16:35
Tanalmaýan Atatürk
TANALMAÝAN ATATÜRK

Heý, pikir edip gördüñizmi?
Atatürküñ haýsy tarapy-özüni alyp barşy ildeşlerimizi haýrana goýdy: hemmetaraplaýyn halkyñ arasyna siñmegi!
A ondan öñ halk, olam diñe stambullylar - patyşalary diñe jumga namazynda görerdiler.
Atatürk bolsa, hususanam ýurt dolandyryşynyñ halk tarapyndan neneñ-niçik kabul edilýändigini praktikada-birinji elden öwrenmek üçin dowamly jemgyýetçilik durmuşynyñ içine girdi.
Hemişe halky diñledi...
Hemişe halkyñ meselelerine çözgüt tapjak boldy...
Patyşalaryñ tersine özleri bilen bitewileşen täze lider Atatürk halk köpçüligi diýseñ gowy gördi.
Bu aslynda alty okdan-ugurdan bir bolan halkçylygaçykan ilkinji ýoldy.
Bu aslynda Atatürküñ milli agalyk-halk häkimiýeti düşünjesine ýönelişidi.
Bu aslynda milli göreşiñ halkçylygydy: "güýç-kuwwatyñ, gudratyñ, häkimiýetiñ, dolandyryşyñ gönüden-göni halk köpçükigine berilmegidi."
Halk belli bir karara gelmelidi: ýa soltanlyk ýa-da milli agalyk-halk häkimiýeti. (Bu ýoldan ýörän dogruçyl Bülent Ejewite näme diýilýärdi? "Halkçy Ejewit!" A Erdogana? “Reýis”, “Başkan” sözlerinden başga eşidýän zadymyz ýok, birem “Uzun Adam” bar!)
Osmanlynyñ jemagat sözüniñ ýerini millet sözüniñ eýelemeginde çuññur many-mazmun bar: Milli agalyk-halk häkimiýeti.
Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisiniñ (TBMM) täsirsiz güýje öwrülmeginiñ, munuñ başymyzdan geçirip ýören syýasy-ykdysady meselelerimize ýetiren täsirini jedelleşmäge hajat barmy?
Häkimiýeti soragsyz-sowalsyz gaýtadan millete bermek hökmany. Bu bolsa demokratiýanyñ iñ esasy talabydyr.

ANTANTA ÇAKYLYGY

Berjek soragyñyzy bilýärin: "Atatürküñ döwründe ýekepartiýaly režim ýokmudy?"
Moris Mýuwerže (1917-2014)…
Tanymal fransuz syýasatşynasy, sosiolog. Ol jedelli ýekepartiýaly režimler boýunça iş alyp bardy.
Onuñ iñ köp üns beren ýurtlarynyñ birem Türkiýedi...
Dünýädäki awtoritar režimleri analizlände, respublikamyzyñ 1923-1946-njy ýyllardaky ýekepartiýaly döwlet dolandyryşyny faşizmden çetde tutdy. Totalitar däl partiýalara mysal hökmünde Türkiýäni görkezdi. Näme üçin?
Dýuwerže muny şeýle düşündirdi:
Respublikan halk partiýasynyñ (CHP-RHP) öñe tutýan ideologiýasy demokratiýanyñ kemala gelmegi ugrundaky iñ oñyn ädimleriñ biridi. Meselem...
- partiýanyñ agzalaryndan hiç wagt köre-körçülikli imana garaşmady.
- partiýanyñ içinde demokratiýa diýseñ ösen ýagdaýdady, oppozisiýanyñ ösmegine oñaýly şertler döredilendi, bäsdeşlik ýokary derejededi. Islendik kategoriýarydaky ýolbaşçylar saýlaw bilen wezipä bellendi.
- agza bolmak we partiýanyñ hataryndan çykmak öz islegiñe görädi. Partiýanyñ hataryndan çykarmak, demir penjeli dissiplina, "arassalama" mehanizmi diýen zatlar ýokdy...
Hawa, kemalist režim "häkimiýet soragsyz-sowalsyz halkyñkydyr" şygary bilen demokratiýanyñ tarapyny tutupdy. Üstesine-de... ýekepartiýalylyk ideal däl-de wagtlaýyn zerurlykdy. Şeýle ýagdaýda iki gezek köp partiýalylyga bolan ymtylyş özüni görkezipdi. Galyberse-de, köp partiýaly düzgüne-de hut RHP-niñ döwründe geçilipdi.
RHP - feodal galyndylary bolan bir owuç maşgalanyñ dolandyrýan we güýjüni fanatik dini düşünjeden alýan Ýakyn Gündogaryñ syýasy durmuşyndan uzakdady...
Dýuwerže RHP-ni awtoritar partiýalara meñzemeýän we Fransiýanyñ Respublikan Radikal Sosialist partiýasyna meñzetdi.
Dýuweržäniñ pikiriçe halk häkimiýetini aradan aýyrýan ýa-da güýçden gaçyrýan režimlere garanyñda ýekepartiýaly kemalist režimiñ agalygy has progressiwdi, has demokratdy. Şonuñ üçin ol Ýewropanyñ demokrat partiýalar platformady bolan Antantanyñ agzalygyna çakylyk aldy...

IÑ KÖP ÝAZYLAN, IÑ KÖP JEDELLEŞILEN..

Gynansak-da, biziñ illerde Atatürk tanalmalysy ýaly tanalmaýar!
Atatürküñ intellektual şahsyýetiniñ üstünde durulmaýar, ony halaýanlardyr halamaýanlaryñ arasynda gahrymançylyk edebiýatyndan añry aşylmaýar.
Hormatly mugallymym professor Zafer Topragyñ "Atatürk" kitabyny okamagy maslahat berýärin. Ol şu aşakdaky möhüm kesgitlemäni berýär:

[i]- Awtobiografiýalara ser salanyñda kitaplaryñ ortaça ýüzde otuzy Atatürküñ 1919-njy ýyla çenli ömür ýoluny, ýüzde altmyşy 1919-1927-nji ýyllar aralygyny ww galan ýüzde ony bolsa 1928-nji ýyldan soñky durmuş ýoluna bagyşlanan."

Iñ az ýazylanam biziñ iñ köp üstünde jedelleşen (elipbiý öwrülşigi ýaly) döwrümizdir!
Şuny näçämiz bilýäris: Atatürk 1930-njy ýyllardan soñ kän bir syýasy çykyşlar eden lider däldi. Onuñ 1927-nji ýylda okan nutugynyñ ertesi gün aýdan sözleri we eden çykyşlary diýseñ çäklidi. Respublikanyñ gurlan onunjy ýubileý ýylyndan başga ýerde söz sözlemäge halkyñ öñüne-de kän bir çykyp ýörmedi.
Munuñ gürrüñsiz bir sebąbi bardy: halk häkimiýetini berkarar eden Atatürk kuwwatly döwletiñ täze adamyny nähili kemala getirmelidigine kelle döwýärdi.
Ine... biraz agzyñy ýumup täzeçiligiñ, täzeligiñ gözlegine düşsek gowy bolmazmy?
Başymyzdan inen bu agyr ykdysady krizisiñ geçýän günlerinee Atatürk ýaly dowamly gözlegde bolsak gowy bolmazmy?
Halkyñ arasyna goşulyp, onuñ gözüniñ içine garap, krizizden çykmagyñ ýoluny düşündirsek gowy bolmazmy? Başgaça bolanda halkyñ ynamyny gazanyp bolarmyka?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.09.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 51 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: