23:12
Fransiýanyñ täsiri
FRANSIÝANYÑ TÄSIRI

Bu gazetiñ maña aýrylan sahypasyny yzygiderli okaýanlar gowy bilýändir.
Soñky kyrk ýylda "hytaý mugjyzazynyñ" nähili durmuşa geçirilişine gyzyklanmam artyp, bu barada okan zatlarymy gürrüñ bermäge çalyşýaryn...
Geçen hepde… Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysynyñ sözlän sözlerinden toplanan "Si Szinpin. Parçalar" (“Xi Jinping. Anekdotlar”) atly kitaby okadym.
Kitaby okap durkam, "hytaý mugjyzasyny" döreden şahslaryñ belli-başlylaryndan Den Sýaopiniñ on ýaşyndaka Fransiýa okamaga gidendigini bilip, haýran galdym.
Sýaopiniñ 1976-njy ýylda Mao Szedunyñ ölüminden soñ kem-kemden häkimiýeti eline alyp, häzirki wagtyñ güýçli Hytaýyny nädip döredendigini bilýärdim. Emma onuñ 1920-nji ýylda Fransiý gidendigini bilemokdym.
Şonuñ üçin internetde-de bu baradaky maglumatlary gözledim, seljerdim. Sýaopin hakykatdanam Fransiýada hem-ä okapdyr, hemem işläpdir. Hytaýly talyplar Çžou Enlaý, Ne Žunçžen, Saý Hesen, Çžao Şiýan, Li Wenhaý dagylar bilen tanşypdyr we bularyñ täsiri bilen marksizmi içgin öwrenmäge başlapdyr. Ýewropadaky Hytaý ýaşlarynyñ Kommunistik partiýasyna goşulyp, guramaçylykly göreşe baş goşýar. Ýeri onsoñ...
Szedunyñ "ýedi parçasynyñ gowy, üç parçasynyñ erbetdigini" aýdyp, ýurt möçberli reformalary amala aşyrmak üçin Sýaopiniñ düşünjesinde Fransiýanyñ nähiliräk täsirleri bardy?
Munuñ dogry jogabyny diñe Sýaopine seredip berip bilmersiñiz? Beýleki talyplar kimlerdi?
Häzir Hytaýy dolandyrýan Si Szinpiniñ nusgalyk lideri Den Sýaopin bolýan bolsa, Sýaopiniñem görelde alýan adamy onuñ Fransiýada okap ýören wagtyndan bäri tanaýan dosty premýer-ministr Çžou Enlaýdy...

ILKINJI REFORMATOR

Meýilnamalaýyn ykdysadyýet sosializmiñ kesgitlemesi däldi, çünki kapitalizmiñ düýbünde-de meýilnamalaýyn işler bardy, şeýle ýagdaýda bazar ykdysadyýetini-de sosializmiñ astynda durmuşa geçirmek mümkindi...
Bu garaýyşdakylaryñ başyny Sýaopinden öñ (ekerançylyk, industriýa, ylym-tehnologiýa we goranmak pudagynyñ ösüşine gönükdirilen) "Dört modernizasiýa" ýolbaşçylyk eden Çžou Enlaý bardy. Ol hytaý rewolýusiýasynyñ birinji premýer-ministridi we 1976-njy ýylda aradan çykýança şu wezipede işledi.
Olam 1920-nji ýylda Fransiýa giden talyplardandy...
Enlaý Ýewropada synpy çaknyşyklaryñ çözgüdine gönükdirilen dürli-dürli çemeleşmeleri öwrendi. Hytaý üçin ýörelmeli ýoly kesgitledi: "Tapgyrlaýyn reforma!"
Ol günbatarlylara iñ ýakyn duran hytaý döwlet ýolbaşçysydy. Meselem ol Çarli Çaplin bilen ýegre dostdy. Genri Kissinžer bilen gizlinlikde duşuşyp, hytaý-amerikan gatnaşyklarynyñ 70-nji ýyllardaky oñyn tarapa özgermeginiñ öñüni açdy.
1966-njy ýylda medeni rewolýusiýa döwründe Den Sýaopiniñ ýeke-täk howandary Çžou Enlaýdy. Ol Sýaopini premýer-ministriñ kömekçisi wezipesine belledi...
Aslynda Sýaopin Enlaýyñ teklip edýän ykdysady syýasatyny durmuşa geçirýärdi! Enlaýyñ bugünki gün Hytaýda iñ köp ýatlanylýan şahslaryñ biri bolmagynyñ düýp sebäbi hem şunda...
A beýleki talyplar?

YMAM HATYP - HÖKMANY ŞERT

Fransiýada 20-nji ýyllarda okan başga-da hytaýly talyplar bardy:
[b]Li Fuçun…
premýer-ministriñ kömekçisi wezipesinde işledi. Ol Hytaýyñ sosialistik bazar ykdysadyýetiniñ esasy düýbüni tutujylarynyñ biri hasaplanýar...
Çen Ýi... Şanhaý şäheriniñ häkimi we Daşary işler ministri wezipelerinde işledi...
Ne Žunçžen... hytaý goşunynyñ modernizasiýalaşmagyny üpjün eden şahslarynyñ biri. Ol Hytaýyñ azat-edijilik goşunynyñ marşallarynyñ biridi...
Li Lisan… Hytaý Halk respublikasynyñ döredilmeginden soñ işçiler sindikatyna ýolbaşçylyk etmek üçin Zähmet ministri wezipesine bellendi. (Soñky ýyllarda haksyzlyga we zulma uçrap, öz janyna kast etdi...)
Li Weihan… Partiýanyñ işgärlerini we ýolbaşçylaryny taýýarlaýan iñ ýokary okuw jaýy bolan Merkezi Komitetiñ partiýa mekdebiniñ ilkinji direktorydy. Kommunistik partiýanyñ 6-njy politburosynyñ agzasy boldy. Ol Sýaopiniñ reformalar babatda iñ uly goldawçysydy.
Hususanam... Pekin uniwersitetiniñ rektory we Sinika akademiýasynyñ düýbüni tutujy Saý Ýuanpeý we Hytaýyñ Renmin uniwersitetiniñ rektory U Ýuýçžan dagylar hem Fransiýada okan talyplardandy.
Özem Fransiýadan dosty Szeduna ýollan hatkary bilen ony bolşewistik rewolýusiýa ýakynlaşmaga yran Saý Hesen we onuñ aýaly Sýan Szinýuý, Çžao Şiýan, Çen Ýannýan dagylar nasionalist Hytaý tarapyndan ölüm jezasyna höküm edildi. Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ ýokary derejeli agzasy Wang Ruofeý uçar heläkçiligine uçrap, aradan çykdy.
Sanawda ýüzden gowrak şahsyñ ady bar...
Dünýäniñ iñ uly ykdysady güýji bolan Hytaýt döredenleriñ düýnki gün Fransiýada bolmaklarynyñ bu reformalara täsiri neneñsi boldy? Gynansak-da... soragyma jogap tapmadym, siziñ bilýän, salgy berip biljek çeşmeleriñiz barm? Käşgä, biri öwrenip, ýazsa, bizem bilsek!
Meñ bilýänim... Hytaý häzirem ABŞ-na we dünýäniñ iñ gowy uniwersitetlerine talyplaryny ugratmaga dowam edýär...
Bizde bolsa, "Ymam Hatypda" okamadyklara pes göz bilen garalmaga dowam edilýär! Bu kellede gezip ýörenler "hytaý mugjyzasy" bilen gyzyklanýarlarmyka? Gyzyklanýandyrlar öýdemok...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.01.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 91 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Şeýle deñeşdirmeli mysallar bolsa siziñ her biriñizde näçe diýseñ bardyr...

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Meniñ bir doganoglan jigim bar, Amerikada okap geldi. Oñat taýýarlykly, sowatly oglan, dil bilýär, okan ugry boýunça ýerinde peýdalanylsa köp işleri edip biljek oglan. Emma tersine...
Ýene bir ýegenim bar ýurdumyzda diller institytyny okap gutardy. Mekdepleñ birinde iñlis dilinden mugallym. Ol iñlis dili beylede dursun, okan ugrunyñ dilinem bilenok ýogsam...
Şu ikisiniñ mysalynda köp zada baha berseñ bolýar... ))

0
1 turkmentug   [Материал]
Gyzyklanýandyrlar ,meň pikrimçe

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: