23:48
Tomaşaly ölüm jezasy
TOMAŞALY ÖLÜM JEZASY

Öñünden aýdaýyn: käbir jümlelerimiñ öte aç-açanlygy sebäpli özüñizi oñaýsyz duýup bilersiñiz.
1757-njj ýylyñ 5-nji ýanwary.
Rober-Fransua Damýen (1715 – 1757)…
Köne fransuz ofiseri Rim papasy Klement XI bilen özara düşünişmezlikleri bolan Korol Luis XV-i arabasyna münjek bolup durka pyçaklady.
Damýeni taryhyñ iñ meşhur teraktçylarynyñ birine öwren zat - bu jenaýatçylykly hereket däldi, şondan soñ başyna gelenler ony tanymallyga ýetirdi.
Fransiýada korol maşgalasyna kast etmäge synanşanlar süýrelip, tike-tike edilip (dörde bölünip) öldürilerdi.
Damýeniñ jezasy 28-nji mart güni Parižiñ baş ybadathanasynyñ öñünde etmişini köpçüligiñ öñünde boýun almagyndan soñ başlady.
Eline iki funt çemesi fakel (ujuna nebitli esgi oralyp ýakylýan taýak) berlip çykaryljak dar agajyna iki tigirli ýük arabasynda äkidildi…
Şol ýerde-de döşi, gollary, gasyklary, baldyrlary oda tutulan gyzgyn atagzy bilen gapjadyldy...
Korolyñ janyna kast edende ulanan pyçagy sag eline berildi we onuñ şol sag eline eredilen gurşun, gaýnap duran ýag, gaýnap duran kanifol, balmumy, kükürt döküldi…
Yzyndan görgüliniñ bedeni hersi bir tarapa giden dört ata çekdirilmäge başlandy. Böleklenme ugruna gitmänsoñ, ýene iki goşuldy, bulam ýeterlik bolmady...
Butlatyny gopartmak üçin damarlary kesildi, bogunlary palta bilen çapyldy...
Bedeniniñ dört parçasy gazyga baglanyp, otda ýakyldy, ýanyp küle öwrülensoñam ýele sowruldy...
Bu “gynama tomaşasy” müñlerçe fransuzyñ gözüniñ öñünde bolup geçdi…
Ölümüniñ yzysüre Damýeniñ öýi ýykyldy, onuñ doganlary familiýalaryny üýtgetmäge mejbur boldy, yzynda galan maşgalasy Fransiýadan çykaryldy…
Jezany zulmat heşellesine öwren usuly näme üçin agzadym?

Köşgüñ düşünşi

Ýokardaky okanlaryñyzy M.Fuko jeza taryhy barada ýazan "Türmäniñ döreýşi" kitabynyñ girişinde ýazdy.
Damýeniñ akyllary doñduryp taşlajak gynama metody bilen jezalandyrylmagyna korol häkimiýetiniñ simwoly diýip düşünmelidi...
Maksat - häkimiýetiñ güýjüni halka göz etmek, halka göz görkezmek, adamlaryñ gözüni gorkuzmagydy.
İnfazın seyirlik olmasının sebebi iktidarın halka, “bana dokunanın bedenine bu yapılır” mesajı vermesiydi…
Köşgüñ pikiriçe günäkärler tomaşaly gynamalarda has köp ejir çekse, netijede jemgyýet özüni häzirki wagtyñ ýoñ bolan dilinde aýtsak "çyzykdan çykman, gysmaly ýerini gysypjyk" gezmegine gowy bolýardy.
Hawa, halka hödürlenen saýlaw şudy: ýa häkimiýete lepbeý diýersiñ, ýa-da ejirli ölüm bilen soñlanmaly borsuñ!
Fransuz taryhynda şular ýaly dähe öwrülen usul bilen öldürilen iñ soñky kişi Damýen boldy! Çünki:
Mundan beýläk kapitalizm taryh sahnasyna çykýardy we bu sistemanyñ jeza düşünjesi tapawutlydy.
Bu döwürde gynamalaryñ kesgitleýji aýratynlygy öz ýerini bedeni tussag etme ýoluna (türmelere) dälihanalafa berdi. (Ilkinji modern türme haýwanat bagyndan nusga alnyp, 1785-nji ýylda guruldy.)
Täze düzgün bedeni terbiýelemegiñ, şekillendirmegiñ, özgertmegiñ, ýuwaşatmagyñ döwrüni başlatdy. Şeýlelikde... bedeni gynamalar bilen jezalandyrylmak düzgüni öz möwritini ötürdi, täze jeza usuly bilen ýumşadylan passiw obýekte öwrüldi.
Jezanyñ ünsi bedenden aña göçürildi - çünki dissiplinar kapitalistik häkimiýete beden-iş güýji gerekdi. Amerikan kinofilmlerinde-de kän görensiñiz: türmeleri “işiñ bähbidi” göz öñüne tutulyp, zähmet-düzediş öýüne öwürdiler!
Taryhyñ dürli döwründe özgerişe uçrasa-da jeza, hususanam ejir çekdirme hemişe diýen ýaly häkimiýetiń guraly bolup geldi.
Maksat - şahsy we jemgyýeti gysymyña gysyp islän ugruña gönükdirmek, lepbeý diýip duran etmek...
Gepimiziñ tommaýly ýerine-de gelip ýetdik:
Odatv näme üçin 216 günläp ýapyk dur?
Müýesser Ýyldyz näme üçin 121 gün bäri türmede?
Baryşlar ikinji gezek näme üçin zyndana salyndy?
Metbugat serişdeleri arkalu häkimiýetiñ jemgyýete tomaşa etdirýän bu "masgaraçylykly tomaşaly ölüm jezasy" diñe biziñ başymyza gelenok.
Häkimiýet ýurduñ üstüne şeýle bir çöküpdir welin, jezalandyrma çäresi kimlerdendigiñe görä üýtgeýär. Şol bir etmişiñ jeza sanksiýasynda häkimiýet tarapdarlaryna we garşydaşladyna aýry-aýry höküm berýär. Oppozision gatlaklary "jeza taýagy" bilen ytagat etmäge mejbur edýär.
Kynçylykly-agyr döwürleriñ içinden geçen Günbatarda taryhyñ çañly sahypalarynda galan bu jeza çäreleri (dildüwşükleri, duzaklary hem goşsak bolar) näme üçin ýurdumyzda häzirem bar? Tapawut nämede?
Kapitalizmiñ Günbatarda guran (we respublikamyz döwründe ýurdumyza getirilen) modern-rasional hukuk sistemasy hut häzirki häkimiýetiñ döwründe (FETÖ magryfatlary bilenem) näme üçin şular ýaly derejede yza tesdi-pese düşdi?
Häkimiýet FETÖ bilen başlan zulmat tününden näme üçin çykyp bilenokla. Çünki, meseleleriñ çözgüdini tapyp bilenok. Seretseñizläñ... ykdysady kriziz artdygyça häkimiýetiñ zyndana salýan adamlary-da köpelýär. (We häkimiýetiñ ýaranlarynda garyplaşandygy üçin günä edenleri ölüm jezasy ýaly agyr jezalar bilen ýola getirip biljekdiklerine bolan ynanç artýar.)
Görşümiz ýaly:
Problemalarymyz çuñlaşdygyça häkimiýetiñ köpçüligiñ ýüregine gorky salmak maksady bilen jezalaryñ agyrlygyny-da artdyrjaga meñzeýär. Olaryñ metbugat serişdelerinde-de zulmatdaky ölüm jezalaryna ýygy-ýygydan duş gelersiñiz…
Jeza düşünjesinde öñe tarap - adamkärçilikli tarapa däl-de, yza tarap- adamkärçiliksiz ugra tarap barýarys.
Käbir türmede oturanlaryñ diri ýitirim bolmagy we gynamalar "Damýen döwrüniñ" gaty uzakda däldigini görkezýär…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 07.10.2020 ý.

Terjime eden: Soner ÝALÇYN.
Категория: Publisistika | Просмотров: 160 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 11
0
11 Gökböri   [Материал]
Wiyyy smile bagyşlañ. Ünsem bermandirin, asyl Bagabat agza yone yere soraman eken-ow. biggrin

0
10 Dokma2442   [Материал]
@Gökböri, terjimä söz ýok. Ýöne ýokarda "Terjime eden: Soner ÝALÇYN" diýipsiñ...

0
9 Gökböri   [Материал]
Ýöne meñ özüm gowy bilemok türkmençäni. Köp bilmeyän sözûmi kitapçyñ admininden sorap öwrendim terjime edenimde.

0
8 Gökböri   [Материал]
Ýok agam türkmen dilini bilenok, menden öwrenjeg-ä bolýa özi wacko

0
7 Gökböri   [Материал]
Bagabat aga dogry aydyañ. Soner aga çüyleyar. ))
Yazyan, aydyan zatlary çüy kakan yaly, şek-şübhä yer goyanok, hemme zat delilli, hemme zat logiçny.
Hawa, yazyş stili hem şeyle.

0
6 Gökböri   [Материал]
Faktlar, taryhy hakykatlar siziñ gözûñizde toslama bolsa, toslama nähili bolmaly?

0
5 Gökböri   [Материал]
Soner Ýalçynyñ özi şolar ýaly paranoik tanyşlaryña we düşunjelerine gülyär, @turkmentug
Siziñki belli..

0
4 turkmentug   [Материал]
Bir tanşym bardy. 5-10 ýyl öň , işleri hiç ugruna bolanokdy. Gürleşseň,tutuş dünýäniň özine garşylygyna ,masonlardan Ilimunatä çenli ,mossaddan sia çenli ,haçlylardan wahhabylara çenli iki adamyň başy çatylan bar gurama ,ýasama hemme zat ,hatda hudaýyň özem oň garşysyna göreşýänligine ynandyrar. Öz şowsuzlygyny ,birazam ýaltalygyny örtmek üçin oýlap tapýan bu toslamalaryna ,wagt geçdigiçe ,hatda özem ynanyp başlady ... meň ol tanşym bu batgalykdan çykyp,oýanyp bildi .şu wagt şo gürrüňlerini gülip ýatlaýa . Ýöne şo toslamalar bilen öziňe teselli berip ,oýanyp bilmän geçip gitmek, tragedia ...

0
3 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, @Gökböri, bilmedim ýa Soner Ýalçyň öz stili şeýle ýa-da terjime edilende şeýle bolýar. Onuň makalalarynyň sözlemleriniň her biri edil çekiç bilen çüý kakýan ýaly.
"Pelan zat pelan zat pelan zat...".
Gümp.
Bir çüý kakyldy.
Onsoň ýene-de: "Pelan zat pelan zat pelan zat...".
Gümp.
Ýene-de bir çüý kakyldy...
Psihologiýada munuň ýaly usul gipnozda ulanylýar. Onsoňam diňleýjileriň/okyjylaryň/tomaşaçylaryň aňyna aýtmakçy bolýan pikiriňi has mäkäm we çalt ornaşdyrmakçy bolsaň, ine şunuň ýaly tezisleýin nygtamak we gysgadan, anyk hem yzba-yz "suňşurmak" usuly ulanylýar.
biggrin

0
2 Bagabat   [Материал]
@Gökböri, Soner Ýalçy türkmen dilinem bilýän ekenmi?! biggrin

0
1 Dunya   [Материал]
Görgülini kösäp oturman göni kellesini kesip göýberiňdä... sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: