16:50
Dileg
DILEG

Günler şu gün bilen gutarmaz, ýene
Şinelär lebleňde, gör, näçe şygrym.
Ýadawlyk maňlaýmy ýagjartdy, göýä
Meň özüm – özüme artykmaç, agram.

Boluşyna görä ýaşaryn, ýene
Ýok bolup gitmerin ýeriň ýüzünden.
Hökman däl bar zada gabaryp ýörmek,
Meň uly ýalňyşym – ýüreksizligim.

Göreris maňlaýa düwülenini,
Eger ykbal bizden çekmese elin.
Seň üçin ömrümi ýaşaryn aldap,
Sen maňa umyt ber ýekeje döwüm!

Enwer NYZAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Gurgencli | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Dunya   [Материал]
biggrin bor ekem, tapsam ukkon adamlaý üçinem goýaýaýan smile

0
3 Gurgencli   [Материал]
Ukkon—ullakan (uly). Ullakany çaga dilinde aýtsaň ukkon bolýarda smile

0
2 Dunya   [Материал]
Goşgy özüne maýyl ediji, gowy goşgy. Ekem kyn görmeseň "ukkon" sözüniň manysyny düşündiräýiňdä

0
1 Gurgencli   [Материал]
@Dünýä gözeli, şular ýaly "ukkon" adamlar üçinem goşgy goýmaly arasynda smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: