamalaryna ynanmagymyzy isleýärler...
ABŞ-nyñ semizligi üç esse, süýjüli diabeti dört esse artdyrýan "Iýmitlenme piramidasy" programmasyna ynanmagymyza garaşýarlar...
Diñe gaýtadan işlenen azyk önümlerinde däl, eýsem şahsy hojalyklarda öndürilen önümlerde hem garşymyza çykýan we birnäçe keseliñ sebäbi bolan gluten hakykaty barada ýazmagymyzy islänoklar...
Birnäçe ýurtly şereketleriñ tohum gorlarymyzy ele geçirmeleri, paketlenen gaply tohumlar, gibrid tohumlar, dünýäde her ýyl 250-300 müñ çemesi adamyñ ölmegine sebäp bolýan “glifosat/roundup” ýaly himiki pestisid zäherlenmeleri barada ýazmagymyzy islänoklar...

NYŞANADA - ÇAGALAR

Industrial azyklaryñ beýnisi doýmany-dolmany bilmeýän şekerhon edip, mysal üçin, çagalarda allergiýany artdyrýandygy, olary semizlige äkidýändigi, gormonal bozulmalara sebäp bolýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Çagalarda dürli allergiýa kesellerini döredýän himiki maddalar goşulan emeli süýt we gatyk önümleri barada ýazmagymyzy islänoklar...
Çagalara içirilýän miweli-hoşboý ysly süýtdür ýogurda goşulýan emeli reñklendirijiler barada ýazmagymyzy islänoklar...
Ýogurt, gatyk, peýnir, puding, doñdurma ýaly önümlere goşulýan goýulaşdyryjy “carrageenan (karagenon) E407” maddasynyñ ýürek-damar kesellerine, süýjüli diabete we düwnük keseline sebäp bolýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Krem, margarin, süýtli konditer önümleri ýaly iýmitlerde garyşygy añsatlaşdyrmak üçin ulanylýan “monogliseritler ve digliseritler E470-E477” atly goşundy maddasynyñ ýürek-damar kesellerine sebäp bolýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Berhiz önümlerine goşulýan pes kaloriýaly tagam beriji “asesülfam potasyum (asesülfam-k) E950” maddasyny uzak wagtlap ulananyñda öýken-dem alyş ýollarynda kesellere sebäp bolýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Himiki ýogurtlaryñ goýulygyny artdyrmak we suwlandyrmak üçin köplenç doñuz derisinden öndürilýän želatin barada ýazmagymyzy islänoklar…

KEKIRTLEWÜGIMIZDEN TUTDULAR

Guzlama möhleti 17 güne getirilen, 23 sagatlap çyranyñ astynda goýlup, dynman iýmäge mejbur edilen we "süñki ösmesin, diñe et bersin" diýip, ýumurtgadan kellesi çykyp-çykmanka gormon-antibiotik we kanserogen “formaldehit” goşundyly iým berilýän towuklar barada ýazmagymyzy islänoklar...
Gyzyl ete - üleşilende, doñdurylanda, daşalanda we gaýtadan işlenende ýitirilen suwlulyk derejesini gaýtadan dolap getirmek, "marinowat" etmek diýilýän ýugurma pursatynda has täze, has reñbe-reñ we has göze ýakymly görnüş bermek ýa-da alyjylary 25-30% artdyrmak üçin şpris bilen goýberilýän himiki maddalaryñ nämelere sebäp bolýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Mysal üçin... satuwdaky ömrüniñ uzamagy üçin, ýagny reñk üýtgeşmesiniñ bolmazlygy üçin hususanam gastronom ýaly farş ete aşgazan düwnügini döredýän nitrat we natriý nitritiniñ goşulmagy, etdäki bozulmanyñ öñüni alýan natriý sulfatynyñ pankreas düwnügini 67%, leýkoz (gan düwnügi) howpuny ýüzde 700 dereje artdyrýandygy barada ýazmagymyzy islänoklar...
Balyk iýminiñ himiki önümçilik tilsimi bolan “extruder” ýa-da balyklaryñ öz bolmalysyndan on esse köp ulalmalary üçin AF proteini gen waksinasiýasynyñ geçirilýändigi barada ýazmagymyzy islänoklar...
Industrial azyk ýalanlaryny ýazyp-tükeder ýaly däl...
Ýurdumyzda 675 müñ azyk önümçiligi kärhanasy bar, bularyñ näçesiniñ önümi degişli gözegçilikden geçirilýär. Jezadyr temmi bilen gözüniñ ody alynjak bolunýanlar diñe žurnalistler, alymlar we raýat-jemgyýetçilik guramalary...
Adamzady, haýwanat dünýäsini, tebigaty ölüme iterýän industrial azyk sistemasynyñ "awtorlary" hakykatlaryñ halk tarapyndan bilinmegini islänoklar...
Ýurdumyzy kekirtlewüginden gysymlan global azyk şereketleri eksplutatorçylykly düzgüniñ soragsyz-sowalsyz dowam etmegini isleýärler...
"Ýaşyryn saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) ýaly kitaplaryñ ýazylmagyny islänoklar...
Gözümiz-gulagymyz Mejlisde...
Goý, ýazalyñ, goý, bu barada arkaýyn pikir alşalyñ...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 15.10.2020 ý.
Категория: Medisina | Просмотров: 72 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Azyk senagatynda edilýän galphorluklar bütindünýä problemasyna öwrülip dyndy öýdýän...
Peýkam kirişden sypana meñzeýär. Bu zatlary düzetmek bäş-on sany Soner akga kyn düşer.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: