12:16
Näsag /hekaýa

NÄSAG

Bu dünýede bolmaýan zat barmy?
Alagaraňky otagda bir özi galan ýigit az salym diňşirgenip ýatansoň:
– Geldiňmi? – diýip sorady. Bada-bat:
– Gitmesem näme? Häliden bäri ýeke galaryňa garaşyp durun – diýip, bir ses jogap berdi.
Jogap bereniň özi görnenokdy, diňe sesi eşidilýärdi. Ýigdekçäniň göwnüne bolmasa, ses ýokardan eşidilýän ýalydy. Şoň üçinem ol çiň arkan düşüp, gözüni petige dikip ýatan ýerinden gepleşýärdi.
– Dowam edelimi? – diýip ses sorady.
– Hawa, dowam edeli. Nirede galypdyk?.. Wagt diýipdiň öýdýän...
– Adamyň iň uly ýalňyşlygynyň nämedigini bilýäňmi? – diýip, ses sorady. Öz sowalyna özi jogap berdi. – Iň uly hata wagta garaşmakdyr. Şu ýalňyşlygy sapak edinmegiň ýerine wagty togtatmak barada her hili sammy-summy gürrüň edýärler. Ýok, bu bolmajak zat. Adamzat wagta höküm etmegi başarmaz. Ýöne onuň hümmetini gaçyryp biler.
– O nähili?
– Wagtyň belli-belli pursatlaryny ýaşaman, üstünden ätläp geçip bolar diýýän. Aslynda siziň wagt baradaky düşünjäňiz nädogry. Adamlar wagty ýaşap geçirýändiris öýdýär, emma özleri wagtyň içinden geçip gidýärler. Wagt üýtgewsiz zatdyr!
– Wagty togtadyp bolanok diýýäň. Ony iň bolmanda haýal geçer ýaly edip bolmazmy?
Ses ýigdekçäniň bu sowalyna jogap bermedi.
– Her adamyň öz wagty bolýar – diýip, dowam etdi. – Saňa berlen wagtyň islendik pursatyny şarpyldayp, kesip aýyrmaga seň ygtyýaryň ýetmez.
– Hawa, ygtyýarym ýetmez, ony bilýän. Ýöne şony haýaljak geçer ýaly edip bolsa-da! Eger şo başa barsa, adamyň ömrüniň uzaldygy diýse-de bolar. Wagt näçe çalt geçse, ömür şonça-da gysga. Tersine, wagt näçe haýal geçse, ömrüňem uzyn. Eýse, ýalňyşmy?
– Sen ömri uzaltmagyň iň ähtibarly usuly wagty haýallatmakdyr öýdýäňmi? Gaty ýöntem pikir edýäň.
– Wagt çalt geçýär-dä. Ömür derrew gutaraýýar.
– Adamzat üçin wagtyň hümmeti dürli-dürli. Siziň öz hasabyňyzdan bir sagadyň bir ýyl ýaly uzaga çekýän pursatlary bolýar. Sebäbini bilýäňmi?
– Hawa.
– Şolar ýaly haýal geçýän müddetiň tutuş üç ýyly seň öňüňde ýatyr. Birsydyrgyn üç ýyl. Indi sen şo üç ýylyň hümmetiniň adatdaky ýyllaryň näçesine barabar boljakdygyny göz öňüne getirip gör.
– Dur entek! – diýip, ýigdekçe gözüni tegeledi. – Sen nämäň gürrüňini edýäň? Nähili üç ýyl barada aýdýaň?
Ses tukat jogap berdi:
– Basym seň durmuşyňda ömrüň täze sepgidi başlanar. Jebri-jepa, ezýet-ejir, görgi... tutuş üç ýyl.
Ýigdekçäniň endişesi artdy. Ysgynsyz ses bilen:
– Sen näbilýäň? – diýip sorady.
Ses soraga sorag bilen jogap berdi:
– Meň gaýypdan gelendigimi ýadyňdan çykardyňmy?
Ýigdekçäniň gabaklary sallandy. Ýüzüniň nury öçdi. Oýuganyp ýatyşyna birbada näme diýerini bilmedi.
– Gynanma! – diýip, ses oňa göwünlik berdi. – Seň arzuw edýän elpe-şelpeligiň şondan soň başlanar.
– Onuň heý bir alajy ýokmy? – diýip, ýigdekçe lapykeç seslendi. – Gaýypdan gelen bolsaň, şo zatlaram bilýän bolsaň, bir zatlar edip düzedibem bilersiň-ä!
– Düzedib-ä bolanok. Ýöne ýeňillik bilen üstünden ätläp geçer ýaly edip bilerin.
– Nädip?
– Ömrüň üç ýylyny dem salym möhlete barabar etmegiň hiç bir kynçylygy ýok – diýip, ses parahat jogap berdi.
Ýigdekçe haýranlar galyp, agzyny açdy.
– Dogrudanam? Başarýaňmy? Şo diýýän üç ýylyňy edil häziriň özünde ýom-ýok edip bilermiň?
– Göz açyp-ýumasy salym ýeterlik.
– Bäh!.. Ana, gudrat!.. Onsoň o üç ýyl meň ömrümden gädilip aýrylýan däldir-ä? – diýip, ýigdekçe gümansyradyp sorady.
– Elbetde, gädilýär. Eger üstünden böküp geçjek bolsaň, sen ol üç ýyly ýaşamak islemeýänligiň! Islemeseň, gädilip aýryljagy belli zat.
– O nähili islämok? Isleýän – diýip, ýigdekçe syçrap ýerinden galdy.
– Diýmek, saňa üç ýylyň dowamyndaky muşakgatlyk däl-de, wagtyň özi gerek ekeni.
– Hawa, edil özi. Ömrümden gädilip aýryljak bolsa, bu söwda karam bolýar.
– Seň diýşiň ýaly, muşakgatlygy aýryp bolýan bolsa, onda o üç ýyllyk wagt boşluk bolmazmy? Wagt boşluk däl ahyryn! Wagtyň özi... – diýdi-de, ses birdenkä tarpa kesildi.
Çünki şo wagt gapy açyldy-da, ýigdekçäniň kakasy göründi. Ol alagaraňky otagyň içinde tä gözi öwrenişip, ogluny saýgarýança dymyp duransoň:
– Bir hümürdi eşidildi weli, kim bilen gepleşýäň-aý? – diýip sorady.
– Kimligini aýdanog-a.
Kakasy geň galyp, töweregine ýaltaklap göz aýlady.
– Ýeke özüň dälmi näme? Hiç kim ýok ýaly-la?
– Bar, bar. Ýöne görnenok. Diňe sesi eşidilýär. Gaýypdan geldim diýýä. Ol aýdýa maňa, ömrüň üç ýylyny berseň diýýä... – diýip, ýigdekçe gürrüň bermäge başlady.

***

Psihoterapewt ýigdekçäni ýarym sagat ünsli diňländen soň, käbir zatlary soraşdyrdy.
– Onsoň ol ýygy-ýygydan gelýämi ýanyňa?
– Islän wagtym.
– Iň soňky gezek haçan geldi?
– Düýn. Kakam girmeziniň öň ýany.
– Ondan soň gelmedimi?
– Ýeke özüm bolan bolsam gelerdi. Ýanymda adam bar wagty geplänok ol. Sesini çykarman diňläp durýar. Asyl ol meň ýanymdan hiç ýere aýrylyp gidenok. Düşünýäňizmi?
Lukman düşünýän diýen manyda baş atdy. Ýigdekçäniň hossarlaryna ýüzlenip:
– Ötüşipdir. Irräk getirmeli ekeniňiz – diýdi.
– Ötüşer ýaly mahal geçmese nä? Bi derdi düýn-öňňin tapyndy. Öň gyz gylykly, gelin ýörişli, ýuwaş oglandy. Wah-h... – diýip, kakasy jibrindi.
Ejesi maňlaýyna goşa ýumruk urup:
– Wa-ah, guda bolup goýdum muň üçin. Öýerjek bolup ýörün-ä. Lukman jan, bejerip ber, ile-güne ryswa bolmaly! – diýip aglady.
– Bejererdim weli, menlik keseli ýok-da. Äkidäýiň!
– Wah, nirä äkideli, nirä?
Lukman ýigdekçä haýpygelijilik bilen seredip, uludan demini aldy-da:
– Dälihana. Men häzir bir hatjagaz ýazyp bereýin – diýip jogap gaýtardy.
Bu dünýäde bolmaýan zat barmy? Bolýan zat barmy nä?

Mart, 2017-nji ýyl. Mary.

Kakamyrat ATAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 172 | Добавил: Atayew | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 17
0
17 turkmentug   [Материал]
Kim diýýä akyl adamyň kelleçanagynyň içinde diýip ? Akyl adama şemal bilen gelip gidýä ... - diýýärä Gogol .(" Telbäniň gündeligi" ýalňyşyrak terjime bolmagy ahmal.) meň pikrimçe däliligiň iň owadan kesgitlemesi şu bolsa gerek .
Hekaýany haladym

0
16 Hаwеrаn   [Материал]
Şular yaly gowy hekayalaryñ b.n bizi we saýtyñ okyjylaryny begendirip duruñ, Kakamyrat aga.

0
15 Hаwеrаn   [Материал]
"Heläkçilikde" ynanç meselesine aralaşyan gowy hekayalaryñ birini okapdyk, bu gesek adamyñ psihiki-ruhy ahwallary baradaky gowy hekayañyzy okadyk.

0
14 Hаwеrаn   [Материал]
Kakamyrat aganyñ galamyndan prozamyzda görmek isleyän eserlerimi göryarin...
Bu hekayany birinji okanyñda düşünmeyañ... ikinji okañda duşunjek bolup kellä agram beryañ, üçünji gezekde bir zatlar alyañ, oylanyp başlayañ...
Özüñ bilen baglanyşykly yerini gozleyañ, durmuşymyzda gabat gelen dälileri, ruhy näsaglary goz oñune getiryañ, hemme zatdan gymmatdygyna garamazdan, wagtyñ şeyle üns berilmeyan bigadyr zatdygyna gynanyañ...

0
12 Dunyagozel   [Материал]
Serdar aga, jogabyňyz üçin sag boluň!

0
13 Bagabat   [Материал]
Ok.

0
11 Arzyman   [Материал]
Hmmm.

0
9 Bagabat   [Материал]
Elbetde, hekaýa gowy, manyly. Her bir ýazylan zatda-da durmuşyň uşak-düşek jikme-jikliklerinem doly beýan etmek mümkinçiligem bolmaýar.

0
5 Gurgencli   [Материал]
Lukmanyň çykaran netijesi ýalňyş menimçe

0
4 Gurgencli   [Материал]
Ajaýyp hekaýa. Adamda şular ýaly ýagdaýlar bolmagy mümkindira. Dälilikdenä bolmaly däl ol

0
10 Bagabat   [Материал]
Anyk ýadyma düşmeýär welin, meşhur psihiatrlaryň birine: "Adam kim?" diýip sowal berenlerinde ol: "Adam - dälilik bilen sersaglygyň arasynda üznüksiz leňňer atýan, pursatsaýyn agyp-dönüp duran jandar!" diýip jogap beripdir. Şonuň üçinem, ruhy taýdan näsaglaryň çensiz-çaksyz sersaglyk pursatlarynyň bolşy ýaly, doly sersag adamlaryňam dälilik pursatlary bolýarmyka diýýärin. Äý onsoňam, barlag geçirilende hiç kimem "doly sersag" diýen diagnoza mynasyp bolmazmyka diýýärin. biggrin

0
3 Pegas   [Материал]
Biziň obada hem bir aýal bar öz-özünden gepläp ýören...

0
2 Dunyagozel   [Материал]
Hekaýany okanlaram başyndaky aýdýanlaryna men ýaly ynanan bolsa däli bolýamy cry

1
7 Bagabat   [Материал]
Gözüne gara görünmek, kimdir bir göze görünmeýän biri bilen gepleşmek, yzyna gara düşmek ýaly simptomlar lukmançylyk ylmynda hakykatdanam psihiki, ýagny ruhy bozulmalaryň haýsam bolsa bir görnüşiniň alamatlary hasaplanýar. Elbetde ruhy bozulmalaryň dürli-dürli görnüşleri bar. Olar agyrlyk derejesi, alamatlary boýunça biri-birine çalymdaş bolsalar-da, özara tapawutlanýarlar. Türkmençilikde bolsa psihiki bozulmalaryň hemmesine diýen ýaly "dälilik" diýläýýär. Ýöne hakykat-da "däli" diýen söz gadymy oguz-türkmen dilinde aklyň üýtgemegini däl-de, jeň meýdanynda ýa-da gazaba münenlerinde öz-özüňi goramak instinktini düýbünden inkär edip, söweşde serden geçýän, gazaply hem gaýduwsyz hasgurtlary (esgerleri), alplary, bahadyrlary (batyrlary) aňladypdyr. Soň wagtyň geçmegi bilen halk köpçüligi özüni umumy ykrar edilen özüňi alyp baryş düzgünlerine görä alyp barmagy başarmaýan adamlary - ruhy näsaglary we ş.m.-leri şu söz bilen aňladyp başlapdyrlar.

0
8 Bagabat   [Материал]
Hekaýada ýol berlen säwlik bolsa, ruhy bozulma hakynda diagnozy (kesel kesgitlemesini) psihoterapewt lukman goýmaýar. Ol eger-de syrkawda şeýle keseliň alamatlarynyň bardygyny ýüze çykaryp, onuň ruhy taýdan kesellidigine şübhelense, ony psihiatr lukmanyň ýanyna ýollaýar. Şol hem näsagyň ruhy taýdan kesellidigini ýa-da däldigini gutarnykly kesgitleýär we onuň ruhy keseliniň görnüşini kesgitleýär (diagnoz goýýar). Ruhy taýdan näsagy ýatymlaýyn bejerişe (ambulator däl-de stasionar bejerişe) ýerleşdirmek meselesinem diňe psihiatr, adatça bolsa, psihiatrlaryň we ugurdaş lukmanlaryň konsiliumy (topary) çözýär. Psihoterapewt bolsa, adatça, newroz, ukusyzlyk, stress, dowla düşmek ýaly ýeňil beýni-ruhy bozulmalaryny kesgitlemek hem-de bejermek, bejermäge ýardam bermek bilen meşgullanýar.

0
1 Dunyagozel   [Материал]
gaýypdan gelen diýmek näme bolýa?

0
6 Bagabat   [Материал]
Orta asyrlarda yslam dininiň sopuçylyk ýolunda "Älemi-gaýb - ylahy älem, göze görünmeýän syrly dünýä, pynhan dünýä" diýen çuň we giň manyly düşünje bolupdyr. Bu düşünjäniň gapma-garşy düşünjesi bolsa "Älemi-aýýat ýa-da Älemi-aýan, ýagny hemmelere mälim, aç-açan, açyk, göze görünýän dünýä" diýlip atlandyrylypdyr. Soň wagtyň geçmegi bilen bu iki düşünje ilk-ä şahyrlaryň, bagşy-ozanlaryň dilinde "Gaýyp we Aýat" diýen görnüşde sadalaşypdyr, soňam halk köpçüliginiň aňyna ornaşypdyr. Şeýlelikde häzirki zamanyň aň ýetiriş çygrynda:
Gaýyp - bu göze görünmeýän, syrly, ylahy, ruhy dünýä;
Aýat (ýa-da Aýan) - biziň ýaşap ýören şu dünýämiz;

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: