04:56
Şol gün asla tanamarsyň…
ŞOL GÜN ASLA TANAMARSYŇ…

Bir gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.

Ykbal ýakaňdan ýapyşyp,
Tutar seni men-menligiň.

Şol gün bar zat menlik bolar,
Geňlik bolar, eý, dilberim.
Hat-da, seni ýazgaryplar,
Gözýaş döker arzuwlaryň.

Wagt hasaby bilenok,
Kä-te ýumşak, kä-te gaty.
Bagt bir ýerde duranok,
Aýlanyp ýör gapy-gapy.

Şol gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.
Çat maňlaýyňda gögärin,
Gör-ä, wagtyň mergenligin.

Enwer NYZAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 ahallydan   [Материал]
Enweriň köp goşgysynda gabat gelýän käbir ýerlerde bogun sanyny ýetirmek üçin köplük san ulanýar (buda bir tankyt bolsun)

0
2 Garaýolly   [Материал]
Tasirli goshgy

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Gowy goşgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: