19:39
Raki - çynlakaý işdir
RAKI - ÇYNLAKAÝ IŞDIR

Raki (aragyñ bir görnüşi) - çynlakaý işdir.
Raki galplyk bilen bir ýere sygyşmaýar.
Onuñ ýasamasyny içseñiz - ölersiñiz.
Meselem, saýlawlarda galp ses ber. Mesele bolmaz.
Galp diplom bilen syýasat ýöret. Islän wezipäñi eýeläp bilersiñ.
Galp şeýh bol - müritleriñ eliñi öpmek üçin nobata durar.
Galp dindar bol - Allanyñ ady bilen il-günüñ gözüni gap, aldabilşiñe alda. Üýtgän zat bolmaz.
Işsizligiñ statistiki görkezijileri - galp.
Inflýasoýanyñ görkezijileri - galp.
Ynjalyksyz duýýan barmy heý?
Galp (ýok) zawodyñ açylyş dabarasyny gurnadylar. El çarpyp, alkyş okadylar.
Koronawirus görkezijileri - galp.
Koronawirusa ýoluganlaryñ sanawy - galp.
Aradan çykanlaryñ sany - galp.
Test sanlary - galp.
Hudaýa şükür, gülala-güllük. Hatda bizden gowusy ýok.
"Ergenekon", "Balýoz" derñew prosesleri galp bolup çykdy. Şaýatlar galp bolup çykdy. Deliller galp bolup çykdy. Bülent Arynja garşy kast edilşik galp bolup çykdy. Hiç kimiñ azaryna bolmady.
Sosial setler galp nikler bilen galp we ýalan-ýaşryk maglumatlar ýaýradýan trollardan doly.
Süýtsüz peýnir öndürýärler. Etsiz şöhlat bar. Arysyz bal satylýar. Arzan diýip hemmeler şat.
Galp habarnama al. Galp resminama düzet. Galp aksiýa ber. Galp çek ýaz. Galp gol çek. Galp pasport ulan. Galp awtoulag belgisinde aýlan.
Amnistiýa çykararlar, hiç kelläñi agyrtma.
Gallaplyk et, galp pul ýasa.
Galp derman öndür.
Ele salnyp, jogapkärçilige çekýän ýaly oýun oýnarlar, üç güne ýetip-ýetmänkä ýeke jañda özleri goýbererler.
Meselem "hormatly hökümetimiz"...
Haýsydyr bir meselede galphorlyk ýüze çykanda näme diýýär?
"Säwlik goýberilipdir" diýýär. Senem şeýt. "Säwlige" geç.
Emma, raki - çynlakaý işdir. Galphorlyk bilen jyny jyñkyryşmaz.
(Raki - watana bolan söýgüdir.
Eger munuñ tersine bolsa, iki ädim ädeñde "bu ýurduñ haly neneñ-niçik borka?.." diýip kelle döwmersiñ.
Käte çäresizligiñe düşeñde, alada-gaýgy basanda - ol melhemdir.
Öýünden ýaban ýatyp, başga ýerlerde işläp ýörenlere-de raki şypadyr.
Çäksiz muhabbetdir.
Heýkel deýin sarsman dymyp oturyp bilýän adamyñam dilini açýar.
Çünki durmuşyñ açarydyr.
Slesaryñ suprasy ýalydyr. Ýylgyrdar. Güldürder.
Ajysy-süýjisi bilen geçmişiñi ýazga salýan harddiskdir.
Käte çagasyradar, aglarsyñ.
Botulotoksindir. Iñ bedroýy hem gözüñe başga hili bolup görner. Gelşiksiz zenan ýokdur, az raki bardyr. Içdigiñçe owadanlaşar.
Islendik kişiniñ ýaşlygy ýalñyşlykdan doludyr, piwo içersiñ, wiski içersiñ, çakyr içmegi kiçilik bilersiñ... Emma kürkçi (deri) dükany ýalydyr.
Aýlanyp-dolanyp, ýene gelersiñ.
Orhan Genjebaýdyr. Tatlisesdirdir. Realitedir.
Ömrüñde bir gezegem diñläp görmedik ýaly bolarsyñ, emma, hemmämiziñem bilşimiz ýaly, ýatdan bilýänsiñ.
Özem akja peýnir we birje gawun dilimi bolsa - PRK-dir.
Bölüji däl, birleşdiriji topardyr.
Türki-de içer, türkmenem. Kürtem, lazam, çerkezem içer.
Ermenisem, rumlysam, jöhidem.
Fawadyr (боб садовый), pilakidir, şakşukadyr (şar-şur).
Memleket meseledir.
Balygyñ manysydyr.

Şerbetle mi yiyeceksin lüferi?

Ne yapacaksın o yoksa, rokayı radikayı cibesi?

Bilim'dir.
Gaty köp içseñ - aslyña dolanarsyñ - maýmyna öwrülersiñ. Ewolýusion taglymatyñ delilidir.
Şygyrdyr.
Ne söýläpdir, seret, Orham Weli...

"Şygyr ýazýan,
Şygyr ýazyp, köne alýan.
Köne berip, mukam alýan...
Birem raki çüýşesinde balyk bolsam..."


Aýdymdyr, şol sanda.
Dolanmajak agşamlaryñ şapagydyr.)
Hem ýurt dürli galphorluklardyr kezzaplyklar bilen tepbedi okalýarka, demini-düýdüni çykarmaýan topara bakýarys... Özleri bilen birmeñzeş pikir etmeýänler, raki içýänler güpbe-tapba ölýär diýip, heşelle kakyp tans oýnajak bolýarlar.
Ýöne size berjek maslahatym, siz - sizligiñize galyñ, bogazyñyza çenli galphorluga çümüp ýaşap ýörkäñiz, rakiden bir uzak duraweriñ, zaluwatlar.
Turşy aýran içiñ.
Belli, dünýä size haýran.

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 88 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 turkmentug   [Материал]
Gymyza geljegi ýokdurla

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Aý, ýok, gymyz ýaly-ha däl, öñ raki içip görüpdim

0
3 Gurgencli   [Материал]
Içip görenlerä raki gazaklaryň kimizi ýaly zat diýýärler.

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Öñem birküç sany teke garyndaşlar arak içýämiş diýýä.. ))
Serleri mazaly sämän ýañky kowumdaşlar: "pylanyñy nemedeýiniñ nohurlylary şu gözüñe söweýin araga-da göwni ýetenaklar how, araga dagyb"äräh" diýen bolup..." diýýämişler.

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Raki içesim gelip gitdi... smile ))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: