21:25
ÝATLADYM SENI
Ynha, bu gün ýene seni ýatladym...
Gamgyn sazyň owazyna duwlanyp,
Bir gez yza sarap, geçen ýyllary,
Serme siňen dumanlykda oýlanyp.

Nädip ýatlamaýyn bagtly döwrümiň,
Seniň barlygyňda geçen günlerni?
Mähir-muhabbede ýugrulan söýgüň,
Kalbyma garyşyp, siňen güllerni?

Ne göwne degişdik, ne-de tersleşdik,
Gumry kimin mynasypdyk, taýlydyk,
Bu durmuşyň mazasyndan, maňzyndan,
Ikimizem, hem haklydyk, paýlydyk.

Ýöne welin, aýra düşüren ýollar,
Yzynda yz galdyrmandy, bakara,
Kinelerden dörän ýowuz ýollarym,
Teşnelige, gyş-u-ýazu, bahara.

Bilýän, soňra gözlän ekeniň meni,
Giç bolan soň gözlegleriň haýry nä?
Alaçsyzdym, gol beripdim, takdyra,
Galman soň, umydym, meniň bu dünýä...

Daryksaň-da dünýäm, dünýäň giňligne,
Bagtly etdiň, bagtyň bolan melegňi,
A men bolsa, seni deňäp dünýäme,
Barlygyňda bagtly duýdum özümi.
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Dunya | Теги: Mähriban MYRADOWA | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 13
0
13 Raziýe_Soltan   [Материал]
Hawerana bir zat diyip bilmen welin bu ikinji akylly sumak hacandan bari ilin gosgusyna syn yazyan boldy gaty hayran galyan...

0
12 Raziýe_Soltan   [Материал]
Hawerana bir zat diyip bilmen welin bu ikinji akylly sumak hacandan bari ilin gosgusyna syn yazyan boldy gaty hayran galyan...

0
11 Dunya   [Материал]
Maňa ynanan bu wezipäňiz üçin sag boluň. Işimi artygy bilen ýerine ýetirjegime söz berýän smile

0
10 Hаwеrаn   [Материал]
Dünýägözel, yaş zehinleri sayta çekmek siziñ boynuñyzadyr smile

0
9 Dunya   [Материал]
Dogry bellediňiz halypam, özüne hökman ýetirern. Indiki goşgularynda kömegiňiz bilen ýalňyşlary ep-eslije azaldars. Bellikler üçin sag boluň!

0
8 Hаwеrаn   [Материал]
Goşguda agsamalar mese-mälim görnüp duranam bolsa, Mähribanda yhlas, ukyp, zehin bar-a meñzeýär...
Juda we juda ýuwan goşgulardan kän gowy, belliklerden degerli netije çykaryp, gelejekde has kämil goşgulary döreder we ol goşgularam şu saytda şygryýetiñ muşdagy bolan okyjylar b.n paylaşyp durar diyen umydymyz bar.

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Hasam beteri bu oñumizde "keseren yol" goşgynyñ ahyrynda liriki gahrymanyñ ozuni bagtly duymasyna hic hili yetiryan täsiri yok.
Diymek oñuñden yol çykansoñ, ya-ha şol çykan yoluñ ugruny syryp goşgyny tamamlamaly, ya-da goşgyny şu durşuna tamamlajal bolsañ, goşgynyñ ortasyndaky "keseren yoly" aýyrmaly.

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Goşgy suyji pursatlary yatlayar... gowy zat, emma goşgyny okap liriki gahrymanlaryñ söygusine guwanyp baryarkañ öñüñde "ayra düşülen yollar" keserýär duruberýär, bu yerde şular yaly suyji bagta "ayra duşulen yollary" yontemje soz bilen dal-de has mañyzly we anyk açyp gorkezip bolardy.

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
"Bagtly döwürler" diýmän bagtly pursatlar diyse has gowy bordy...

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Goşgy gaty gowşak...
Başy geçen söýgiñ ýatlamasy, gamgyn saz, seri dumanlyk b.n başlaýar, ahyry bolsa özüni "bagtly duýmak" duýgusy b.n jemlenýär. Ýagny, goşgynyñ başy b.n aýagy biri birine ters...

0
3 Dunya   [Материал]
@ahallydan uýamyň adynda sag bolsun aýdýan, indiki goşgularda maslahatyňyzy göz öňünde tutarys smile

0
2 ahallydan   [Материал]
Soňky bendiň kapiýa sazlaşygy bozulan emma goşgyň akgynlygy muny kän aňdyrmaýar. Hakykatdanam ýatlaýaň emma eseriň soňlaryna golaýladygymça ýatlamadan çykyp häzirki wagta ýetýän ýaly duýulýar mana. Ilkinji başlangyja üstünlik!!!

0
1 Dunya   [Материал]
Agalarym, şu goşgyny tankytlaýalyňda azajyk. Şygyrýet dünýäsinde täze Mähriban uýam. Eger bellikleriňiz bolsa ýazaýyň kämilleşmegi üçin. (Gaty känem tankytlamalyň birinji gezekde)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: