23:38
Garşa ýazar duraryn
GARŞA ÝAZAR DURARYN

Nobel baýragynyñ laureaty amerikan ykdysatçysy Kristofer Albert Sims şeýle diýipdi:
" - Biziñ üçin ykdysady krizisleri çözmek çaga oýnawajyndan enaýy däl, agsamalaryñ barsy syýasatyñ özünde."
Türkiýäniñ we bütin dünýäniñ başdan geçirýän ykdysady çökgünliginiñ-agyr heläkçiligiñ ýeke-täl sebäpkäri syýasy häkimiýetlermi? Ykdysady sferanyñ (usulyñ), akymyñ roly ýokmy? Meselem, mundan birküç ýyl owalyna çenli Çikago uniwersitetiniñ ykdysatçylarynyñ hiç hili ýazygy ýokmy?
Jogaby Nobel baýragynyñ laureaty ykdysatçy Angus Diton bersin:
“ - Çikago uniwersiteti ykdysadyýet babatda käbir bazarlara gönükdirilen sagdyn ynam döretdi, emma bazarlaryñ nämäni etmändigi, nämäni ýaramaz ýerine ýetirendigi ýa-da hiç wagtam etmeli däl zatlary hakynda az maglumat berdi. Pelsepeçiler hiç wagt puluñ hemme zady çözýändigini, puluñ ýagşylygyñ ýeke-täk ölçegidigini ylalaşaslary gelmedi, emma ykdysatçylary olara düşünmek we diñlemek üçin wagtlaryny kän sarp etmediler.
Özgeriş gözýetimde - Kembriž uniwersitetiniñ ykdysadyýetine aşa üns bermek diñe kapitalizme däl, eýsem ykdysady ylyma gönügen ynanjy-da gaýtadan dikeltmäge ýardam berip biler…”

Ykdysady ynanjy ýok eden Çikago uniwersitetiniñ "önümi neoliberal ideologiýa - "Çikagonyñ ýigdekçelerine" öwrüldi!
Bu ýagdaý bizde-de Turgut Özal bilen başlady we Erdogan bilenem ýoluñ ahyryna gelindi. Häzir biziñ başymyzdan inen agyr çökgünligiñ iñ esasy sebäbi-de, gürrüñsiz şu...
Eýse, näme etsek gowy bolar?
Oppozision partiýalar güýç-kuwwatyny diñe häkimiýetiñ oñaýsyz oýunlaryny tankyt etmäge sarp edip gezjekmikä? Halk köpçüligi şeýle-de başyndan geçirip görenokmy näme krizisiñ näderejede uludygyny?
Sorag şu: oppozisiýa haýsy ykdysady sfera bilen şunça agyr meseleleriñ çözgüdini taparka?
Täze binýatlaýyn reformalar geçirmek gerek diýip, garşa gaýtalamakdan ýadamok...

HOŞ GELDIÑ, ATATÜRK

Häzir... sagçylaram, çepçilerem krizisiñ çözgüdini merkantilist-howandarçy ykdysadyýetden gözleýär. Hoş geldiñ, Atatürk! Hoş geldiñ, RHP maksatnamasy!
Dünýä şu sepgide geldi: döwletiñ özi bazara girmeli!
Mundan beýläk... baýlygyñ, kapitalyñ, hyzmatlaryñ we tehnologiýanyñ erkin dolanşyk syýasaty düşünjesi täsirini ýitirýär.
Mundan beýläk... döwletiñ ara girip, geçirilen işleriñ döwletiñ bähbitlerine laýyk gelýändigini, ýurduñ durnuklylygyna, içerki we daşarky howpsuzlygyna zyýan ýetip biljekdigine ýa-da bilmejekdigine gözegçilik etmeginiñ gerekdigi baradaky düşünje agdyklyk edip başlady.
Döwlete bazarda jogapkärçilik berilýär. Döwlet indi synçy bolup oñaýmaz, "göze görünmeýän elleriñ" adama gowy ýaramaýandygyna ýene bir gezek agyr ýitgiler çekip akyl ýetirdiler...
Diñe ykdysady krizisler däl, döwletiñ elini-aýagyny bazardan çekmedik ýurdy bolan Hytaýyñ nähili baýandygy-da jemgyýetçi düşünjäniñ täsirini artdyrmakda uly rol oýandy. (Jelal Baýar, Adnan Menderes we onuñ yzyndan gelen sagçy häkimiýetler Atatürküñ döwlet ýolbaşçysyka başyny başlan ykdysady sistemasyny dowam eden bolsadylar, ýurdumyz nädereje baýardy?)
Häzir dünýäde döwletiñ-jemgyýetiñ ýyldyzy parlaýar!
Häzir dünýäde kuwwatly döwletleriñ ähmiýetine-gymmatyna ýene bir gezek aýdyñ göz ýetirdiler!
Bilimden saglygy goraýyş ulgamyna, ylymdan tehnologiýa çenli döwletiñ adam bilen baglanyşykly syýasy ugurlary erkin bazaryñ ygtyýaryna bermegiñ, döwletiñ maýa goýumlaryny azaltmagyñ näderejede ýalñyşdygyny başymyzdan geçen soñky ýykgynçylyk ýene bir gezek orta çykardy.
Ykdysadyýetde döwletiñ oýnaýan roly möhüm funksiýa öwrülýänçä şu sorag gutulgysyz boldy:
Haýsy kadrlar, haýsy ykdysady meýilnamalar bilen adamzady krizizden çykaryp bolar?

AÝGYTLAÝJY ÇATRYK

Hytaý dilinde krizis we mümkinçilik diýen sözler bir kökden gelip çykýar.
Bizde-de risk (howp) we rysk sözleri barça gadymy maglumatlar ýaly her aýgytlaýjy çatrygyñ-krizisiñ täze mümkimçilikleri-alternatiwalary döretjegini añladýar!
Ýagdaý şeýle bolýan bolsa... ýurda täze ruh gerek, bu gezek binýatlaýyn reformalary geçirmekden gijä galmaly däl.
Muny häkimiýetiñ döreden tarapgöý çawuş rentasyny, talañçylygyny, eksplutasiýasyny, çetleşdirme syýasatyny, krisizi tankyt edip, ýagny, zol-zol yza garap we boş takal okap edip bilmersiñiz.
Kylyçdaroglynyñ soñky wagtlarda dymyp çykyş etme syýasaty diýseñ gutlarlyklydyr. Häkimiýetiñ demokratik guramalardyr edaralary we kada-kanunlary äsgermezçilikli çetleşdiriji, bölünişikçi, lagerleşdiriji terzi we hemmeleriñ kimdir biri bilen gohlaşýan "hobbesýen" garaýşy syýasatyñ işjeñligini, sylag-hormatyny ýok etdi we etmegine dowam edýär. Syýasat dünýäsinde goh-galmagaldan, dawa-jenjelden başga eşdilýän zat ýok!
Muña eýermek-häkimiýete söz atmak, ýañkalaşmak oppozisiýany-da pese düşürýär, bu ýerliksiz goh-galmagalyñ çöwlüminden çykmak gerek indi.
Boş lakgyldamagy goýup, ýurdy öñe gitdirip we ösdürip biljek, döredijilikli, bähbitli syýasy ugurlaryñ-maksatnamalaryñ gözleginde bolmak gerek.
Tutuş ýurdy gurşap alan ykdysady üýtgeşmä açyk, reformalaryñ buşlukçysy bolan ruhlandyryjy batyrgaý syýasy ugurlary kesgitläp, halkyñ ynamyny gazanyp bolar…
Bu ugurda ýolgörkezijimiz Atatürkdir!
Ykdysasy dinamiziñ gözlegindäki Günbatar howandarçy otuzynjy ýyllara dolanyp barmagyñ ýollaryny agtarýarkän biz Atatürküñ kän bilinmeýän 1928-nji ýyldan soñky ömür ýoluny öwran-öwran öwrenmelidiris. Respublika taryhymyzyñ iñ uly krizisini diñe şeýdenimizde aşyp bileris…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 01.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 47 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: