12:05
Ýene seni ýada saldy gelen güýz...

ÝENE SENI ÝADA SALDY ALTYN GÜÝZ

Tylla reňk ýapraklar dolduryp ýoly,
Köçelerde seýrek duşýar gelin-gyz.
Göwün öz-özünden gozgalaň tapdy,
Ýene seni ýada saldy gelen güýz.

Birden ünjä gitdim, bilmedim, neçün,
Kalbymy siltedi düşnüksiz gussa.
(Duýgulara ýene-de bir baş egdim,
Gandallap goýaýýar kejine tutsa)

Endik boldy dünýä nadyl bakmagym
(Men asla-da ýarymgöwün, dowulbaz).
Bilseň, senli ýatlamalar hemişe
Şatlygymy harpyk kimin sowurýar.

Şu günlere çenli bile duşuşan
Ýerlermizde gezip, etsemem mydar,
Seni juda-juda göresim geldi,
Pikirlermiň sakçysydyň elmydam.

Seni söýüp, pida etdim kän zady,
Ýaşlygymy ýel ugruna sowurýan.
Sebäpsiz taşlanan ýaraty kalbym
Indi gamgyn goşgulary dogurýar.

Sapa Hommadow

Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Garaýolly   [Материал]
Juda täsirli goşgy

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Gowy goşgy.

0
1 turkmentug   [Материал]
Ýaşy uzyn bolsun smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: