00:31
JIKJIKILER
Jikjikiler iş etdiler:
Iň ulusy odun çapdy.
Ortanjysy çörek ýapdy.
Jigileri işsiz ýatdy.

Jany ýanyp jigilerne,
Jikjikiler jik-jikleşdi.
Jigileri gulak goýman,
Jedelleşdi,
Heçjikleşdi,
Diýdi: "Entek iş ederden
Men ejizje!
Men kiçijik!
Bilip goýuň, araňyzda
Men jikjiki däl-de Jik-jik!
Odun çapjak bolup, birden
Aýagymy çapsam näder?!
Çörek ýapjak bolup, birden
Eljagazmy ýaksam näder?!
Şonuň üçin, iň gowusy,
Iş etmänjik ýatsam näder?!"

Jikjikiler nahar etdi:
Ulusyna kersen ýetdi.
Ortanjysna tabak ýetdi.
Jigilerne okarajyk!

Öýke edip jigileri,
Çekiläýdi bir gyrajyk.

— Öýke etme!
Köp iýerden
Sen ejizje!
Sen kiçijik!
Bilip goýgun, aramyzda
Sen jikjiki däl-de, Jik-jik!

Eger saňa kersen bersek,
Ýa-da uly tabak bersek,
Öz çakyňdan köp iýipjik,
Ýarylmagyň mümkin, Jik-jik!
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 20 | Добавил: Dunya | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: