22:37
Azeri-ermeni urşy
AZERI-ERMENI URŞY

Söýgüli okyjylarym, soñky günlerde başlan howsalaly Azerbaýjan-Ermenistan urşuna tomaşa edýäris.
Biziñ köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiz dowamly diýen ýaly birmeñzeş habarlary berýär:
- Ermenistan masgara boldy.
- Azerbaýjan goşuny uly ýeñişleri gazanýar.
- Iki müñ ermeni esgeri öldürildi.
- Howsala düşen ermeni goşuny yza çekilýär.

Elbetde, bizem şeýle bolmagyny arzuwlaýarys!
Emma meniñ gözüme, hakykat biziñ mediýamyzyñ häkimiýetiñ goldawyna arkalanyp çişirişi ýaly däl.
Iñ täze habarlary gyzgyny bilen "CNN", "BBC", "El Jezire" ýaly abraýly daşary ýurt telewideniýeleriniñ iñlis dilinde berilýän ýaýlymlarynda sypdyrman tanşyp duryn.
Olaryñ gahrymançylyk edebiýatyny wagyz etmeýändiklerinden bolsa gerek, bitarap pozisiýada berilýän habarlarda iki tarap üçinem bular ýaly gazanylan ýeñiş ýa-da ýeñliş ýok.
Daşary ýurt gazetlerinde-de şeýle...
Ne günlere galdyk, Türkiýede žurnalistlik ne günlere geldi!...
Iki ýurduñ arasyndaky urşu-da indi ýoýup berýäris.
Hökümetden gelen görkezmeler esasynda arasyna birtopar ýalan-ýaşryk we çişirilen habarlary sokmagy özümize dereje bilýäris.

Emin ÇÖLAŞAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 04.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 105 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: