01:23
Zalymyñ çarhy
ZALYMYÑ ÇARHY

Geçirilen bir pikir soralşygyñ netijeleri iñlisleriñ her dördüsinden biriniñ Winston Çerçill, Indira Gandi we Çarlz Dikkens ýaly şahslary hyýaly gahrymanlardyr öýdýändigini ýüze çykardy...
Şerlok Holmsy, Robin Gudy we "The Beatles" aýdym-saz toparynyñ aýdýan aýdymy "Elinor Rigbini" bolsa real durmuşda ýaşap geçen şahslardyr öýdýän ekenler...
Italiýada gürrüñdeş bolnan käbir ýaşlar "Gyzyl brigada" ("Brigate Rosse") gizlin çepçi radikal toparynyñ gaçyryp öldüren premýer-ministr Aldo Morony aslynda "Gyzyl brigadanyñ" lideri bolandygyny aýtdy!
Iñ gülkünji bolsa “L'Eredita” ("Miras") telewizion gepleşiginde bolup geçdi. Mysal üçin...
Gepleşige gatnaşan dört ýaryşça "Gitler näçenji ýylda premýer-ministr boldy?" diýip soraldy? Jogaplar şeýledi: 1933-nji,1948-nji, 1964-nji, 1979-njy ýyllar.
Gitleriñ ikinji jahan urşunda ölendigini bilmeýäniñiz ýokdur-la, şeýle dälmi? Ýagny, jogaplaryñ üstüni çyzyp bilersiñiz. Ýok, ýaryşa gatnaşyjylardan Matteo - 1964, Ilariýa - 1948, Tiziana - 1979-njy ýyl jogabyny berdi! Soñky ýaryşçy biraz ikirjiñlenenem bolsa, "1933-nji ýyl" diýip bildi!
Özümizdenem mysallar bereýinmi? Ýok-la, hökman däl. ("Soltan Myrat haýsy söweşde wepat boldy?" diýlen soraga talyplaryñ biri näme jogap berendir öýdýäñiz: "gatnaşan iñ soñky söweşinde!" Ýeri, bolýa-la, gozgajak bolýan meselämiz has düýpli...)
Bu girişi şu sebäpli ýazdym:
Internet saýtlarynda näme samrap ýörendigini bilmeýän jahyllar bar. Bu körsowatlar - berekella, hemmämize akyl öwredýärler! Şahyr Özdemir Asaf aýtmyşlaýyn, "Öz bagynda ýeke şahasy ýoklaryñ biri - bagyma girip, maña agajyñ nämedigini öwretjek bolýar."
Esasy gürrüñe geleliñ:

OT TERRORIZMI

Hataý ýangynyny kim we kimler çykardy?
Sosial setlerde (internet sahypalarynda) öñýeten ýeñiýoluk syýasy ýagdaýlara bilse-bilmese, düşünse-düşünmese - agzyna gelen zady samrap ýör!
Kimdir birileri PKK terrorynyñ üstüni örtmek üçin günäni başgalaryñ üstüne sürtmek isleýär, "aý, ynha, magdan känini gözleýärlermiş", "aý, ynha, otel ýa-da willalar guruljakmyş!"
Tebigat terorrizmi (ekoterorrizm), ot terrorizmi diýen zatlardan zerre bilýän zatlary ýok bularyñ!
Ot terrorizmine "bir hökümeti, ilaty ýa-da belli jemgyýetiñ belli bir gatlagyny gorkuzmak, kyn ýagdaýa salmak, syýasy ýa-da sosial maksatlary amala aşyrmak maksady bilen teraktlaryñ gurnalmagy" hökmünde düşünilýär.
PKK togsanynjy ýyllardan başlap ýangyn sabotažlaryny strategiýasynyñ bir parçasy hökmünde amala aşyrmaga başlady. Näme üçin togsanynjy ýyllar?
1992-nji ýylda Angliýada gurlan Bütindünýä Azat-edijilik fronty ("Earth Liberation Front", ELF– Фронт освобождения Земли) bular ýaly teraktlaryñ başyny başlanlar boldy. 1994-nji ýylda Angliýada we soñra ýer ýüzüne ýaýrady.
Meksikada demirýollary bombaladylar. Argentinada awtoulaglary otladylar. ABŞ-nyñ Kolorado ştatynda lyža typylýan ýerleri oda berdiler...
Bu toparyñ teraktlary tebigy resurslaryñ aýawly saklanmagy maksady bilen tebigata zyýan ýetirýän ýollar çekilende, senagatlaşmalarfa ýa-da düýpli gurluşyklarda ulanylýan iş enjamlaryna garşy gönükdirilipdi. Hut şonuñ üçinem ELF-e simpatiýa duýgusy bilen seredenlerem boldy. "Oskar" baýragyny alan kinorežissýor Marşall Kerri ELF barada bir dokumental film hem surata düşürdi: "Bir agaç ýykylsa: Bütindünýä azat-edijilik frontunyñ kyssasy"...
Emma:
Bir agajy goramagy maksat edinen bu guramanyñ iñ pes tehnologiýanyñ ulanylmagyny we iñ ujypsyz maliýe çykdajysynyñ edilmegini talap edýän çykyşlaryny PKK müñlerçe gektar tokaýlarymyzy ýakmakda "nusga" edindi!

KÄBIR ÇEPÇILER

PKK ýigrimi alty ýyl bäri ýerli we döwlet ykdysadyýetine zyýan ýetitmek maksady bilen tokaýlarymyzy ýakyp gelýär.
Ýadyñyza salyñ:
Olaryñ ilkinji teraktlary 1994-nji ýylda turistik zolaklaryñ ýerleşen sebitlerindedi.
1995-nji ýylyñ birinji ýarymynda 950 ga tokaýymyzy ýakan PKK-lylar ele salyndy, olar terakty amala aşyrmak Gresiýada taýýarlanandyklaryny we şol ýerdenem ýurda girendiklerini boýun aldylar.
Haýsysyny ýazaýyn (sanasañ sogaby bar):
1997-nji ýylda Antalýada 650 ga tokaýymyzy ýakdylar. 2006-njy ýylda Bodrumda 700 ga, Kaşda 500 ga, Nazillide 40 ga, Guşadasynda 300, Selçukda 350 ga, Adanada 100 ga... jemi 2 müñ ga tokaýymyzy-dört million agajymyzy ýakyp, ýok etdiler.
Diñe günbatar welaýatlarymyzda däl, gündogar we günorta-gündogar Anadoluda 2013-nji ýylda 519 ga, 2014-nji ýylda 523,6 ga, 2015-nji ýylda 715,6 ga tokaýymyzy ýakdylar.
Gepi süýndürip durmaýyn:
Geçen ýyl Aýdyn, Kûtahýa, Mersin, Izmir, Bursa, Antalýa, Stambul, Mugla ýaly etraplarda birgiden tokaýlyk meýdanlar ýok edildi. Ýangynlary PKK-niñ garamagyndaky "Halklaryñ birleşen ar alyjy milisiýasy" (“Halkların Birleşik İntikam Milisleri” - HBİM) amala aşyrdy. Onuñ bu baradaky beýannamalary PKK-niñ ANF habarlar agentliginde berildi...
Hataýda-da 2.500 ga tokaýyñ ýanyp kül bolmagynyñ sebäpkäri PKK-a garaşly "Oduñ çagalarynyñ inisiatiwasy" (“Ateşin Çocukları İnisiyatifi”) toparydy…
Ýagdaý şeýle bolsa...
Häzirem sosial setlerde gepiñi eýläk-beýläk gyşardyp "PKK eden däldir" diýmegiñ bir manysy barmyka? Mundan beýläk käbir çepçileriñ romantizmiñ boýunturugyndan çykyp, PKK-niñ hakyky terror guramasydygy baradaky hakykat bilen mertlerçe ýüzleşmegi başarmalydyr. Bolar-bolmaz twit paýlaşmaga dowam etmekden el çekmelidir.
Şuny bilseler gowy bor:
Zalymlaryñ çarhy jahyllaryñ kellesi bilen aýlanýandyr.
Munuñ Çerçill, Gandi, Dikkens dagylara hyýaly gahrymanlardyr öýtmekden parhy ýok...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 89 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 11
0
11 turkmentug   [Материал]
Köçesä köpdür onda olaryň ))
Gowy eken, men ýöne göçme manyda diýipdim .edil biziň öz taryhy şahsyýetlerimiz barada da çekişmeler entekler ýatanok . Ýatmazam öýdýän ...

0
10 Hаwеrаn   [Материал]
Gormek gapdalyndan gecmek islemeseler, koćani tazeleyyan ekenler... onsoñ haysy koçesinden girseñ, şo dowre janly şayat yaly, şo döwre dolanan yaly bolyañ... diyya...
(Şol yurtlarda resmi saparda bolup gelen bir turkmen žurnalistininiñ ilki çap edilip, soñ il içinden bir gijede ýygnalyp gadagan edilen kitabyndan okapdym..) smile

0
9 Hаwеrаn   [Материал]
Bayatly dost, Skandinawiýa ýurtlarynda, Finlandiýada hiç bir dowruñ heykelleri ýykylmayan eken smile

0
8 turkmentug   [Материал]
Men şu iňlisleriň Çerçilli tanamazlygyna geň galdym .onda da dört iňlisden biri . Her dört iňlisden biri okamak ýazmak bilenok diýen ýaly görünýä men üçin )))

0
7 turkmentug   [Материал]
Taryhy şahsyýetleriň ýaşan ýyllary hakynda kesgitli bir zat diýip bolsa da ,olaryň haýsynyň gahryman, haýsynyň ganhorlygy ,nireden seredýänligiňe ,haýsy döwürdeligiňe ,başga da köp zada bagly . Dünýäň ýüzinde nijeme heýkeller gurulyp ýykyldy smile

0
6 Pegas   [Материал]
PKK nähili gurama? Doly ady?

0
5 Dunya   [Материал]
smile

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
"Zalymlaryñ çarhy jahyllaryñ kellesi bilen aýlanýandyr."
Nakyl edinip almaly jümle.

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Häzir biziñ ýaş ösdûrimlerimiziñ arasynda-da Gaýgysyz Atabaýew, Berdi Kerbabaýew, Alty Garlyýew... ýaly belli şahslarymyza hyýaly gahrymanlardyr öýdüp, Terminatory, Supermeni, Mortal Kombaty, Hulky... we yene nijeme toslama we biderek obrazlary hakykatdyr öydýänler az daldir..

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Arada biziñ jahyllarymyzyñ birem Gitlere halk gahrymany diyp ýördi ))

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
"Hemme ýurduñ horazy deñ gygyrýar" diýlişi ýaly, biziñ jahyllarymyzyñ angliýaly, italiýaly, türkiýeli jahyllardan näme tapawudy bar? smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: