22:25
Genje
GENJE

Ot açmagy bes etmek hakynda wagtlaýyn arakesmäni (ateşkes - прекращение огня) gödek bozan Ermenistanyñ Ýaragly Güýçleri Izmire raketa hüjümini gurnady.
Gijäniñ tümlüginde yzly-yzlyny goýberilen we ilatly nokatlara gelip düşen raketalar sebäpli Bursaxa dördi zenan, jemi on bir sany ildeşimiz wepat boldy.
Haýyn raketa hüjüminiñ yzysüre ermeni goşunynyñ artilleriýa güýçleri Siwasy urdy, Gaziantepde weýrançylygyñ astynda galanlar bar.
Uruş tertibini bozup gödek jenaýata ýol beren Ermenistan geçen hepdede hem ýönekeý raýatlara gönükdirilen raketa hüjümlerini gurnapdy, hüjümde ýaralanan bardy.
Prezident köşgünden berilen beýannamada "Karsa gurnalan we raýatlara garşy gönükdirilen raketa hüjümi Ermenistanyñ terrorist döwletdigini ýene-de bir gezek subut etdi" diýildi.
Ermenistanyñ Çankyra gurnan raketa hüjümi boýunça Russiýanyñ daşary işler ministri bilen telefon arkaly habarlaşan Türkiýäniñ daşary işler ministri "Ermenistanyñ Izmire gurnan raketa hüjümini gazaply ýazgarýarys" diýdi.
Goranmak ministrligi Ermenistandan Bursa şäherine gurnalan raketa hüjüminiñ "ylalaşyp bolmajak" zatdygyny aýtmak bilen Mejlisde umumy jarnama kabul edildi, Ermenistanyñ Gaziantepe garşy gurnan hüjümi ýazgaryldy.
Ermenistanyñ goýberen raketalarynyñ Elazige düşen pursatlary el telefonlarynyñ wideokameralarynda sekuntma-sekunt ýazgy edildi.
Bu ynjalyksyzlandyrýan jümleleri azajygam bolsa ynjalyksyzlanyñ diýip ýazdym.
Gazetlerimizde çap bolan habarlardan topladym.
Şäherlerimiziñ adyny aýryñ...
Her şäheriñ ýerine Genje diýip ýazyñ.
Şehirlerimizin isimlerini çıkarın…
Çünki Ermenistanyñ raketa hüjümine uçran Azerbaýjanyñ Genje şäheri ýokarda ady agzalan şäherlerimiziñ "doganlyk şäheri..."
(Ermenistanyñ ýönekeý raýatlara garşy eden raketa hüjûmi bütin ýer ýüzüne ýene bir gezek şuny görkezdi: ...ýüz ýyl bäri "genoside uçradyk" patarrakysyny aýdyp gelýän Ermenistanyñ hut özüniñ bigünä raýatlaryñ ganyna galmakda ussat hünärmendigini!)
(Adamzat taryhy ýene bir gezek nusga alarlyk derejede şuny gördi: ...Ermenistan mertlerçe söweşmegiñ deregine bigünä aýal-ebtatlary, çagalary, ynha, şeýdip namartlyk bilen kyhlar, soñra "ezýet gördük" diýip aglamjyrar!)
(Emma...)
Meselem, Izmirde ýa-da Bursada näçe ildeşimiziñ Genje bilen doganlyk şäherdigimizden näçe kişiniñ habary barka?
Siwasdyr Gaziantep bilen doganlyk şäher bolmagynyñ näme haýry barka Genjä?
Doganymyzyñ üstüne raketa ýagýar... Elazig ýa-da Çankyry dogan hökmünde näme edýär?
Türkiýäniñ ýigrimi şäheri azeri şäherleri bilen doganlyk şäher.
Gönülänimizde bu nämä ýaraýar, bilýärsiñizmi?
Doganlyk şäherimiz aýaklary bilen Azerbaýjana turistik gezimlere gidýän, dynç almaga barýan syýasatçylarymyzyñ, döwlet işgärlerimiziñ sanyny hasaplasak, ynanyñ, tutuş ermeni goşunynyñ sanyndan köpdür!
Allanyñ haky üçin, Ýokary halk mejlisiniñ (TBMM) resmi internet saýtyna girip görüñ... Parlamentara dostluk toparlary sanawyndan Azerbaýjan dostluk toparyny saýlap, işler (faaliyetler bölümü) bölümine giriñ.
Şugünki güne çenli edilen ýekeje iş näme, bilýärsiñizmi?
Türkiýe-Azerbaýjan dostluk toparynyñ başlygynyñ we onuñ ýolbaşçylyk edýän toparynyñ Azerbaýjana eden resmi sapary!
Gardaşymyzyñ üstünden raketa ýagýar, gardaşym...
Oslugyñyz bilen ýazgaran bolmalardan ýadamadyñyzmy?

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 160 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 13
0
13 Hаwеrаn   [Материал]
Kä iniler gedem bolýa, agasynyñ öñunde egilesi gelmeyar, olañkam şolar yaly-da, ozleriniñ aslynyñ turkmendigini bilip duranam bolsalar boyun alaslary gelenok. Eger Yrakdaky turkmen gardaşlarymyza turkmen diyseler, oz dilleri b.n turkmendiklerini boyun almaly bolyalar. Çûnki bugun oz atlaryna geçiren Fuzulylaram, Nesimilerem Yrakly turkmenler...

0
12 Hаwеrаn   [Материал]
Molla Jürjany, bir eneden agam dogar, gara hem diyyäler-ä, azajyk arañ jet bolany bilen gardaşdan geçip bolarmy? Gardaş bolsa gardaş diýmeli bor. Kökümiz bir, dinimiz bir, dilimiz bir. Olaram oguz, bizem oguz milleti.

0
11 turkmentug   [Материал]
Bu ,soňky meseleleri başga bir tema açyp ,şo ýerde gürleşsek ýerlikli bolaýjak ýaly . Dostam ,Duşmanam bolsa ,biriniň başyna musallat inen wagty gapdaldan köne hasaplary çykarmak ,kän bir etika laýyk görnenok .ýakymsyzlyk edýän bolsam bagyşlaň !

0
10 Gurgencli   [Материал]
Azeriler elmydama biziň zatlarymyzy elimizden almagyň aladasynda gezip ýörlene meňzeýär. Yrakdaky türkmenlere azeri diýýärler. Taryhymyzyda özleşdirip almakçy bolýarlar oňarsalar. Onsoň olara nädip gardaş diýersiň, @Has aga?

0
9 Hаwеrаn   [Материал]
Yone bir zada geñ galyan (geñ galyp oturasy işem yok welin aslynda)... Azeri gardaşlar näçe ýyl bari Hazaryñ suw asty nebit yataklarynyñ ustunde biziñ oñuşman gelyarler, hokumetimiziñ yumşaklygyndan, geçirimliliginden peydalanyp, hakymyzy iýýärler... ya bolmasa mysal u.n bizde gyzyl balyk (we ikra) "Gyzyl kitaba" girizilen, tutmak gadagan diyp rayatlarymyz gyzyl balyk tutmaga het edip bilenoklar, tutsalaram ogryn-dogryn tutyarlar, ele duşseler degişli organlaryñ elinden sypmak hyllalla. A azeri gardaşlar welin, katerli burnumyzyñ aşagynda gyzyl balyk awlap yorler....
Diyjek bolyan zadym... "kişi maly nesip etmez ogryýa" diyleni... Gardaşymyzam bolsa, haksyz yere gardaşyndan gyrp-çyrp edip alan baylygyny başga yerde on esse, belkide yuz-müñ esse edip çykarmaly bolyarlar...

0
8 Hаwеrаn   [Материал]
Ermenistan garyp yurt... ilat sany-da az...
açlykdan ölenden koronawirusdan ölenimiz gowy diyp hiç hili karantin çärelerini hem geçirenok (daşary yurtlar bilen sowda gatnaşyklaryny, uçar reyslerini we ş.m. wagtlaýyn yatyranok)
Ermenistan yaly yeñsesi garnyna yapyşan garyp yurt bolup Azerbayjan yaly nebit tütjary bolan yurda dişiñi çykarjak bolsañ, arkañda Russiya we ABŞ yaly guyçler durmaly. Arkaly kopek gurt alar diylenini edyar olar...

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Şoñ ü.n aydypdyr-a soñunda sesli oslukdan naşga oñaryan zadyñyz yok diyp.. smile

0
6 Gurgencli   [Материал]
Azerbeýjan ermenistana ýeterlik jogap gaýtaryp bilenok. Güýji ýetenokmy nämemi. Türkiýada diňe agyzda kömek edýäne meňzeýär.

0
5 Gurgencli   [Материал]
Bir şäheriň başga bir şäher bilen doganlyk şäherdigini nädip bilip bolýar?

0
4 turkmentug   [Материал]
Pajygaly ýagdaýlar ... ýekeje adamyňam burnunyň ganamagyny islemezdik . Ýöne her döwlet öz mümkinçilikleriniň çäginde ,öz bähbidine peýdaly tarapa goldaw berýänligini görmek gerek .Ýylmazyň görmezligi, ýa da "çäk"den närazy bolmagy ,gaty bir adatdan daşary ýagdaý däl .her kimiň halkara gatnaşyklary, strategik ädimleri içgin yzarlamagyna, synlamagyna garaşyp bolmaz.

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Şu Ermenistan b.n Gresiýa soñky döwürler gijilewük degdi öýdýän, köp gaşanýarlar. Alla soñlaryny haýyr etsin ))

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Türk şäherleriniñ doganlyk türk respublikalarynyñ şäherleri bilen doganlyk şäherleri:

Adana - Girne (Kipr), Debrejen (Wengeriýa),
Ankara - Aşgabat (Türkmenistan), Bişkek (Gyrgyzystan), Nur-Sultan (Gazagystan), Daşkent (Özbegistan), Kazan (Tatarystan), Budapeşt (Wengeriýa), Ufa (Başgyrdysan, Lefkoşa,
Antalýa - Samarkant (Özbegistan), Taldykorgan (Gazagystan)
Balykesir - Bergama (Türkiýe), Kazan (Tatarystan), Siirt (Türkiýe),
Bursa - Ankara, Erzurum, Denizli, Stambul, Wan, Kars, (Türkiýe), Genje (Azerbaýjan), Lefkoşa (Kipr), Fergana (Özbegistan).
Çanakkale - Giresun (Türkiýe),
Denizli - Bursa, Tokat, Amasýa, Bilejik, Muş (Türkiýe).
Edirne - Kars, Ardahan, Izmit (Türkiýe)
Elazig - Erzurum, Şanlyurfa, Ankara, Stambul (Türkiýe), Baku (Azerbaýjan).
Eskişehir - Jelalabat (Gyrgyzystan), Kazan (Tatarystan), Oral (Gazagystan), Mugla (Türkiýe), Sudak (Krym).
Gaziantep - Demirgazyk Lefkoşa (Kipr),
Hataý - Adana, Mersin, Gaziantep, Kahramanmaraş, Şanlurfa (Türkiýe).
Igdir - Şerur, Şamahy (Azerbaýjan).
Ysparta - Bitlis (Türkiýe), Komrat (Gagauziýa).
Izmir - Baku (Azerbaýjan), Bişkek (Gyrgyzystan), Lefkoşa, Gazimagusa (Kipr), Çimkent (Gazagystan), Buhara (Özbegistan), Türkmenabat (Türkmenistan).
Kahramanmaraş - Hataý, Trabzon, Nigde (Türkiýe).
Konýa - Mary (Türkmenistan), Karakol (Gyrgyzystan), Ürgenç (Özbegistan), Neftçala (Azerbaýjan), Çimkent (Gazagystan), Kerkuk (Yrak Türkmenili), Töwriz (Eýran Azerbaýjany), Kaşgar (Gündogar Türküstan),
Manisa - Güzelýurt (Kipr), Oral (Gazagystan).
Samsun - Gürgen (Türkmensähra), Sumgaýyt (Azerbaýjan), Bişkek (Gyrgyzystan), Aktaw (Gazagystan), Bitlis (Türkiýe).
Trabzon - Bişkek (Gyrgyzystan).
Stambul - Baku, Lenkeran (Azerbaýjan), Alma-Ata (Gazagystan), Mary (Türkmenistan), Komrat (Gagauziýa), Samarkant (Özbegistan), Töwriz (Eýran Azerbaýjany), Grozny (Çeçenistan), Budapeşt (Rumyniýa).

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Ýurdumyzyñ şäherleriniñ doganlyk şäherleri:

Aşgabat: Albukerke (ABŞ), Ankara, Karaman, (Türkiýe), Afiny (Gresiýa), Nur-Sultan (Gazagystan), Kiýew (Ukraina), partnýor şäheri: Ýerewan (Ermenistan).

Balkanabat: Almetewsk ýa-da Älmät (Tatarystan).

Mary: Balh (Owganystan), Nişapur (Eýran), Buhara, Samarkant (Özbegistan), Stambul, Konýa (Türkiýe)

Türkmenabat: Izmir (Türkiýe).

Daşoguz: Adana (Türkiýe).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: