12:03
Ýagyşly gije

ÝAGYŞLY GIJE

Ýagşyň akymyna sozulýar yşyk,
Köçelerden gaýralygna suw akýar.
Gözüme bolmasa, reňkler garyşyp,
Çyralaň ýagtysy garaňka ýokýar.

Gijäň ýaňagyndan syrygýar sürme,
Akýar dünýäň guramadyk guaşy.
Bedenim ruhuma öými ýa türme,
Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!

Aşgabat — öl-myžžyk,
çyg çekýär aňym,
Ýuwulýar jemaly çaňjaran dünýä.
Aglaýar hemrasyn ýitiren janym,
Ruhum — merhum arzuwlarma öwlüýä.

Seýitmyrat GELDIÝEW

Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Pegas | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Материал]
"Aşgabat - öl-myžžyk..."
Ajaýyp metafora.

0
1 Garaýolly   [Материал]
Gowy goshgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: