02:07
Atatürk şeýle diýipdi, ýöne...
ATATÜRK ŞEÝLE DIÝIPDI, ÝÖNE...

Söýgüli okyjylarym, "hassa adam" bolan Osmanly soñky ýyllaryna çenli din döwleti boldy we taryhyñ çañly sahypalaryna siñdi gitdi. Imperiýany perdäniñ añyrsyndanam bolsa dolandyranlaryñ köpüsi, hususanam welaýatlarda, etraplarda we oba ýerlerinde ymamlar, tarykat şeýhleri we olary müritleridi.
Döwlet dini düzgünlere laýyklykda dolandyrylardy.
Her ýerde tekgeler, zawiýalar, medreseler, şeýhler, tarykatlar we olaryñ müritleri bardy. Olaryñ barsy-da halkyñ daban azabyndan din eksplutasiýasy arkaly gün görerdiler.
Hususan medresede okaýanlar, ol ýerlerde ýatyp-turýanlar harby gulluga alynmazdy!
Harby gullukdan gaçmak üçin iñ amatly ýol ýa medreseleriñ birine, ýa-da tarykatlaryñ birine sümülmekdi.
Soñra orta Mustapa Kemal Atatürk çykdy, basybalyjylaryñ golastyna düşen watanymyzy azat etdi, täze döwlet gurdy...

* * *

1925-nji ýylyñ 30-njy awgusty... Atatürk Kastamonuda halka ýüzlenýär:

"Jenaplar we eý millet! Şuny bek ýadyñyzda saklañ: Türkiýe respublikasy şeýhleriñ, derwüşleriñ, müritleriñ we terkidünýäleriñ ýurdy bolup bilmez. Iñ dogry we iñ hakyky tarykat - medeniýet tarykatydyr..."

Aradan bary-ýogy üç aý geçipdi...
30-njy noýabr güni mejlisde kabul edilen öwrülşik hakyndaky kanun arkaly tekgeleriñ, zawiýalaryñ we medreseleriñ ýapylmagy makul bilindi, käbir ünwanlary ulanmak gadagan edildi.
Gadagan edilenleriñ arasynda şular bardy:
Tarykatlar, şeýhlik, derwüşlik, müritlik, dädelik, seýitlik, çelebilik, emirlik, halyflyk, palçylyk, jadygöýlük, tebipçilik, doga-tilsimçilik we bulara degişli ulanylýan her dürli ünwanlardyr geýilýän egin-eşikler.
Metjitden başga ýerde saryk, jüpbe (don) we ş.m. gadagandy...
Aradan ýyllar geçdi, Atatürk Allanyñ rehmetine gowuşdy...
Emma din täjirliginiñem, din eksplutasiýasynyñam soñuna sogan ekiliberenokdy.
Çünki iñ uly gazanç hem şu ikisinde bardy!
Orta kezzap şeýhler, toslama tarykatlar we müritler çykdy.
Emma hasam beteri, din täjirligi we din eksplutasiýasy arkaly saýlawlarda sesleri öz tarapyna çekýän syýasatçylar döredi.
Olaram häzirem biziñ aramyzda halt-halt ylgap öz dünýäliklerini gurmagyñ yşgynda.

* * *

Tijaniler ýaly käbir tarykatlaryñ ömri gysga boldy.
Emma köpüsi häzirem ýaşaýar: şeýhleri bar, birgiden müritleri bar.
Türkiýäniñ çar künjünde bularyñ nokatlary, obalary, mülkleri, söwda nokatlary, hassahanalary, mekdepleri, ýokary okuw jaýlary we hatda gazetleri, telewizion ýaýlymlary bar.

* * *

Wagtyñ geçmegi bilen biziñ metbugatymyzam özgerdi...
Teleýaýlymlar döredi...
Dinçi däl metbugat serişdeleriniñ başlyklaram din täjirlerini ekrana çykarmagyñ we gazet sahypalarynda ýer bermegiñ girdejilidigijini we has köp tomaşaçydyr okyjyny öz tarapyna çekýändigini gördüler...
Bular teleýaýlymlarda çykyş edip, bolara-da-bolmaza-da goşulmaga başlady.
Jüpbeli Ahmetler, jüpbesiz Mehmetler we ş.m-ler!
Bir gün gelýär: biri-birleriniñ üstüme heñkirýärler, ýene bir gün gelýär: ýaraşyp, dost bolan bolýarlar!
Käbirleri aç-açan hereket etmekden gaça durýar, köpçüligi perdäniñ añyrsyndan dolandyrmagy amatly görýär.
Häzir olaryñ hemmesiniñ elinde milliardlarça pul oýnaýar.
Biçäre pakyr-pukara müritleriñ bolsa olary süýdi bilen ekläp-saklaýan sygyryñ emjeginden tapawutly ýerleri ýok!
Bu boýunça nijeme ýyllar öñ öwrülşik kanunlary çykan, bu kanunlar konstitusiýada birin-birin agzalýar, öwrülşik kanunlaryny ýatyrmak ýa-da üýtgetmek gadagan edilen. Kanuna seredýän bir barmy özi!
Türk metbugatynyñ, aýratynam häkimiýete gulluk edýän bölegi indi bu hojalara hyzmat edýär, hojalaram häkimiýete...
Bu ýagdaý olary hem meşhurlaşdyrýar, hemem girdejilerini artdyrýar.
Prezidentiñ özi resmi çykyşlaryny metjit münberinden edýän bolsa, halaýygyñ garşysyna geçip başy tahýaly arapça dogalar okaýan bolsa, ondan soñkulary özüñiz pikir ediberiñ!
Türkiýede bolup geçýänlere syn etdigimçe elmydama diýen ýaly bir zady oýuma getirýärin we aýdýaryn:
"Atatürk hakykatdanam beýik ynsan ekeni. Ol türk jemgyýetini diýseñ gowy tanapdye we ädilmesi gerek ädimleri şoña laýyklap ädipdir."
Ýokarda-da agzalan şu sözüne ýene bir gezek serediñ:
"Iñ dogry we iñ hakyky tarykat - medeniýet tarykatydyr."
Birem ekranlarda we gazet sahypalarynda her gün çykyş edýän jüpbeli tarykat şeýhlerini we olaryñ goldawçylaryny görýäris.
Aslynda ekranda görünýän şeýh ependiler aýsbergiñ suwuñ ýüzüne çykan ýokarky bölegi. Bu ýokarky bölek kiçijik!
Esasy agramy aýsbergiñ aşagynda...
Olar özlerini aýan etmeýärler, sutranyñ añyrsyndan hereket edýärler.
Esas mesele buzdağının altında yatıyor…
Pul diýeniñ olaryñ üstüne siliñ suwy deýin eñterilýär.
Döwleti aslynda şolar dolandyrýar.
Häkimiýetiñ özi olaryñ emrinde we hyzmatynda.
Tarykat-jemagat-syýasat-söwda dördüsi sözüñ doly manysyndaky hakyky ýeñilmez armada!
Durman işleýärler.

Emin ÇÖLAŞAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.09.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 97 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 12
0
12 Gurgencli   [Материал]
Herhili neme adamlar baraýt, toba.

0
11 Gökböri   [Материал]
tois, Emin aga diýjegim..

0
9 Gökböri   [Материал]
Ateistler bilen işim ýok, Rahmi aganyñ özi bilenem gürrüñdeş bolup gördüm. Ol ateistem däl, dini halamaýan birem däl. Bu ýerde din halamazçylygy ýok, dini öz peýdalaryna ulanýan ýasama mollalar barada gep barýar.

0
10 dovletmyratnurmedov   [Материал]
Bro men seni ýada ýazany ýazgaramok. Öz pikirimi ýazdym.
Soňam men şunyň tam tersini türk mugallymdan eşidipdim. Çanakkale, Seddulbahr söweşlere medrese, tekke we ş. m. dini guramalaryň okuwçylary mugallymlary gatnaşypdyr diýip.
Ýöne süri agsaksyz bolmaz elbetde. Şustrylaram bolandyr çakma mollalar. Seň goýan makalaň şolar barada bolsa bolup biler.
Biraz agressiw ýazylan diýip kabul edýän.
Hormatlamak bilen.

0
8 dovletmyratnurmedov   [Материал]
Ýa ateist ýada dini halamaýan biri ýazypdyr öýdýän.

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Onuñ Aly Ryza Demirjana eden hujumi şu linkde bardyr:
http://kitapcy.com/news/2019-02-23-5400

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Soñ yene bir Erdogan b.nem äbede-jüybe bolşup yörler...

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Ugry-yoly belli däl...
Mysal ü.n bir gun Erdogana agyz uryar, Erdoganam gizlin gulluklara onuñ bokuny dörjeletdirip, daşaru yurtlardan yaşajyk gyzlary getirdip, dowran sûrup yorendiginiñ ustuni açyar.

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Bir gün özi yaly din täjirlerine hüjüm edyar, yene bir gün häkimiýete yaranjak bolup ozlerinden has howply fettoşlara agyz uryar, yene bir gün "oral seks haramdyr" diyen ylahyýetçilere jabjynýar...

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Onuñ ysmaýylaga jemagatynyñ Lalegul TV, "Samarkant" žurnaly yaly metbugat serişdeleriniñ, hayyr-sahawat fondlarynyñ bardygyna seretseñ, bärde oynayan pulyñ hetdi-hasaby yok bolmaly...

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
O Jüpbeli Ahmet öñki jüpbelerini az göryan yaly eggnindäki gyrmyzy türkmen donuny görkezip: "serediñ, şuny türkmenistanly doganlarymyz getirdi..." diyip güjeñleyär... ))

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Hawa, dogry aýdýar. Jûpbeli Ahmet (Ahmet Mahmut Ünlü) hoja diýilyäniñ-ä "Lalegül TV" atly kanaly-da bar we onuñ wagyzlarynyñ biziñ yurdumyzda-da diñleyanler az däl öydyän...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: