08:43
Menejment we marketing barada düşünje
MENEJMENT WE MARKETING BARADA DÜŞÜNJE

Mälim bolşy ýaly, menejerlik – bu kärhananyň (firmanyň) içerki mümkinçiliklerini (potensialyny) ulanmagyň esasynda, öňde goýlan maksatlara ýetmeklige gönükdirilen, kärhanany dolandyrmagyň (dolandyryş) ýörelgeleriniň we usullarynyň jemidir. Has giň manyda, menejerlige ykdysadyýeti dolandyrmagyň usullarynyň we ýörelgeleriniň jemi hökmünde-de garalýar.
Telekeçilik işiniň önümçilik tapgyrynda önümçilik prosesini netijeli guramagyň hötdesinden gelýän iş dolandyryjylaryň (menejerleriň) ähmiýeti örän ulydy. Häzirki zaman menejmentine esasan hem şu aşakdaky häsiýetli aýratynlyklar mahsusdyr:
• dolandyryş işinde esasy üns berilýän ýagdaýyň, daşky gurşaw bilen jebis arabaglanyşykda duran we onuň üýtgeşmelerine haýal etmän seslenýän açyk jemgyýetçilik ulgamy hökmünde kärhananyň (firmanyň) ösüşini, önümçiligiň içerki kesgitleýji şertlerini ösdürmegiň hasabyna işjeňleşdirmekden ybaratlygy;
• dolandyryş işini amala aşyrmagyň dowamynda kabul edilýän çözgütleriň maglumat üpjünçiligine aýratyn uly ähmiýet berilýänligi;
• dolandyryş işiniň maglumat üpjünçiliginiň kämil bolmagy üçin aragatnaşygyň (kommunikasiýanyň) elektron serişdeleriniň, şeýle hem çaklaýyş (prognozirlemek) çygryndaky iň täze usullaryň, wakalaýyn (ssenariýalaýyn) we ýagdaýlaýyn (situasion) meýilnamalaşdyrmagyň ulanylýanlygy;
• adam gorunyň netijeli ulanylmagyna täsir edýän toparlaýyn medeniýet, kärhanany (firmany, kompaniýany) dolandyrmagyň dessurlaýyn usulyýeti, işgärleri zähmet çekmäge oňyn delillendirmek, hünärmenleriň zähmetkeşler köpçüligindäki gatnaşyklary ýaly ýagdaýlara aýratyn wajyp ähmiýet berilýänligi ;
• kärhananyň daşky gurşawda bolup geçýän üýtgeşmeler babatda öz wagtynda hem-de paýhasly hereket etmegi üçin dolandyryş işiniň ýeterlik derejedäki uzak wagt böleginiň dowamynda amala aşyrmaklyga niýetlenen işjeňligiň düzgünleriniň we ösüşiň ugurlarynyň (oriýentirleriniň) jemi bolan uzakmöhletleýin (strategik) meýilnamalara esaslanmaklygy we ş.m.
Marketing – bu bazaryň toplumlaýyn öwrenilmegine we onuň hadysalarynyň düýpli seljerilmegine hem-de girdeji almak maksady bilen oňa täsir etmeklige esaslanýan dolandyryş (menejerlik) işiniň bir görnüşi bolup durýar.
Marketing esasan şu aşakdakylary öz içine alýar:
• kärhananyň haryt (önüm) we hyzmat syýasatyny;
• kärhananyň baha syýasatyny;
• kärhananyň harydyny ýa-da harydyny bazarda öňe sürmeginiň we satmagynyň syýasatyny.
Häzirki döwürde marketingiň öňünde durýan wezipeler hem-de şol wezipeleri durmuşa geçirmek elýeterli bolan serişdeleriň toplumy barada aýdylanda, marketing-menejment ulgamynyň her bir düzüm bölegi alyjylyk gymmatlygyny döretmäge öz goşandyny goşýar. Şol sebäpli-de bazarda alyjynyň zerurlyklarynyň netijeli kanagatlandyrylmagyny, diňe gymmatlyklar zynjyrynyň tutuş dowamynda ähli düzüm bölekleriň sazlaşykly we bir ugra gönükdirilen ýagdaýda hereket etmeginiň esasynda gazanmak mümkin.
Hünärmenler tarapyndan bazarda islegiň emele gelmegine (güýçlenmegine) täsir etmek üçin ulanylýan serişdelere ykdysadyýetiň nazaryýetinde adatça, “marketing toplumy” diýilýär. Marketing toplumy üýtgäp durýan ululyklaryň dört sany toparyny öz içine alýar we marketing hünärmenleri tarapyndan şol dört topardan ybarat bolan serişdeler bazarda amala aşyrylmaly maksatlara ýetmek üçin kärhananyň bähbidinden ugur alnyp ulanylýar. Ol toparlar umumylykda “dört P” diýlip atlandyrylýar:
1. Haryt;
2. Baha;
3. Harydyň ýaýradylmagy;
4. Harydy öňe sürmek.
“Haryt” topary esasan hem şu aşakdakylary öz içine alýar:
• harytlaryň görnüşini (assortimentini);
• harydyň hilini;
• harydyň bezegini (dizaýnyny);
• harydyň häsiýetli alamatlaryny;
• haryt nyşanyny;
• harydyň daşky gabyny;
• haryt bilen bagly hyzmatlary (harydy öýe getirip bermek, enjamy ulanmak üçin gurnap bermek we ş.m.);
• harydyň kepillendirmelerini (garantiýalaryny).
“Baha” topary öz gezeginde şu aşakdakylary özünde jemleýär:
• preýskurant boýunça bahany;
• arzanlatmagyň (eglişik etmegiň) möçberlerini;
• bahany tölemegiň möhletlerini;
• harydy karzyna (nesýe) bermegiň şertlerini.
“Harydy ýaýratmak” topary esasan şu aşakdakylary öz içine alýar:
• harydy ýerlemegiň ýollaryny;
• bazarda şol önümiň ýaýrawynyň gerimini;
• alyjylaryň (bazarlaryň) toparlaryny we görnüşlerini;
• bazarlaryň ýerleşişini;
• harydyň ammardaky ätiýaçlyk möçberlerini;
• harydyň daşalmagyny.
“Harydy öňe sürmek” topary bolsa, öz gezeginde şu aşakdakylary özünde jemleýär:
• harydyň reklamasyny;
• harydyň ownuk (personal) satuwyny;
• harydyň ýerlenilmegini höweslendirmegi (stimulirlemegi);
• jemgyýetçilik bilen aragatnaşygy.
Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 62 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
1 turkmentug   [Материал]
Çynymy aýdýan,hemmesini okadym :-)

0
2 Bagabat   [Материал]
Maladys, A... biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: