13:09
PARODIÝALAR
Atadurdy Garaýew

ÝYLGYRSAŇ


Sen ýylgyrsaň, paýrap gökden döküler,
Kümüş apbasylar, altyn şaýylar.
Gül açylyp Garagumyň golunda,
Süýji suwdan dolar gurruk guýular.

Sen ýylgyrsaň, suw sepen deý ýatyrar,
Dübläp gelen tüweleýliň gylawyn.
Kör bolan çeşmeleň gözi açylar,
Süýt iner ýelnine gysyr sygyryň.

A. Gurbanow

ÝYLGYRMASAŇ


Eger ýylgyrmasaň, şo günden şeýläk,
Goýar guzlamasyn biziň towuklar.
Suwy takrap galar tereň derýanyň,
Öňküsinden has ir düşer sowuklar.

Ýylgyrmasaň – burunlarny gyzardyp,
Aglar hork-hork edip, öňki gülenler.
Ýylgyrmasaň – girdi “Gyzyl kitaba”,
Ýylgyraňda üçem dogan gulanlar.

Ýylgyrmasaň, dat gününe obanyň,
Guýusyndan suw deregne laý çykar.
Ýylgyrmasaň gaty kyn bor, ezizim,
Uçup barýan durnalary möý çakar.

Ýylgyrmasaň, wah, nädeýin, nädeýin,
Her ýyl gysyr galýar sary sygrymyz.
…Yzyny ýazmakçy bolýanam weli,
Ýylgyrmaňsoň – soňlanaýýar şygrymyz.

Alty Akmämmedow

HOWLUKMAÇ


Häzirki bagtly minutlar indi,
Belli däl gelermi, gelmezmi gaýdyp.
Ýagşymy, ýamanmy bir zat diý indi,
Sen gyz, haçana çen oturjak şeýdip.

Baýran Amangylyjow

HOWLUK, GYZ!


Ýagşymy, ýamanmy bir zat diý indi,
Sög weli bir sözüň eşdip galaýyn.
Soň duşarmyň, ýa dyşmazmyň kim bilýä,
Men-ä gelmen duş etmese täleýim.

Sen gyz, haçana çen oturjak şeýdip,
Wagtam geçip gitdi ýatar pillämden.
Sözlemeseň hereket bir et, janym,
Ökjeli köwşüňi inder kellämden.
Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Atayew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 turkmentug   [Материал]
:-)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: