21:54
"Menziliñ" asyl roly
"MENZILIÑ" ASYL ROLY

Pikirlenmek - pikiriñi başgalara beýan edip bimek bilen netijelenýän proses...
Nädip pikirlenip bolýandygynyñ ýoly-usuly öwredilmeýär; filosofiýa dersi okuw jaýlarymyzdan kowuldy! Munuñ netijesinde ýurdumyzda mantyga esaslanýan sistematiki düşünje terzinden nam-nyşan galmady, içgin seljerme geçirip bilemzok. Wakalara, meselelere biri-birine dahylsyz baha berýäris, arasynda sebäp we netije baglanyşygynyñ bardygyna akyl ýetirmekden ejiz gelýäris.
Meselem:
ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dewd Satterfield türk döwlet hassahanalarynyñ amerikan derman öndüriji şereketlerine 2,3 milliard dollar bergisiniñ bardygyny aýdýar.
Ilçi Satterfield ABŞ-nyñ Söwda ministri Wilbur Rossuñ bu barada geçen ýyl Prezident Erdogana, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýraga ýatladandygyny, olaryñ bar bolan bergini wagtynda üzlüşjekdikleri barada aýdyp, özlerini ynandyrandyklaryny aýtdy.
Ilçiniñ bu sözleriniñ üstünde pikir alyşan bolmady, berginiñ sebäpleri barada-da hiç hili dil ýarylmady.
Ýeri, biz munuñ ýerine nämäniñ üstünde durduk?
GATA-GEAH-yñ baş lukmanynyñ kömekçisi Aly Edizer!
Onuñ respublikamyzyñ önümi bolan Medeni kanunymyza garşy çykyp, köp aýallylygy mazamlandygyny, ýa-da osmanly erkeklerine ýerli arap eşiginiñ ýerine jalbar geýmegi ýola goýandygy üçin Soltan Mahmyt II-ni ýazgarandygyny bilýänsiñiz.
Reanimasiýada ýatan öñki premýer-ministrimiz hakynda "Edil häzir "Ymam Hatypda" okan öli ýuwýançymyzyñ bir gysym pagta bilen Mesut Ýylmaza sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny-da aýdaýyn" diýen gödek sözleriniñ üstünde Türkiýe näçe gün bäri gowur turuzýar.
Bu iki waka bir-birine baglanyşyklymy? Hawa...

WikiLeaks hakykatlary

WikiLeaks Türkiýäniñ derman önümçiligi pudagyndan käbir maglumatlary paýlaşdy.
ABŞ-nyñ Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erik Edelman we saglygy goraýyş ministrimiz Rejep Akdagyñ geçiren ýygnaklarynda edilen gürrûñler bolsa habar beriş serişdelerine düşmedi...
"Gara gapyrjak" ("Kara Kutu") kitabymda ýazypdym:
Edelman derman önümleri öndürilende amerikan şereketlerine düşýän paýyñ hökmany suratda göz öñüne tutulmalydygyny aýtdy.
Edelman amerikan derman öndüriji kärhanalarynyñ maýa goýumlaryndan çeken zyýanyñ öwezi dolunmadyk ýagdaýynda alyp barýan işlerini bes etjekdiklerini we munuñ Türkiýe üçin howply ýagdaý döredip biljekdigini ýañzytdy.
Edelman "amerikan derman öndüriji kärhanalarynyñ maýa goýumlarynyñ öwezini dolduryp biljek ýeñillikler döredilmeli! Global taýdan bitewileşen dünýäde Türkiýe Ýewropa bileleşigine girmäge taýýarlanyp ýörkä, gorag häsiýetli çäreler Türkiýä oñlulyk getirmez" diýdi.
Edelman hatda ministr Akdaga haýbat hem atdy: "Garadeñiziñ kenarýakalary bilen birlikde HIV/AIDS keseliniñ Türkiýede giñden ýaýrama howpy bar!"
Saglygy goraýyş ministri amerikan ilçisi Ross Wilson bilenem ýygy-ýygydan duşuşdy.
WikiLeaks maglumatlaryndan hem bilşimiz ýaly Jeýms Jefriniñem derman önümçiligi pudagyna nähili bökdençlik döredişlerini Waşingtona yzygiderli habar berdi durdy we ş.m...
Ýurdumyzda işlän amerikan ilçileriniñ ählisi derman önümçiligi pudagy bilen ýakyndan gyzyklandy. Çünki amerikan derman öndüriji şereketlerk üçin Türkiýe iñ gowy bazarlaryñ biridi. Muny üpjün edýänleriñ başynda bolza saglygy goraýyş ministri Rejep Akdag bardy...
2,3 milliard dollarlyk berginiñ döremegine kimler sebäp bolupdyr, belli boldy gerek?
Ýagdaý şeýle bolsa, şuny näme üçin göremzok:

Edizerleriñ asyl roly

Sahypalap ýazdym:
Goragsyz-galkansyz goýlan Türkiýäniñ saglyk bazarynda amerikan derman öndüriji şereketleri haýsy syýasatçylar bilen gol tutuşyp ýöredi!
Rejep Akdagyñ on iki ýyllap saglygy goraýyş ministri wezipesinde oturar ýaly nähili aýratynlyklary, artykmaçlygy bardy? (Gaýtam ol, premýer-ministriñ kömekçisi-de boldy!)
Rejep Akdag ministrlige näme üçin "Menzil" tarykatynyñ müritlerini toplady? Aly Edizeri näme üçin şahsy sekretary edip belledi?
Amerikan derman öndüriji şereketlere ministrligiñ gapysyny ardyna çenli hut şu müritler açmadymy?
"Menzil" toparynyñ saglygy goraýyş ministrliginiñ düzüminde toparlanmalaryna şu nukdaýnazardan baha berilse dogry bolmazmy?
Esasy mesele "Menziliñ" "Emsey" ýaly birküç sany hassahana açanlygynda ýa-da birküç sany ýolbaşçy wezipäni eýelänliginde däl. Milli strategik ähmiýeti bolan derman önümçiligi pudagymyzyñ amerikan şereletlrriniñ eline geçmeginde oýnan roluna üns bermegiñizi isleýärin...
"Gara gapyrjak" kitabymyñ ady agzalsa, käbirleri şobada "ana, ýene waksina!.." diýip kinaýaly ýylgyrýarlar! Şeýle bolýan bolsa waksinadanam mysal bereýin:
"Guş dümewi" howsalasynyñ ýaýran döwründe Rejep Akdag 8,4 million kapsulalyk waksima satyn aldy we ahyrynda 5 million kapsula ammarlarda çañ basyp galdy! Waksina kampaniýasynda jemi harç edilen 550 milliom dollaryñ kimleriñ kisesinr girdi, "Menzil" tarykatynyñmy? Şübhesiz, bärde jübüsini galñadanlar ABŞ-nyñ derman öndüriji şereketleridi...
Derman öndüriji şereketlere amerikan ilçisiniñ agzan 2,3 million dollar bergimiz bilen "Menzil" tarykatyndan Aly Edizeriñ sözleriniñ arasyndaky gönüden-göni baglanyşyga akyl ýetirip bildiñizmi?
Meselämiz bir sähne lukmanyñ samramalaryndan has düýplidir, üns bermeli meselämiz - "Menziliñ" saglygy goraýyş-medisina pudagyndaky eksplutator we global şereketlere "aýakçy" - "komprador" wezipesini ýerine ýetirenligidir...
Imperialistik gabawyñ soñky iki ýüz ýyl bäri tarykatlaryñ üsti bilen amala aşyrylmagy tötänlik däl. Olaryñ Atatürke duşmançylyk beslemekleriniñ düýp sebäbi-de şudur...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 08.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Medisina | Просмотров: 26 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: