23:17
Kyrk ýylyñ lapykeçligi
KYRK ÝYLYÑ LAPYKEÇLIGI

Ady - Zekaýi Yşyn...
Elli alty ýaşynda, Eskişehiriñ Narly obasynda ýaşaýar.
Başlangyç mekdebi gutarandan soñ Mihalyççyk ilçesinde süleýmançylaryñ ýatymlaýyn Kuran kursunda okady. Atatürküñ portretini ýyrtyp, äpişgeden daşaryk zyñyp, Atatürküñ heýkellerini ýykyp-ýumuryp Germaniýa gaçmagyñ meýilnamasyna laýyklykda taýýarlandy.
1977-nji ýylda maşgalasy bilen bile Germaniýa gitdi. Mýunhende süleýmançylar bilen gaýtadan gatnaşyk açdy. Metjit gurmak, pul toplamak işleri ynanyldy.
Jemagatyñ oñaýlamagy bilen Merýem hanyma öýlendi. Çagalaryna jemagatyñ esaslandyryjy lideri bolan (Süleýman Tunahan) Süleýman, Hilmi, Tunahan we Hafyza atlaryny dakdy!
Iki çagasy-da süleýmançylaryñ lagerinde dört ýyllap ýatymlaýyn okady.
Özi on ýedi mugallym bilen işleşdi, käbirlerine pasport almaga kömej edendigi üçin jogapkärçilige çekildi.
Jemagatyñ lideri Kemal Kaçar we Ahmet Denizolgun bilen tanyşdy, olaryñ hyzmatyny etdi. Bularyñ “Yörük” azyk iýmitleri şereketinde halal-haram boýunća gözegçilik bölüminde işlände, doñuz etinden edilen sosiskalaryñ musulmanlara satylýandygyny görüp, añynda ilkinji şübheler peýda boldy!
"Men bulara garşy ömrümiñ ahyryna çenli göreşmegi müwessa bildim. Men barada çykyş etme gadagançylygy çykarlan sekiz maddadan daşgaryn dilimiñ aýlanyp, güýjümiñ ýetýän müddetine çenli bu jemagatyñ hakyky ýüzüni halka aýan etmegi makul bildim. Hudaýa şükür, elli üç ýaşyma çenli işletmedik aklymy, indi işletme ukybyna eýe boldum..."
2019-njy ýyl. "Süleýmançylyk. Jemagata bagyşlanan kyrk ýylyñ lapykeçligi" (“Süleymancılık, Cemaate Adanmış 40 Yıllık Hüsran”) kitabyny neşir etdirdi. Kitabyñ bir ekzemplýaryny maña-da ugratdy. Men bir gtra çekilip sözi kyrk ýylyñ süleýmançysy Zekaýi Yşyna bereýin:

MUSULMAN GITLER

" - Süleýmançylar dünýewi işleri añsat ýerine ýetirmek üçin sakgal goýbermeýär. Jüpbe, şalwar ýaly eşikleri geýenoklar. Ýolbaşçylary galstuksyz daşaryk çykmaz. Gymmatbagaly penjek-jalbarlary geýýärler...
- Köplenç gök reñkli egin-eşikleri geýýärler. Şol bir wagtyñ özünde namaz okanda ýanlarynda hökman gök tahýalary bardyr...
- Doga okanlaryna aýalaryny birikdirip okaýarlar. Aýal-gyzlara haja gitmek gadagan. Ne Süleýman ependi, ne-de Kemal Kaçar haja gitdi...
- Binalarynda hökman Atatürk otagy bardyr. Emma olaryñ gözünde Atatürk - "Deçjal"...
- Süleýmançylaryñ Gitleriñ musulman bolandygtna ynanýar. Musulman Gitler ikinji jahan urşunda hamana Türkiýä çozmalymyş we din-ynançsyz Inönü hökümetini agdarjakmyş. Yzyndan Türkiýede yslam döwleti guruljakmyş, başyna-da Süleýman Hilmi Tunahany oturtjakmyş...
- Süleýmançylar Germaniýanyñ iñ uly dini jemagaty-toparydyr. Olaryñ Germaniýada 300-den gowrak edara binasy bar. Nemesler süleýmançylara arka durýar. Görkezmä garaşly ýagdaýda hereket edýän şular ýaly dini toparlanmalar hemişe diýen ýaly ulanmaga amatly bolup geldi...
- Guramanyñ işini ýöretmek üçin hemişe dynuwsyz pul gerek bolup durýar, şonuñ üçin metjitlerde her jumga we baýram günleri pul toplanýar. Hut meniñ özüm 300 müñ ýewro toplapdym. Bina satyn alyp, özlerine berilmegini isleýärler. Men olara iki satyn alyp beripdim...
- Hemişe, hemme ýerde "syýasat bilen işimiz ýok" diýen bolýarlar. Süleýman ependiniñ giýewi-wekili Kemal Kaçar üç gezek üç aýry partiýadan deputatlyga saýlandy. Ogly Ahmet Arif Denizolgun hem deputatlyga saýlandy, ministr wezipesini eýeledi!" Denizolgunyñ şahsy durmuşyna, söwda geleşiklerine, seýisligine degişli beren maglumatlaryny şu ýerde ýazybam durjak däl we ş.m.)


"33" SANYNYÑ SYRY

- Aýtmaklaryna görä, Allanyñ Resulyndan soñ (s.a.w) onuñ dowam etdirijileri bolan otuz üç sany resul gelmelimiş. Otuz üç resul halkasynyñ jogapkärçiligi-de Süleýman ependä berlenmiş. Bu ynanç başy ölümli Süleýman ependä hudaýlaşdyrmakdan - Allanyñ sypatyny bermekden başga zat däl. Otuz üç sanynyñ manysy hemişe añymy gorjalap geldi, emma hiç dogry jogabyny tapmady. Iñ makul jogap - 33-nji derejeden masonlyk meselesi...
- Bular ýaly dini toparlanmalarsa adamyñ razylygyna seredilmeýär. Sizi gul kimin ulanýarlar. Soñky demiñize çenli özgeler size buýruk baryny berýär. A siz bolsa "bularyñ bilmeýän zady ýok" diýip, her aýdan sözlerini garbap alyp, ýerine ýetirmäge jan edýärsiñiz. Şu sözleri gulagymda hemişe ýañlanyp dur: "Siziñ başyñyzda çöp goýsak, şoña-da ytagat etmelisiñiz..."
- Puluñy, maşgalañy, çagañy, işiñi, durmuş biçüwiñi, gezelenç meýliñi mugallymyña geñeşmäge borçlusyñ...
- Prezident Erdogan barada-da her dürli ýalan-ýaşryk gep-gybat ýaýratdylar. Meselem, Prezidentiñ harby gullukçylar tarapyndan dardan asyljakdygy barada myş-myş çykardylar. Olaryñ ýaýradýan bar gep-gybatlarynyñ barsy ýalan bolup çykdy. Olaryñ näme üçin Erdogany hyýallarynda "asaslary" gelmeginiñ düýp sebäbinde bolsa, Erdoganyñ süleýmançylaryñ "abileriniñ" (ýolbaşçy kadrlarynyñ) telefonlaryny diñletmegidi...
- Musulman bolsamam men şu zatlary gördüm, başymdan geçirdim. Käşgä, görmedik bolsam gowy bordy diýýärin. Gynansam-da, bularyñ barsyny başymdan geçirdim we bu kitaby ýazmaga mejbur boldum. Birnäçe adamlar ýaly äwmezlige salyp, owarrama urup "Hudaýdan tapsynlar!" diýibem bilerdim. Wyždanym başgalaryñam bulary bilmäge hukugynyñ bardygyna ynandyrdy..."

Gynansak-da, häkimiýet kürsi gaýgysyny öñe tutup, Zekaýi Yşyn ýaly hakyky musulmanlary tarykatlardyr jemagatlaryñ penjesine taşlaýar...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 49 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: