12:19
Sen hakda
SEN HAKDA

Yşk aňyrdan geleninde,
Böwet saklarmy öňünde?
Ýarymyň saçyn görende,
Tolgunyplar titrär darak.

Göz gerek däl duýmak üçin,
Görk gerek däl söýmek üçin,
Ol gyz meniň bagtym biçer,
Ýüregime golun sarap.

Dünýäň äňi gözýetimde,
Yşgyň keýpi ezýetinde,
Ýaryň gaşy özdiýenli,
Kirpikleri misli orak.

Ony aldamasyn ykbal,
Gözi uly, göwni pespäl,
Ýüreginde özüni däl,
Özgeleri saklar aýap.

Enwer NYZAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
10 Arzyman   [Материал]
"Söýmek üçin görk gerek däl" diýip, betnyşan ördejikleň tapan zady öýdýän. happy

0
8 Gumlygelin   [Материал]
Görkümi däl,sen göwnümi söýüpdiñ... smile

0
7 ahallydan   [Материал]
Diýjek zadyň ýene gyz öwgüsi biz öwýäs gyzlar arkan gaýtýar biggrin

0
6 turkmentug   [Материал]
Ol,görkli ýeri Hugoň goşgusyndan ...

Görk bolsa kem bolmazmyka diýýän menem :-)

0
5 Dunya   [Материал]
Gözi uly, göwni pespäl, 

Menem ylalaşamok, sebäbi uly göz owadan diýilýä, şahyr owadan diýen ýaly edip bedroý diýýä

0
4 turkmentug   [Материал]
Enweriň has öňräkki goşgularyndanmy bu ?

0
9 Gurgencli   [Материал]
Howwa, mende öňki goşgularyndan bar

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Görk diñe ýûzde däl ýöne. Adamyñ içiniñ hüýi ýûzüne bildirýär...
Adamyñ özüne çekijiligem, şol görk diýilýän zadam şol, aslynda...

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Aý ýok-laý, öñünde agaç ýaly gös-göni, ýûzi-eñkamy bedroý biri dursa bolmaz-laý.
Görk gerek, görk gerek smile

0
1 Gurgencli   [Материал]
Görk gerek däl söýmek üçin,

Şu setiri bilen umuman ylalaşamok. Görk bolmasa nädip söýersiň?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: