19:31
Gaýnene jan gaýnene / gaýneneli henekler
UMYT

Bir adam gaýnenesi bilen ýewropa syýahatyna gitmekçi bolýar. Dosty soraýar:
— Sen mydama "gaýnenem erbet" diýip zeýrenip ýöreňokdiňmi? Indi bolsa ýewropa syýahatyna gidýärsiňiz?
Dosty uludan dem alyp:
— Wah, nädeýin dostum. Ol tiz-tizden "Ýewropany görkezmän Allah janymy almasyn" diýýär… Meňki ýönekeýje bir umytda…

BEREKETLI TOPRAK

Iki dost gürleşýär:
— Bäriň topragy şeýlebir bereketlidir welin, niresine näme ekseň bire otuz edip berer.
— Waý, jan dostum, dur, sesiňi çykarma! Dek düýnkide şu ýere gaýnenemi gömdük…

ZÄHERLI KÖMELEK

Hatyn lukmana baryp:
— Haýyş ärimiň derdine bir derman tapyň— diýdi.
— Äriňe näme boldy?
— Özüni zäherli kömelek diýip oýlaýar we ejeme dynuwsyz "bol çalt iý meni" diýýär…

HOWPLY IŞ

Bir adam gaýnenesini bäşinji gatdan aşak zyňandygy üçin sud edilýär. Sudiýa şaýatlary diňlänsoň, günäkärlenýäne:
— Diýmek, gaýneneňe juda gaharlananyň üçin tutaketdirin penjireden zyňdyň, şeýlemi? Emma, muň nähili howply işdigini hiç oýlamadyňmy? Birden şo mahal köçeden biri geçip barýan bolsa näme bolardy?

SYLAG

Zoparkda iki ýolbars gürleşýär:
— Şol adam nämüçin saňa her hepde et getirip berýär?
— Unutduňmy? Geçen ýyl kapasdan gaçyp gaýnenesini iýipdima…

ŞIRIN SÖZ

Hatyn ärine zeýrenýär:
— Töräm, durmuş guranymyz bäri meň agaýyn-garyndaşlarym hakynda ýekejede şirin söz aýtmadyň. Diňe seňkiler gowy, meňkiler ýaman…
— Öýkeleme guşjagazym. Çynyň bilen isleýän bolsaň aýdaýyn: Seň gaýneneňi özümi söýüşim ýaly söýýän… A öz gaýnenemi bolsa dünýädäki iň erbet adam diýip hasaplaýan. Meň gaýnenem, seň gaýneneň dyrnagyçada ýok.

SÖZLÜK

Bazardan gelen hatyn ärine:
— Seret töräm, bu gün alan sözlügimde ýigirmi müň söz bar eken…
Gaýnenesiniň dilinden ozalam ýanyp ýören adam:
— Şuny kime görkezseňem, ejeňe bir görkezäýme, ýogsa bujagaz saçymdanam nam-nyşan galmaz.

DERT

Iki dostuň gürrüňi:
— Gaýnenem bilen iki hepdeden bäri gürleşemok.
— Hä, näme boldy, öýkeleşdiňizmi?
— Ýok, ýöne oň gepini bölmek islämokda…

HOWP

Bir adam tejribeli, meşhur ýuristden soraýar:
— Juda bilesim gelýär, adam iki heleýli bolsa nähili howp bilen garşylaşar?
— Iki gaýneneli bolmak howpy bilen…

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

#Bellik: Degişmeleriň käbiri asyl nusgasyndan üýtgedilip alyndy.
"1000 fikra" kitapdan alyndy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 156 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Gurgencli   [Материал]
@Serdar aga, bellikleriňiz üçin köp sagboluň Allaýalkasyn. Indi bolsa teswiriňizde bir sorag ýazypsyňyz şony jogaplasam: Agaýyn sözi sözlükde barmy ýokmy ony hä bilmedim emma Ýomut şiwesinde bu söz giňden ulanylýar (esasan agaýyn-garyndaş görnüşde). Bu söz biziň şiwä Özbek dilinden geçen bolmagy mümkin. Agaýyn sözi Özbek dilinde "Ogayni" görnüşde bar, Özbekçede dost-ýar diýen manyny aňladýar. Biziň şiwede başga manyny aňladýan bolmaly, emma aňladýan manysyny dürs düşündirip bilmek üçinem dilçi alym bolmalyda:)

0
3 Bagabat   [Материал]
"Ýene-de bir pent, magtanmak däl, sargyt däl...":-)
Käbir orfografiki ýalňyşlyklar: biggrin
"gaýnenem" - "gaýynenem";
"ýöreňokdiňmi" - "ýöreňokdyňmy";
"umytda" - "umyt-da";
"düýnkide" - bu ýerde sözlemiň manysyna görä "düýnjügem" diýen söz ulanylsa dogry gelşerdi; biggrin
Ýene-de "gaýnenem" bolmalysy "gaýynenem";
"Haýyş ärimiň derdine bir derman tapyň" - Dürs ýazsaň, şeýle bolýar: "Haýyş, ärimiň derdine bir derman tapyň!";
"Özüni zäherli kömelek diýip oýlaýar" - "Özüni zäherli kömelek diýip hasaplaýar";
"sud edilýär" - "işi kazyýetde seljerilýär";
"Sudiýa" - "Kazy";
"günäkärlenýäne" - "işi kazyýetde seljerilýäne" ýa-da "işi seljerilýäne";
"Zoparkda" - bolmalysy "Zooparkda", dogrusy "haýwanat bagynda";
"kapasdan" - "kapasadan";
"iýipdima" - "iýipdim";
"agaýyn-garyndaşlarym"? Belki bolmalysy "aga-ini, garyndaşlarym"-dyr? Men-ä dogrusy "agaýyn" diýen sözi ilkinji gezek okadym?!
"ýekejede" - "ýekeje-de";
"söýüşim" - "söýşüm";
"dyrnagyçada" - "dyrnagyça-da";
"ýigirmi" - "ýigrimi";
"islämokda" - " islämok-da";
"ýuristden" - "hukukçydan";
"nähili howp bilen garşylaşar" - "nähili howpa sezewar bolar" diýen görnüşde ýazylsa gelişmezmikä?!

0
2 Gurgencli   [Материал]
Köp köp sagbol Dünýä gözeli. smile

0
1 Dunya   [Материал]
Heý toba...
Ekem öňkiňden ökdeläpsiňä, gyzyklyja bolupdyr smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: