18:08
Döwletiñ bähbidi
DÖWLETIÑ BÄHBIDI

● "Eýýamyñ lideri" göwreliligi barlagdan geçirtmek isleýänleri watana dönüklik etmekde aýyplady, "çaga dogurmazlygy ündemek watana dönüklikdir" diýdi.
Referendum geçirilmegi talap edýänleri watana dönüklik etmekde aýyplady.
"Referendum talap etmek - watana dönüklikdir" diýdi.
Hatda "referendum sözüni agza almagyñ özi watana dönüklikdir" diýmekden çekinmedi.
"Referendum adalgasyny kitabymyzdan öçüreliñ, ýurdumyzy referendum çekişmelerine gurban etsek, watana dönükligiñ iñ ýamanydyr" diýdi.
RHP-ni watana dönüklik etmekde aýyplady, "Jehape watana dönüklik etdi, elimizde maglumat bar, watana dönüklik bilen baglanşykly" diýdi.
● "Millet" ýaranlygyny watana dönüklik etmekde aýyplady, "watana dönüklik edýänleriñ dördem bandasyna ses berjek bolýarsyñyzmy?" diýip sorady.
● Banklardan walýuta alanlary watana dönüklik etmekde aýyplady, "hususanam senagatçylarymyza seslenýärin, banklara çozup, walýuta aljak bolmañ, men munu watana dönüklik bilen deñ hasaplaýaryn" diýdi.
● Daşary ýurtlarda iş alyp barýan işewürleri watana dönüklik etmekde aýyplady, "eşidýän käbir maglumatlarym bar, daşary ýurda pul gaçyrjak bolýanlara geçirimlilik bolmaz, ýol bermeris, bu synanşyklar watana dönüklikdir" diýdi.
TÜSIAD-yñ başlygyny-da watana dönüklik etmekde aýyplady, "TÜSIAD-yñ başlygy öñe çykyp "global sermaýa Türkiýä aralaşmaly däldir" diýip bilmez, ol bu jümläni agzyna alýan bolsa, bu eýýäm watana dönüklikdir" diýdi.
● Hususylaşdyrmaga garşy çykýanlary watana dönüklikde aýyplady, "hususylaşdyrýarys bahanasy bilen hökümetimizi dönüklikde aýyplaýanlaryñ özleri watan dönügidirler" diýdi.
● AKP-den aýrylanlaryñ "dönüklik" edýändiklerini aýtdy.
● Aýasofýanyñ muzeýligine galmalydygyny aýdýanlary dönüklikde aýyplady.
● "Ýaraşyk möhletine" ("Çözüm süreci") garşy çykýanlary dönük yglan etdi, "ýaraşyk möhletine "dönüklik möhleti" diýýärler, eger munda watana dönüklik bar bolsa, onda Bahçeli bilen Kylyçdarogly hakyky watan dönügidir" diýdi.
Ýekän-ýekän ýazjak bolsak, sahypalara sygmaz: abort etdiren, walýuta çalşan, saýlawlaryñ geçirilmegini talap eden... watan dönükleriniñ sanawy juda uzyn...
Dek düýnüñ özünde aramyza ýene bir täzeje "watan dönügi" goşuldy.
"Dogruçyl maglumatlary berýär, işini göwnejaý ýerine ýetirýär" diýip öwülen saglygy goraýyş ministrimiz koronawirus keseliniñ alamatlaryny göterýän ildeşlerimiziñ näsag saýylmaýandygyny, onuñ wirus göterýändiginine garamazdan - munuñ kesele ýoluganlaryñ sanawyna goşulmaýandygyny, gündelik hasabata ýazylmaýandygyny aýtdy.
Ol munuñ "döwletiñ bähbitlerini goramak üçin" şeýdilýändigini aýtdy.
Ýagny... ildeşlerimiziñ özbaşdak koronawirusa ýolukmagy we hassahana baryp özüni barlatmagy döwletimiziñ bähbitlerine ters gelýärmiş. smile
Döwletimiziñ bähbitlerine laýyk gelmegi üçin saglygy goraýyş ministrligimiziñ kesgitlän möçberindäki ildeşlerimiziñ koronawirusa ýolukmagy gerekmiş.
Eger sen koronawirusa ýoluksañ we muny gizlemeseñ, senem watan dönügisiñ!
Eger koronawirusa ýolugyp, sesiñi-üýnüñi çykarmazdan it ölen ýaly ölüp gitseñ - watan saña minnetdar!
"Dogruçyl" diýilýän saglygy goraýyş ministrimiziñ bu "watan söýgüsi mantygyna" görä hereket etmeli bolsa, onda döwletiñ bähbitlerini iñ gowy goraýan ýurt - Demirgazyk Koreýa bolaýýar...
Çünki Demirgazyk Koreýada häzire çenli ýeke koronawirusa ýolugan näsag hasaba alynmady. "Maña koronawirus ýokuşypdyr" diýenleri hassahana däl-de, türmä salýarlar, şoñ üçinem hiç kimden koronawirusyñ alamaty ýüze çykanok.
Dolandyrýan jemgyýetine hakykatlary bassyr-bussyr etmän bolşy-bolşy ýaly aýdýanlar, ýüzbe-ýüz bolýan howp-hatarlaryny gizlemän, ýoýman-ýuwmarlaman aýdýanlar, öz kürsüsini däl-de, raýatlarynyñ jan saglygyny goraýanlar bolan - Germaniýanyñ, Fransiýanyñ, Italiýanyñ, Norwegiýanyñ, Ýaponiýanyñ Kanadanyñ döwlet ýolbaşçylary bolsa, döwletiñ bähbitlerini goramakdan ejiz we watana dönüklik edýän kişileriñ toparyndanmyş!
Meselem, barçamyzyñ gözüniñ alnynda bolup geçen bu masgaraçylyga "döwletiñ bähbidi" diýen ýarlygy ýelmändiklerine garamazdan, deminu çykaran oturan ylmy guramamyz "millimiş", a Germaniýanyń pandemiýa garşy janaýaman göreşýän Robert Koch adyndaky instituty bolsa "saýrymillimiş"...
Mundan beýläk, şu gün-erte bular ýaly habarlary kän-kän gezek eşdersiñiz, şoñ üçin geñirgenip oturmañ...
Reanimasiýa bölümine duýdansyz gurnalan gizlin operasiýada bejergi alyp ýatan sekiz terrorçyny atyşyp ele salynandyr öýdýän sada tomaşaçylarymyz reanimasiýa girip ýykgynçylykly-diwersion işleri alyp barýan terrorçylaryñ "DNKP-C'ORONA" terrorçylykly toparynyñ agzasydygy anyklandy we ş.m.

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 03.10.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 86 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Hаwеrаn   [Материал]
*yglan etmek edähedi, gynansak-da, häzirem dünyaniñ birentek yurdunyñ yolbaşçylary tarapyndan dowam etdirilyär.

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Staliniñ garşydaşlaryny "halk duşmany" we "watan dönügi" yglan t

0
4 Gökböri   [Материал]
Onsoñam siziñ aydyşyñyz yaly hakykatlary bilmek üçin gugl alymy bolmak hokman dal, XXI asyrda yaşyarys, her nähili yapyk duzgunli yurtda, režimde yaşalsa-da, hakykatlary gömüp, basyp-bogup, saklap bolanok, barybir äleme ayan bolyar. Tehnologiyanyñ, aragatnaşyk serişdeleriniñ... ösen dowrunde yaşayarys..

0
3 Gökböri   [Материал]
Aýtdym-a, terjime ü.n hakymy alýan, sowalga pulumy edinýän diýip, men tölegli okuwda okayaryn, stipendiyaly okuwda okamok smile

0
2 Gökböri   [Материал]
Men terjimämde türkçäniñ ysyny aýyrjak bolup jan edýän, a siziñ bolsa türkmençe yazyan teswiriñizdenem türkçäniñ ysy gelýä smile

0
1 turkmentug   [Материал]
Demirgazykly koreyleriň döwletiň bähbidini gorap goramaýanlygy ,tekstde ünsimi çeken ýeri boldy .goranoklarmyka ? Kesgitli bir zat aýtmak kyn .ýa da Ýylmaz gardaşa görä gaty aňsat :). Demirgazyk koreany kartadan tapmakda kösenjek adamlaram gugl alymy bolup,o ýurt hakynda her hili makala ýazyp bilýän döwründe ýaşaýas... elbetde ,demirgazyklylary mysal üçin diýýän :-)

Terjime aňsat iş däl . Terjime edene yhlasyndan we zähmetinden ötüri sagbolsun aýdýan. mynasyp garşylygyny alýandyr diýibem umyt edýän smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: