16:16
Başgaça seredip oñarmak
BAŞGAÇA SEREDIP OÑARMAK

Dünýäniñ üns merkezinde Hytaýda dörän koronawirus ýokanjy bar.
Hemmeler howatyrly, "waksinasy ýokmuş" diýýärler...
Soñky ýyllarda şuña meñzeş gorky dörediji habarlary kän eşitdik: howply wirus gorkusyna giren dünýä 1997-nji ýylda Gonkongda ýaýran "global heläkçilik" - H5N1 - guş dümewi bilen tanyşdy!
Global mediýa arkaly wirus dünýäniñ ünsüni şol bir meselä çekdi:
– Waksinasiýa etdirmeseñiz ölersiñiz…
Aslynda ortada alyp ýatan ullakan heläkçiligem ýokdy: 18 adam näsaglady, olaryñam diñe altysy aradan çykdy.
Gep diñe "guş dümewinde" däl…
Bir ýyl geçensoñ dünýä mediýasy şuny ýazdy:
"Bütin dünýä aýak üstünde! Nipah wirusy möwç alyp ýaýraýar. Waksinasy ýok, degdigi öldürýär...
Hindistanyñ Kerala ştatynda howatyrlandyran ölüm howply nipah wirusy sebäpli, günde on adam aradan çykýarka, beýleki bir tarapdan on üç adamda ýarganatlaryñ göterýän ölüm howply wirusynyñ bardygy ýüze çykdy..."

Birmeñzeş jümleler bilen birmeñzeş howsalaly habarlar çykmaga dowam etdi:
2002-nji ýylda (Hytaýyñ misk pişiginden ýaýran) sars... (özem indi şu wirusyñ adam eli bilen ýasalandygy babatda hiç hili şek-şübhe ýok.)
2009-njy ýylda (Meksikada orta çykan) H1N1 doñuz dümewi... Onsoñam şol ýyl dünýäniñ üns merkezinde diñe H1N1 wirusy ýokdy: "gemrijiler arkaly adamlara ýaýran we ölüm howply hanta wirusynyñ krym-kongo ganamaly gyzgynlygy ýokary galdyrýan keseldenem has howpludygy mälim edildi..."
2012-nji ýylda (Saud Arabystanynda dörän) mers... (Hytaýdan ýaýran koronawirus sarsdyr mers bilen birmeñzeş "infeksion maşgaladan" bolan dem alyş ýollaryndan ýaýraýan keseliñ bir görnüşidir...)
2013-nji ýylda (Kongoda dörän) ebola...
Gutatar ýaly däl:

■ [b]ZIKANY ÝATDAN ÇYKARDYÑYZMY?


2016-njy ýyl...
Biziñ metbugat organlarymyz şoña meñzeş habarlary bermäge başladylar:
"CnnTürk": “Dünýä siñekler arkaly geçýän zika wirusynyñ howpy astynda. Braziliýada eýmendiriji möçberlere ýeten wirusyñ döreden keseli ýigrimi ýurda ýaýrady…”
"Hürriyet": “Zikada howsala köp, waksina ýok.”
Türk mediýasynyñ habar çeşmesi "BBC" we onuñam gollanýan çeşmesi bolan amerikan metbugatydy.
“Zika wirüsy” howpy üçin kelleçanagy we beýneisi heniz bekäp ýetişmedik bäbejikleriñ fotosuratlary we ş.m. ýaýradyldy. Elli ýurda howp abanýardy!
Hemişe bolşy ýaly howatyra düşüriji habarlar şu aşakdaky jümleler bilen gutarýardy:
[i]"Bu ýokanjyñ waksinasy ýok, näme ederkäk?"

Hudaý diýen ýerimiz bar eken: polisiýanyñ we FBI-niñ ýokary derejeli goragy astyndaky Galweston laboratoriýasynda ýörite hünärmenler waksinanyñ üstünde işleýärdiler! (Polisiýa-FBI laboratoriýany näme üçin goraýarka? "Göze görünmeýän duşmanlarda" döretmäge çalşylýan howsala operasiýasy dälmi näme? Üns beriñ, waksinanyñ üstünde işleýän her bir işgäriñ howpsuzlyk goragyna alynandygy aýdylýar! Ýer, bolýa-la...)
Bü zika wirusy patyrdysynyñ çykmagyna näme sebäp bolduka?

GIO (GRI, GIO - Глобальная инициатива по отчётности) alanlar

Zika wirusy ilki nirede ýüze çykdy?
Aslynda ol täze dörän zat däldi. 1947-nji ýylda Ugandanyñ Entebbe şäherindäki Rokfelleriñ wirusologiýa institutynda dörän zat.
Wirusyñ bir nusgasy barlag geçirmek üçin fonduñ işgäri J.Kasals tarapyndan Nýu-Ýorkuñ laboratoriýalaryna getirildi...
Zika wirusy 2016-njy ýylda dünýäniñ diline düşensoñ, gowur turdy: "Eýse Rokfelleriñ waksinasy üçin uly howsala döredilip, dünýäni howatyra saldylar?"
Rokfeller fondy aýyplamalary boýun almady. Olar waksinanyñ üstünde işleýänem bolsalar, heniz onuñ patentini almandyklaryny aýtdylar. Hem ýöne:
Guillaume Kress wirusyñ patentiniñ Rokfeller fondunda saklanýandygyny delilleri bilen (Kanadanyñ dokuz dilde berilýän baş esasy mediýasyna alternatiw) www.globalresearch.ca atly habarlar saýtynda habar berdi.
Aýtjak bolýan zadym aslynda şol bir zat:
“Waksina akmy-gara” çekişmesiniñ geregi ýok. Waksinanyñ uly "GIO ulgamy" bar.
Meselem... “wirusyñ patenti” barada näme bilýärsiñiz?
“Waksina patentiniñ” orta çykmagy bilen Türkiýe ýaly ýurtlara öñden dowam edip gelýän waksina önümçiliginden doly el çekdirilmeginiñ arasynda nähili baglanyşyk bar? Mesele çakymyzdan düýpli...
Sözümize guş dümewi bilen başladyk, şoñ bilenem jemläýin:
Guş dümewi ýokary derman öndüriji uly şereketlere ummasyz girdeji gapylaryny açdy. Günorta Amerikada 90-njy ýyllarda dozasy 2 dollara durýan dümew waksinasynyñ bahasy 2007-nji ýylda 12 dollara ýetdi! A onuñ hakyky bahasy bolsa 1 dollara durýardy!
Neoliberal saglyk syýasatyna tankydy bellikleri eden professor Howard Waýskin şeýle diýýär:
"Mundan beýläk adamlar saglygy biri-birine baglanyşdyrýan agalyk ediji ideologiýalary içgin öwrenerler diýip umyt edýärin. Çünki kapitalistik saglyk hyzmatlary we kapitalizmiñ döreden ýaramaz saglyk netijeleri adamlar tä aýaga galyp, global kapitalizm sistemasyny üýtgetjek wagtyna çenli düzeler öýtmäñ."
Hawa…
Sagdyn pikire eýe bolmagyñ iñ gowy ýoly - birnäçe dürli pikiri öwrenmekdir.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 31.01.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 70 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: