14:53
Tahyr ibn Hüseýiniň öz ogly Abdylla ibn Tahyra haty
TAHYR IBN HÜSEÝINIŇ ÖZ OGLY ABDYLLA IBN TAHYRA HATY

Horasanda milady ýyl hasaby boýunça 821-873-nji ýyllarda dolandyran Tahyrylar hanedanlygynyň birinji hökümdary, Abbasy halyfy Al-Mamunyň naýbaşy serkerdesi, Zülýamineýn (Goşa gyljyň eýesi, Goşa gylyçly) lakamly, ýekegöz Tahyr ibn Hüseýin ibn Musab ibn Razyh, öz ogly – Tahyrylaryň iň görnükli hem adyl hökümdary hökmünde ady taryhda galan, “Amir al Maşryk” (Gündogaryň hojaýyny (hökümdary)) lakamly Abdylla ibn Tahyryň, Müsüriň bir ülkesine dikme bellenendigi hakyndaky habary alyp, oňa öz golastyndaky ülkäni nädip dolandyrmalydygy barada giňişleýin hat ýazypdyr.
Ine şol hat:

Rehimdar we Şepagatly Allanyň ady bilen!

Bil: sen Alladan we diňe ýeke-täk Şondan heder etmelisiň, diňe Onuň hökümlerine eýermelisiň hem-de Onuň gazabyndan eýmenip, özüňi gije-de, gündizem günä etmekden goramalysyň. Alla saňa aňrybaşy saglyk bagyş etdi, sen bolsa kyýamat gününde soraga çekileniňden soň nirä düşjekdigiň barada oýlan! Sen ýene-de özüňe degişli zatlar we özüň jogapkärçilik çekjek zatlaryň barada pikir et! Şeýle hem öz işleriň bilen Magşar gününde Allatagala seni temmiden we jebir-jepaly azapdan halas eder ýaly meşgullan!
Allatagala sen babatda öz şepagatyny eçilýär. Şonuň üçinem Ol saňa seniň öz tabynlygyňdakylar barada rehimdar bolmagyňy borç edip goýdy. Allatagala seni olara adyllyk bilen garamaga, olar bilen baglylykda Onuň ygtyýarlyklarynyň hem temmileriniň berjaý edilmegini gözegçilik etmäge borçly etdi. Sen maşgalalaryň we zenanlaryň goragly bolmagyna seretmeli, gandöküşikligiň öňüni almaly, şeýle hem sen ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmeli we adamlara parahatçylykda ýaşamaga mümkinçilik döretmeli.
Eger-de sen Allatagalanyň öz üstüňe ýüklän we seniň olary berjaý edişiňe baglylykda Perwerdigäriň ýalkamagyna ýa-da temmisine uçramagyňa getirip biljek borçlaryňy degişli derejede ýerine ýetirmeseň, onda Haktagala seni jeza sezewar eder.
Öz paýhasyňy we gözüňi hut şu zatda jemle! Şuňa düşünmekdenem, goý seniň ünsüňi hiç zat sowup bilmesin! Bu seniň esasy hem aýgytly wezipäňdir. Çünki şu iş seniň Allatagalaň öňünde abraýa we goldamaklyga mynasyp bolup biljek ilkinji serişdäňdir!
Onsoňam sen ilkinji nobatda, Haktagalanyň seniň öňüňde goýan bäş wagtyňa namaz okamak borjuňy ýerine ýetirmeklige aýratyn üns bermelisiň. Goý, adamlar namaz wagtynda seniň ýanyňa namaz okamak üçin gelsinler we namaz-tagatlar bolmalysy ýaly ýerine ýetirilsin!
Ýagny, namaz ybadatyndan öň täret kylynsyn. Ybadata başlamazyňdan öň Allatagalanyň adyny ýatla. Kurany-Kerimi labyzly ses bilen oka! Ybadat edeniňde gyssanman, endigan eglip-gal, aýatlary ýalňyşman, yhlasly aýt! Goý, seniň namaz okamak niýetiňem Allatagalanyň öňünde ak ýürekden bolsun! Öz golastyňdaky hemmeleri namaz okamaga çagyr we olaryň namaz borçlaryny berjaý etmeklerine gözegçilik et! Çünki namaz, Mukaddes Gurhanda Allatagalanyň beýan edişi ýaly: “günäden we zulumdan daşlaşdyrýar”.
Soňra, durmuşda hemişe Allanyň Resulynyň hadyslaryna we göreldesine eýermek hem-de olary ulanmak arkaly, Pygamberimiziň ýoly bilen ýöremäge ymtylgyn, şeýle hem Pygamberimizden soň ýaşap öten takwa musulmanlaryň oňat häsiýetlerini gaýtalamaga çalyşgyn! Eger-de seniň öňüňde haýsydyr bir çylşyrymly mesele emele gelse, Alladan medet we pent dilegin! Ondan gork we Allanyň Kitabynda aýan edilen halal we haram zatlar baradaky, nämeler etmäge rugsat berlendigi we nämeler etmek gadagan edilendigi hakyndaky aýatlardan peýdalangyn! Özüňe-de ýol görkeziji çelgi hökmünde hadyslarda beýan edilen Allanyň Resulynyň aýdanlaryndan ugur algyn! Soňra bolsa şeýle ýagdaýlarda Allatagala nähili hereket etmegi emr eden bolsa, şonuň ýalam hereket etgin!
Özüňe ýakyn we daş adamlar babatda öz islegleriňe hem-de sulhuň almasyna garaşly bolmazdan adalaty amala aşyrgyn! Yslam fakyhlaryny (hukukçylaryny) we hadymlaryny (alymlaryny, ulamalaryny), Allanyň Kitabyna eýerip ýaşaýan adamlary goldagyn! Çünki imana dogry düşünmäge ukyplylyk, imanlylyga ymtylmak we özgelere imanly bolmaga öwüt bermek, şeýle hem Allanyň şepagatyna mynasyp bolmagyň ýollaryny bilmek – ynsanyň iň aňrybaşy bezegidir!
Yslam – hemme ýagşy zatlar üçin ýol görkeziji ýyldyzdyr! Ol sogap işleri etmegi emr edýär we günä hem-de jenaýat işleri gadagan edýär. Diniň üsti bilen adamyň Hudaý hakynda bilimleri we Oňa bolan hormaty artýar, Onuň ejazasy bilenem ynsan o dünýäde-de eşrete we hormata mynasyp bolar. Ondan başga-da, haçan-da adamlar seniň dine bolan garaýşyňy görseler, olar seniň hökümdarlygyňa hormat goýarlar we seniň häkimiýetiňe sarpaly-sylagly gararlar. Olar sen babatda dostana garaýyşda bolup, seniň adalatlydygyňa ynanarlar.
Hemme zatda kanagatly bol. Kanagatlylykdan artykmaç göz-görtele peýdaly, howpsuz hem-de ýagşy zat ýokdur. Aňly-düşünjeli kanagatlylyk dogry ýoldan ýöremäge höwes döredýär. Dogry ýoldan ýöremek bolsa üstünlige ýetirýär. Üstünlik bolsa bagt getirýär. Yslamyň kadalaryny berjaý etmek hem-de Pygamberimiziň göreldesine eýermek, kanagatlylygyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şonuň üçinem öz dünýewi işleriň ählisinde ilki bilen kanagatlylykdan ugur al!
Bakyýetde eşrete mynasyp bnolmakçy bolsaň, hiç haçan ýagşy işleri amala aşyrmagy bes etme, özüňi ýagşy alyp barmagy taşlama we dogry ýoldan sowulma! Sogap işler hiç haçanam artykmaç bolýan däldir, sebäbi olar Allanyň razylygyny gazanmaga ýardam berýärler we Oňa hem-de Hakyň halanlarynyň asylly mekanyna (Behişde) ýakynlaşdyrýarlar.
Sen, aň-düşünjeli kanagatlylygyň dünýewi işlerde güýç-kuwwat berýändigini we günälerden goraýandygyny bilmelisiň! Sen, özüňi we daş-töweregiňi goramak hem-de öz işleriňi gowulamak üçin kanagatlylykdan ýagşy hiç zady tapmarsyň! Şonuň üçinem ony peýdalan we oňa eýer! Şonda seniň işleriň tertibe girer, güýç-gaýratyň artar, şahsy we jemgyýetçilik işleriň düzgünleşer!
Allatagala barada hemişe ýagşy pikirleri et we seniň tabynlygyňdakylar seni birahat etmezler! Öz ähli işleriňde Allatagalany ýatlamaga dyrjaş we sen hemişe Onuň Şepagatynda döwran sürersiň!
Eger-de sen kimdir birine haýsydyr bir işi ýerine ýetirmegi tabşyran bolsaň, onda ol barada ynama mynasyp maglumatlary bilýänçäň, hiç kime müňkür bolma we güman etme! Çünki bigünä adamlara şübhelenmek we olar barada ýaman pikirleri etmek pisat we jenaýatdyr! Şonuň üçinem öz daş-töweregiňi gurşaýan adamlar barada ýagşy pikirleri etmäge özüňi endik etdir! Olar barada ýaman oýlary kow we şeýle oýlanmalara paýhasyňy eýelemäge mümkinçilik berme! Şonda seniň daşyňy gurşaýan adamlar seniň yzyňa eýererler we seniň görüm-göreldäňe görä terbiýelenerler.
Allanyň duşmany – Şeýtana öz işleriňe aralaşmaga ýol berme! Sen tarapyndan goýberilen dynnym ýaly ejizlik onuň üçin ýeterlikdir. Ol seni daş-töweregiň gurşaýan adamlar baradaky ýaman pikirler zerarly şeýlebir agyr hasrata batyrar welin, bu gam-gussa seniň bütin ömrüňi zäherlär! Sen özgeler barada ýagşy pikirleriň saňa rahatlyk we güýç-kuwwat berýändigini hem-de şondan seniň öz işleriňi kanagatlanarly alyp baryp biljekdigiňi bilmelisiň! Şeýle etseň, adamlar saňa mähriban bolarlar we hemme zatda saňa gulak asarlar!
Ýöne, daş-töweregiňdäkiler hakynda ýagşy pikirleriň we öz rehimdarlygyň derňewleri geçirmäge, işleriň ýagdaýyny barlamaga, emeldarlardan borçlaryny ýerine ýetirmegi berk talap etmäge, tabynlygyňdakylary goramaga we olara goldaw hem-de peýda berjek zatlary gözläp tapmaga päsgelçilik döretmegine ýol berme! Tersine, özüňe tabyn emeldarlaryň her biriniň işini şahsy barlamagy, öz golastyňa ynanylan ilaty goramagy we onuň zerurlyklary bilen tanşyp, olary kanagatlandyrmagy öz baş wezipäň diýip hasap et! Bu wezipe Yslam dinini gorap saklamaga we Sünnäniň ýaşaýyşyny üpjün etmäge hemme zatdan beter ýardam berýär.
Bu işleriň hemmesinde päk niýetli bol! Günlerde bir gün sogap işleri üçin sylaga, ýaman işleri üçinem jeza mynasyp boljakdygyna düşünýän, ahyrynda öz işleri üçin gutarnykly hasabat bermeli boljakdygyna akyl ýetirýän ynsan hökümnde öz şahsyýetiňi kämilleşdirmäge aýratyn üns ber! Çünki Allatagala dinimizi iň ahyrky gaçybatalga we durmuşymyzdaky güýç-kuwwat edip goýdy! Ol dini ýörelgelerimize eýerýänleriň we hormat goýýanlaryň derejesini beýgeldýär!
Şonuň üçinem öz dolandyrýanlaryňy dine we dogry ýola laýyklykda yzyňa düşür we olary dolandyr! Allatagalanyň jenaýatçylar üçin hökmany eden jezalaryny, olaryň ýagdaýlaryna we mynasyplygyna görä ulan! Olary jemagatyň öňünde mertebeden düşürme we wejera etme! Jezalandyrylmalylara jeza bermegi soňa goýma! Eger-de sen jeza bermekde haýal-ýagallyga ýol berseň, adamlaryň sen baradaky pikiri erbetleşer. Şunuň ýaly halatlarda-da, goý, hemmelere mälim bolan hadyslar seniň hereketleriň üçin nusgalyk bolsun! Gümürtik täzeçillikden we şübheli zatlardan daşda dur! Şonda seniň imanyň sagdyn bolar, ynsany zanny-ýasawyňam zaýalanmaz!
Eger-de sen haýsydyr bir ylalaşyk baglaşsaň, ony berjaý et! Eger-de sen haýsydyr bir ýagşy işi etmegi wada beren bolsaň, ony berjaý et! Özüňe ýagşylyk etseler, ony kabul et we onuň öwezinem ýagşylyk bilen dol! Öz ýakynyňdaky adamlaryň bolmagy mümkin kemçiliklerine gözüňi ýum (Bu ýerde günä işler däl-de, emiriň ýakyndaky adamlaryň garasöýmezlik, gödeklik ýaly şahsy häsiýet kemçilikleri göz öňünde tutulýar)!
Galplykdan we ýalandan çete çekil! Ýalançylaryň we töhmetçileriň hyzmatyndan peýdalanma! Eger-de sen şeýle etmeseň, o dünýäde-de, bu dünýäde-de ýalançyny ýakynyňa getiren badyňa ýa-da özüň galat gepläp başlan dessiňe seniň işleriň pese düşer. Ýalan – jenaýatlaryň we galplygyň gözbaşydyr, töhmet bolsa olaryň ahyrydyr! Töhmetçiniň özem howpsuz ýagdaýda däldir. Hatda töhmetçä gulak gabardýanyň öz-ä beýlede dursun welin, onuň dostam howpsuz ýagdaýda däldir. Töhmete gollanyp islendik iş gaýran adam üçin ýagşy netije hiç haçanam bolup bilmez.
Ýagşy we takwa adamlary gowy gör! Asylzada adamlar üçin hakykatdanam peýdaly bol! Ejizler babatda dostana gatnaşyk sakla! Garyndaşlaryň bilen gatnaşygy ýitirme! Şeýle hereketleri etmek bilenem jennetde Allatagalanyň Keşbini görmek bagtyna mynasyp bolmaga we Onuň Işiniň güýçlenmegine, bakyýetde onuň serpaýyna mynasyp bolmaga ymtyl! Zalym isleglerden we adalatsyzlykdan gaça dur! Olary öz ýanyňdan kow we öz tabynlygyňdakylara şol pisatlyklardan azatdygyňy görkez! Dolandyranyňda adalatly bol! Öz gönüden-göni tabynlygyňdakylara dogruçyl we rehimdar çemeleş, şeýle etseň, sen gös-göni we dogry ýolbaşçylyk ýoluna rowana bolarsyň!
Özüňe erk et we gazap atyna atlanma! Mertebeliligi we ýumşaklygy gollan! Öz amala aşyrýan islendik işiňde ýeňilkellelikden, çürt-kesiklikden we ikiýüzlülikden hatyrjem bol!
“Häkimiýet meniň elim! Men islänimi ederin!” diýmekden howatyrly bol! Bu düşünje, gaty bahym seniň paýhasyň we durmuşa düşünmegiň pesdigini hem-de seniň ähli işlerde Ýeke-täk Allatagala we diňe Şoňa sygynmagyň ejizdigini ýüze çykarar! Goý, seniň Allatagala baradaky niýetiň we seniň Oňa sygynmagyň hemişe ak ýürekden bolsun! Sen ähli häkimiýetiň Allatagalanyň ygtyýaryndadygyny bilmelisiň! Ol islän bendesine häkimligi bagyş eýleýär, isläninden bolsa ony alýar.
Allatagalanyň Şepagatynyň üýtgemegine we Onuň Gazabyna uçramaklyga, esasan, häkimlik berlen we şol wagtam Allanyň Rahmetinden ýüz öwürýän adamlar, şeýle hem döwletde gowy wezipelerde eşret sürüp ýaşaýan we şol wagtam Allatagalanyň eçilen ýagşylyklaryna bigadyr edýänler, ýene-de şol wagtda-da özlerine şeýle eşretler bagyş eýlenendigi zerarly özlerini özgelerden ýokary ynsanlar diýip hasap edýän kişiler has ýygy-ýygydan sezewar bolarlar!
Husyt bolma! Goý, seniň toplan hazynalaryň we baýlyklaryň hudaýhonlugyň, adalatyň maksatlaryna, tabynlygyňdakylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga, ýurdy ösdürmeklige, adamlaryň meselelerini çözmeklige, olary goramaklyga we mazlum-pukaralara hemaýat bermeklige hyzmat etsin! Sen, emlägiň hazynada jemlenip, şol ýerde saklanan halatynda miwe bermeýändigini bilmelisiň! Ýöne, eger-de, ol raýatlaryň ýaşaýyş derejesini galdyrmak üçin maýa goýum hökmünde goýulsa we olara şeýle-de berilmeli zatlary bermek üçin sarp edilse (mysal üçin, zekat paýlanylanda ýa-da zähmet haklary tölenilende) hem-de ýetmezçiligiň (gytçylygyň) öňüni almak üçin çykdajy edilse, onda emlägiň artar we köpeler.
Ýönekeý adamlar abadançylykda, gülläp ösüp ýaşamalydyr! Puluň degişli görnüşde (maksadalaýyk) ulanylmagy bolsa belent derejeli emeldarlaryň bezegidir, hut şol işem raýatlaryň abadançylykda, gülläp ösmegini şertlendirýär, döwlete güýç-kuwwat we goraglylyk getirýär!
Şonuň üçinem, goý, seniň öz gaznaňa serişdeleri toplamak bilen baş maksadyň şol emläkleri Yslamyň kuwwatlanmagyna hem-de musulmanlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga sarp etmekden ybarat bolsun! Muslimleriň Hökümdaryna senden öň gulluk eden emeldarlaryň arasynda olara degişli serişdeleri paýla! Tabynlygyňdakylara-da paý ber! Olaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrjak zatlara we olaryň ýaşaýyş üçin serişdeleriniň ýeterlik bolmagyna üns ber!
Eger-de sen şeýle hereket etseň, Allatagalanyň Keremi hemişe seniň bilen bolar! Onsoň Haktagala saňa peşgeş berýän eşretlerini we şepagatyny hasam artdyrar. Şeýle hem, bu hereketiň saňa özüňe ynanylan bütin çäkdäki golastyňdakylardan ýer salgydyny we beýleki tölegleri almaklygy ýeňilleşdirer. Sebäbi, senden ýagşylyk we adalatlylyk gören her kes saňa has akylly-başly tabyn bolar we seniň buýruklaryňy sadyklyk bilen berjaý kylar! Şeýlelikde, meniň saňa şu hatda görkezen ýolum bilen ýöremeklige ähli güýjüňi sarp et! Şunda aýdylanlaryň çuňňur manysyna düşünjek bol! Çünki seniň hemme pullaryňdan diňe Allatagalanyň ýoluna ak ýürekden we dogruçyl sarp edilenleri yzsyz-tozsuz ýitip gitmez!
Özüňe minnetdarlyk bildirýänleriň alkyşyny kabul et we onuň üçin olara serpaý ýap!
Şu ýalançynyň aldaw ham-hyýallaryna maýyl bolup, öz borçlaryny ýerine ýetirmeklige geleňsiz çemeleşip başlaýanyň başyndan injek, gaýyby dünýäniň elhençliklerini hemişe hakydaňda sakla! Geleňsizlik ýalňyşlyga eltýär, ýalňyşlyklar bolsa betbagtlyga! Sen näme etseňem, diňe Allanyň razylygy üçin, sogap işleriň üçin ýalkanmaklyga umyt bilen etmäge borçlusyň! Allatagala bu dünýäde seniň üstüňden Özüniň Rahmet nuruny guýdy we saňa bolelinligi eçildi. Şonuň üçinem sen diňe Hudaýyň ýalkamagynda özüňe gaçybatalga gözle! Oňa bil baglasaň Ol saňa mundanam has köp eşretler we şepagatlar bagyş eder. Allatagala, ýagşy işleri gaýyrýan her bir bendesini, onuň Özüne minnetdarlygynyň derejesinden we ömür sürşüniň päkliginden ugur alyp ýalkaýar. Ol Özüniň Rahmetini we beýleki eşretleri diňe bitirilen hyzmatlara görä eçilýär.
Haýsydyr bir günäni biderek we bolgusyz diýip hasap etme! Bahyly goldama! Günäkär babatda haýpygelijilik etme! Bigadyr bilen dost bolma! Duşman bilen hyzmatdaşlyk etme! Töhmetçä ynanma! Ýalança bil baglama! Ahlaksyz adam bilen dostlukly gatnaşyk etme! Azgynyň yzyna düşme! Ikiýüzlüni taryplama! Hiç kime kemsidiji we kembaha garama! Garyp şikaýatçyny kowma! Nämynasyp adamy düzetjek bolma! Masgarabazlara üns berme! Wadaňy bozma!
Tekepbirden çekinme! Gazabyňy görkezme! Öwünjeň bolma! Tumşugyňy göge tutup ýöreme! Kütekligi aklama! Gaýyby dünýäniň eşretlerine ymtylmagy inkär etme! Günleriňi boş geçirme! Zalymdan eýmenýändigiň sebäpli ýa-da ony sulhuň alýandygyň zerarly oňa barmaklaryň yşyndan garama (“edenine däl diýmän gezme” diýen manyda)! Bakyýetiň serpaýyny bu pany dünýäden agtarma!
Fakyhlar (musulman hukukçylary) bilen ýygy-ýygydan maslahatlaş! Hemişe ýumşak we ünsli bolmagy edähet edin! Aň-düşünjelik we danalyk berlen tejribeli we bilimdar kişilerden öwren! Wejera we azgyn adamlara özüňe öwüt-nesihat bermäge mümkinçilik berme! Olaryň özüňe aýdýan zatlaryny diňleme, çünki olardan saňa ýetýän zelel, olaryň saňa berjek peýdasyndan juda agdykdyr.
Bil: Halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen seniň taslamalaryňydyr-matlaplaryňy nebisjeňlikden çalt kül-peýekun edip biljek hiç zat ýokdur! Sen, eger-de husyt bolsaň, onda köp alyp, az berýändigiňe aň ýetirmelisiň! Eger-de sen hut şeýle häsiýetli bolsaň, onda sen sözüň hakyky manysynda üstünlik gazanmarsyň, sebäbi seniň raýatlaryň seniň özleri babatda adalatsyzlyga ýol bermezligiň üçin, diňe olaryň emläginden seniň daşrakda durmagyňy islärler. Sen jomart bolmak bilen dostlaryňa sowgat etmek arkaly dostlugyňy mäkämleşdirip bilersiň!
Husytlykdan, açgözlükden we nebisjeňlikden utan! Sen, nebisjeňligiň ynsan tarapyndan Hudaýa garşy gidilip edilen ilkinji günädigini we şol günäni amala aşyranyň wejera edilendigini bilmelisiň! Allatagala Mukaddes Gurhanda bu barada şeýle diýýär: “Kimler öz husytlygyndan (we nebisjeňliginden) howpsuzlanan bolsa, hakykatdanam sahydyrlar”. Şonuň üçinem, hakykatdanam jomart bolgun! Öz alan oljaňdan hemme musulmanlara ülüş we mülk bergin! Pugta ynan, sahylyk – ynsanyň iň ýagşy endikleriniň biridir. Ony öz häsiýetiň tapawutly alamaty etgin! Ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: Hakykatdanam sahy bol! Hemişe jomartlyk görkezip gez!
Esgerleriň sanawlaryny we şertnamalaryny barla! Olaryň zähmet haklaryny galdyr, olara ýaşar ýaly ýeterlik serişdeleri ber, şeýle eden halatyňda Allatagala olary ýetde-gütdelige duçar etmez. Onsoň olar seniň üçin synmaz daýanç bolarlar, olaryň ýürekleri bolsa hemişe saňa gulluk etmäge we tabyn bolmaga şatlykdan dolup durar! Häkimlik berlen adam üçin, eger-de onuň esgerleri we golastyndakylar onuň adalatyndan, goragyndan, takwalygyndan, ünslüliginden, pespälliginden we beýikliginden şepagat tapýan bolsalar, şol bagt ýeterlikdir. Şol sebäpli-de, şunuň bilen kanagatlanmaklyga ymtyl we şu bagtyň beýikligine aň ýetirip, diňe şonuň bilen baglylykda-da hereket et! Şonda Biribaryň eradasy bilen şowlulyk, baýlyk we gülläp ösmek saňa ýar bolar.
Sen Perwerdigäriň kazy wezipesini aýratyn görnüşde tapawutlandyrandygyny bilmäge borçlusyň! Hudaýyň terezisinde ýer ýüzüniň hemme adamlarynyň hal-ýagdaýy birmeňzeş we aňrybaşy takyklyk bilen ölçenýär. Ýeriň ýüzünde bolsa mümkin boldugyndan adalatly çözgütleriň çykarylmagy we ähli zerur tertip-düzgünleriň berjaý edilmegi halkyň abadançylygyna getirýär.
Şeýle ýagdaýda ýollar howpsuz bolýar. Adalatsyz çemeleşilen adam adalat tapýar. Her kes öz hukuklaryna eýe bolýar. Her bir adamyň ýaşaýyş serişdeleri goralyp saklanýar. Onuň öwezine bolsa halk tarapyndan degişli derejedäki gulak asyjylyk (tabynlyk) peýda bolýar. Allatagala berk saglyk we abadançylyk bagyş edýär. Dini edim-gylymlar berjaý edilýär. Sünne we Şerigatyň kanunlary zerur derejede hereket edýärler. Kazyýet önümçiliginde hukuk we adalat ulanylýar.
Kazy hökmünde Allatagala uýmakda mäkäm bol! Parahorluga ýakynlaşma! Bar we kanuny jezalary ulan! Gyssanmaçlyga ýol berme! Gahar-gazapdan we zalymlykdan saplan! Kasam bilen kanagatlan! Goý, seniň dem alyşyň asuda, ýaňaklaryň sergin bolsun! Tutuş tejribäňden peýdalan! Dymmakda ünsli we gürrüňde seresap bol! Hak isleýji bilen adalatly bol! Şübhe bar wagtynda ikirjiňlen!
Ýeterlik subutnamaň bolsun! Öz tabynlygyňdakylaryň haýsam bolsa birini aşa gowy görýändigiňi bildirme! Hiç kime beýlekilerden tapawutly hormat etme! Özüňi ýazgartma! Çydamly we sabyrly bol! Synla! Ýüze çykar! Oýlan! Ölçerip-dök! Netije çykar! Allanyň öňünde pespäl bol! Tabynlygyňdakylaryň hemmesi babatda rehimli bol! Goý, diňe hakykat saňa ýol görkezsin! Gan dökmäge howlukma, çünki Allatagala bikanun we zulum edilip gan dökmegiň ölümlik günädigini kesgitledi!
Ýer salgydyny nazarda tut! Ol hemmelere peýda getirýär. Onuň üsti bilen Allatagala Yslamy berkitdi, musulmanlara medet berdi we olary gorady, Yslamyň we musulmanlaryň duşmanlaryny sermisal etdi we olaryň gaharyny getirdi, musulmanlaryň häkimliginiň astyndaky kapyrlary kemsitdi we tabyn etdi. Şonuň üçinem ýer salgydyndan jemlenen serişdeleri, muňa hukugy bolanlaryň arasynda paýla we bu işi iňňän adalatly, aç-açan hem-de tarapgöýsüzlik bilen ýerine ýetir!
Asylzada adamlaryň öz asylzadalyklary zerarly ýa-da baýlaryň öz baýlyklary sebäpli ýa-da seniň dabirleriň (kätipleriň, mürzeleriň), nedimleriň (ýakyn dostlaryň) ýa-da ýakynyňdaky adamlaryň beýlekilerden az hyraç tölemeklerine ýol berme! Tölemäge degişlisinden köp talap etme! Hiç kesi çakdan aşa köp tölemäge borçly etme! Hemme adamlara adalatly çemeleş! Munuň ýaly hereketler adamlaryň dostlugyny gazanmaga mümkinçilik berýär we şeýle usul hemmeleriň kanagatlylygyny üpjün etmek üçin iň amatly usul bolup durýar!
Sen özüň şu wezipä bellenmegiň bilen şol bir wagtyň özünde gaznadar (hazynaçy), garawul we çopan bolandygyňy bilmelisiň! Hukuga laýyklykda saňa tabyn edilen adamlar seniň sürüňdir, çübki sen olaryň çopany we gözegçisiň! Şol sebäplem, olaryň saňa öz emläklerinden berýän zatlaryny kabul et we şol zatlary ýene-de olaryň haýryna hem-de olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ulan!
Nazary bilimleri bolan we şolardan ugur alyp hereket edip bilýän, kanagatly hem-de syýasy taýdan sowatly, düşünjeli, tejribeli we ussat adamlary gullugyň al! Olara jomartlyk bilen zähmet hakyny töle! Bu saňa ynanylan wezipeden gelip çykýan we seniň üstüňe ýüklenilen borçlaryň biridir. Goý, bu işiňi berjaý etmekden hiç zat seniň ünsüňi sowmasyn!
Eger-de sen şu borjuňy berjaý etmeklige zerur derejede üns berseň, seniň üstüňden ýagýan Allanyň Şepagatlary artar, seniň amala aşyrýan işleriň hakda seslenmeler bolsa öwgüli bolar. Şeýle hem sen şu hereketleriň bilen öz tabynlygyňdakylaryň söýgüsini, uzagyndan bolsa ählumumy abadançylygy gazanarsyň! Seniň dolandyrýan çägiňde halkyň umumy hal-ýagdaýy gowulanar. Sebitde medeni işler öser. Seniň hökümdarlygyňdaky sebitlerde ilatyň sanynyň artýandygy mese-mälim görner. Şeýlelik bilenem ilatdan alynýan ýer salgydyndan girdeji has köp bolar. Şonluk bilen seniň ygtyýarlygyňdaky emlägem artar. Onsoň sen öz esgerleriň her birini jomartlyk bilen bagyş edilýän serpaýlar bilen kanagatlandyryp bilseň, olaryň saňa wepadarlygy hem ýokarlanar. Şu zatlaryň esasynda-da seniň häkimligiňi şöhratlandyrarlar!
Seniň adalatlylygyň barada, hatda seniň duşmanlaryňam şaýatlyk ederler we sen ähli işleriňde adyl, her biri işi amala aşyrmak üçin kuwwatly hem-de oňat taýýarlykly bolarsyň. Şol sebäpli-de şu maksady myrat etmäge ymtyl! Şol maksadyňa ýetmäge päsgel berýän hiç zada baş galdyrma! Şonda seniň häkimligiň netijeleri Allanyň eradasy bilen şan-şöhrata eýe bolar.
Öz golastyňdaky her sebite, beýleki emeldarlar barada seni habarly edip durýan we olaryň özlerini alyp baryşlary, işleri hakda saňa habarnamalary ýazýan ynamdar emeldary belle! Şeýle etmek bilen sen özüňe ynanylan çäkdäki her bir emeldar bilen şahsy aragatnaşyga çalymdaş gatnaşykda bolarsyň we olaryň ähli işlerini hut öz gözegçiligiňde saklap bilersiň!
Eger-de sen öz emeldaryňa haýsydyr bir işi ýerine ýetirmek hakynda buýruk bermekçi bolsaň, onda berjaý edilmegini isleýän işiň ahyrky netijesini we ondan gelip çykjak gaýry netijeleri göz öňünde tut! Eger-de sen şol işiň netijeleriniň gowy boljakdygyna göz ýetirseň we onuň ýerine ýetirilmeginiň peýda hem bähbit getirjekdigine düşünseň, onda ol iş berjaý ediler ýaly buýruk ber! Eger-de tersine bolsa, onda howlukmaç hereketlerden saklan hem-de bilimli, düşünjeli kişiler bilen şol iş barada maslahatlaş! Ynsan köplenç halatda öz isleýän zadyny agtarýar we öz isleglerini kanagatlandyrmaga ymtylýar. Bu oňa şatlyk getirýär we ol şunuň bilenem öz-özüni aldaýar. Haýsydyr bir işiň mümkin bolan netijelerine sowuk-sala garamak, uzagyndan betbagtlyga we heläk bolmaklyga getirip biler.
Eger-de sen haýsydyr bir işi ýerine ýetirmekçi bolsaň, onda öňünden Allatagaladan medet dile-de, ony aýgytly we tutanýerli berjaý et! Sen näme etseňem hemişe Oňa mynajat etgin! Şu günki etmeli işiňi ertire goýma! Mümkin boldugyndan öz mümkinçiligiň çäklerindäki işleri özüň etmäge çalyş! Her ertirki günüň öz etmeli işleri bardyr we seniň düýn etmän ertire goýan işiň şu günki etmeli işiňden seniň ünsüňi sowar!
Eger-de gün geçse, onuň özünde bar bolan ähli zatlar bilen geçip gidýändigini sen bilmelisiň! Eger-de sen etmäge borçly bolan işiňi ertire galdyran bolsaň, onda sen ertir iki günüň işini birden ýerine ýetirmäge mejbur bolarsyň! Bu bolsa saňa örän kyn bolar we ahyrynda seniň kesellemegiň ahmal. Beýleki bir tarapdan, eger-de sen her gün etmeli işiňi etseň, onda seniň kalbyň we teniň üçin dynç almaga mümkinçilik emele geler hem-de sen öz hökümdarlyk wezipäňi oňat amala aşyryp bilersiň.
Özüňi eý görýändigini bilýän, geňeşdarlar hökmünde özüňe peýdaly bolan we öz işleriňe işjeň gatnaşan, niýetiniň päkdigi ygtybarly, ýaşuly, erkin asylzada adamlara üns ber! Olary öz gullugyňa saýlap-seçip al we olara mähirli gara!
Beýik maşgalalaryň ýetde-gütdelige uçran nesilleri barada alada et! Olara mynasyp durmuşy üpjün et we olaryň şondan soň güzerany kynlaşmaz ýaly, olaryň hal-ýagdaýlaryny gowula!
Özleriniň ejir çekýän adalatsyzlyklary barada özleri saňa şikaýat etmäge mümkinçiligi bolmadyk, garyplaryň we mätäçleriň hem-de özleriniň saňa arz etmäge haklarynyň bardygyny bilmeýän beýleki garamaýak adamlaryň işlerine özüňi bagyş et! Şeýle adamlaryň düşen ýagdaýy boýunça hiç kime bildirmezden derňew geçir hem-de olaryň meseleleri bilen meşgullanmak üçin öz tabynlygyňdakylardan ynamdarlaryny belle! Allanyň olaryň hal-ýagdaýyny gowulajak mizan terezisi bilen özüň misginleriň gün-güzeranyny çekip bilmegiň üçin, şol emeldarlara-da pukaralaryň zerurlyklary we aladalary barada özüňe habar bermegi tabşyr!
Şeýle hem, betbagtçylykly hadysalaryň pidasy bolan adamlara, olaryň dul aýallaryna we ýetimlerine üns ber! Muslimleriň hökümdarynyň (Oňa Asudalyk we Alkyşlar bolsun!) göreldesine eýerip, olara hazynadan nepaga (hemaýat puluny) belle! Çünki seniň olara rehimdar bolmagyň we peşgeşler ýapmagyň bilen, Allatagala olaryň durmuşy oňatlaşdyrar, seni bolsa Özi ýalkap, saňa eçilýän Öz Şepagatlaryny artdyrar!
Körlere gaznadan nepaga (hemaýat puluny) belle! Olaryň arasyndan Kurany-Kerimi tutuşlygyna ýa-da onuň agramly bölegini ýatdan bilýänlere beýlekilerden köp möçberde hemaýat puluny ber!
Hassa musulmanlara olar penalanar ýaly öýleri ber! Şol öýlere olar rehimdarlyk bilen syrkawlary idi-yssywat eder ýaly üpjün edijileri belle hem-de kesellileri bejerjek lukmanlary belle! Ýarawsyz bendeleriň zerurlyklaryny kanagatlandyr, ýöne, goý seniň bu ýagşy işiň döwlet serişdeleriniň çakdan aşa köp sarp edilmegine getirmesin!
Haçan-da adamlara olaryň hukuklaryny üpjün etseňem we olaryň iň pynhan hyýallaryny berjaý etseňem, barybir olaryň doly kanagatlanmaýandyklaryny hem-de öz soňraky zerurlyklaryny häkimiýetlere sereşläp, ýene-de has köp zatlaryň özlerine berilmegini we has artykmaç ýagşylyklary küýsäp başlaýandyklaryny sen bilmelisiň! Köplenç şeýle işleri seljerýän adam, olaryň çenden aşa köpdügine we şol sebäpli-de olaryň onuň aňyny we oý-pikirini eýeläp, özüni birahatlyga we müşgillige sezewar edýändigine gaharlanýar.
Şu dünýäde özi üçin nämäniň ýagşylykdygyny we o dünýäde neneňsi beýik serpaýyň özüne garaşýandygyny bilip, adalaty küýseýän adam, özüni Alla ýakynlaşdyrýan we Onuň Şepagatyna eltýän zatlarda dykgatyny jemlän adama kybapdaş däldir.
Goý, adamlar seni görmäge we seniň bilen didarlaşmaga ýygy-ýygydan gelsinler! Goý, seniň janpenalaryň olary kowmasyn! Olar babatda salyhatly hem sypaýyçylykly bol! Olara ýylgyrmak arkaly olardan razylygyňy görkez! Olar bilen ýumşak bol we olar senden nämedir bir zady soranlarynda olara jogap ber! Olara öz jomartlygyňy ýaý we olaryň üstüne bolelinlik seç!
Eger-de sen eçilýän bolsaň, bu işi rehimdarlyk hem lezzet bilen et! Bu işiň sogapdygy we gaýyby dünýäde ýalkanjakdygyň üçin et! Bu işi edeniňde, hiç kimi howsala düşürme we soňra onuňam saňa jogap hökmünde nämedir bir zat peşgeş bererine garaşman, adama soň oňa bir zat berendigiňi ýatlatman et! Şonda seniň peşgeşleriň Allanyň eradasy bilen sogaba öwrüler!
Dünýewi işlerden, özbaşyňa synlap bilýän zatlaryňam, şeýle-de geçmişde görnükli adamlar we hökümdarlar bilen bolan zatlaram, ýeriň ýüzünden ýok bolup giden halklar bilen bolan zatlaram özleşdir hem-de olara akyl ýetir! Ähli işleriňde Allanyň penakärligine we Onuň razylygyna mynasyp bolmaga çalyş! Onuň Kanunlarynyň we Sünnäniň kadalaryna laýyklykda hereket et, Onuň dinini we Kitabyny belende göter! Onsoňam şol kadalardan üzňe ähli zatlardan we Allanyň Gazabyna duçar etjek hemme zatlardan gaça dur!
Öz emeldarlaryň toplaýan emlägi we olaryň çykdajylary barada hemişe habardar bol! Hiç zady bikanun gaňryp alma we bisarpa sowajaňlyga ýüz urma!
Alymlar bilen köpräk otur we olardan öwran-öwran maslahat sora, alymlar jemagatyny eý gör!
Goý seniň baş islegiň Allanyň Kitabyna eýermek we ony tassyklamak, şeýle hem häsiýetiň belent we asylly alamatlaryny edinmek bolsun! Öz ýakynlaryň arasynda iň mertebelileri bolan, seniň gazabyňdan eýmenmän, seniň ýalňyşyňy ýa-da säwligiňi görüp, ol barada saňa ýaşyryn habar berip, seniň ünsüňi şoňa we şol hatanyň hem-de şowsuzlygyň ýüze çykmagyna getiren zatlara ünsüňi çekýänleri barada aýratyn alada et! Şeýle häsiýetli adamlar seniň iň ýakyn dostlaryň we kömekçileriňdir!
Öz köşgüňdäki emeldarlara we dabirlere (kätiplere, hatdatlara) ýiti üns ber! Olaryň her biri üçin seniň ýanyňa resminamalar hem-de buýruklar bilen gelip, öz meseleleri we zerurlyklary, seniň tabynlygyňdaky çäkleriň ýagdaýy hem-de özüniň jogap berýän ugurlary boýunça seniň raýatlaryň hal-ýagdaýy barada saňa habar etmäge günüň dowamynda wagt belle! Şonda-da öz paýhasyňy, gulagyňy we gözüňi onuň saňa habar berýän işlerinde jemle! Onuň dykgatyňa ýetirýän maglumatlaryny gaýtalap diňle we olary hemmetaraplaýyn ölçerip-dök! Eger-de şeýle hereket etmek maksadalaýyk we netijeli bolsa, onda şol işleri berjaý etmegi buýruk ber we Allatagaladan hemaýat dile! Eger-de munuň tersine bolsa, onda şol emeldaryň aýdýanlaryny garşylyklaýyn barla we derňe!
Özüň tarapyndan ýagşylyk edilen hiç kime özüň oňa eden haýyr işiňi (ondan peýda görmek ýa-da hemaýatyň haky üçin peşgeş almak maksady bilen) ýatlatma! Musulmanlaryň işine goldawdan, dogruçyllykdan, wepadarlykdan başga hiç kesden hiç zady kabul etme! Şu şertlerden özge şert bilen hiç kese ýagşylyk etme!
Meniň saňa ýazan şu hatyma düşün! Ony yhlas bilen jikme-jik öwren we hemişe şu hata laýyklykda hereket et! Allatagaladan öz işleriňde saňa goldaw bermegini dile! Hudaýtagala ýagşy ynsanlara medet berýär, senem Onuň hemaýatyny we ugur-ýol görkezmegini dile! Goý seniň iň wajyp işiňem, iň aňrybaşy islegiňem, Allanyň razylygyna we Onuň dininiň mäkämligine, musulmanlaryň güýçli we kuwwatly bolmagyna, olaryň arasynda adalatyň berkarar edilmegine hem-de olaryň abadançylygynyň artmagyna getirmekden ybarat bolsun!
Men bolsa, Biribar Allahymdan saňa ýardam bermegi, dogry ýoluňda saňa gaýrat bagyşlap, seni öz penasynda aman saklamagyny dileýärin! Goý, Ol saňa Özüniň Rahmetini we Şepagatyny ýollasyn hem-de seniň ajap täleýi, baý mülkleri, belent abraýy we şan-şarafaty bilen özüňe mahsuslardan belende göterilmegiň üçin sen babatda Özüniň Rehimini we Sahylygyny doly eçilsin! Goý, Ol seniň duşmanlaryňy we seniň garşyňa pitne turuzýanlary we seni kemsidýänleri ýer bilen ýegsan etsin! Goý, Ol seni öz raýatlaryň abadançylygy bilen sarpalap, seniň işiň, şöhradyň, kuwwatyň belende göterilmegini üpjün edip, seni şeýtandan we onuň albaýlaryndan gorasyn! Bil: Keremli Allatagala her bir ynsana iň ýakyn hem mähremdir we ol mynajata-seždä hemişe ünslüdir!

Taryhçylar, bu hatyň şol döwrüň emeldarlaryna örän ýarandygyny we onuň sowatly adamlaryň arasyna giňden ýaýrandygyny habar berýärler. Arap halypalygynyň Abbasylar hanedanlygyndan bolan hökümdary Al-Mamun bu hat barada eşidenden soňra, ony okapdyr we şeýle diýipdir: “Tahyr ibn Hüseýin, bu dünýä, dine, dolandyryşa, jemgyýetiň pikirini emele getirmeklige, syýasata, döwleti we raýatlaryň hal-ýagdaýyny ösdürmeklige, häkimiýeti gorap saklamaga, halyflara tabyn bolmaklyga we halypalygy goramaga dahylly işleriň hiç birinem ünsden düşürmändir. Özem bu sowallary çözmeklige iňňän akylly-başly çemeleşipdir we olary nädip dogry çözmelidigini öwredipdir”.
Soňra halyf Al-Mamun Tahyr ibn Hüseýiniň bu hatyny göçürmeler bilen köpeldip, döwletiň dürli sebitlerini dolandyrýan emeldarlara, olaryň ony nusgalyk hökmünde ulanmaklary we şonuň esasynda hereket etmekleri üçin ýollamagy höküm edipdir.


Çeşmesi: http://www.vostlit.info/Texts/Dokumenty/M.Asien/IX/Poslanie_Abdallachu_Tachira/text.htm. 14.10.2020ý.

Terjimesi häzirki döwrüň diline has ýakyn getirmek maksady bilen biraz üýtgedilip alyndy.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 27 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: