17:47
Ene söýgüsi / hekaýat
ENE SÖÝGÜSI

Bir gezek eneden sorapdyrlar:
-Sen öz çagalaryňdan haýsysyny hemme zatdan beter söýýärsiň?
Ene jogap beripdir:
-Meniň ýüregimi diňläp görüň! Meniň ýüregimem, kalbymam bagyş edýän, iň eý görýän çagam –
– Kesellän çagam – sagalýança;
– Ýoldaky çagam – öýe dolanýança;
– Ýadan çagam – dynjyny alýança;
– Ajygan çagam – doýýança;
– Suwsan çagam – teşneligini gandyrýança;
– Okaýan çagam – okuwyny tamamlaýança;
– Eşigi şalha çagam – eşikli bolýança;
– Işsiz çagam – iş tapynýança;
– Sallah çagam – öýlenýänçä;
– Çagaly çagam – çagalaryny ulaldýança;
– Wada beren çagam – wadasyny bitirýänçä;
– Bergili çagam – bergiden dynýança;
– Aglaýan çagam – diňýänçä...
Şu sözleri diýenden soňam ene biraz dymypdyr-da, gamgyn ses bilen üstüne goşupdyr:
– Meni taşlap giden çagam – gaýdyp gelýänçä...

Internetden alnyp, terjime edildi.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 45 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: