08:54
Mähribanlarym

MÄHRIBANLARYM

Küren-küren oba,
syrgyn-syrgyn il,
Günün sanap galkýan şähristanlarym,
Jepa çekdim,
jebir çekdim,
jan çekdim,
Bagrym ýere
Başym ile bagladym,
Jigerde janym siz —
mähribanlarym!
Metjitlermiz ak bulutdan enaýy,
Gudrat bilen ýaýradýandyr senany,
Altmyş ýyllap dartyp jebri-jepany,
Men aglasam — halkym diýip agladym,
Metjit-mähtabym siz —
mähribanlarym!
Erkanadyr,
merdanadyr,
sadadyr,
Türkmen ogly dürdänedir, danadyr.

Her bir aksakgaly ýagşyzadadyr,
Men olaryň paýhasyndan ganmadym,
Paýhas ummany siz —
mähribanlarym!

Tug ýaly päkize namys-ary bar,
Kethudasy,
ahuny bar,
piri bar.
Nur-iman halkymy ýalka, Biribar!

Türkmen ýene ýedi yklymy baglasyn,
Jigerde janym siz —
mähribanlarym!

Agam siz,
atam siz,
dagdan arkam siz,
Gül diýarda döwran sürüň armansyz!

Dünýä aýan Beýik Bagta barýanmyz,
Maňa siziň hoş sözüňiz daldadyr,
Dinim-imanym siz —
mähribanlarym!

Türkmen zähmetkeşdir,
ýeňişe ýardyr,
Toýda pälwan,
söweş güni serdardyr.
Enelerniň sözi derde dermandyr,
Ýaşaň, kaşbyňyzda arman galmasyn,
Dilimde dogam siz —
mähribanlarym!

Ruhnamany göwher, dürden jem eden,
Saparmyrat size sadyk gul eken!

Eýläm Atamyrat,
beýläm Balkan,
Keramatdyr derýalarym,
daglarym.
Başymda jygam siz —
mähribanlarym!

Adam bilen adam parhyna belet,
Geljege gadamly barşyna belet,
Türkmen bat berjekdir çarhyňa, pelek,
Ýaşaň, göwnüňizde arman galmasyn,
Şuglaly didäm siz —
mähribanlarym!

Sapar diýer, size gujagym açyk,
Törümde döwletli saçagym açyk,
Allam sahawatyň saklasyn açyp,
Owadan ýurdumda garyp galmasyn,
Geljege rowan siz —
mähribanlarym!

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Dunya | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: