23:52
BOÝY BIR GARYŞ, SAKGALY IKI GARYŞ
— A-how, boýy bir garyş,
Sakgaly iki garyş,
Etek alty, ýeň ýedi,
Alňasap, nirä baryş?!

— Sakgalymdan dynmaga,
Ýogsa maňa kyn bolýar.
Aýagyma çolaşyp,
Ýykýan ýeri kän bolýar.

Soňam, biler bolsaňyz,
Begenýän zadym meniň:
Sakgalymy syrdyrsam,
Gysgalar adym meniň.

Boýy bir garyş diýip,
Tutarsyňyz adymy.
Ýeteýin dellekhana,
Gowşatmanjyk badymy.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 25 | Добавил: Dunya | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: