23:58
Döwlet garakçysy saudlar
DÖWLET GARAKÇYSY SAUDLAR

Söýgüli okyjylarym, garakçysy diýilýän zat diñe dag başynda bolýandyr öýtmäñ... ol hemme ýerde-de bolup bilýär.
Emma döwlet garakçylygy juda seýrek duş gelýär.
Galyberse-de XXI asyrda! Biz muña iki ýyl mundan öñ Stambulyñ jümmüşinde şaýat bolduk. Saud Arabystanyñ raýaty žurnalist Jemal Kaşykçy ýurdunyñ häkimiýetine garşy gidýän oppozioner şahslaryñ biridir.
Ol ýurdunda bolup geçýän eden-etdiliklere batyrgaýlyk bilen garşy çykyp, ýer ýüzüniñ žurnalistlerine nusgalyk görelde görkezýärdi.
Türkiýede adaglysy bardy.
Toýa taýynlyk görýärdi... Emma saud raýaty bolandygy sebäpli, ýurdunyñ Stambuldaky konsullygyndan käbir resminamalary almagy gerekdi.
Oña belli bir günde konsulluga gelip, resminamalaryny doldurmaga rugsat berildi. Ana, bar zadam şondan soñ boldy.
Kaşykça öñden bäri dişini gyjap ýören saud hökümeti soñundan dünýäni aýaga galdyrjak işe meýillenýärdi.
Kaşykçy görgüli konsullyga girenden soñ ýok edilmelidi.
Emma muny etmek üçin düýpli taýýarlyk görmelidi. Şonuñ üçin ilki Saud Arabystanyñ patyşasynyñ, soñra onuñ wekili bolan mirasdüşer şazadasynyñ rugsady alyndy we ganhorlar topary düzüldi.
Toparyñ düzüminde ekpertler, kesip-çapýançylar, gassaplar, jesedi kislota bilen eredip ýok edýänçiler... kim gerek bolsa bardy.
Ganhorlar doly üpjünçilikli ýagdaýda Stambula geldiler.
Her biriniñ kisesinde diplomatiki eldegrilmesizlik pasporty bardy.
On alty adamlyk garakçylar topary jenaýatdan birnäçe gün öñ ýeke-ýekeden Atatürk howa menziline gonmaga başlady.
Käbirleri ýörite uçarlarda, käbirleri bolsa tarifli reýslerde gelýärdi.
Olara Stambuluñ lýuks otellerinde ýerleşmek buýruldy. Otellere dagadylar we saud konsullygynda duşuşdylar.
Soñ ýüze çykan maglumata görä konsulyñam gaýyryljak işden habary bar ekeni.
Şonça ganhora ýolbaşçylyk etmegem şoña ynanylypdy.
Ganhorlar konsullygyñ binasyna girip, bukuda ýatdylar. Kaşykçy içeri giren badyna onuñ üstüne bökdüler, neressäni gara ýere serdiler.
Dek düýn mälim bolan maglumatlara görä, Kaşykçyny ilki huşundan gideripdirler, soñra kerçemäge başlapdyrlar.
Degişli türk gulluklary diýersiñiz, gynansak-da, olar piliñ gulagynda uklamaga dowam edýärdi.
Teleýaýlymlarda hem tomaşa etdik, wakadan soñ konsullygyñ binasyna paket-paket arassalaýjy we kir ýuwujy serişdeler getirilen eken.
Biziñkiler ýene eli-aýagy bagly, hiç zat edip bilmedi.
Ine, şundan soñ kapasadaky guşlar kimin ýañky ganhorlar ýekän-ýekänden uçup, Saud Arabystana gaçyp gitdiler.
Emma ortada jeset ýokdy, oña näme bolandygyny hiç kim bilenokdy!
Häzire çenlem tapylanok.
Türk polisiýasynyñ binada gözleg işlerini geçirmegine birnäçe günläp rugsat berilmedi. Ahyrynda rugsat berilen wagtynda, eýýäm suw señrikden agypdy.
Şol ikiarada konsulam biziñkileriñ gözüniñ alnynda sumat boldy!
2018-nji ýylyñ 2-nji oktýabr güni edilen jenaýatdan şumada çenli tegelek iki ýyl geçdi. Netije häzirem nola-nol, elde ullakan nol bar!
Saudlardan günäkärleriñ gaýdyp berilmegini talap etdiler, güldüler we dogabitdi gylyklaryny edip gaýdyp bermediler. Emma beýannamalar bilen çykyş etdiler!
“Jenaýatkärleriñ garşysyna derñew işi gozgaldy.”
Golaýda ýene bir beýannama berdiler:
“Garşysyna iş gozgalan şunça kişä ölüm jezasy berildi!”
Hemmesi ýalan...
Geñ göräýmeli, jezalandyrylanlaryñ biriniñem ady tutulanokdy.
Söýgüli okyjylarym, Saud Arabystany diýilýän ogrulardyr orramsylaryñ ýurduny gowy tanamak gerek.
Döwlet ýolbaşçylarynyñ barsy ahlaksyzdyr, ogrudyr we iki esasy girdeji çeşmesi bardyr: musulmanlyk söwdasy we korrupsiýa.
Olaryñ uýýan wahhaby mezhebi-de barypýatan dinden çykanlykdyr.
Aslynda Saud Arabystany, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri diýilýän ýurtlaryñ barsy ogrulat we parahorlar tarapyndan dolandyrylýar.
Bularda adamyñ hak-hukugy, aýal-erkek deñhukuklylygy diýen düşünjeden nam-nyşan ýok. Kanun ýok, çölüñ ýabany kada-kanunlary ýöreýär.
Ortada ýokary taýýarlykly ýerine ýetirilen professional jenaýat bar. Ganhorlar işlerini bitirip, gözümiziñ öñünde biziñkileriñ süýrenjeñligi sebäpli gaçyp gitdiler.
Şu iki apbasylyk Saud Arabystanyñ bigaýratlygyna seretseñizläñ!
Wyždansyzlar bireýýäm etjek işlerini edip dyndylar, emma, gelip görüñ, häzirem jesediñ näme nirä nädip ýitirim edilendigini bilýän ýok.
Kerçäp-dogradylarmy, kislotada eretdilermi ýa-da neressäni Stambulda öz uçarlaryna mündürip diriligine alyp gitdilermi... barsy näbelli!
Bäş manatlyk ganhorlar ýurdunyñ garşysynda şu güne çenli çäresiz galdyk, mundan soñam üýtgän zat bolmaz.

Emin ÇÖLAŞAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 120 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 11
0
11 Hаwеrаn   [Материал]
Halkymyzyñ genefondy bir zayalansa, onuñ öwezini ne milliard dollarlar bilen, ne belent-belent ak mermerden binalar dolduryp bilmersis.

0
10 Hаwеrаn   [Материал]
Türkmen birwagt ozi getiripdir yat illerden gelin-gyzy (dessanlarymyz muña iñ gowy mysal) oz gelin-gyzlaryny yatlara bermandir. Indi tersine bolup baryar....

0
9 Hаwеrаn   [Материал]
Pyçak oz gynyny kesmez. Nalaçlykdan eklenç ü.n bir döwüm çöregiñ ugrunda yurdy terk edip gidyanlere "dönük" tagmasyny yelmemäñ.

0
8 Hаwеrаn   [Материал]
Bu milletparazlyk ýa syýasat däl, emma: Garagöz Türkmen, silkin indi! Özüñi tana, aslyñy tana, nesliñi tana, nowjuwan ogul-gyzlaryña eýe çyk! Nebir gelin-gyzlarymyzy yat illerde, Tûrkiye diydi, BAE diydi, Hytaý diydi, Russiýa diydi, ABŞ diydi, yene görlähet diydi... ite-guşa şam etmäñ! Özûñiz ekläp-saklañ, ozuñiz bezäñ.

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Gynansak-da, olaryñ gapysynda gyrnak bolmalam bolsa, ikelläp baryan gelin-gyzlarymyz aramyzda seýregrägem bolsa çykman duranok...

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
99% makullaýan makalada aýdylanlary.

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Ne tañry salamyny bilýärler, ne edep-ekramy. Hakykatdanam olar çölüñ ýabany düýeleri. Abşanaklap, medeniýet diýen zat ýok, diplomat diýjeksiñ olara, günüñe ýanaýyn.

Ilçihananyñ işgärleriniñ arasynda diñe baş ilçide adam sypatyny görýärdim. Her gün irden işe gelende ýeriñde ýok dagy bolsañ, gorag gullugyna jogapkär orsdan sorap, ýeriñe gelýänçä garaşýar, salam-helik edensoñ soñ kabinetine girýär. Şeýle mähirli adam (şo wagtam, häzirem onuñ adynam bilemok, biljegem bolmandym), a tersine ilçihananyñ beyleki saudly işgärleriniñ yekeje tañry salamyñy alyp diñe baş atyp geçyanini hasap etmesek, 20-ä golaý (belkem ondanam köp) ne salamyñy alýarlar, ne salam beryarler, özleriñem medeniyetsizligi, edepsizligi aydar-diyerden has beter, 2017-de Aziada geçende dagy (ilçihana şol wagtlar Olimpiya stadionyñ yakynyndady) binanyñ öñüne çykyp, erinleri çilimli, tüsseleşip yaryşa tomaşa etmage baryan gelin-gyzlarymyza açgozlük (hatda azgynlyk b.n) seredişip yalmanyşyp durardylar... hernaçe binanyñ öñem bolsa, köçäñ ugry (Ý.Emre köçesi) jemgyyetçilik yeri bolyar, ne kanunlarymyzy sylayarlar, ne baran yerleriniñ myhmançylyk edebini bilyarler. Öñler daş gulakdan eşdipdim, BAE-li diplomatlaryñ sûrujisi bolan bir turkmen oglanyñ agzyndan: araplaryñ azgynçylygy, heleybazlygy türkleriñkiden iki esse yaman diyp... aydyşlaryça bar eken...

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
2017-2018-nji ýyllarda Saud Arabystanyñ ýurdumuzdaky ilçihanasynda işlemek we saudly araplary ýakyndan tanamak miýesser edipdi.
Elbetde, biz işimiziñ talabyna eýerip, olar b.n içgin aragatnaşyga giremzokdyk, emma günde-günaşa görüp duramyzsoñ, olara baha bererlik maglumata eýe bolduk diýsem öte geçmesem gerek.

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Çölaşanyñ sözlerinde hakykat paýy ýok däl.

0
2 turkmentug   [Материал]
Öwrenişikli bolmamsoň, turuş bir ýurda ogrularyň ýurdy ,dolandyryjylarynyň baryna ahlaksyz w ş m diýilmegi üýtgeşigräk göründi .belki şoňa laýykdyrlar .bilemok .
Kaşykçyly gürrüň giden gitdi bolan bolaýmasa indi ...

0
1 turkmentug   [Материал]
Guwanç,sag bol terjimäňe .Şula gyzykly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: