17:29
Ýaşlar barada henekler
ÝAŞLAR BARADA HENEKLER

Internet ýaşlar barada heneklerden doly. Ine şolaryň käbirleri:

Oglanmy ýa-da gyz?!

Ýewropa ýurtlarynyň biri. Seýilgäh. Iki sany gartaşan adam oturgyçda otyr. Biri beýlekisine zeýrenip, arzyny aýdýar.
-Şu zamanyň ýaşlaryny bolup ýörşi hiç göwnüme ýaramaýar. Olaryň ählisiniň syrt-a jinsi jalbarly, eginleri jinde jilisgeli, kellelerem pişigiň nemesi ýaly şyr-takyr. Oglan haýsy, gyz haýsy, saýgarar ýaly däl. Hanha serediň, şol gezip ýören üflise!
-Ol meniň gyzym!-diýip zeýrenjeňiň söhbetdeşi gatyrganýar.
-Wiý, bagyşlaň, men siziň onuň kakasydygyňyzy bilmändirin...-diýip zeýrenjeň az-owlak müýnürgejek bolupdyr.
-Kakasy?! Gör, siz nähili bihaýa ekeniňiz!-diýip zeýrenjeňiň söhbetdeşi ör-gökden gelipdir:-Men onuň ejesi!...

Ýaşlaryň edepsizligi

Orta ýaşaberen bir erkek kişi awtobusda oturan ýerinden ýetişibildiginden hüňürdeýärmiş:
-Gör, bi zamanyň ýaşlary neneňsi edepsiz! Zenan maşgalalardyr uly ýaşlylar dik duranam bolsalar, ýerlerinden turaga-da oňa ornuny bermeýärler...
-Siz näme gatyrganýarsyňyz? Özüňiz otyrsyňyz ahyry!-diýip onuň gapdalyndaky orunda oturan garryja daýza ony köşeşdirmäge synanyşypdyr.
-Men oturanymda näme? Inelikge, aýalym gapdalymda dik dur ahyry!-diýip gaharjaň ýolagçy, daýzanyň mönlügine geň galypdyr.

Sallahyň kynçylygy

Otuz bäş ýaşlaryndaky bir sallah dostunyň ýanynda zeýrenip, gürrüň berýär:
-Gardaş, bi zamanyň ýaşlarynyň syr-sypatynyňam, kaddy-kamatynyňam, ýüz-keşbiniňem düşnüksizligini sen sorama, menem aýtmaýyn! Düýn agşam, öz maňlaýyma ýazylan zenany tapmak üçin, ýene-de nobatdaky on üç müňünji gezek bagtymy synap görmek maksady bilen kluba gitdim. Içine girip garanjaklasam, çyralaryň towsup duran ýalkymynda, ýigrimi ýaşlaryndaky, ýylmanajyk, görmegeýje bir gyzyň ýeke özüniň tukat halda oturandygyny saýgardym.
Onsoň assyrynlyk bilen onuň ýanyna bardym-da, dürli owadan sözler bilen oňa özümi tanyşdyryp, daşynda perwaz urup başladym. Meniň perwanalygym azyndan 25 minut dagy dowam edenden soňra, meniň şirinden şeker sözlerime gözüni süzüp meýmiräp oturan ýaňky gyz birdenkä gözüni açdy-da:
-Çuwak! Sen näme eýlekilerdenmi? Eýle bolsaň sen adresiňi ýalňyşdyň. Men gyz däl-de oglan, özümem tebigylardan!-diýip hüňürdedi...

Mugallymyň häsiýetlendirmesi

Ýokary okuw mekdebinde jemgyýeti öwreniş ylymlaryndan ders berýän ýaşuly mugallymdan talyplar şu döwrüň ýaşlaryny gysgaça häsiýetlendirmegi haýyş edenlerinde, halypa mugallym gypynç etmän şeýle jogap beripdir:
-Häzirki döwrüň ýaşlary alaşa ýabylara çalym edýärler. Olar haçan görseň nirädir bir ýere şapadaňlap çapyp barýarlar, haçan görseň agyzlaryny “waçjyldadyp” nämedir bir zat çeýnäp ýörler ýa-da haçan görseň, nämedir bir zadyň üstünden “kişňäp” gülmek bilen meşgul...

Ýaşlaryň sms-i

Bir ýigit bilen gyz sms alyşýarlar.
Gyz ýigdiň gaharyny getirmek üçin, näzirgäp ýazýar:
“Indi öňki zamanlar ýok. Biziň ýanymyza şazadalar däl-de, diňe olaryň ýabylary gelýär”.
Ýigit gaharlanman jogap ýazýar:
“Şazadalar şa gyzlaryň ýanyna barýar. Ýabylar bolsa alaşalaryň ýanyna”...

Tenşekil (tatuirowka)

Ýewropa ýurtlarynyň birinde, on ýedi ýaşly gyzy ejesine sowal berýär:
-Eje saňa haýsy şekil ýaraýar? Kebelekmi ýa-da güjüjek?
Ejesi:
-Endamyňa tenşekil (tatuirowka) basdyraýsaň ahmal bolaýma!-diýip dessine gaharlanýar.
-Bolýar-la, eje jan, men şekili iň görünmeýän ýerime çekdirerin...-diýip gyzy ýalbarmaga başlaýar.
-Beýniňemi?-diýip gyzyň körpe jigisi soraýar.

Ýaş ýigdiň zeýrenji

Ýaş ýigitleriň biri dostunyň ýanynda zeýrenýär:
-Şü garrylary gepletseň, hemmesiniňem gürrüňi: “Şu mahal ýaş bolaýsaň, ýaş bolaýsaň...”. Men-ä dogrusy şu ýaşlygyň nämesiniň gowudygyna düşünemok. Isleýän zatlaryň ýarysyna-ha puluň ýok, galan ýarysynam Jenaýat kodeksi gadagan edýär...Onsoň şü ýaşlygyň nämesi gowy bolsun?! Hä?!

Pelsepeçiniň netijesi

Bir dana pelsepeçiden häzirki zamanyň ýaşlarynyň durmuşdaky esasy maksadyny gysgaça beýan etmegi haýyş edipdirler. Pelsepeçi näzini artdyryp durman, jogap beripdir:
-Häzirki döwrüň ýigitleriniň durmuşda baş maksady – ýatan çöpi galdyrman tükeniksiz pul edinmek;
Häzirki döwrüň gyzlarynyň durmuşda baş maksady – ýatan çöpi galdyrman tükeniksiz köp pully heleýgula durmuşa çykmak...

Geň hadysa

Orta ýaşdan agan bir adam iş ýerine gelip ýoldaşlaryna gürrüň berýär:
-Eý gardaşlarym-a, bu dünýe nirä barýar-a?! Ýaňy işe gelýärkäm, eli agyr sebetli bir garryja daýzanyň elindäki telefonyna dümtünip, çar ýanyndan bihabar gelýän bir jahylyň golundan idip, gatnawly ýoldan geçirendigini görüp galdym...

Biwagt jaň

Ýarygijeden ep-esli wagt geçenden soň şäheriň morguna (jesethanasyna) jaň gelýär.
-Alýo?-diýip nobatçy telefony galdyrýar.
-Bu şäher morgumy?!
-Hawa.
-Onda gaýrat edip meni diňläňsene. Men 16 ýaşymda. Eger-de birdenkä ejem size jaň edip meniň siziňkä getirilendigimi ýa-da getirilmändigimi sorasa: “Alada etmäň, gelneje! Ol oglanlar bilen bir ýerde ýaman gowy otyr. Ertir ir bilenjik öýüňize barar!” diýip ony köşeşdireweriň!...

Tapyndy

Kakasy 17 ýaşly oglunyň sport sebedinden çilimli gutyny tapýar-da, ony gyssap ugraýar:
-Sen näme çilim çekýäňmi?
-Ýo kaka!
-Dogryňy aýt! Onda sebediňdäki bu guty näme?!
-Dogrymy aýtsam, gynanarsyň-da, kaka...-diýip kakasynyň boýy bilen boýdaş bolup duran ýigit gözüni sapajak-supajak edip myňňyldaýar.
-Gynansamam, dogryňdan gel!-diýip kakasy, ýigdi halys gününe goýmaýar.
-Äý kaka, hemişe çekibem ýöremok-laý! Diňe elli gram, ýüz gram ýelmeseň tüsseläsiň gelip başlaberýär-dä...
-Sen näme aragam içýäňmi?-diýip kakasy ör-gökden gelýär.
-Äý...-diýip ýigit ýeňsesini gaşaýar-da, “dogruçyllygyny” dowam edýär:-Gyzlar bilen otursaň kä ýarym içmelem bolaýýar-da...

Çeşmesi: https://shytok.net/anekdots/anekdoty-pro-molodezh.html. 08.10.2020ý.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 135 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Bagabat   [Материал]
Özüm-ä şu henek has güldürdi:
"Men-ä dogrusy şu ýaşlygyň nämesiniň gowudygyna düşünemok. Isleýän zatlaryň ýarysyna-ha puluň ýok, galan ýarysynam Jenaýat kodeksi gadagan edýär..." biggrin

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Pelsepeçiñ gyzlar hakyndaky netijesini diysene biggrin

0
2 Bagabat   [Материал]
Ýöntemrägem bolsa, aglaba köp ýagdaýlarda hakykata ýakyn pikir ýaly. biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: