00:02
IKI TOWŞAN
Iki dost — iki
Mekirje towşan,
Bir gezek açgöz
Möjege duşan.

Göni gaçsalar
Möjek ýetjekmiş,
Gara garnyna
Lak-luk atjakmyş.

Towşan towşana
Diýipdir: "Şepe,
Sen-ä saga gaç,
Men bolsa, çepe!"

Bilmändir möjek
Näme etjegin:
Haýsyn kowjagyn —
Haýsyn ýetjegin.

Iki dost — iki
Mekirje towşan,
Şeýdip, sag-aman
Öýlerne gowşan.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 26 | Добавил: Dunya | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: