08:39
Parhyndamysyñyz?
PARHYNDAMYSYÑYZ?

Merkizi metbugat serişdelerinde - işlemedik gazetim we teleýaýlymym galmady. Habar beriş merkezlerinde hemişe şuny eşitdim:
- Kipr habarlary okalmaýar.
- Kipr habarlaryna tomaşa edilmeýär, diñlenmeýär.
Üns berýän bolsañyz, soñky ýyllarda metbugatda Kipr habarlaryna duş gelýän dälsiñiz.
Ýogsam bolmasa, Kipr 1950-nji ýyllardan başlap 80-nji ýyllaryñ ortalaryna çenli türk jemgyýetçiliginiñ üns merkezindäki ýerini hemişe gorap geldi.
Türkiýäniñ syýasy durmuşynda 90-njy ýyllardan bäri barha giñän dindar gatlaklaryñ "milli dawa" hasaplam Kipri näme üçin üns merkezinden düşdi (ýa-da düşürildi)?
Ine... Kiprde ýekşenbe güni çekişmeli geçjek prezidentlik saýlawy bar, iññän möhüm bu saýlaw türk habar beriş serişdeleriniñ perwaýsyzlygy dowam edýär.
Kipriñ türk halkynyñ duýgusyndan-hakydasyndan çykaryljak bolunmagynyñ düýp maksady nämedi? Gynansak-da, olar muny başardylar. Muñam üstesine:
Köp kişi Kipr Türk Respublikasyny "emeli döwlet" hasaplaýar. Baýdagyny ýañsa alýanlary-da gördüm! Taryhyndan üzñeleşdirilenlere şuny ýatladýaryn:
Kipriñ baýdagy 1616-njy ýylda Osmanlynyñ ispanlara garşy alyp baran Kipriñ golaýyndaky Gelidonýa burny deñiz söweşinde osmanly gämileriniñ ýelkenlerinde parlaýardy. Kipriñ baýdagy 27 ýyllyk däl, 404 ýyllykdyr...
Hiç kime taryhdan sapak berjek bolamok, ýöne "gowy bilýändiris" öýtdükleri Kipr birem grek agalygyna girmedi, Osmanlydan öñ Wenesiýa we Rim-Wizantiýa bardy. Müsür bardy, hettler bardy, finikiýalylar bardy, arap-emewiler bardy, luziniýalylar bardy... Ýeri bolýa, esasy gürrüñimize dolanalyñ…

LELLIM ÇAGA

Gürrüñimiz şu:
Soñky on ýyl bäri Kipr Türkiýäniñ däl-de, Günbataryñ üns merkezinde köp ýer almaga başlady.
Ilki bolan zatlar şudy:
Iñlisleriñ ikinji jahan urşundan soñ adadan çykmagy bilen rumlar Kipre doly eýelik etmek ûćin etniki agzalalygy körükledi. (Ýogsam bolmasa, adada 450 ýyllap höküm süren osmanly rumlary edil türklere garaýşy ýaly deñgyrañly garady, diline-de-dinine-de goşulmady.)
Adada wagtlaýyn parahatçylygy üpjün etmegiñ yzysüre rumlar türklere weto hukugy ýaly kepillikleri beren 1960-njy ýylyñ Komstitusiýasyny üç ýyldan soñ üýtgetmek islediler welin, içerki çaknyşyklar başlady.
Rumlaryñ "Akritas" meýilnamasynyñ düýp maksady - "EOKA" faşistik guramasynyñ üsti bilen Kipri Gresiýanyñ düzümine birikdirmekdi. Gresiýa XIX asyryñ ahyrlarynda Krit adasynda edenlerini bu gezek Kiprde-de gaýtalamak isleýärdi. (Bu barad giñişleýin maglumat üçin "Hürriyet" gazetiniñ 21.02.2010-njy ýyldaky "Krit" makalamy tapyp okamagyñyzy maslahat berýärin.)
Netijede... EOKA-nyñ lideri Mikos Sampsonyñ Kipri eýelemek maksady bilen 1974-nji ýylda harby agdarylyşyk geçirdi. Hem harby agdarlyşygy, hemem rumlaryñ gandöküşikli hereketlerini togtatmak maksady bilen - adada parahatçylygy üpjün etmek üçin Türkiýe "Atilla" operasiýasyny geçirdi. (Ýewropa geñeşi-de, hatda Afinynyñ Ýokary sudy hem bu harby operasiýanyñ dogry we esaslydygyny makullady.)
Yzyndan meseläni diplomatiki ýollar bilen çözmäge çalyşdylar.
Biz şeýle diýdik: iki döwletli çözgüt bolsun.
Kabul etmediler.
Diýdik: konfederasiýa bolsun...
Kabul etmediler.
Ýene diýdik: Fransiýa garaşly Monako mysaly Demirgazyk Kipr awtonom bolsun we Türkiýą garaşly bolsun.
Onam kabul etmediler.
Rumlar Günbataryñ lellimligine dowam etdiler, häzirem şeýdýärler, olaryñ federasiýa düzgünini isläp-islemeýändikleri-de anyk belli däl...

AÝGYTLAÝJY SAÝLAW

Kipr elli ýyla golaý wagt bäri Türkiýäniñ, Gresiýanyñ we Angliýanyñ esasy meselesi bolup geldi.
Günorta Kipr 2004-nji ýylda Ýewropa bileleşigine (ÝB) kabul edilensoñ, muña Ýewropa hem goşuldy. Şol wagt ÝB-niñ zory bilen AKP häkimiýetine ýerlerimiziñ bir kysmyny elden giderden "Annan meýilnamasy" mejburulygy amala aşyryldy...
ÝB Kipr türklerini öz tarapyna çekmek we olary integrasiýalaşdyrmak üçin "Maliýe goldawyny bermek" (FAR) ýaly sçýotlary açyp, raýat-jemgyýetçilik guramalaryna 520 million euro paýlady! Talyplara ÝB-ne girýän ýurtlara gitmek üçin ýeñillikler döretdi we ş.m.
Gepi uzadyp durjak däl: 2010-njy ýylda Kipriñ golaýynda deñiziñ astynda tebigy gaz gorlary tapyldy welin, Kipr bütindünýä meselesine öwrüldi duruberdi.
Ysraýyl, Müsür, Liwan, Gresiýa, Günorta Kipr dil birikdirdiler. ABŞ-nyñ "Exxon Mobil", Fransiýanyñ "Total", Italiýanyñ "Eni", hatda "Shell" ýaly kompaniýalar ara girdi. Bularyñ hemmesi Günorta Kipr hökümetine "Eksklýuziw ykdysady region" deklarasiýasyny kabul etdirip, Gündogar Ortaýer deñziniñ ýataklaryndaky çig mal gorlaryna eýe bolmak isledi.
Barsynyñ maksady Demirgazyk Kipr Türk respublikasy (DKTR) we hususanam Türkiýedi...
ÝB Osmanlyny bölek-bölek eden "Sewr şertnamasyna" meñzeş "Sewilla kartasyny" orta atdy. Çekişmeler, dartgynlylyklar dowam edýär... Bugün Kipr strategik we geosyýasy taýdan ÝB, NATO, ABŞ ýaly gegemonlyk satýan güýçleriñ üns merkezinde. Türkiýe ýeke özi bularyñ hemmesine baş bermejek bolýar...
A DKTR näme?
Şular ýaly dartgynly syýasy atmosferada geçirilýän DKTR-yñ prezident saýlawlaryna nädip sowuk-sala garap bilýäriskä?
Kipr türkleri ses sandyklarynyñ başynda gelejekki ykbalyny çözmäge taýýarlanýar - olar hak-hukuklaryndan, ýerlerinden we gelejekde öz paýlaryna düşjek tebigy baýlyklardan tamasyny üzmelimi? Ýene janyny we malyny Rum tarapyna bermelimi?
Kaan Jenk Salihoglunyñ "Kaynak Yayınları" neşirýatynda çapdan çykan "Gündogar Ortaýer deñzinde sadranç" (“Doğu Akdeniz'de Satranç”) kitabyny okamaklygy hemmäñize maslahat berýärin…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 100 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 turkmentug   [Материал]
Tatar ,52 ä golaý ses bilen gazandy öýdýän :-)

0
1 Dunya   [Материал]
wink Soner Yalçiniň makalalaryny okamagyň aýratyn gyzygy bar, gyzykly edip gowy ýazýa...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: