22:00
Siwilizasiýa biziñ piñimizemi!
SIWILIZASIÝA BIZIÑ PIÑIMIZEMI!

Tokunylmadyk, el degrilmedik diñe Konstutusion sud galypdy...
Häkimiýet indi onuñam tepbedini okamak isleýär.
Ýokary suduñ bir kemçiligi bar bolsa, gurluşynda bir ýalñyşlyk bar bolsa, düzeldip bilersiñiz...
Ony düýpgöter ýok etmek nämäniñ alamaty?
Konstitusuon sudy ýatyryp, ýerine "Diwany-A:li" diýen köne biçüwli kazyýet gurmagyñ hiç hili manysy ýok!
Bularyñ gözlegi adalat däl, bular özlerine ytagat etjek, lepbeý diýip baş egjek mähelle gözleýär we "Adalat mülküñ binýadydyr" jümlesi-de mundan soñ gury şygara öwrülýär!
Konstitusion suduñ döwrebap hukuga laýyk gelýän kararlary häkimiýeti we onuñ ýaranlaryny ynjalykdan gaçyrýar, olar görkezme boýunça işlejek kanun çykaryjy organ gözleýärler.
Ilki Içeri işler ministri Konstitusiom sudy (KS) topa tutdy, agyr sözler bilen suduñ başlygyna hüjüm etdi. Yzýanyndan olaryñ ýarany Bahçeli beý heñ çalyp orta çykdy:
"Täze hökümet sistemasy, parlamentar sistemanyñ ähli çişlerinden, ähli ilteşikli ýerleeinse, ähli aýakbagylaryndan saplanmalydyr, arassalanmalydyr" diýip, Konstutusion suduñ ýatyrylmagyny talap etdi.
Bahçeli beý Konstutusion sudy "dömme çiş" hökmünde görýär, ol hukugy we adalaty däl-de, "boýun sunujylyk we ytagat" isleýär.
KS-da dowam edip gelýän hukuk ýörelgelerine laýyk gelýän adalaty berkarar etmäge jan edýän hakyky hukukçylar az däl. Emma...
Häkimiýetiñ ýanynda hukugyñ we adalatyñ bir köpüklik gymmaty barmy??
Ýurtda hemme zadyñ "buýrukdyr serkerdelik" astynda ýöredilmegini isleýärler!
Gynansak-da, demokratiýadan we siwilizasiýalaşan dünýäden her geçen gün biraz daşlaşyp barýarys!
Ýurduñ owsaryny ellerine aldylar öýdýän?
Häkimiýet aç-açan tüýsüni belli etdi: hukuga laýyklykda gelinen kararlar işlerine ýaramaýandygy üçin KS-y halamaýarlar!
Ýeri, olar sudy lagyma agdaryp bilerlermikä?
Ýok! Munuñ üçin Konstutusiýany üýtgetmek gerek. Eýsem bolaa häkimiýet we onuñ ýarany Mejlisde Konstutusiýany üýtgedip biljek güýje eýe däl!
Näme oýlasalar oýlabersinler, Türkiýäni haýsy tarapa gapgarmak isleseler isläbersinler, RHP ýa-da İYİ goldawy bolmazdan, Konstitusion suda hiç zat edip bilmezler!
Prezidentiñ nepaga çykan agzalaryñ ýerine bellän sudýalary bilen KS-yñ işgärler düzümi-de, gurluşy-da üýtgäp dur, emma häkimiýeti we onuñ ýaranyny bulam kanagatlandyrmaýar. Hamala ýurduñ eýesi bir özleri ýaly!

Režimiñ kepilligi...

KS Türkiýede hukuk döwletiniñ, hukugyñ eldegrilmesizliginiñ iñ möhüm şertlerinden biridir we demokratik režimiñ kepilligidir.
Döwlet Bahçeliniñ KS-yñ ýerine "Diwany-A:li"-niñ gurulmagyny orta atmagy, Prezident Erdoganyñam muny goldamagy, häkimiýetiñ ýokary suda bolan garaýşyny şöhlelendirýär.
“Diwany-Âli" - 1876-njy ýylda gurlan Osmanly döwletiniñ Ýokary kazyýetiniñ adydyr. Diwan gerek bolan wagtynda wekilleri (ministrleri) we ýokary kazyýet edaralarynyñ başlyklaryny we agzalaryny sud etmek üçin gurulypdir. 1945-nji ýylda onuñ ady türkçeleşdirip "Ýokary Diwana" (“Yüce Divan”) öwrüldi.
1961-nji ýylda gurlan KS-nyñ üstüne "Ýokary Diwanyñ" jogapkärçilige çekme ygtyýarlygy ýüklenipdir.

■ [b]ÝYLGYRALYÑ: Eşek we eşek däller


Birmahallar halk deputatlarynyñ biri münberde söz sözläp durka, özüne gep oklan wekillere jogap gaýtarman durup bilmeýär:
- Bu mejlisdäkileriñ ýarsy eşekdir!
Ol şeýle diýibem münberden düşýär. Onuñ bu sözüne mejlis aýaga galýar we herkes ondan sözüni yzyna almagy talap edýär.
“ Bu meclistekilerin yarısı eşektir!” der ve kürsüden iner.
Deputat näme etjegini bilmän, näalaç ýene orta çykýar, ol çuññur akyl-paýhasyny görkezen we wekilleri rahatlandyran şu sözlerini aýdýar:
- Bu mejlisdäkileriñ ýarsy eşek däldir!

GÜNÜÑ SÖZI

"Adalatyñ oñarmadyk işini ýumruk oñarar" diýenleriñ sözi dogrumy?

Rahmi TURAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 04.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 51 | Добавил: Gökböri | Теги: Rahmi Turan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: