23:02
Iñ soñky gaýrat
IÑ SOÑKY GAÝRAT...

Iñ soñky gaýrat...
Bu söz - Mustapa Kemalyñ sözi.
Ol şu söz bilen milli azat-edijilik göreşiniñ ähli many-mazmunyny açyp berdi.
“Uçurumyñ gyrasynda durus. Bizi diriligine mazara atmak isleýärler. Iñ soñky gaýrat belkäm bizi halas eder. Anadola geçýäris" diýdi.

* * *

On iki ýyllap üstünde işledim. Iki ýylda ýazyp gutardym. Men muny milli azat-edijilik göreşiniñ gahrymanlarynyñ ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazdym.
Edebiýat mugallymy Mustapa Nejatini, boýnuna daş baglanyp Kordondan deñize oklanan Şükri beýi, köşgüñ melikesidigine garamazdan "Kuwaýy Milliýäniñ" ("Milli Azat-edijilik opolçeniýesi") hasabyna jansyzlyk eden Mewhibäni, asly italýan osmanly paşasy (generaly) Luiginiñ watansöýüjiligini, erkekler gorkudan ýaña saññyldap stoluñ aşagynda bukulýan wagty ýüregini bire baglap öñe atylan Münewwer Saimäni, Şükufe Nihaly, Haýriýe Melegi, Sahabat Filmeri, kesilen kellesi syryga dakylyp köçelerde aýlanan Karaosmanogly Halidi, ilkinji deñiz-goranyş müfrezesi "Ýigit ordasyny", grek baýdagyny asan ýobazlary obanyñ ortasyndaky meýdanda asan Bekir Samini, harby gullukdan gaçyp ýörkä milisiýa otrýadyny döredip serkerdelok eden, adyna namalar düzülen türkmen Ýörük Aly epäni, epe adyny alan ilkinji zenan Çete Aýşany, Zeýbek Şerifäni, legendar Çakyrjalynyñ ýanynda ýetişen Gökçen epäni, afro-türk mawro Aly epäni, mors elipbiýi bilen taryh ýazan Manastyrly Hamdini, gury ýerde duran ýerinden suwasty gämini uran Müstejip onbaşyny, garagözli gözi gara Patmany, naýynsap şeýhulyslamlar ölüm fetwalaryny ýazýarka, baryp-ha alys Liwiýada dadymyza ýetişen mujahyt Ahmet Sunusyny, Mustapa Kemal bilen bile garşysyna ölüm permany çykarylan Alfred Rüstem Bilinskini, milli azat-edijilik göreşiniñ ilkinji we ýeke-täk deñiz şehidi Rejep kahýany, milli azat-edijilik göreşiniñ ilkinji şehidi uçarman Ahmet Fethini, azatlygyñ alawyny tutaşdyran çakmakçy Seýidi, öz janyña kast etme ýaly agyr tabşyrygy boýun alyp özüni partladan Ýusup çawuşy, Stambulda utanman-uýalman "Iñlis dostlary" ("İngiliz Muhipleri Cemiyeti") jemgyýeti döredilende biziñ bilen egin-egne berip söweşmäge gelen yrakly arap taýpa serdary Ujeými Sadun paşany, arslanlar arslany topgapyly jambaz Mehmedi, "Özbekler" tekgesini, "Ne mutly Türk men" diýenleriñ wujut görnüşine gelen zenji Musany, alawy-bekdaşy dergähiniñ Şagulysyny, Izmir Kemeraltynyñ simwoly benzinçi kör hapyzy, alysdaky Günorta Afrika, şeýtanyñ adasy hasaplanýan fransuz Gwineýasyna sürgün edilen "türk kebelek" Jemil polisiýany, "ýaragyñ bolmasa ýerden üç daş alyp, duşmana zyñmalysyñ" diýen Denizli müftüsi Ahmet Hulusi ependini, frontdaş erkek ýoldaşlaryny halas etjek bolup şehit bolan paraşýutçy Rahmiýäni, dag başynda laboratoriýa guryp waksina we serum (сыворотка крови) öndüren Zekai Muammeri, Laz gorag gwardiýasynyñ milisiýasynyñ podpolkownigi Topal Osmany, relslerden gylyç ýasadan polkownik Behići, "Kuwaýy Milliýäniñ" mehter ansambl toparyny, Türkiýe taryhynda ilkinji bolup "İstiklal" medalyny alan on iki ýaşlyja gyzjagaz Nezahaty, "İstiklal" medalyna mynasyp bolan ýeke-täk daşary ýurtly Hans Tröbsty, Hezreti Hamzanyñ (r.a) güýç-kuwwatyndan we gaýduwsyzlygyndan ylham alan "Hamza" toparyny, Iñlis Kemaly, Gäwür Mömini, on ýaşly çagajykka şehit düşen Ysmaýyly, ýañy on üç ýaşanda gazy bolmak bagtyna ýeten Osman, Tewfik we Jemal dagylary, "mukaddes amanatlary" Stambula getiren Fahreddin paşany, özüni intelligensiýanyñ wekilleri hasaplaýanlar Stambulda saññyldap durka Anadola geçen şahyr Mehmet Emin Ýurdakuly, Ýusup Akçurany, Samih Rifaty, uruş gidip durka Ankarada Şekspiriñ pýesalaryny sahnalaşdyran Otello Kamili, Inebolunyñ üstünden gelip Mustapa Kemal bilen tanyşan Nazym Hikmeti, feminist Müfide Feridi, TBMM-niñ binasyna giren ilkinji zenan Berta Gaulýusy, "İstiklal" medalyna mynasyp bolan ermeni ildeşimiz Arman Pandikýany, patyşanyñ doglan güni bellenip durka depin edilen Gördesli Makbuläni, dünýäniñ ilkinji garaýagyz uçarmany asly nigeriýaly afro-türk Ahmet Alyny, kakabaş Nafyz Kotany, Mustapa Kemalyñ atalygy Ysmaýyp Fazyl paşany, Kazym Karabekiriñ "Gürbüz Çocuklar" goşun bölümini, ýigrimi ýerinden ok we oskolok ýaralaryny alyp gazylyk rekordyna ýeten Kemaleddin Sami paşany, iñ soñky şehitlerimiz Akşehirli Mehmet, Antalýaly Hakky, Newşehirli Ahmeti we ýene nijemeleri...
Eger häzir bu topraklarda azat adamlar bolup ýaşaýan bolsak, etniki düzümimiz, dinimiz bilen bar bolýan bolsak, onda munuñ üçin eziz ruhlarynyñ öñünde borçly bolan gahrymanlarymyzy asla unutmalyñ, olary hemişe hormat bilen, rahmet bilen, minnetdarlyk bilen ýatlalyñ diýip ýazdym.

* * *

Watan dönüklerini-de ýatdan çykarmañ diýip ýazdym.
Kambur Izzeti, sarykly kazy Seýit mollany, "Orient Ekspres" otlusynda gaçyp giden köreken Feridi, "göwsümde iman, başymda Kuran" diýen iñlis ýallakçysy Anzawury, baýlygyny hyýanata harçlan Agop Hyrlakýany, "grek goşuny - halyfyñ goşunydyr" diýen müfti Ömer Feýzini, häsiýeti lakamy bolan nemrut Mustapany, Pontusyñ maliýe hemaýatkäri giresunly hoz täjiri Konstantinidesi we ýene nije-nijeleri unutmañ diýip ýazdym.
Gara Jambony, tekge gurup özüni tarykat şeýhi yglan eden kontrrazwedçik Jon Benneti, 'Kuwaýy Milliýä" garşy göreşen hakyky Jeýms Bondy, Azat-edijilik urşunda Stambulda amerikan ilçihanasynda işlän we 1953-nji ýylda MRU-nyñ (CIA) başlygy bolan Allen Dallesi, onuñ ölýänçä Stambulda ýaşan oýnaşy Bettini, terrorçy Sogomon Tehlirýany, hakynatutma ganhor Mustapa Sagyry...
Ganymyzy içmek islän Kalafatisi, Beýoglundaky buthanany ştab deregne ulanan monah Frewi, "Monte Karloda" humarhanalary bolan Basil Zaharoffy, "çöl melikesi" Gertrude Belliñ şägirdi maýor Noeli, Massaçusetsde tälim berlip Siwasa ýollanan Meri Luis Graffamy, Elazigde doglan Anni Alleni, ýurt basylyp alynanda undulyp AKP döwründe türk bankyny satyn almagyna göz ýumulan "National Bank of Greece"-äni...
Ýaşlarymyz öwrensinler, bilsinler diýip ýazdym.
Tirannozawry ilkinji bolup tapan kişi we dünýäniñ meşhur dinozawr awçysy Barnum Braunyñ näme üçin Ankara gelip hut Mustapa Kemalyñ özi bilen duşuşmak isländigini, Çerkez Ethem bilen "Golliwudyñ" ýyldyzy Audreý Hepburnyñ gyzyklanmasyny, dünýäniñ iñ şöhratly biznes-magnaty Aristotel Onassisiñ Makbule ady bilen ulaldylan gyza bolan garyndaşlygyny, grek koroly Aleksandrosy öldürip Konstantiniñ tagta çykmagyny üpjüne eden maýmyn Moritsi, zarba urujy goşun bölümleriniñ serkerdesi şazada Andreanyñ aslynda kimiñ gaýynatasydygyny, grek başkomanduýuşisiniñ Battal Gazyny näme üçin özüne nusgalyk şahs hasaplandygyny, Nobel baýragynyñ eýesi we iñlis şahyry Redýard Kiplingiñ grek kontrrazwedkasynyñ hasabyna içalyçylyk edişini, Aýasofýa bilen Filadelfiýanyñ ilteşigini, "Ýolbars ýürekli" Riçard bilen Izmiriñ dahylyny, flotiliýa serkerdesikä Bosfordaky şäher portunyñ ýolagçy gämilerinde kapitanlyk etmäge başlan rus admiralyny, dünýäniñ iñ meşhur "Smirnoff" aragynyñ milli azat-edijilik göreşi döwründe oýnan roluny, ABŞ-da gul bolup ýörkä ýurdumyz basylyp alynamda Stambulyñ gijeki durmuşynda yz goýan Frederik Brýus Tomasy, Ineboluda watanperwer gyzlarymyz Nilüferdir Feridäniñ başdan geçirmelerini esere salan iñlis zenan ýazyjysy Enn Briji, hem basybalyjy ofiserleriñ hemem "Kuwaýy Milliýeçileriñ" düşlän otelini ýöreden awstriýaly madam Tadiýany, türk halkynyñ şirin janyny orta goýup azatlyk ugrunda aldym-berdimli göreşe giren wagty aýlyklary köpeldilen soltan Abdylhamyt II-niñ Peýweste, Patma, Behije we Najiýe hanymlary...
Alysdaky Mýanmarda galan türk ýesirlerini, Demirgazyk Buzly ummanyndaky konsagerlerde ýer edil beton ýaly buzlar gaplap alansoñ, aradan çykanda ammarda goýulan we dine ýaz çykanda jaýlanan juwan ýigitlerimizi, Sibirden gaçan we ýer togalagynyñ daşyndan bir gezek aýlanyp Stambula gelen, soñam milli azat-edijilik göreşine goşulan Ihsan Latif paşany, Sibir melegi Elza Brendstrýomy, Wladiwostokdan bäri gämide getiren türk ýesirlerini birnäçe aýlap grek goşunyna bermedik ýapon serkerdesi kapitan Çomorany...
Sowet ilçisiniñem bilmeýän Akşehirdäki rus obasyny, "Kuwaýy Milliýe" bilen "Coca Cola"-nyñ arasyndaky jetleşigi, haýsy şäherlerimizde iñlislere "nebit gözlemäge" rugsat berlendigini, azat-edijilik urşunuñ jümmüşinde bolup geçen ýedi ballyk Soma ýer titremesini, koronawirus ýokanjy ýaly bütin dünýäni aldym-berdime salan "ispan dümewiniñ" Osmanlynyñ ykbalyny nädip üýtgedendigini, hemem eeni deportasiýasyndan söz açýarkalar öz watanymyzda nähili gyrgynçylyga uçrandygymyzy...
Depe saçyñyzy üýşendirip okañ diýip ýazdym.
Greklere ýesir düşen 22 müñ türk ýesiriñ başyndan geçiren horluklaryny, bugün türk raýatlarynyñ turist bolup gitmäge höwes edýän grek adalaryndaky ýesirhanalarda bolup geçen tragediýalary, grek adasynda ýesir boýunturugynyñ astynda dünýä inen we adyna Ada dakylan gyzjagazymyzyñ başyndan geçirenlerini...
Siziñ nädip okajagyñyzy bilemok welin, men aglaý-aglaý ýazdym.
Açlykdan pişik iýmäge mejbur bolnan Antepi, Maraşy, Urfany, Adanany, iki ýaşlyja balajyklarymyzyñ süngüleriñ (штык нож - naýza pyçak) ujuna sanjylyp aýlanan ýeri Aýdyny, on ýaşlyja gyzjagazlarymyzyñ namysyna deglen obalarymyzy, bäbejiklerini emdirmesin diýip mämeleriniñ ujy kesilen aýallarymyzy, metjide gabalyp diriligine ýakylan we metjidiñ penjirelerindäki demir gözeneklere barmaklary ýapyşyp galan çagajyklarymyzy, şehitlerimiziñ üstüne meýdan edilen Çanakkalemizi, nejasatly lagymlara atylan Kurany-Kerimiñ sahypalaryny, arkamyzdan pyçaklan Çapanogly, Koçgiri, Konýa gozgalañlaryny, wizantiýa tekfurynyñ gyzy bolsa-da Orhan Gazy Türkmene durmuşa çykyp Nilüfer adyny alan Holiferanyñ guburyna atylan dinamitleri... Aklyña-oýuña sygmajak zorluk-sütemleri, zulumy ýazdym.
Hasan Tahsiniñ ýagty ýadygärligine bagyşladym.
Sözbaşysyny jana-jan agam, hormatly kärdeşim Ugur Dündar ýazdy.
Gadyrdan dostum Salih Ýawuzyñ eýeçilik edýän "Sia Kitap" neşirýatynda çap edildi.
Aslynda 400 müñ ekzemlýarda çap etmegi makul bilipdik. Birinji satuwda görlüp-eşdilmedik rekorda netije gazandyk, ýene 430 müñ ekzemplýar nusgada zakaz geldi. Satuwa çykmanka duw-dagyn etdiler. Satuwa çykarmanka ikinji neşire başladyk, şindi 500 müñ ekzemlýar bilen satuwa çykdyk.
Şonça töhmetlere, şonça myjabatlara, şonça guramaçylykly linç kampaniýalaryna garamazdan maña we ýazýanlaryma şeýdip hossar çykan, heniz neşire goýberilmänkä rekord gazandyran gadyrdan okyjylaryma ak ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.
Otuz sekiz ýyllyk žurnalistlik tejribämi orta goýup ýazan kitabymy okap çykanyñyzdan soñ, "milli-azat edijilik göreşini häzire çenli şular ýaly täsirli görnüşde beýan edilen başga kitaby okamandyk" diýjegiñize arkaýyn kepil geçip bilerin.
On iki ýyllap üstünde işledim.
Eliñizden goýman "on iki sagatda okap gutaraýsam" diýen duýgyda dagy okaýsañyz, zähmetimiñ ýerine düşdügi bolardy we özümi bagtly saýardym.

"Iñ soñky gaýrat" (‘SON CÜRET’) kitabyny okamak üçin internet düwmesine basyñ.

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 11.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 72 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gurgencli   [Материал]
Howwa şol mende-de açylanok. Kyn görmeseň şol blogy gaýtadan goýaýda dost!

0
1 Dunya   [Материал]
Guwanç agam, şu blogyň aşagyndaky:
2015-nji ÝYLYÑ 10-njy OKTÝABR PAJYGASY 
atly açan mowzugyňyz doly açylanoga

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: