22:31
Žurnalistikanyñ ýyldyzy: Müýesser...
ŽURNALISTIKANYÑ ÝYLDYZY: MÜÝESSER...

Kamil Ýazgyç ömrüniñ elli ýylyny žurnalistlige bagyş eden kakasy Ahmet Mithatdan (1844-1912) žurnalistika baradaky pikirini sorapdyr. Ol şu jogaby alypdyr:
"Žurnalistlik haýsy tarapdan seredeñ-de iññän howply we islendik ýerde başyña bela getirip bilýän kärdir. Bu kärde rowaçlyga ýetmek üçin çäksiz ukyp-başarnyk, çäksiz güýç, ummasyz pul, çaksyz batyrgaýlyk, çaksyz sabyr-kanagat, çaksyz sowatly bolmak gerek..."
Osmanly metbugat taryhynyñ iñ uzyn ömürli we iñ täsirli neşiri bolan "Tercüman-ı Hakikat" ("Hakykatyñ terjimeçisi") gazetiniñ hojaýyny Ahmet Mithat "žurnalistikada belli-başly üstünligiñ syrlarynyñ biri-de - ownukly-irili diýmän, hiç bir maglumatyñ deñesinden geçmezlikdigini" aýdyp, ogluna başyndan geçiren bir wakasyny gürrüñ berýär:
" - Yzyma bir polisiýa işgärini tirkäpdiler. Onuñ etmeli işi - gije-gündiz meni yzarlamak, hereketimi gözden salmazlykdy. (...) Bir gije ýatyrkam kelläme bir pikir geldi we öz-özüme: "Eý, Mithat, sen ýaly akmak adam barmyka beri. Bu adamyñ elinde bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak seniñ üçin sypdyrmasyz we iñ gowy mümkinçilik ahwetin. Ýanyña çagyrsañ, oturyp gürleşseñ, dil tapyşsañ näder?" diýdim.
Bulary añymda aýlap durkam, garbanyşhanalaryñ birinde iýip-içip otyrdym. Yzyma tirkelen işgädem hemişekisi ýaly bir gözüni bärden aýyrman, köçede köw-söw edip ýördi. Garsony çagyryp ýañkyny görkezdim: "Git, şo durana aýt, gelsin bäri, oñ bilen gürrüñim bar". Az salymdan ýañky işgär garşymda dikildi..."
Ahmet Mithat ýañky işgäre şeýle teklip edýär:

IŞGÄRE EDILEN TEKLIP

“ - Nahar getirtjek boldum. Dokdugyny, biraz öñräk naharlanandygyny aýtdy. Ony garaşdyryp durman söze başladym:
- Gardaşym. Saña meni yzarlama ýumşunyñ berlendigini bilmän duramok. Meniñ muña diýjek sözümem ýok. Döwlet menden esasly ýa-da esassyz - şübhelenip biler. Sen öz başlyklaryñ berýän buýruklaryny ýerine ýetiräýmeli, bu seniñ gulluk borjuña girýär. Sen öz işiñi etmäge dowam ediber: meni yzarla, bu boýunça habarnamalaryñy ýaz. Emma meniñ senden seniñ bu gulluk borjuña hiç hili dahyly bolmadyk başga bir haýyşym bar…”
Ahmet Mithat işgäre şeýle teklip edýär:

“ - Sen gulluk wezipäñe girýändigi üçin ir-agşam Zaptiýe nezaretine (Polisiýa edarasyna) girip çykýarsyñ. Özem sen şäherde nämeleriñ bolup geçýändiginden hemmelerden öñ habardar bolýanlaryñ biri. Sen edarañda eşiden her dürli jenaýatlar, ogurlyk-talañçylyklar, adam ýaralamalar ýaly wakalary maña gyzgyny bilen ýetirip bilmezmiñ? (…) Bende şol günüñ ir ertirinden başlap maña habar gatnatmaga başlady. Şeýlelikde, şäheriñ ähli kriminal wakalary gyzgyny bilen meniñ elime gelýärdi we gazetimde çykýardy. (…)
Şundan hem görlüşi ýaly, žurnalistlik kärinde žurnalisti üstünlige ýetirjek iñ gymmatly baýlyklaryñ biri-de hut şular ýaly göze kaklyşmaýan ownuk-uşak mümkinçiliklerdir…”
Ahmet Mithatyñ sözlerini mysal getirmegimiñ gürrüñsiz bir sebäbi bar:

ZYÝANLY ESER

Kamil Ýazgyjyñ ýazan "Kakam - Ahmet Mithat ependi" kitabyny okanymda türmedäki žurnalist Müýesser Ýyldyz ýadyma düşdi.
Şeýle pikir etdim: Müýesser Ýyldyzyñ "etmişini" osmanlydan tä biziñ günlerimize çenli etmedik žurnalist barmyka?
Aýyplawnamany okadym, haýran galdym. Ähli galamdaşlaryma, kärdeşlerime seslenýärin: Harby gullukçy, polisiýa, prokuratura, sud we döwletiñ beýleki strukturalarynda işleýänleriñ hiç biri bilen gürleşmäñ! Bolmanda-da gürleşeniñizi ýazanyñyzyñ-ýazmanyñyzyñ haýry barmy, indi gürleşmek jenaýat hasap edilýär! Garşyñyza "döwletiñ gizliñ saklanmaga degişli maglumatlaryny aýan etmek" günäsi ýöñkelip iş gozgalyp bilner.
Aýyplawnamada Müýesser Ýyldyza jañ eden master-seržant (başçawuş) bar. Müýesseri ýakyndan tanaýanlar bilýändir, mylakatlydyr, nähak ýere hiç kimiñ göwnüne degen ýeri ýok.
Galyberse-de...
Master-seržant on iki ýyllap ruhy taýdan näsag biri bolanam bolsa...
Master-seržant Kasympaşa harby gospitalynda ýatymlaýyn psihatriýa bejergisini alanam bolsa...
Master-seržant iki ýarym ýyl bäri ruhy taýdan näsaglar jenaýat edende berilýän "Lithuril" atly dermany içýänem bolsa…
Master-seržantyñ bütin bu aýdanlaryny Müýesser Ýyldyz gazete çykardymy? Ýok.
Müýesseriñ habarlary açyk çeşmelerde berilýän maglumatlardan taýýarlanýan habarlar. Onsoñam onuñ Odatv-de ýazan makalalaryny okamak gadagan edilenok.
Eýse, aýyplawnamadaky gizlin maglumatlar nämemiş: FETÖ sud mejlislerinde aýdylan zatlar!
Geñirgenip oturmañ…
Düýnden şu güne hiç zat üýtgemedi: güýji eline geçiren ýa žurnalistiñ yzyna adam salýar, ýa-da žurnalisti zyndana atdyrýar!
Şuny mysal getireýin:
Ahmet Mithat gazetinde Namyk Kemalyñ "Watan Silistre" eserine öwgüli sözleri aýdandygy üçin Rodos adasyna sürgüne ugradyldy. Watan söýgüsini beýan edýän negözel eseri köşk zyýanly hasaplapdy! Müýesseriñ aýyplawnamasy şundan üýtgeşikdir öýdýäñizmi? Heý bu tötänlikleriñ soñy gelmeli dälmi?
Näme edibilýän bolsalar edibersinler:
Namyk Kemal, Ahmet Mithat ýalylaryñ ýolundan batyrgaýlyk bilen ýörän žurnalist Müýesser Ýyldyz, barybir, zyndanyñ galyñ diwarlaryny ýykyp, "Watan - Türkiýe!" diýmäge dowam etjekdigi äşgär hakykat..

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 09.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 45 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: