00:06
2015-nji ýylyñ 10-njy oktýabr pajygasy
2015-nji ÝYLYÑ 10-njy OKTÝABR PAJYGASY

Söýgüli okyjylarym, agzaljak bolunýan pajygaly wakadan az salym öñ "Çeşmede" gezim edip ýördüm.
Gaýdamda Izmire geldim...
Bäş ýyldyzly otelde ýene üç günläp ýatdym...
Çeşmede we Izmirde dost-ýarlam we maşgalam bardy.
Her biri elime bir topar sowgat gysdyrdy. Ýanymdaky çemodanlara sygmansoñ, bazara gidip, ýene bir çemodan satyn almaly boldum.
Şindi elimde üç çemodan we bir eşikasgyç - jemi dört sany agyr ýük bardy.
Bolany gowudyr welin, men bulary Ankara çenli nädip äkiderkäm!
Otlydan küpä petek almagy makul bildim. Küpe bir ýere gideñde, hem-ä arkaýyn dynç alyp gitmäge gowy, hemem ýüküñi äkitmäge amatly.
9-njy oktýabr güni "Alsanjak" bekedinden münmek kyn düşmedi. Prowodnikler çemodanlarymy göterşip, wagonyma ýerleşdirdiler.
Hezil ýolagçylyk indi başlapdy.
Ankara baransoñam, elimde ýük göterjek gümanym ýokdy.
Otly duralgasynda hakynatutma ýükçiler hatara durup garaşýardylar.
Çemodanlarymyzy alyp, awtoduralganyñ öñünde müşderilerine garaşyp duran taksilere ýüklemek olaryñ işidi.
Dañ atdy. Ankara golaýlanymyzda käbir beketlerde otly durmalysyndan artygrak durdy.
Prowodnik ýanymyza geldi:
"Ankara barýançak biraz gijä galmaly bolaýmasak... Bekediñ golaýragynda bir ýerde bomba partlapdyr öýdýän..."
Bolmanda-da Izmir-Ankara aralygyna gatnaýan otlynyñ gijä galman öz wagtynda Ankara barýan wagty ýok ahwetin...
Ahyryn Ankara hem gelip ýetdik.
Meñ her gelşimde bolşy ýaly, küpe wagonlaryñ agzyna heşerlenşip duran hammallara garaşdym, emma adam-gara ýok!
Prowodnik kömekleşdi, ýükümi wagondan düşürişdi.
A mundan soñ bu agyr ýükümi nädip äkiderkäm!..
Ýeri bolýa-la, duralganyñ alkymynda garaşyp duran taksileriñ birine münerin!
Elem-tas bolup ýükümi daşadym. Zordan diýen ýaly duralganyñ agzyna ýetdim.
Geñ galaýmaly, bir taksi-de ýokdy...
Emma garşyma dem salymda çykan manzara eýmendirijidi.
Zyñlyp ýatan jesetler...
Köpüsi bölek-bölek bolupdyr.
Daş-töwerek gana boýalypdyr.
Adamlar dady-perýatda...
Bu näme boldugy?.. Bärde näme bolduka, biler ýaly däl.
Geçip barýan birinden soradym, gysgajyk "bombalar ýaryldy" diýdiler.
Bular ýaly howsalaly ýagdaýda mundan artyk söz aýtmak mümkinem däldi.
Ýagdaý şeýle bolsa, ýolagçylar duralgada düşensoñ näme üçin bu barada hiç kim duýduranok? Diýmek, otly wagtynda gelse, käbir ýolagçylar hem ölse ölübermeli eken-dä.
Binada ýekeje polisiýa işgärine gözüm düşenokdy.
Bölek-bölek bolup ýatan aýal-erkek jesetlerini we olaryñ başynda dady-perýat edip oturanlary görüp dünýäm düñderildi.
Polisiýa işgärleri aglaşyp, perýat edişip oturanlary kowalaýardy, olaryñ sesini kesjek bolýardy.
Ortalyk ylla magşar güni ýalydy...
Barça zat eýmendirijidi we men muña elinden hiç zat gelmeýän nalajedeýin bir tomaşaçydym.
Jesetlere kän golaýlaşmadym, çünki hem-ä ol gana bulaşyp ýatan bendeleri ýakyndan görmäge döz gelip bilmezdim, hemem elimdäki agyr ýüki goýara ýer ýokdy.
Aýdýan-a, ol ýerde meniñ näme bolandygyny bilmän galan heläkçilik bolup geçipdi.
10-njy oktýabr pajygasynyñ sebäpleri soñundan orta çykdy.
Şol gün irden Ankarada zähmetkeşleriñ parahatçylyk we demokratiýa mitingi geçirilmeli ekeni.
Mitingi käbir raýat jemgyýetçilik guramalary gurnaýarmyş. Oña gatnaşjaklaryñ bir bölegi duralganyñ binasynda duşuşandan soñ mitingiñ geçiriljek Syhhyýe raýonyna geçmeli eken.
Ine, edil şol wagtam köpçüligiñ orra-ortasynsa yzly-yzyna iki bomba partlaýar.
Bir ýüz üç sany bigünä adam wepat bolýar, üstesine ýüzlerçe ýaraly...
Partlamalary amala aşyran iki "janly bomba" bolsa YŞYÑ-iñ militanlary eken.
YŞYD (Yrak-Şam Yslam döwleti) - yslamçy terroristik banda.
Biziñkiler soñra "yslam döwleti" sözünden bimaza boldular, YŞYD-y DEAŞ etdiler. Bolman näme, yslam bilen terror sözi bir ýerde tutulyp bilmez ahwetin. Aglajakmy, güljekmi!..
Soñky habarlary mediýadan yzarladyk... Prokuratura otuz alty kişiniñ garşysyna derñew işini gozgady. Militanlaryñ käbiri ele salnyp, jogapkärçilige çekildi, güýçlendirilen türme jezasyny aldy.
Käbirleri, teraktyñ düýp sebäpkärleri bolsa häzirem gözlenýär.
Bombalar 10-njy oktýabr güni sagat 10:04-de partlapdyr.
Biz Ankara baryp, otludan düşenimizde sagat 10:40 töweregidi...
Otlynyñ ýüzlerçe ýolagçysy (çagalar hem bar) iñ ownuk gorag-ätiýaçlandyryş çäresi alynmazdan duralganyñ binasyndan hiç zat bolmadyk ýaly goýberilipdir we ol ganly sahnanyñ ortasyna iterilipdir.
Ölen ýüz üç kişä we olaryñ hossarlaryna Allatagala rehmet etsin, partlamada golundan, aýagyndan, gözlerinden jyda düşen ildeşlerimize çäksiz sabyr-kanagat bersin.
(Öýe nädip ýetendirin öýdýärsiñiz: agyr ýükümi süýräp zordan Tandogan ploşadyna çenli ýöredim we şol ýerde ilkinji öñüme çykan taksä münüp gitdim.)

Emin ÇÖLAŞAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 11.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 90 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: