07:44
Soltan Sanjar
SOLTAN SANJAR

Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň iň soňky hökümdary soltan Sanjar (hökümdarlyk ýyllary 1118–1157 ý.) 1084-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dünýä inýär. Sanjar ýaşlygynda atabegi Kamajyň tälim-terbiýesini alypdyr. 10-11 ýaşynda dogany Berkýarygyň Horasandaky naýyby bolup, döwleti dolandyryş işlerine gatnaşyp başlaýar. Ilkinji permanlaryny 12 ýaşynda berdi. 18 ýaşyna ýetende atalyk mekdebiniň ilkinji synagyndan üstünlikli geçýär — az sanly goşun bilen Garahanly hökümdary Kadyr hanyň uly goşunyny ýeňýär (1102 ý.). As-Samanynyň maglumatyna görä, entek dogany dirikä Sanjaryň ady Mälik Muzaffar — üstün geliji, ýeňiji patyşa görnüşinde tutulypdyr. Ol 33 ýaşynda tagta çykýar. Mälik şanyň döwründe bolşy ýaly, bütin musulman Aziýasy Sanjaryň soltanlygyna tabyn edilipdir. Soltan Sanjaryň döw­rün­de türkmenleriň Gaznaly we Garahanly nebe­releriniň guran döwletleri hem Seljuk türk­menlerine tabyn edilipdir. Soltan Sanjar 61 ýyl höküm sürüp, türkmenleriň at-owazasyny belende göteripdir. Şonuň 38 ýylyny ol Beýik Sel­juk türkmen döwletiniň soltany, galanyny bolsa Horasanyň mäligi wezipesinde geçiripdir.
Soltan Sanjar özüniň ýarym asyrdan gowrak dowam eden hökümdarlygynda ylma, medeniýete howandarlyk etmekde nusga bolan soltanlaryň biridir. Biz türkmenleriň taryhy hakda abyrsyz uly işleri eden akademik W.W.Bartolda hernäçe uly sarpa goýýan-da bolsak, dünýä derejeli bu alymyň soltan Sanjaryň okap hem ýazyp bilmeýändigi hakdaky aýdanlary, umuman seljuklaryň islendik bilimden daş bolandygy aýdanlary bilen ylalaşmaýarys. Çünki, ylymsyz-sowatsyz soltan hiç wagtam töweregine ylym adamlaryny jemlemez, olaryň söhbetini diňlemez, olara hemaýat goluny uzatmaz. Sanjar bolsa döwrüniň beýik alymlaryny öz töweregine jemläp, olara goldaw beripdir.
Arapşynas, meşhur terjimeçi R.Gylyjowyň ýazyşy ýaly «Asmanyň ýyldyzlary kän, emma olaryň ählisinden ýol-ugur alynmaýar. Uly meşhurlyk gazanan soltan Sanjar ýaly eždatlarymyz bolsa, ömründen nusga almaly taryhyň parlak ýyldyzlarynyň biridir».

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumamyrat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Gökböri   [Материал]
Başga halkyýetleriñ adyna gećirilen gahrymanlarymyz gaty kän. Mysal üçin: Mazdak.

0
5 Gökböri   [Материал]
Dogry aydyañ. Salyrlardan Selahaddin Eýýubyny alyp kürt diyp yorenem bar, arap diyp yorenem, Ebu Müslime hem kürt diyp yorler. Aslyýetinde ikisi-de türkmen.

0
4 Gökböri   [Материал]
Gowy teklip smile alyp goterseler, edip oñarsalar smile
Ony etmegem üçinem pul gerek, goldaw gerek, howeslendirmek gerek.

0
3 turkmentug   [Материал]
Mysalda Alp Arslan diýdim,oň ýerine kän bilinmeýän şahsyýetlerimizi goýup bileris .Alp Arslan nähilem bolsa her kimiň tanaýan serkerdesi smile .käbir şahsyýetlerimizi agzaňda ,arapmy ol diýilýä .şolary meselem .

0
2 turkmentug   [Материал]
Göniden tema bilen bagly bolmadyk bir zady ýazmak isledim .(ýöne soňky halkalary baglanýar) Biz ,taryhy şahsyýetlerimiz hakynda özüneçekiji suratlarda ,gysgaça maglumatlar ýazylan kartinkajyklar taýýarlap ýaýratmaly öýdýän.çagalaryň,ýetginjekleriň,hatda ýaşlaryň arasynda da täsir ,gyzyklanma döredip biler.sosial sahypalarda paýlaşylýan aforizmler ,yşk hakda sitatalar ,ýa da ruhlandyryjy sözleriň arasyna ,ýa da şolara birleşdiribem goşup bolar . Meselem,Alp Arslandan bir gowy ruhlandyryjy söz, soň aşagrakdanam kiçiräk edip,Alp Arslan hakda biraz maglumat ...

0
1 Bagabat   [Материал]
Ykbaly daşgynlardan we gaýtgynlardan doly, iň soňky Beýik Seljuk Soltany hakynda has dolurak okaryn diýseňiz, şu salgynam göräýiň: http://kitapcy.com/news/2018-11-28-3640

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: