16:15
Älem Alawyndan seçilen uçgunjyklar...
ÄLEM ALAWYNDAN SEÇILEN UÇGUNJYKLAR...

Russiýa Federasiýasynyň edebiýatçylar birleşmesiniň agzasy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, “Üçburlugyň geometriýasy meselelerde”, “Matematikler hem degişýärler” atly kitaplaryň awtory, kombinator edebiýat boýunça hünärmen Sergeý Fedin aýratyn zehinli çagalar – wunderkindler barada şeýle belläp geçýär:
“HER BIR ÇAGA HAKDAN IÇEN, ÝÖNE, DIŇE WUNDERKINDLER BU BARADA BILÝÄRLER”.
Ruhyýeti öwreniş (psihologiýa) ylmynda zehinliligiň iki görnüşiniň bardygy bellenilýär:
- intellektual zehinlilik;
- döredijilik zehinliligi.
Intellektual zehini bolan adam öwrenmeklige ýokary ukyplylyk hem-de öz bilimleriniň düýplüligi, çuňňurlygy, jikme-jikligi, ensiklopedik häsiýetliligi bilen tapawutlanýar.
Döredijilik zehini bolan adam, ilkinji nobatda, umumy ykrar edilen ülňülerden çykýan (nestandart) oýlanyş ukyby bilen tapawutlanýar. Şunuň ýaly zehinli adamlar özlerine berilýän bilimleri çirksiz ynam bilen kabul etmeýärler, dünýäniň her bir hadysasyna öz akyllary bilen ýetmäge dalaş edýärler. Şeýle adamlaryň hatda şahsyýetiniň gurluşam özgeleriňkiden üýtgeşik bolýar.
Durmuşda, aglaba köp ýagdaýlarda döredijilik zehini bolan adamlaryň başarnyklaryny öz maşgalasynda-da, orta mekdepde-de, ýokary okuw mekdebinde-de saýgarylman galynýan halatlary bolýar. Onsoňam döredijilik zehininiň bolmagy hökmany ýagdaýda şol adamda ýokary intellektual gorunyň hem bolmagyny aňladýar.
Ýöne, onuň tersine, intellektual zehiniň bolmagy döredijilik ukyplarynyň bardygyny aňlatmaýar. Beýle diýildigi, ägirt uly ensiklopedik bilimleriniň bardygyna we onlarça dilleri bilýändigine garamazdan, şol adamyň, bütin ömrüne ýekeje-de täze eser ýazman ýa-da haýsydyr bir açyş etmän ýaşamagynyň juda ähtimaldygyny aňladýar.
Mälim bolşy ýaly, ýokary zehinlilik ýa-da hakdan içenlik (geniallyk) – bu hemme ýagdaýda-da, ynsan beýnisiniň gurluşynda we şahsyýetiň ruhy ösüşinde haýsam bolsa bir görnüşdäki kadadan çykmany, umumy köpçüligiňkä meňzeş dälligi aňladýar.
Meşhur rus genetik alymy W.P.Efroimsonyň maglumatlaryna görä, ýokary zehin ýa-da geniallyk her müň adamdan birine berilýär, ony zerur derejede ösdürmek her million adamdan birine başardýar, hakykat ýüzünde geniý – hakdan içen hökmünde özüni ykrar etdirmek bolsa diňe her on milliondan bir adamyň nesibesinden çykýar. Elbetde, bu sanlar jedelli, ýöne seljerilýän hadysa barada belli bir derejede nukdaýnazar emele getirmäge ýardam berýär.
Meşhur çaga psihology, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýragynyň eýesi Wiktoriýa Ýurkewiçiň maglumatlaryna görä, adatça, çaga 4 ýaşyna çenli öz ömrüniň dowamynda ýüze çykmagy mümkin bolan paýhas (intellektual) ukyplarynyň 50 göterimini ýüze çykarýar, 6 ýaşyna çenli – 70 göterimini, 8 ýaşyna çenli – 90 göterimini töweregindäkilere mälim edýär. Hut şol ýaşlarda-da çaganyň zehinini, onuň ugruny kesgitläp, oňa öz zehinini ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek mümkindir. Bu ugurdan geçirilen umumylaşdyrmalara görä, adatça, nowbahar perzentler – wunderkind bolup ýetişýärler.
Ýöne, statistiki maglumatlara görä, özlerini aýratyn zehinli çaga – wunderkind diýip ykrar etdiren adamlaryň 90 göterimi, soňra ýaşynyň ulalmagy bilen jemgyýetçilik işjeňliginiň hiç bir ugrunda belent derejelere ýetmän galýarlar.
Adamzadyň taryhy wunderkindleriň – aýratyn zehinli çagalaryň islendik jemgyýet üçinem gymmatly baýlykdygy hakynda ýeterlik maglumatlary özünde jemleýär. Mysal üçin, Angliýada neşir edilen “Milli terjimehallaryň sözlüginde” 1030 sany beýik şahslaryň 292 sanysynyň hut wunderkindlerden – aýratyn zehinli çagalardan ösüp ýetişendikleri beýan edilýär. Şol 1030 adamdan diňe 44 sanysy wunderkind däl ekeni. Görnükli iňlis suratkeşleriniň 64 sanysydan 40 sanysy çagalykda özlerini wunderkind hökmünde ykrar etdiripdirler.
Fransiýada toplanan statistiki maglumatlara görä, terjimehaly seljerilen 287 sany beýik adamdan 231 sanysy hut 20 ýaşyna çenli özleriniň ýiti zehininiň bardygyny açyp görkezipdirler.
ABŞ-da şuňa çalymdaş barlagyň dowamynda çagalykda özleriniň ýiti zehininiň bardygyny görkezen 282 adamyň ömri öwrenilende olardan 105 sanysynyň durmuşda belent derejelere ýetendikleri we umumy jemgyýetçilik ösüşine ol ýa-da beýleki bir derejede düýpli goşant goşandyklary anyklanypdyr.
Gögele ýaşynda üýtgeşik zehinli çagalar hökmünde adamzadyň taryhyna giren şahslaryň käbiri barada agzasak, şulary görkezmek bolar:
Wolfgang Amadeý Mosart üç ýaşynda çylşyrymly saz guralynda ýeke özi konsert bilen çykyş edipdir.
Türkmen halkynda-da Mosart ýaly hakdan içen sazandanyň bolandygyny unutmalyň!
Ömri juda gysga bolmadyk bolsa Gulbaba hem geljekde deňsiz-taýsyz sazandalaryň biri bolup ýetişerdi.
Şonuň ýaly-da Magtymguly Pyragynyň 7 ýaşynda şygyr ýazandygyny, Ibn Sina – Lukman Hekimiň 9 ýaşynda şol döwürleriň uniwersitetleri bolan medrese ylmyny okap çykandygyny hemişe ýadymyzda saklamalydyrys.

Meşhur rus dramaturgy, sazandasy we şahyry A.S.Griboýedow 11 ýaşynda Moskwanyň uniwersitetine okuwa giripdir.
Meşhur rus fizigi Lew Landau 13 ýaşynda talyp bolupdyr.
Şonuň ýaly-da rus şahyrlary A.S.Puşkin, M.Lermontow, A.Batýuşkow, A.Woznesenskiý dagylar hem aýratyn döredijilik zehinli çagalar hökmünde ykrar edilipdir.
Fransuz alymy Şampolýon 16 ýaşynda özüni täsin poliglot (köp dil bilýän) hökmünde ykrar etdiripdir. Eýýäm 36 ýaşynda bolsa ol ilkinji bolup Müsür ieroglifleriniň syryny ýormagy başarypdyr.
Ondan başga-da Paskal, Leýbnis, Gauss dagylar çagalykdan daş-töwergindäkileri özleriniň ýiti matematiki zehinleri bilen haýran galdyrypdyrlar. Görnükli rus suratkeşi Karl Brýullow Çeperçilik akademiýasyna 9 ýaşynda giripdir, suratkeş Aleksandr Iwanow bolsa 11 ýaşynda. Tomas Edison bolsa ýetginjek döwründe ilkinji oýlap tapyşlaryny edipdir.
Şonuň ýaly-da, adamzadyň taryhy öwrenilende çagalykdan aýratyn zehinli bolan köp alymlaryň özleriniň has üýtgeşik açyşlaryny we ylmy işlerini ýaş döwürlerinde edýändiklerini görmek bolýar. Mysal üçin, adam bedeniniň gurluşy (anatomiýa) boýunça dürli işleri ýerine ýetiren Wezaliý özüniň iň meşhur işini 28 ýaşynda ýazypdyr. Linneý ösümlikleri toparlara we görnüşlere bölmegiň ulgamyny 24 ýaşynda döredipdir. Nýuton 25 ýaşynda Ýeriň dartyş güýjüniň formulasyny işläp düzüpdir. Şonuň ýaly-da Maýer, Joul, Gelmgols ýaly alymlar hem öz açyşlaryny 28 ýaşa çenli edipdirler.
Ondan başga-da beýik fizikleriň biri Enriko Fermi 25 ýaşynda atom energetikasy çygrynda uly alym we professor bolup ýetişýär. Iren hem-de Frederik Žolio-Kýuriler 28 ýaşlarynda radioaktiwlik boýunça açyk çekişmelere başlaýarlar. Bütin dünýäde kibernetikanyň esasyny goýujylaryň biri hökmünde ykrar edilýän Norbert Winer çagalykda ylym bilen meşgullanmaga başlaýar.
Häzirki wagtda Ýeriň ýüzünde iň akylly adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren adam – bu koreý wunderkindi Kim Ung Ýong bolup, onuň aklynyň (intellektiniň) koeffisiýenti (IQ-sy) – 210-dan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, Kim Ung Ýong 1963-nji ýylyň 7-nji martynda Koreýada doglup, eýýäm 4 ýaşynda çylşyrymly differensial deňlemeleri çözmegiň hötdesinden gelýän ekeni. 5 ýaşynda Kim Ung Ýong 4 dil bilipdir. 8 ýaşynda Kim Ung Ýongy ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň uniwersitetine (Colorado State University) okuwa çagyrypdyrlar. 15 ýaşynda ol fizika ylymlarynyň doktory bolup, ABŞ göçüpdir we ABŞ-nyň Kosmos agentliginde (NASA) işe başlapdyr. Soňra bolsa ol öz watanyna dolanyp, ýurduň iň adybelli ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk etmekden ýüz dönderip, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň birinde mugallymçylyk etmäge başlapdyr.
Wunderkindleriň ýene-de biri Uilýam Jeýms Saýdis bolup durýar. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, Ýeriň ýüzünde ýaşan iň akylly adamlaryň biri bolup, onuň aklynyň (intellektiniň) koeffisiýenti (IQ-sy) – 250-300-den ybaratdyr. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, ortaça ukyplary bolan adaty adamlaryň aklynyň (intellektiniň) koeffisiýenti (IQ-sy) – 85-115 bent aralygyndadyr.
U.Saýdis 1898-nji ýylda ABŞ-da dogulýar. Ol bir ýarym ýaşynda okamagy öwrenýär. 8 ýaşyna çenli bolsa ol eýýäm 4 sany kitap ýazýar we 7 sany daşary ýurt dilini, şol sanda latyn, grek, iwrit, rus, fransuz, nemes dillerini bilýär. “Vendergood” atly ýedinji dili bolsa, Saýdis grek, latyn we häzirki zaman roman-german dilleriniň esasynda özi oýlap tapypdyr. 7 ýaşynda Saýdis Garwardyň lukmançylyk mekdebine anatomiýadan synag tabşyrýar. Ýöne onuň ýaşynyň kiçiligi sebäpli ony uniwersitete talyplyga kabul etmändirler.
11 ýaşynda Saýdisiň kakasy onuň şol ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilmegini gazanýar. Saýdis 20 ýaşyna ýetmänkä professor bolýar. Ýöne onuň matematika we kosmologiýa boýunça ajaýyp ylmy işleriniň bardygyna garamazdan, onuň ata-enesi onuň aklynyň düzüwligine şübhelenip başlaýarlar.
Şondan soň Saýdisiň özüni alyp barşy üýtgeýär. Ol dürli hususy kärhanalara adaty buhgalter bolup işe giripdir we özüniň kimdigi, ýagny hakdan içen alymdygy bilnen dessine öz islegi bilen işden çykypdyr. Ol göze ilmän ýaşamak maksady bilen habarçylardan gizlenip gezipdir. Ondan başga-da Saýdis bütin ömrüne demirýol peteklerini ýygnapdyr we ýurduň ulag ulgamyny öwrenmeklige çuňňur meşgul bolupdyr.
Ondan başga-da ol “Frank Falupa” diýen tahallus bilen demirýol petekleri hakynda düýpli ylmy iş (traktat) ýazypdyr. Şol ylmy işinde-de ol ýurduň ulag ulgamynyň geçirijiligini artdyrmagyň usullaryny beýan edipdir.
Ondan başga-da Saýdis 40 dilde erkin gepläp bilipdir. Ol bütin ömrüne aýal maşgalalar bilen gatnaşyk etmekden meýletin ýüz dönderipdir (selibata eýeripdir). U.Saýdis 46 ýaşynda beýnisine gan inip, müjerret ötüpdir.
Elbetde, wunderkindlerden ösüp ýetişýän beýik alymlar we beýleki beýik şahslar adamzadyň ösüşine badalga berýänem bolsalar, çagalykda adygan wunderkinleriň ykballarynyň aglaba köp halatlarda keçlik bilen gutarýandygyny, taryhy öwreneňde bilmek bolýar.
Meseläniň şu tarapy barada aýdylanda bolsa, şu aşakdakylary bellemek gerek:
Meşhur fransuz dramaturgy Didro: “Hakdan içenler asmandan gaçýar. Olaryň köşgüň derwezesiniň agzyna gaçýan birje gezegine-de olaryň sowa geçýän gezekleriniň ýüz müňlerçesi bar” diýipdir. Başgaça aýdylanda, nädogry terbiýelemek, gyradeň bilim bermek, zehinli çaga ýörite çemeleşmäniň bolmazlygy, hakykatdanam hakdan içen çaganyň göýdügip, “köpüň birine” öwrülip, “köýüp” galmagyna getirip bilýär. Onsoň şeýle ýagdaýlarda dogabitdi zehinli çagadan görnükli döredijiniň ösüp ýetişmegine derek, gaýta garasöýmez, jenjelçi häsiýetli bir garamaňlaý emele gelýär.
Häzirki zaman tejribesinden belli bolşy ýaly, dogabitdi zehinli çagalaryň ata-eneleri we mugallymlary, şeýle çagalar terbiýe we bilim bermekde örän uly kynçylyklara sezewar bolýarlar. Sebäbi onuň ýaly çagalar beýleki çagalara garanyňda özlerine has köp üns berilmegini talap edýärler. Şeýle çagalaryň özlerinden üýtgeşikligini duýýan çagalar hem olary öz aralaryna goşmaýarlar, olary ýanaýarlar, ýekirýärler. Ýokarda ady agzalan Norbert Winer özüniň “Öňki wunderkind” atly şahsy ýatlamalar kitabynda öz ýetginjekligi barada şeýle belleýär: “Menden garasöýmez we tagaşyksyz, iňňän agyp-dönüp duran psihikaly ýetginjek emele geldi.”.
Psihologiýa ylmynda hakdan içen adamlaryň köpüsiniň ekzistensial gorky, frustrasiýa, ýalňyzlyk ýaly durmuşy we ruhy kesellerden ejir çekýändikleri bellenilýär. Bu barada Ernest Hemingueýem: “Akylly adamlar örän seýrek bagtly bolýarlar” diýipdir.

Saweliý Kosenko – matematik alymyň we fizika mugallymynyň ogly, 11 ýaşynda Moskwanyň tehniki ýokary okuw mekdebiniň talyby hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdir. Ol 2 ýaşynda okamagy öwrenipdir, 7 ýaşynda kompýuter üçin ilkinji programmalary düzmäge başlapdyr. 10 ýaşynda okuw kitabyny ýazypdyr. 1996-njy ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň Saweliý Kosenko habarçylaryň gözünden ýitýär.
Häzirki wagtda S.Kosenko Kanadada ýaşaýar we birnäçe sany internet-marketing kompaniýalaryna eýelik edýär.
S.Kosenko häzirki wagtda hakdan içen çagalaryň “gaýyrýan işlerine” ynamsyz şübhe bilen garaýar hem-de ýaş zehinleriň öz durmuşlarynda gabat gelýän kynçylyklary – mugallymlaryň we synpdaşlarynyň ýekirmekleri, çagalyk dostlarynyň bolmazlygy, il deňinde agaýana çagalygynyň bolman onuň agyr zähmet bilen geçmegi we ş.m. barada aç-açan çykyş edýär.
Özüniň “wunderkindlik” durmuşyndan nägile Saweliý Kosenko, her niçigem bolsa “wunderkindlikden soňky ömrüniň” gowy, endigan dowam etmegi ýaly asuda bagta mynasyp bolupdyr. Emma, şeýle “adaty, kadaly ömre” ýetip bilmän, edil ir süýnen ýyldyzlar deýin, ýaşlykda ýalpyldan ömri ýana-ýana kül bolan ynsanlaram köp.

Pawel Konoplew (1973-2002). 1980-nji ýyllarda sowet gazetleri täsin oglanjyk barada örän köp ýazypdyrlar. Ol 3 ýaşynda, aňynda çylşyrymly hasaplamalary geçirip bilipdir. 5 ýaşynda hiç bir mugallymsyz, öz-özi kitabyň kömegi bilen pianinoda saz çalmagy öwrenipdir. 6 ýaşynda ol logarifiki funksiýalaryň grafigini düzüpdir. 8 ýaşynda Pluton saýýarasynyň (planetasynyň) ýagtylandyrylyşy barada olimpiadalarda 16-17 ýaşly okuwçylara berilýän fiziki deňlemäni çözüpdir.
P.Konoplew 6 ýaşyndaka çaga neýropsihology ony barlagdan geçirende, onuň aklynyň (intellektiniň) koeffisiýenti (IQ-sy) – 142 bent bolupdyr. Deňeşdirme üçin aýdylanda, Stiwen Hokkingiň we Albert Eýnşteýniň IQ-sy – 160 bent ekeni.
P.Konoplew bäbekhanadaka oňa kesel ýokaşypdyr we lukmanlar onuň aklynyň kem boljakdygy hakyndaky çaklamany öňe sürüpdirler. Ýöne, muňa garamazdan oglanjyk şol bir ýaşynda hem-ä Aýaz baba hat ýazypdyr, hem-de ejesiniň ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin okuw kitaplaryny okapdyr.
P.Konoplew 15 ýaşynda Moskwanyň Döwlet Uniwersitetine okuwa giripdir. 19 ýaşynda ol aspiranturany okap başlapdyr we aspiranturada adybelli akademikler bilen bilelikde geljegi matematiki taýdan prognozirlemek bilen meşgullanypdyr.
Ýöne soňabaka ol gün geçdigisaýy garasöýmezleşip, özüni alyp barşy erbetleşip başlapdyr. Ol birnäçe gezek öz janyna kast edip, eliniň damarlaryny kesipdir. Ahyrynda-da ata-enesi ony ruhy keselleriň hassahanasyna (dälihana) ýerleşdiripdirler. Şol ýerde-de P.Konoplew 29 ýaşynda, ýüregine gan latgasynyň (trombyň) dykylmagy zerarly aradan çykypdyr.

Nika Turbina (1974-2002). Ilkinji goşgular ýygyndysyny N.Turbina 9 ýaşynda, 1983-nji ýylda neşir etdiripdir. Ol ýygyndy 12 dile terjime edilip, 30 müň sanda çykypdyr. 10 ýaşynda ol Wenesiýanyň biýennalesiniň çäklerinde geçirilen şahyrçylyk festiwalynda “Altyn ýolbars” baýragyna mynasyp bolupdyr. N.Turbina ilkinji goşgularyny 4 ýaşynda ýazyp başlapdyr. Ol çagalygynda demgysmadan (astmadan) ejir çekip, ukusy gowy däl ekeni. Onsoň ol ukusyz gijelerinde-de ejesinden hem mamasyndan özüne hamana “Hudaýyň aýdýan” setirlerini ýazmagy haýyş edýän ekeni.
Döredijiligi dünýäde ykrar edilenden soňra N.Turbina ABŞ-a gidip, ol ýerde Nobel baýragynyň eýesi Iosif Brodskiý bilen duşuşypdyr. Eýýäm şol wagtlar amerikan psihologlary gyzjagaz bilen gyzyklanyp, kellesine şeýle agram düşýän çagany lukmanlara görkezmegi maslahat beripdirler.
N.Turbinanyň psihikasy 16 ýaşda bozulyp başlapdyr. Onsoň ol Şweýsariýa gidip, şol ýerde, Lozannadaky dälihana ýatymlaýyn bejerişe ýerleşipdir. Şol ýerde-de 76 ýaşyndaky, italýan psihiatry Jiowanni Mastropaolo aşyk bolup, onuň bilen raýat nikasynda ýaşaşyp başllapdyr.
Ýöne Şweýsariýada N.Turbinanyň keseli has-da güýçlenipdir, ol şondan soň 1 ýyl geçip-geçmänkä Russiýa dolanypdyr, soňra yzygiderli spirtli içgileri içip başlapdyr, hemişe göwnüçökgün halda gezipdir, birnäçe gezek öz janyna şowsuz kast edipdir. Onuň şygyrlaryny bolsa “beýlebir zehinli däl zenanyň ulularyňka çalymdaş setirleri” diýip tankyt edip ugrapdyrlar. Ahbetinem, 27 ýaşynda ol özüni köp gatly jaýyň penjiresinden oklap heläk bolupdyr.
2018-nji ýylda bolsa N.Turbinaň durmuşy barada, ony tanan adamlaryň ýatlamalaryndan jemlenen kitap neşir edilipdir. Şol kitapda-da N.Turbinaň ejesiniň ony çaga döwründe goşgy ýazmaga mejbur edip, gyzjagazy edil “diş pastasyny gabyndan sykyp çykaran ýaly olary ondan sykyp çykarandygy” hakynda ýazylypdyr.

...Diňe, eşidýäňmi,
Meni ýalňyz taşlama.
Hemme goşgulam, şumluga öwrüler...


Ine şu setirleri Nika Turbina jigisi dünýä inende ejesine bagyşlap ýazypdyr.

Men – ýowşan-ot,
Dodagymda ajylyk,
Sözlerimde ajylyk,
Men – ýowşan-ot,
Sähranyň depesinde iňňildi.
Ýelleriň gabawynda,
Inçejik baldak,
Döwlüpdir ol...
Yzadan doglan,
Ajy damjajyk.
Topraga gaçar –
Men – ýowşan-ot...


Meşhur rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko bolsa, Nika Turbina barada şeýle ýazypdyr:

Çagalar – pynhan ulular. Bu ezýet berýär olara.
Biz – pynhan çagalar.
Ýeterlik uly däl biz, sebäbi, elheder alýas
Çaga bolmakdan.

Gonalgada, Pasternagyň bozulmadyk yzynda
Öz yzyny goýup,
Sen uludan dem aldyň, edil öz içiňe iňlän ýaly,
sekiz ýaşlyja şahyr...


Nadežda (Naýdan) Ruşewa (1952-1969). “Men olary öňünden görýän...Olar edil suw belgileri ýaly kagyzyň ýüzüne çykýarlar, onsoň maňa diňe olaryň daşyny yzarlaýmak galýar” diýip N.Ruşewa özüniň döredijiligi barada aýdypdyr. Ol bütin ömrüne suratlaryny garalamasyz çekipdir, hiç wagtam bozguçdan peýdalanmandyr.
N.Ruşewa 5 ýaşynda surat çekmäge başlapdyr. 5-nji synpda okaýarka, 1964-nji ýylda, grafikçi-suratkeş hökmünde onuň ilkinji sergisi geçirilipdir. Şondan birnäçe ýyl soň ol Bulgakowyň “Ussat we Margarita” romanynyň neşirine suratlary çekipdir.
Özüniň gysga ömründe N.Ruşewa 12 müň sany surat çekipdir. Ol 17 ýaşynda-da köwşüniň bagjygyny daňmak üçin eglende kelle beýnisinde damarjygy ýarylyp, beýnisine gan inmegi zerarly aradan çykypdyr. Soň barlanlarynda onuň gan damarynyň dogabitdi kemçiligi bar ekeni. Bu barada-da hiç kim, hatda N.Ruşewanyň özem bilmeýär ekeni.
1982-nji ýylda sowet astronomlary N.Ruşewanyň şanyna kiçi saýýaralaryň birini “Rusheva” diýip atlandyrypdyrlar.

Aleksandra Putrýa (1977-1989). Örän gysga ýaşandygyna garamazdan A.Putrýa 46 sany surat albomynda jemlenen 2 müňden gowrak suraty miras galdyrypdyr. Ondan başga-da A.Putrýanyň elinden çykan nagyşlar, plastilinden şekiljikler, hünjiden ýasalan bezegler, tagtanyň ýüzüne ýakylyp çekilen suratlar, hatda tehniki enjamlaryň çyzgylaram galypdyr.
A.Putrýa 5 ýaşynda keselläpdir we ony barlanlarynda onuň ak ganlylyk (leýkemiýa) keseline sezewar bolandygyny anyklapdyrlar. Lukmanlar şondan soň gyzjagazyň bary-ýogy 2 aý ýaşajakdygyny aýtsalar-da, mert gyzjagaz ýene-de 6 ýyl ýaşap, nägehan kesele garşy göreşipdir we döredipdir. S.Putrýa aradan çykmazyndan öň iň soňky çeken suratynyň adyna “Sirius” diýip dakypdyr. Gyzjagazyň hut şol ýyldyza uçasy gelýän ekeni...
Şondan soň zehinli gyzjagaz barada bütin dünýä bilipdir. Häzirki wagta çenli A.Putrýanyň işleriniň 100-de gowrak sergisi dürli ýurtlarda geçirilipdir. Awstriýada bolsa S.Putrýanyň suratjygy şekillendirilen poçta markasy hem çykarylypdyr.

Alekseý Sultanow (1969-2005). A.Sultanowy çagalykda “ýaşajyk Mosart” diýip atlandyrar ekenler. Ol 1 ýaşanda pianino çalmaga meýil eder ekeni. 2 ýaşynda ol pianino çalyp başlapdyr. 5 ýaşynda özüniň ilkinji heňlerini düzüp ugrapdyr. 8 ýaşynda bolsa Bahyň sazlaryny ýerine ýetirip başlapdyr.
A.Sultanowyň belli sazandalar bolan ata-enesi, tutanýerli zähmet oglanjyga bu çygyrda üstünlik gazanmaga ýardam berer diýip hasap edipdirler. Şonuň üçinem A.Sultanow tutuş çagalygyny saz guralynyň ýanyndan aýrylman, öz ussatlygyny üznüksiz sünnäläp geçirmäge mejbur bolupdyr.
Talapkär ata-enesi A.Sultanowa öz deň-duşlary bilen oýnamaga rugsat bermändirler. Üstesine-de 8 ýaşynda A.Sultanowda bulimiýa keseli (psihiki dartgynlylyk sebäpli bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagy, sebäpsiz gaýtarmak, ögemek we ş.m.) ýüze çykypdyr. Ýyl geçdigiçe-de onuň bu keseli beterleşipdir. Ol hiç bir sebäpsiz ýerden gahar-gazaba münüp, özüne şikes ýetiripdir ýa-da uly bäsleşigiň öňüsyrasynda gymmatbahaly saz guralyny, döwüp, çym-pytrak edipdir. Soňabaka bolsa onuň aňynda özüniň insultdan (beýnä gan inmeginden) öljekdigi hakyndaky paranoidal pikirler emele gelip başlapdyr.
A.Sultanow Wan Klibern adyndaky pianistleriň halka bäsleşiginde ýeňiji bolupdyr, soň dürli ýurtlarda öz konsertleri bilen çykyş etmäge başlapdyr. Ol Moskwanyň konserwatoriýasynda, üçünji ýyl okap ýörkä okuwyny taşlap, ABŞ-a göçýär. Şol ýerde-de ol 26 ýaşynda birinji gezek insult başyndan geçirýär. 32 ýaşyna ýetýänçä bolsa 5 gezek insult geçirýär, bir gözi görmekden galýar, bedeniniň bir bölegi bolsa bölekleýin işlemän başlaýar (bölekleýin paraliç). Ahyrynda-da ol 35 ýaşynda öz garaşyşy ýaly, insultdan aradan çykýar.

Sergeý Rezniçenko (1993-2011). 2011-nji ýylyň fewralynda köp gatly jaýyň penjiresinden özüni oklap, 18 ýaşly Sergeý Rezniçenko aradan çykýar. Ol 2 ýaşynda sanamagy, 3 ýaşynda okamagy öwrenýär. 15 ýaşynda uniwersitete okuwa girýär. Öz janyna kast etmezden öň bolsa jahyl ýakynlaryna iki sözden ybarat bolan hat galdyrýar. Hatda şeýle ýazgy bar: “Men Hudaý”...
S.Rezniçenko 7 ýaşynda Mendeleýewiň tablisasyny ýatdan bilipdir, L.Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” eseriniň 4 tomunam okap çykypdyr. Birnäçe daşary ýurt dilini suwara bilipdir. Mekdepde okan döwründe bolsa ol ençeme bäsleşikleriň ýeňijisi bolupdyr.
Ýöne, ol talyplygynyň üçünji ýylynda birdenkä, okuwyny başyndan aýlap urupdyr. Spirtli içgileri içmäge, çilim çekmäge, mugallymlar bilen sebäpsiz kejeleşmäge, tapan-tupan gyzlarynyň yzyndan selpemäge başlapdyr. Soňra bolsa internet-biržada uly möçberde pul utdurypdyr, ejesi bilen gatnaşygy ýaramazlaşypdyr, synagdan geçip bilmändigi sebäpli ony ýokary okuw mekdebinden kowulmagyň bäri ýanyna barypdyr. Iň ahyrynda-da 2011-nji ýylyň fewralynda ony halaşýan gyzy taşlapdyr...
Jahylyň jesedini ertesi gün irden howlyny süpürijiler tapypdyrlar...

Maksim Troşin (1978-1995). Belorussiýanyň Brýansk ülkesinden bolsan ýaş aýdymçy we şahyr, çagalykdanam örän dindar bolupdyr. Ol ybadathanaň aýdym toparynda dini aýdymlary aýdypdyr, ybadathana mekdebinde saz öwrenipdir, ybadathanada jaň kakýançy bolupdyr. 2 ýaşynda M.Troşiniň agyr demgysma (astma) keseliniň bardygy anyklanypdyr we ol aýdym aýtmak bilen öz derdini ýeňletmäge çalşypdyr. 9 ýaşynda M.Troşin rus şahyrlary Ýeseniniň, Rubsowyň, Kolsowyň, Klýuýewiň şygyrlaryny aýdyma öwrüp, olara saz düzmäge we özem goşgy ýazmaga başlapdyr.

Rus topragynda, nurana tarapda,
Aýany gadymylyga baş egilýän ýerde,
Garrylar, ýaşlar gam çekmeýän ýerde,
Wejeralyk we pitne bu gün,
arwahlaram toý tutýar ol ýerde...


M.Troşiniň aýdymlary meşhurlyga eýe bolýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda M.Troşin ýeke özi konsertler bilen çykyş edip başlaýar. 1995-nji ýylyň tomsunda bolsa derýadan ýigdekçäniň jesedini tapýarlar. Onuň nädip, näme sebäpden heläk bolandygy bolsa, häzirki güne çenlem näbelliligine galýar.

Ulanylan çeşmeler:

1. https://aif.ru/society/people/18856. 07.10.2020ý.
2. https://www.nkj.ru/archive/articles/3516/ . 07.10.2020ý.
3. https://ru.rbth.com/zhizn/269-russian-wunderkind. 07.10.2020ý.
4. https://moiarussia.ru/tragicheskie-sudby-sovetskih-detej-vunderkindov. 07.10.2020ý.
5. https://klbviktoria.com/novosti/2011-god/iyni/21-06-2011-20.html. 07.10.2020ý.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 67 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Öz çagasynyň geniý bolup çykmagy ata-eneleriň aglaba köpüsiniň arzuwy. Ýöne çagalykda ýüze çykýan "geniallyk" heniz beýnisi bekemedik çaganyň psihikasy üçin neneňsi derejede agyr ýük boljakdygy, şeýle arzuwda "köňülleri telwas eýläp, seri göterilýän" ata-eneleriň ýadyna düşmeýär.
Hakdan içen zehiniň ynsan beýnisiniň çydamlylygynyň berkemeginden ir açylmagyny gögele beýni, ýaşajyk göwün göterjekmi?
Eger-de hakdan içenligiň ýüküne döz geläýen halatynda-da ol ýük çaganyň kalbyny galan ömrüne zelel ýetirer derejede maýyrjakmy, ýegşertjekmi?
Belli däl.
Ýöne, bir zady welin anyk bilýärin. Adamlaryň agramly böleginiň ýasalyşy şeýle, hakyky ata-ene hiç haçanam öz çagasyna haýsydyr bir görnüşde zyýan ýetmegini islemeýär. Şeýle ata-eneler üçinem çaganyň saglygynyň, rahatlygynyň, agaýana durmuşynyň hasabyna gazanylmaly islendik "beýik" üstünligiňem ýüzüne köz degsin...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: