18:35
Kör ynanç
KÖR YNANÇ

Professor Ihsan Süreýýa Syrma (1944-nji ýylda doglan)...
Ankara uniwersitetiniñ ylahyýet fakultetini 1966-njy ýylda tamamlady.
Yslam taryhy boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goramak üçin Fransiýa gitdi. Arap dilini öwrenmek üçin Tunisde boldy. 1980-nji ýylda dosent, 1989-njy ýylda professor boldy.
Yslam taryhy boýunça otuz kitabyñ, iki ýüzden gowrak makalanyñ awtory.
Professor Ihsan Süreýýa Syrma geçen hepdäniñ ahyrynda Giresunda geçirilen kitap sergisine çagyryldy, uçar petekleri alnyp ýollandy. Soñra...
“Ýerli syýasy şertler” diýlip, Syrma halypany sergä çagyrmak goýbolsun edildi!
Professor Syrmanyñ bäş jiltlik "Musulmanlaryb taryhy" diýen kitaby bar. Ol şeýle diýipdi:
"Mugawyýa we onuñ ogly Ýezit ýalñyş ýoldady, Hezreti Alyñky dogrudy!"
Tötänlik:
Professor Syrmanyñ "ýerli syýasy şertleri" bahana edip Giresuna çagyrylmadyk güni ABŞ Kasym Süleýmanynyñ janyna kast etdi!
Hem...
Kasym Süleýmany barada bilýän zady bolmasa-da, käbir ýezitparazlar "Şaýy serkerde öldürildi!" diýip toý tutdy!
Hawa. Olar üçin ýeke-täk çaprazlyk - ölen bendäniñ şaýy bolmagydy...
Hawa. Olar üçin ýeke-täk ölçeg - professor Syrmanyñ Hezreti Alyny hakly görkezen garaýyşlarydy...
Soragsyz-sowalsyz, sowatsyz kör ynanç - guşbeýnilere mahsusdyr! Ýurdumyza soñky ýyllarda "emewi dinçiligi" janlandyryldy..
Professor Syrma garşy edilen bilen Kasym Süleýmana garşy gurnalan kast edilşige begenmegiñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Bu barypýatan ýezitlikdir...

MEZHEPÇI DOST

Kasym Süleýmany hakynda mediýada ýazylanlaryñ aglabasy Günbatardan terjime edilenler. Gynansak-da.
Geçen dynç güni... otstawkadaky tanyş ofiserlerimiñ birine jañ etdim. Telefony öçük eken. Giçlik özi aýlady.
"Gaty görmäñ, jañ eden wagtyñyz Eýrandadym" diýdi. Kasym Süleýmanynyñ jynazasyna gatnaşan eken. "Dostumdy. Birnäçe ýyllap bile işleşipdik!" diýdi.
Türk esgeriniñ PKK-a garşy serhetden añyrda geçiren operasiýalarynda (koordinat berme ýaly) iñ uly kömeginden peýdalanan şahslarynyñ başynda Kasym Süleýmany bardy!
Kasym Süleýmanynyñ ABŞ-nyñ oýunjagyna öwrülen PKK ýaly terrorçylykly guramalara garşy alyp baran barlyşyksyz göreşi gizlin syr däl.
Eýse... hemme zada oýlanyşykly seredensireýän mezhepçi tarapgöýler türk howpsuzlyk gullugynyñ (MIT) başlygy Halan Fidandan Kasym Süleýmany barada näme üçin soranoklarka?
Seret, mezhepçi dost!
Hem guk ýanymyzda terror döwletiniñ gurulmagyna garşy çykan bolýarsyñ, hemem Kasym Süleýmanyny öldüren amerikanlara alkyş aýtjak bolýarsyñ! Beýle zat bolmaz. Yñdarma mezhepçi-syýasy ynanç seni "oýnawaja" öwrer...
Biziñ illerde syýasy yslamçylaryñ iki ýüz ýyllap imperializmiñ tarapynda ýer almagynyñ sebäplerine kelle döwseñ gowy bolmazmy?
Göwünlerine degmek islämok, emma düşünje gurşawy ep-esli derejede pese düşürilen "biziñ mähellämizdäkileriñem" käbirleri soñky otuz ýyldan bäri imperialistleriñ hatarynda:
-“Türkiýe Eýran ýaly bolmaz!” şygaryny bize kimler näme üçin orta atdyrdy?
Yslam taryhy nukdaýnazaryndan seredilende, Erbakanyñ uly öwrülik bolup biljek mazlum Eýran saparyna metbugat serişdeleri arkaly näme üçin garşy çykyldy?
Bugün... Erdogan we Kylyçdarogly dil ýarmaga gorkup durkalar, Temel Karamollaoglynyñ (Sagadat partiýasynyñ başlygy -t.b.) Kasym Süleýmana şehit diýmeginiñ çuññur manysyna haçan düşünerkäk?

SOWALSYZ BOLMAZ

Ýakyn taryhyñ sahypalaryny agdarmasak bolmaýar.
FETÖ-nyñ polisiýa toslamalaryna ýugrulan syýasy analizlere täsiri neneñ boldy?
Meselem, polisiýanyñ bir habarnamasynda şeýle setirler bardy:
"Geçirilen kontrrazwedka işleriniñ we gizlin operasiýalaryñ netijesinde žurnalist Ugur Mumju kast edişliginiñ we beýleki kast edilşikleriñ arkasynda Eýranyñ ynkylapçy gwardiýasyna garaşly Kuddus goşun birliginde gulluk edýän şahslaryñ meýilnamasynyñ we goldawynyñ bardygy anyklandy..."
Indi... şular ýaly maglumatlaryñ dogrulygyna şübhelensek gowy bolmazmy? Onuñ düýp sebäbi-de 2000-nji ýylda Stambulyñ Beýkoz raýonynda "Hizbullah" terrorçylykly guramasyna garşy geçirilen operasiýamyş.
Ýeri onsoñ... bi "Hizbullahyñ" Eýran bilen, şaýylyk bilen näme baglanşygy barka? Gurama "Ihwan" ("Musulman doganlar") guramasynyñ Siriýadaky şahamçasynyñ tutýan ýoluny oñlaýardy. Özem hut şol guramadan bölünen topar Müsüriñ "Ihwan Et Tekfir we'l-Hijre" guramasynyñ ýolundan ýöreýärdi. Bu topar Aksoý, Üçok, Mumju, Kyşlaly jenaýatlaryny amala aşyrypmyş...
Eýran näme üçin ýöñkelýän bu jenaýatlary näme üçin etsin? Bilşimiz ýaly:
"Sowuk urşuñ" gutaran 90-njy ýyllarynda dünýäniñ ýeke-täk güýji bolup galan ABŞ (Eýran, Yrak, Siriýadan daşgaryn) ýer ýüzüne höküm edýärdi. Ýagdaý şeýle. Gelejeginden endişeli Eýranyñ şolar ýaly galagoply döwürde Türkiýede syýasy jenaýatlary amala aşyrmagy üçin näme sebäp tapylyp biler?
Ýa-da şu sowaly orta atalyñ: Şol döwür Yraga bomba ýagdyryp, Ýakyn Gündogary täzeden şekillendirmäge çalşan ABŞ-nyñ bu kast edilşiklerde barmagy barmy? FETÖ bu işiñ niresinde?
Soragsyz žurnalistlik bolmaz, tersine bolanda syýasy we dini kör ynanjyñ ýesirine öwrülersiñiz!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 08.01.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 49 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: