23:05
ÖWELEME–DÖWELEME
Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
Ýaba gidip suw açypsyň
Hem käşire, hem keleme!

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
Bogna bölüp hat ýazmagy
Öwrenipsiň Öwelege!

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
Sapaklary "bäşlik" bilşiň
Hoş ýarapdyr mugallyma!

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
"Men-men!" diýip, ýene birden
Eseläýme öwenime!
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 16 | Добавил: Dunya | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: