23:40
GAPYLARYŇ HEKAÝATY
Her gün ençeme sapar
Açyp-ýapýarlar bizi.
Kä el bilen kaksalar,
Käte depýärler bizi.

Tanaýarys dessine
Kim ýaranjaň,
Kim gedem.
Bar gaharjaň çagalar,
Huşsuzlar bar birgiden.

…Bizi örän ýuwaşja
Açýar-ýapýar ýaranjaň.
Ol başarsa biziňem
Göwnümize ýaranjak.

Gaharjaňlar gelende
Batly açyp-ýapýarlar.
Şeýdip biziň elmydam
Içimizi ýakýarlar.

Ýapmagy undup gitmek
Huşsuzlaryň endigi,
Görseňiz mälim bize
Kimleriň gelendigi.

Kä biz agyp açylýas,
Kä jygyldap ses edýäs.
Käte bolsa açylyp —
Ýapylmany bes edýäs.

Şonda ussa gelýär-de
Derdimizi seljerýär.
Petlämize ýag çalyp,
Ýonup,
Reňkläp,
Bejerýär.

Baş üstüne, gurat biz,
Kim girmekçi-çykmakçy?!
Hoşniýetli adama
Biz giňden açylmakçy.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 22 | Добавил: Dunya | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: